top of page
Поиск

“Ey Allah! Isleseň meni bagyşla!” sözi barada.


Käbir musulmanlar doga edenlerinde inşäAllah sözüni goşýarlar, Allah kuwwat bersin inşäAllah, Allah şypa bersin inşäAllah, Allah rähmet etsin inşäAllah. Aslynda inşäAllah diýmek - eger Allah islese - diýmek. Ýagny, Allah şypa bersin eger islese, Allah kuwwat bersin eger islese, Allah rähmet etsin eger islese, şeýle netije çykýar.

Emma bular ýaly doga-dileg etmek gaýtarylandyr, ýagny, yzyna inşäAllah sözüni goşmak. "Sahyhda" Ebu Hureýradan hadys:

"Eý Allah! Isleseň meni bagyşla, isleseň maňa rähmet et" diýip biriňiz hem aýtmasyn, (tersine) dilegini berk kararly, dogumly etsin, çünki, takyk, Allaha güýç bilen etdirýän ýokdur."

"لا يقل أحدكم: اللهم اغفر لي إن شئت، اللهم ارحمني إن شئت، ليعزم المسألة ; فإن الله لا مكره له"


Muslimiň rowaýaty: "islegini uludan tutup dilesin, çünki, Allahyň ýanynda berjek zady uly däldir"

"وليعظم الرغبة، فإن الله لا يتعاظمه شيء أعطاه"


InşäAllah diýip doga etmek, birnäçe ters manylary berýär:

1) Meselem ynsan şeýle doga edýär: “Eý Allah eger isleseň maňa rysgal ber!” Mundan çykýan many - isleseň ber, islemeseň berme, men zorlamok, güýç bilen etdiremok. Şonuň üçin hadysda şeýle diýilýär: (çünki, takyk, Allaha güýç bilen etdirýän ýokdur). Bu many hem Allaha edipsizlik görkezdikdir.

2) Käbir adamlardan 1000 manat sorasaň, ýagdaýy bolsa berer, emma 1000 000 sorasaň köp görer, ýagdaýy bolsa-da. Emma Allah beýle däldir, hiç zat Allahyň gatynda uly mesele däldir, hiç haçan Allah "bendäm köp sorady" diýmeýär, şonuň üçin Allahdan dileg edeňde Allah barada beýle pikir etmeli däl we inşäAllah sözüni goşmaly däldir. Bu barada hadysda şeýle diýilýär:

(islegini uludan tutup dilesin, çünki, Allahyň ýanynda berjek zady uly däldir).


3) Haçanda Eý Allah isleseň ber, diýse şeýle many çykýar: isleseň ber isleseň berme, tapawudy ýok, men oňup bilýärin, gatam mätäç däl. Bu bolsa, Allaha garşy edepsizlikdir. Şonuň üçin hadysda şeýle tabşyrylýar: (dilegini berk kararly, dogumly etsin). Ýagny, haçanda mätäç adam Allahdan bir zat dileg edende kiçelip, zelil halda dileg etmeli, öz çäresizligini äşgär edip ýalbarmaly.

4) In şäAllah sözüni doga edende goşsaň, teroddudy, şeki aňladýar, ýagny, dogam kabul bolarmyka ýa bolmazmyka pikiri aňladýar, bu bolsa ýalňyş pikirdir, çünki, Allah dogalary kabul etjegi hakdyr.


Bellemeli zat: haçanda ynsan inşäAllah diýip doga eden wagty bu 4 pikirler onuň kellesine gelmänem biler, bular ýaly gumanlary etmänem biler, ýöne şonda-da doga edende inşäAllah sözüni goşmak gadagandyr.


Ýene bellemeli zat: beý diýsek, inşäAllah sözüni düýbünden ulanmaly däl diýdigimiz däldir, megerem doga edilende ulanmak gadagandyr, emma gelejek barada gürrüň edilende ulanmak hökmandyr, meselem, ertir plan ýere gitjek inşäAllah, indiki ýyl toý etjek inşäAllah bular ýaly ýerde inşäAllah diýmek parzdyr. Bizde diýilşi ýaly, her zadyň öz ýeri öz wagty bardyr.

6 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page