top of page
Поиск

Gabyrlar babatynda öte geçmek.

Salyhlaryň gabyrlary babatynda öte geçmeklik olary (gabyrlary) Allahdan gaýra ybadat edilýän butlara öwürýändir.

Mälik öz "Muwatta" kitabynda pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) şuny aýdanyny habar berýär:

"Eý Allah! Meniň gabrymy ybadat edilýän buta öwürme! Pygambeleriniň gabyrlaryny metjit edinen kowma Allahyň gaty gazaby geldi".

"اللهم لا تجعل قبري وثنا يُعبد. اشتد غضب الله على قوم اتخذوا قبور أنبيائهم مساجد"

Salyhlaryň gabyrlary babatynda öte geçmeklik şirke eltýän wesiledir, ýoldur. Öte geçmeklik dereje-derejedir. Käbir öte geçmeklik ýaňky gabyrlary ybadat edilýän buta öwürer. Aslynda salyhlaryň gabyrlary özgeleriňkiden tapawutly bolmaly däldir, emma ylymsyzlyk sebäpli käbir nadan adamlar salyhlaryň gabyrlaryny belent edýärler, üstünden bina gurýarlar. Şeýdip olaryň gabyrlaryny ybadat edilýän ýere öwürýärler. Ynha bu zatlaryň hemmesi öte geçmeklikdir, çenden aşmaklykdyr we bu zatlar uly şirke eltyän wesiledir hat-da ynsanlar ölülere gije hem çokunup bilerler ýaly salyhlaryň gabyrlaryny güýçli çyralar bilen ýagtyladýarlar. Bu zatlaryň hemmesi ynsanlaryň gabyrlara ybadat edip başlamagyna sebäp bolýar. Şol sebäpli ynsanlar gabyrlary bereketli saýýarlar, ol gabyrdakydan dileg-doga edýärler, ondan şepagat soraýarlar, onuň hormatyna Allahdan dileýärler onuň üçin damak çalýarlar, ondan rysgal, bereket, çaga, saglyk umyt edýärler. Şeýle edip salyhlaryň gabry babatynda öte geçmeklik ol gabyrlary çokunylýan buta öwürýär, ýagny, edil buta ybadat edişleri ýaly gabyrlara hem ybadat edýärler. Gynansakda bu zatlar biziň halkymyzda giňden ýaýran zatlar. Gabyrlaryň üstüne gupba gurmaklyk, ol ýerlerde janly öldürlip märeke ýygnap sadaka bermeklik, ýörüte gabyrlaryň daşyndan aýlanyp, olaryň gumlaryna bulanyp teberriklenmek, bu zatlaryň hemmesi şeýtanyň din diýip ynsanlary azaşdyrýan hileleridir.

(Meniň gabrymy çokunulýan buta öwürme) ýagny adamlar meniň gabrymyň ýanyna gelip, buta ybadat edişleri ýaly, meniň gabryma ybadat etdirme. Bu hadys gabyrlar hem but kimin çokunylýan zatdygyna delildir.

(gabyrlaryny metjit edinen kowma Allahyň gaty gazaby geldi) ýagny bärde gabry buta öwürýän zat agzalýar, ol hem gabyrlary metjit tutunmak. Emma Hurofiler (toslama çykarýançylar): “Gabyrlar buta öwrülmeýär, butlar diňe agaçdan, daşdan ýasalan zatlardyr” diýýärler.

Jogaby: öňki döwürdäkiler agaçdan, daşdan ýasalan butlara ybadat etseler hem, olar şol butlardan şepagat islärdiler, araçy bolup bermekligini dilärdiler. Biziň döwrümizdäkiler hem gabyrlardan edil şol zatlary isleýärler, edil şol şepagaty, araçylygy dileýärler. Şeýlelik bilen ikisi hem şirkdir, çünki ikisi hem kalplary Allahdan gaýra baglamakdyr, Allahdan gaýrydan tamakin bolmakdyr. Üstesine salyhlara bolan tamakinlik, butlara bolan tamakinlikden has uludyr, artykdyr, salyhlara bolan kalp baglylygy, butlara bolan kalp baglylygyndan has beterdir, güýçlidir. Şol sebäpli, salyhlara ybadat etmegiň butlara ybadat etmekden tapawudy ýokdur.

Mujahid: "Siz ol (butlary) Laty we Uzzany gördüňizmi?"([1]) diýen şu aýat barada şeýle diýýär:

“(Lat) Olara (hajçylara) nahar taýynlap berýärdi, ölenden soň bolsa onuň gabrynyň daşyndan aýlanyp başladylar.”

Ibn Abbas aýtdy:

“Hajylar üçin tagam taýynlardy.”

Ýagny, öňki döwürde Ellat diýip bir ýagşyzada, salyh adam bar ekeni. Ol öz dindarlygy bilen meşhur ekeni, haja gelenlere haýyr-ikram edip, olara nahar taýynlap berýän ekeni. Bu ynsan ölenden soň onuň gabry babatynda adamlar öte geçipdirler, onuň daşyndan ukuf edipdirler. Ukufuň manysy: Gabry tagzymlap onuň ýanynda oturmak, ondan bereket umyt etmek, bela-beterden oňa sygynmak.

Gabyrlaryň ýanynda ybadat etmeklik 4 görnüşdir.

1. Uly şirk, ýagny gabyrdakylara ybadaty bagyş etmeklik, olardan doga-dileg etmeklik , şepagat soramak, olar üçin janly öldürmek.

2. Bidgat, ýagny ybadatlary ýeke Allaha bagyş etmeklik ýöne gabyrlary aýratyn ýer hasaplamak, doga-dilegleriň kabul bolýan ýeri saýmak, şol sebäpli hem ybadatlary gabyrlarda etmek, bu bidgatdyr ýagny dinde ýok zatdyr, emma şirk däldir, sebäbi ybadatlar ýeke Allaha bagyş edildi, ýöne şirke eltýän uly köprüdir, wesiledir. Ynha bu gabyrlary ybadat edilýän ýere öwürmekdir. Buny edýän kişiler hakynda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Dirika üstlerine Kyýamat gopjak adamlar we gabyrlary metjit edinýänler iň şerli adamlardandyr."

(Ahmed)

إن من شرار الناس من تدركه الساعة وهم أحياء، ومن يتخذ القبور مساجد

3. Haram, ýagny gabyrlara islendik bir ybadaty niýetläp gitmek. Bunuň mysaly bir ynsan gabyrystana mal öldürmek üçin, öýünden çykýar, bu ynsan ol maly ýeke Allah üçin öldürýär we gabyrlary aýratyn ýer hem hasaplanok, diňe ybadat üçin gabrystany ýer edip saýlaýar. Bunuň hökümi gadagandyr, çünki bu hem şirke bolan wesiledir, şeýle hem gabyrlary metjit edinmekdir.

4. Rugsat, ýagny gabyrystana zyýarat eden wagtyň, tötänlikden (öýden çykanda niýeti bolman) amal etmek, meselem bir ynsan öýünden ölümini ýatlamak üçin gabyrystana zyýarata gelýär. Zyýarat edip ýörkä, öňünden bir çagajyk çykýar, ol hem ol çagajyga sadaka hökmünde pul berýär, ýa-da ol çagajyk üçin Allahdan dileg edýär. Ynha bu rugsatdyr, sebäbi bu adam öýünden dürs niýetli çykýar, soňra çagajygyň gabat gelmegi onuň amal etmesine sebäp bolýar, çagajygyň oňa duşmagy onda sadaka etmek niýetini döredýär, aslynda ol gabyrystanda ol sadakany niýet etmändi.

Ibn Abbas aýtdy:

“Allahyň ilçisi gabyrlara zyýaratçy aýallary we gabyrlara metjit we çyra dikýänleri lagnatlady.”

عن ابن عباس رضي الله عنهما قال:

"لعن رسول الله صلى الله عليه وسلم زائرات القبور، والمتخذين عليها المساجد والسرج

(gabyrlara zyýaratçy aýallary) ýagny, pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýallara gabyrystana zyýarat etmekligi gadagan edýär we olara lagnat aýdýar, lagnat diýmeklik nälet diýmekdir, ýagny Allahyň rähmetinden daşlaşdyrylmakdyr.

(gabyrlara metjit we çyra dikýänleri lagnatlady) ýagny, öňki döwürde gabyrlara çyra goýlup, ýagtylandyrylardy, edil şolar ýaly hem häzirki döwürde hem gabyrlara çyralary dikýärler. Bu hem ol gabyrlary tagzymlamakdyr, uzakdan belli edip adamlary oňa çagyrmakdyr. Şek-şübhesiz bu zatlary edýänler şeýtanyň hilesine düşenlerdir. Allah bize haky görkezip, batyldan daşlaşdyrsyn.

([1]) Nejm 19

75 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page