top of page
Поиск

Gap-çanaklar.

Gap-çanaklar.

Gap-çanaklar, gap-gaç-jamlar içinde suw ýa ş.m. zatlar saklanýan zatlardyr, olar demirden ýa başga zatlardan ýasalýarlar, (diniň) aslynda([1]) olary (ulanmak) rugsatdyr, şu aýatyň aňladyşy ýaly: "Ol (Allah) ýer ýüzündäki ähli zady siziň üçin ýaratdy." (Bakara 29)

Bu (bapda) birnäçe meseleler bar:

Birinji mesele: Taharat alnanda altyndan-kümüşden bolan gaplary ulanmak:

Iýmekde, içmekde we beýleki zatlarda islendik gap-çanaklary ulanmak rugsatdyr, eger päk, arassa bolsa, sebäbi bu asyl hökümdir, ýagny, rugsatlyk. Emma altyndan-kümüşden bolan gaplarda iýmek-içmek haramdyr, şu hadyslarda habar berilşi ýaly: "Altyn-kümüş gaplardan içmäň! Olardan (ýasalan) jamlardanam iýmäň! Çünki, olar (altyn-kümüş jamlar) bu dünýede olar (kapyrlar) üçin, ahyretde biz üçindir." (Buhary we Muslim)

"Kümüş gapdan içýän (kişi) öz garnynda Jähennem oduny süýreýändir, çekýändir." (Buhary we Muslim)

Bu hadyslar (altyn-kümüş gaplardan) iýip-içmekligiň haramdygyny kesgitli aňladýandyr, eger gap bütinleýin altyndan ýa kümüşden ýasalan bolsa, ýa käbir ýerlerine altyn-kümüş çaýylan bolsa, ýa-da az-owlak altyndan ýa kümüşden ýasalan bolsa bularyň hemmesi gadagandyr, çünki, gadaganlyk bularyň hemmesini degişlidir.

Ikinji mesele: Altyn ýa kümüş bilen bejerilen, ýamalan döwük gaby ulanmagyň hökümi:

Egerde gap gajyň döwük ýeri altyn bilen ýamalan ýada bejerilen bolsa, (agzap geçen) hadysymyza laýyklykda ony ulanmak mutlak (düýbünden) haramdyr, emma az-owlak kümüşden bejerilen bolsa ulanmak rugsatdyr, Enesiň habar beren hadysyna görä: "Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) bulgury (käsesi-stakany) döwülipdi, şonda deşilen ýerine kümüşden zynjyr sepini goýdy." (Buhary)

Üçünji mesele: Kapyrlaryň gaplary.

Eger nejasat bolmasa, kapyrlaryň gaplaryny ulanmak aslynda halaldyr, emma nejasatdygy anyklansa, ony ýuwmazdan öň ulanmak bolmaýar, Ebu Saglebe atly sahabanyň hadysyna laýyklykda, ol Pygamberimizden şeýle diýip soraýar: “"Eý Allahyň Resuly! Biz kitap eýeleriniň topraklarynda bolýarys, olaryň gaplaryndan iýsek bolarmy?" Aýtdy: "Olardan iýmäň, egerde başga tapmasaňyz, olary ýuwup, olarda iýiberiň!""

Emma nejasatdygy anyk bolmasa, ulanmak rugsatdyr, şu deliller esasynda:

1) "Pygamberimiz we sahabalar müşrik aýalyň jamyndan täret suw alypdylar." (Buhary 344, Muslim 682)

2) Allah Tagala kitap eýeleriniň naharlaryny bize halal etdi, naharlary hem olar jamlarda getirýärler. "Haçanda jöhit (ýahudy) oglan Pygamberimizi arpa çörege we ýaga çagyranda olardan iýipdi."([2]) (Ahmed 3/210, 211, Elbäni Irwäde “Sahyh” diýdi)

Dördünji mesele: Maslyklaryň derileriniň hökümi:

Maslygyň derisi eýlense ony ulanmak rugsatdyr, şu hadyslarda gelşi ýaly: "Her bir eýlenen (işlenen) deri arassadyr." (Muslim, Tirmizi)

Öli goýnuň ýanyndan geçip barýarka Pygamberimiz şeýle diýýär: "Onuň derisini alyp, eýläp peýdalansalar bolmazdymy?! - aýtdylar: Ol maslyk (haram ölen ahyryn, aýtdy: "Ony diňe iýmek haramdyr." (Muslim, Ibn Mäje)

Bu ýagdaý diňe damagyny çalyp, halallap bolýan haýwanlara degişlidir.

Haram ölen malyň tüýi bolsa arassadyr - ýagny, eger eti iýilýän haýwanlar ölse, onuň maslygynyň tüýleri arassadyr, ýöne eti, süňki, damary nejasatdyr, iýmek haramdyr, şu aýatda aýdylşy ýaly: "(Eý, Muhammet!) Aýt: «Maňa wahyý edilenleriň arasynda (Kuranda) bir kişiniň iýýän zatlarynyň arasynda läş‚ damak gan, nejisdigine hiç şübhe bolmadyk doňuz eti ýa-da Allahdan başgasynyň adyna damagy çalnan maldan başga haram edilen zat tapmaýaryn." (Engam 145)

Deridäki hapalary, kirleri arassalamak bilen eýlemek biter, onuň üçin suwa duz goşup, ýa belli ösümlikleri goşup, meselem arça, akasiýa bilen arassalamak bolar.

Emma damagyny çalyp halallap bolmaýan haýwanyň maslygynyň derisi arassalanmaýar, şonuň üçin pişigiň derisi, ýa ondan kiçi göwrümli haýwanlaryň derisi eýlemek bilen arassa bolmaýar, emma diri, jany içinde wagty arassadyr.

Netije: her bir eti iýilýän haýwanyň derisi eýlemek arkaly arassalanar, emma eti iýilmeýän haýwanyň derisi eýlemek arkaly arassalanmaz.

([1]) Ýagny, asyl kada: Şerigadyň haram edeninden başga gap-gajyň ähli görnüşini ulanmak halaldyr.

8 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page