top of page
Поиск

Giňden ýaýran iň uly ýalňyşlyk!

Imoda ýaýran şu ýalňyşlygy açyklamagy ýüregime düwdüm, ol ýerde ölene ýüzlenip şeýle manyda ýazylgydy: "Plan işan, özüň gora" ýa-da “Plan baba beladan gorap durmyş” we şu manydaky sözler, Allah saňa we maňa dogryny görkezsin! Bu sözler bilen bulary hut Allahyň Özi bilen deňäp, hiç bagyşlanmajak günä edýäniňden habaryň barmy? Dykkat edip şulary oka! Allah Tagala Kuranda aýtdy:

"Eger Allah saňa zyýan ýetirse, ony Özünden başga aýyrjak ýokdur. Eger saňa ýagşylyk islese,Onuň pazly-keremini yzyna gaýtarjak hem ýokdur. (Allah) ony (ýagşylygy) bendelerinden islän kişisine nesip eder. Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim şepagatlydyr.” (Ýunus 107)

Aýatda aýdylyşy ýaly, Allah saňa zyýan islese, plan işanyňam ,babaňam aýyryp, gorap bilmez, ony (zyýany) Özünden başga aýyrjak ýokdur”

Egerde şeýle bolsa, näme üçin Allahdan başgadan gorag dileýärsiň! Allah açyk, düşnükli aýtdy-a, “ony Özünden başga aýyrjak ýokdur” Ýagny- Allahdan başga hiç kim, ähli älem jahandaky ynsanlar we jynlar jemlenşip bir-birlerine kömekçi bolsalaram aýyryp bilmez.

Näme üçin, saňa zyýanam, peýda-da ýetirip bilmeýäne, diňe Allaha etmeli doga-dilegi, Allahdan başga edýärsiň? Allah Tagala Kuranda aýtdy:

“(Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Siz özüňize zyýan we peýda ýetirip bilmeýän Allahdan gaýry zatlara ybadat edýärsiňizmi? Allah (ähli zady) eşidýändir, bilýändir» diýip aýt.” (Mäide 76)

Ölenlerden, gabyrdakylardan, agaçdan, süňkden, sapakdan, ýüpden haýyr getirmegine we belany dep etmegine garaşýana bu aýat degişlidir, egerde şeýle bolsa näme üçin plan işandan, ýa plan babadan belany dep etmegine garaşýarsyň? Ol özünden belany dep edip bildimi?! Näme üçin ynsany Allah derejesine galdyrýarsyň?!

Işan, pir, baba aňyrda dursun, muny Allahyň iň söýgüli, saýlap-seçini Muhammet (Sallallahu aleýhi we sellem) özünem we başganam beladan gorap bilmeýärdi, Allah Tagala Kuranda aýtdy:

“(Eý, Muhammet!) Sen aýt: «Allah islemese meniň hatda özüm üçin-de hiç zada güýjüm ýetmez. Ne bir peýda getirip bilerin‚ ne-de gelip biljek zyýany daşlaşdyryp bilerin. Eger gaýyby bilsedim‚belki, has köp haýyr iş ederdim‚ ähli erbetliklerden goranardym. Onsoň hem men iman etjek kişiler üçin diňe bir duýduryjy we bir buşlaýjydyryn»” (Agrof 188).

Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) özüne belä inerdi, şeýle adamlardan iki esse artyk gyzdyrardy, Uhud şöweşinde mubärek dişi döwüldi, ýaňagyndan naýza geçdi, kellesi çapyldy, şeýle bir syrkawlardy iki goltugyna girip süýrelip äkidilerdi. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) özüne aýatda aýdylyşy ýaly ne peýda getirip bilerdi, ne-de özüni zyýandan, beladan gorap bilerdi. Nädip 1000 sanagyny goşanyňda ýeke pygamberçe bolmajak beladan gorasyn?!

“Bu kişiler Allaha söýgüli kişiler, bize ortalyk edýärler” diýmekçimi? Näme ol, Allaha Muhammetdenem (Sallallahu aleýhi we sellem) has söýgülidimi?! Muhammet (Sallallahu aleýhi we sellem) Allaha ynsanlardan iň golaýy we iň söýgülisi, şonda-da ýokarky aýatda näme diýdi?! Bu ýaramaz bahanaňy, Mekge kapyrlaram tutunypdylar, olara Allah Tagala Kuranda gaýtawul berdi: “Olar Allahdan özge, özlerine zyýan hem, peýda hem berip bilmeýänlere (çagyrmak bilen) ybadat edýärler hem-de: «Bular Allahyň ýanynda biziň şepagatçylarymyzdyr (ortalykçylarymyzdyr)» diýýärler. (Eý,Muhammet!) Aýt: «Siz Allaha asmanlarda we ýerde (bar bolup, Onuň) bilmeýän bir zadyny habar berýärsiňizmi?» .Ol (Allah) olaryň şärik goşýan zatlaryndan päkdir we beýikdir.” (Ýunus 118).

Ýagny beýle etmegiňiziň dogrudygyny Allah bilmän, siz bilip Allaha öwretmek isleýärsiňizmi?! Yzyndanam olaryň bu işiniň, ýagny bu ortalygyň şirkdigini we ilähe ýaraşmaýan kemçilikdigini aýan edip, bu ýalňyşlygy açyklap: Ol (Allah) olaryň şärik goşýan zatlaryndan päkdir we beýikdir.” diýdi, Ýagny- Başgalaryň Allaha deňelmeginden we beýleki ähli kemçiliklerden Allah päkdir, beýikdir, sebäbi Allahyň hiç bir zatda hiç hili taýy, deňi ýokdur.

Allah beýle edýäne Kuranda zalym diýdi:

“Saňa Allahdan özge peýda hem bermeýäne, zyýan hem ýetirmeýäne ýalbarma (olary kömege çagyrma). Eger şeýtseň, onda sen hakyky zalymlardan bolarsyň.” (Ýunus 106).

Sen olary 1000 ýyllap çagyrsaňda, olar saňa peýda-da berip bilmezler, belany-da dep edip bilmezler, Allah Tagala aýtdy:

“(Eý, Muhammet!) Aýt: «Ondan (Allahdan) başga öňe sürýänleriňizi hem çagyryň! (Olaryň) sizden bir zyýany dep etmäge we (başga tarapa) sowmaga güýçleri ýetmez.” (Isra 56).

Allah beýle etmegiň dogry ýoldan gaty uzakdan azaşmakdygyny aýtdy:

“Ol Allahdan gaýry özüne hiç bir zyýan hem, peýda hem berip bilmeýän zatlara ýalbarar. Bu gaty uzak azaşmakdyr” (Haj 12).

Allah Tagala aýtdy:


(Zümer 38).

SubhanAllah! Gör Kuranyň nähili gözel açyklaýşyny! Egerde asmany we ýeri Allahyň ýaradanyny ykrar edýän bolsaň, Allah saňa haýyr islese, hiç kim gadagan edip bilmejek bolsa, Allah saňa şer, zyýan islese hiç kim böwet bolup bilmejek bolsa, onda, näme üçin “Maňa Allah ýeterlikdir” diýip, diňe Allaha ýykyljak däl, diňe Ondan dilejek däl, diňe Ony çagyrjak däl?!

Goý Allah Tagala ähli musulmanlary Öz dinine dolandyrsyn, gaplatdan oýarsyn! Wesollallahu alä nebiýýinä Muhammed.

140 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page