top of page
Поиск

Giç bolmanka oýlan!





Allah Tagala aýtdy:

“Aýt: «Eý, ähli-kitap! Siz näme üçin (hakykaty, dogryny) görüp durkaňyz, Allahyň ýolunda(kylardan) egrilik gözläp, iman edenleri ondan sowmaga synanyşýarsyňyz? Allah siziň edýän işleriňizden gapyl däldir».”(Ali-Ymron 99)

Käbir özüne musulman diýip, ähli-kitabyň ýaramaz işini edýänler, ýagny Allahyň sözi Kurandan, Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) Sünnetinden ýapyşýana her hili at dakyp, oňa ezýet baryny berip Allaha we Resulyna duşmançylyk eden kapyrlar has bolan ýaramaz işini edýär. Onuň bar günäsi Allaha we Resulyna ýapyşanymy?! Oýlanmaýaňmy?! Ünsli bol, daş töweregiňdäkä, dostuňa, yzyna eýerýäniňe, başlygyňa-daga gowy ýaranjak bolup ýada wezipe, mal-mülk üçin Allaha we Resulyna duşmançylyk etme, Kyýamat güni hut seniň özüň muňa jogap berjeksiň. Olar senden ýüz öwürjekdirler, sende muňa diýseň ökünjeksiň ýöne peýdasy bolmaz, giç bolar, isleseň oka Allahyň şu sözüni:

“«Käşgä, ýene bir gezek (dünýä) gelmek (mümkin bolsady), olaryň bizden ýüz öwürişleri ýaly, biz hem olardan ýüz öwürsedik» diýerler. Şeýdip, Allah olaryň eden işlerini özlerine gam-gussa edip görkezer we olar soň (hiç haçan) otdan (dowzahdan) çykyp bilmezler.” (Bakara 167)

Munam oka:

“Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Biz baştutanlarymyza we kethudalarymyza eýerdik. Olar bolsa bizi ýoldan çykardylar. Eý, Perwerdigärimiz! Şonuň üçin olara iki esse azap ber we olary örän uly nälet bilen näletle!» diýerler.”(Ahzab 67-68)

Ol günde bu halda ölseň mal-mülküň, at abraýyň, wezipäň, çagaň we ýan-ýoldaşyň saňa peýdasy degjek däldir. Seret Allah näme diýýär: “Ol günde mal-mülk hem, perzentler hem hiç hili peýda bermez. Diňe kim Allaha tämiz kalp bilen gelen bolsa, (şol peýda görer).” (Şuara 88-89)

Allaha tämiz kalp bilen gelen bolsa, (şol peýda görer).” Ýagny, kim Allaha şärik tutman, Şirk, Bidgatdan daşda durup, Allaha we Resulyna duşmançylyk etmän Allaha duşsa hana ol peýda görer.

Munuda oka:

“Emma ol gürrüldisi gulaklary ýarýan (ker edýän) kyýamat güni gelende! Ine, ol gün ynsan öz doganyndan, ejesinden, kakasyndan, ýanýoldaşyndan we perzentlerinden gaçar. Ol gün olaryň hersiniň öz başlaryndan agdyk derdi we gaýgysy bolar.” (Abasa 33-37)



25 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page