Поиск

Garyndaşlar bilen arany üzen.

Garyndaşlar bilen arany üzen.


Allah Tagala aýtdy:

"Perwerdigäriňizden gorkuň! Onuň (Allahyň ady) bilen biri-biriňizden bir zat soran wagtyňyz Allaha (hormat goýmazlykdan) we öz araňyzdaky garyndaşlyk gatnaşyklaryny (saklamazlykdan) gorkuň!" (Nisa 1-2).


Ýene aýtdy:

"(Eý, mynapyklar!) Eger işler siziň (ygtyýaryňyza) berilse, (onda) siz ýer ýüzünde pisat (bulagaýlyk) çykaryp, garyndaşlyk gatnyşyklaryňyzy kesjekdiňiz, şeýlemi?! (Ine), bular Allahyň näletläp, gulaklaryny ker, gözlerini kör eden kişileridir." (Muhammed 22-23).


Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Jennete (garyndaş arany) üzen girmez." (Buhary we Muslim).


Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Kim Allaha we ahyret gününe iman edýän bolsa garyndaşlary bilen gatnaşsyn (arasyny üzmesin)." Muttefekun aleýhi.


Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Takyk, Allah barlyklary ýaradyp bolanda, garyndaşlyk turup aýtdy: “Bu (hal) - üzülmekden saňa sygynýanyň halydyr.” (Allah) aýtdy: “Hawa, seniň bilen aragatnaşyk saklaýan bilen Meniňem aragatnaşyk saklamagyma, seniň bilen (aragatnaşygy) kesen bilen Meniňem onuň bilen (aragatnaşygy) kesmegime razy dälmiň?!” Aýtdy: “Eýse näme!”" Muttefekun aleýhi.


Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Kim rysgalynyň bol bolmagyny, ajalynyň gijikmegini islese garyndaşlary bilen gatnaşsyn (arasyny üzmesin)." Muttefekun aleýhi.


Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Garyndaşlyk Arşa asylgydyr, aýdar: “Kim meniň bilen aragatnaşyk saklasa, Allah hem onuň bilen aragatnaşyk saklar, kim meniň bilen (aragatnaşygy) kesse, Allah hem onuň bilen (aragatnaşygy) keser.”" (Buhary we Muslim).


Başga hadysda şeýle gelýär: "Kim onuň bilen aragatnaşygy saklasa, Menem aragatnaşygy onuň bilen saklaryn, kim onuň bilen (aragatnaşygy) kesse, Menem onuň bilen (aragatnaşygy) üzerin." (Ibn Ebi Şeýbe).


Allah Tagala aýtdy:

"Allah çyndan ähti-peýman edenlerinden soň, ähti-peýmanlaryny bozanlar, Allahyň garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklamak ýaly ýerine ýetirilmegini emir eden zatlaryny (berjaý etmän) kesenler we ýer ýüzünde pisat çykaranlar üçin nälet bolar, ýurduň ýamany (dowzah) hem olar üçindir." (Ragd 25).


Muhammet ibn Amr aýtdy: Ebu Selemeden olam Ebu Hureýradan - Allah ondan razy bolsun - Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Allah Tagala aýtdy: “Men Rahman we ol garyndaşlyk, kim onuň bilen aragatnaşygy saklasa, Menem aragatnaşygy onuň bilen saklaryn, kim onuň bilen (aragatnaşygy) kesse, Menem onuň bilen (aragatnaşygy) keserin." (Ahmet).


Şeýlelik bilen aýdýarys: Kim baý bolup, garyp garyndaşlary bilen arasyny kesse (hadyslardan) hökman şol maksatdyr, şeýle hem, gatylyk, biperwaýlyk we akmaklyk bilen kesenem degişlidir.


Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:


"Garyndaşlaryňyzy salam bilen bolsa-da suwaryň." (Wekiýg).

5 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M