Esaslar üsti bilen dinde bidgat çykarylýar:
Şu üç esaslar üsti bilen dinde bidgat çykarylýar:

1) Allahyň şerigat etmedik, dinden etmedik zady bilen Allaha ýakynlyk islemek, ybadat etmek.
2) Diniň nyzamyna ters gitmek.
3) Bidgata eltýän ýollardan gitmek, bidgata ýol bolýan amallary etmek.
1) Allahyň şerigat etmedik, dinden etmedik zady bilen Allaha ýakynlyk islemek, ybadat etmek.
Bu esasyň manysy: Allahyň ýa Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) şerigat etmedik zady bilen ybadat eden her kişi bidgat etdigi bolýar, çünki, Allahyň buýran, rugsat beren zatlaryndan başga zat bilen Allaha ýakynlyk islenilmez. Sebäbi ybadatlaryň asly - gadaganlyk, ýagny, delillerde gelmedik zady ybadat diýip ýerine ýetirmek gadagandyr, aýatda Allah aýdýar: "Ýa-da, olaryň Allahyň rugsat etmedigini dine goşan şärikdeşleri barmy?!" (Şura 21).
Bu aýatdan düşünýäris: Allahyň rugsat etmedik zady dinden däldir, ýagny, din näme zat? Allahyň bize buýran, bize ýetiren, bize düşündiren zady, biz özümizden bir zat oýlap tapmaly däl.
Bidgat şu tüýslerde bolup bilýär:
a) Allaha adaty ýa günä işler arkaly ýakynlyk islemek, ybadat etmek, ynha bular asyl taýdanam wasp taýdanam oýlap tapylan ybadatlar. Bu görnüşiň bidgat hasaplanmagy üçin ybadat niýeti şertdir, meselem, biri ak ulag sürmekligi ybadat saýmasa ol bidgat bolmaz, emma ybadat saýsa bidgat bolar, şonuň üçin, ybadat niýeti bu görnüşiň bidgat bolmaklygyna şertdir.
b) Asyl taýdan ybadat bolan, ýöne wasp taýdan oýlanyp tapylan ybadat bilen Allaha ýakynlyk islemek. Meselem, azan asyl taýdan ybadat, aslynda oňa delil bar, ýöne baýram namazlarda azan aýtmak bidgat, sebäbi asyl taýdan ybadat bolsa-da wasp taýdan, ýagny, baýram namazlarda aýdylmagy dinde ýokdur, oýlap tapylandyr.
Bu görnüşde amalyň bidgat bolmagy üçin bidgaty edýäniň ybadat niýeti bolmagy şert däldir, Allaha ýakynlyk islemegi şert däldir, sebäbi bu görnüşde ybadat niýeti bolmazlyk mümkin däl. Meselem, biri günüň dowamynda alty namaz okaýar, muny okamaly däl bu bidgat bolýar diýseň, ol näme diýýär: men muny ybadat niýet bilen edemok. Bu göz öňüne getirip bolmajak hyýaly bir zat, ýagny, ybadat niýet bolmazlyk.
Bidgatyň bu görnüşi daşyndan ybadathon, dindar kişiler tarapyndan edilýär.
2) Diniň nyzamyna ters gitmek.
Bu esasyň manysy: kim Yslam şerigadyndan başga nyzama boýun bolmaly diýse bu bidgat bolar, çünki, Yslamdan başga ýol-ýörelgä boýun bolmak rugsat däldir.
Düýpli hökman bilmeli esasymyz: din, tabyn bolmak, boýun bolmak ýeke Allahadyr, kim Allahyň dininden we şerigadyndan çykarýan bidgat çykarsa ol bidgatçy bolar, ol bidgat garaýyş bolsun, ýa adat, ýa iş salyşma tapawudy ýok.
Bidgatyň bu görnüşleri ýolbaşçylar, tamakinçiler, haý-höwes eýeleri tarapyndan köplenç edilýär.
Tahawy akydasyny şerh eden Ibn Ebil-Yzz atly alym aýdýar:
"Zalym baştutanlar şerigada zalym syýasatlary bilen garşy gelýärler, olary (şerigadyň) garşysynda goýýarlar we olary (zalym syýasatlary) Allah we Resulynyň höküminden öňe geçirýärler.
Ýaramaz dindarlar, ýagny, öz zaýa garaýyşlary we deňeşdirmeleri bilen şerigatdan çykan alymlar, (ol zaýa garaýyşlary) şuny içine alýar: Allah we Resulynyň haram edenini halal etmek, rugsat edenini haram etmek, ýatyran zatlaryny güýjünde saýmak, güýjündäki zatlary ýatyrylan saýmak, şertli eden zatlaryny şertsiz etmek, şertsiz eden zatlaryny şertli etmek, we ş.m.
Ruhbanlar (ybadathon kişiler), ýagny, sopularyň nadanlary, olar öz şeýtan, batyl pikirleri, toslamalary, hyýallary, görünmeleri, kellelerine gelen zatlary bilen şerigadyň we imanyň hakykatlaryna garşy gelýärler, (ol batyl pikirleri) şulary öz içine alýar: Allahyň rugsat bermedik dinini şerigat etmek, Pygamberiniň (Sallallahu aleýhi we sellem) dilinde şerigat eden dinini batyla çykarmak." (Şerh akyda Tahawy ibn Ebil-Yzz El-Hanafi).
Bu asyl esasynda bir zadyň bidgat hasaplanmagy üçin bidgat edýäniň şerigada ters gitmek niýeti bolmagy şert däldir, ýa diniň nyzamyna garşy gitmek päli bolmagy şert däldir, ýa Allaha ýakynlyk islemek niýetiniň bolmagy şert däldir. Mysal üçin, zynanyň jezasyny pul töleg etmek, ýa birnäçe ýyl kesip tussag etmek, ynsan muny edende eýýäm bidgat etdigi bolýar, ybadat niýeti bolmasa-da.
Emma bu görnüşdäki bidgatda Allaha ýakynlyk niýeti bolsa, onda bu görnüş birinji asla geçer, ýagny, Allahyň şerigat etmedik zady bilen Oňa ybadat etmege degişli bolar, ýagny, eger zynanyň jezasyny pul töleg edip, şol arkaly sogap isleýärin, Allaha ýakynlyk isleýärin diýse, bu eýýäm birinji asla degişli bolýar. Şeýlelik bilen, bu iki aslyň tapawudy ýüze çykýar.
Birinji asylda bidgat haçan hasyl bolýar? Haçanda bidgatyny şerigada ýöňkände, şerigada degişli edende, emma ikinji asylda haçan bidgat hasyl bolýar? Ýeke şol amaly edeni bilen bidgat hasyl bolýar, şerigada degişli etmese-de, sebäbi şol niýetsiz eýýäm bidgat hasyl bolýar, çünki, ol şerigadyň höküminden, diniň nyzamyndan çykdy.
3) Bidgata eltýän ýollardan gitmek, amallary etmek.
Bu aslyň manysy: eger bir amal - dinden bolsa-da - dinde bidgat çykarmaklyga eltýän bolsa, ol amal bidgata degişli bolýar, özi aslynda bidgat bolmasa-da.
Ibn El-Jewzi aýtdy: "Eger şerigada ters gelmeýän, ýörgünli bolmagy oňa (şerigada) wajyp etmeýän zat oýlap tapylsa, selefiň köpüsi ony halamaýardy, we rugsat bolsa-da her täze oýlap tapylan zatdan asyly, ýagny, (sünnete) eýermekligi goramak üçin gaçýardylar." (Telbis Iblis 16).
Muňa erbetlige, zyýana eltýän ýollary ýapmak, erbetlige, zyýana barmaz ýaly öňüni almak diýilýär, bu şerigatda ygtybarly asyldyr, onuň düýbi - diniň hökümlerini goramaga, ätiýaçlyga esaslanýar.
Mysal üçin: Allah Tagala kapyrlaryň taňrylaryna sögmegi gadagan edýär, sebäbi beýle etmek olaryň Allaha sögmeklerine eltip biler, olaryň duşmanlyk edip Allaha sögmeklerine ýol bolup biler, aýatda aýdýar: "Siz olaryň Allahdan başga ybadat edýän hudaýlaryna sögmäň (dil ýetirmäň)! Ýogsa olar hem nadanlyk edip‚ hetden aşyp, Allaha sögerler (dil ýetirerler)." (Engam 108).
Şeýlelik bilen, näme zat gadagan zada eltýän bolsa, ol hem gadagandyr, näme zat bidgata eltýän bolsa ol hem oňa degişlidir, hökümi hökümidir. Ýöne bir zat bidgata eltýär diýip karar bermeklik üçin, şu zat bidgada ýol açýar diýmeklik üçin hökman tapylmaly şertler bardyr:
a) Şol amalyň hakykatdanam bidgata eltmegi.
Şu üç zat arkaly rugsat bolan amal bidgata eltip, oňa ýol bolup bilýär:
1) Şol amaly görkezmek - hasam yzyna düşülýän adam şol amaly etse - köpçülikde, adamlaryň arasynda äşgär edip görkezse, meselem: nefil namazy jemagat bolup metjitde okamak.
2) Şol amaly sypdyrman etmek, dowamatly etmek, meselem: Sežde süresini her jumga gününiň ertir namazynda okamak.
3) Şol amalyň fazyletlidigine ynanç etmek, şol amala niýetli bolmak, meselem: Ymam Ahmetden soraýarlar: Allaha doga edip, ellerini galdyrýan kowumyň (adamlaryň) üýşmeklerini halamaýarsyňmy? Aýtdy: "Eger (şol amala) niýetli bolup üýşmeseler we (üýşmeklerini) köp gaýtalamasalar doganlar üçin halamazlyk edemok." (Iktizo syrotil mustekym).
Ymam Şatyby aýtdy: "Umuman: şerigatda asly bolan her amal, ýöne şol amaly görkezip etmekde, we dowamatly etmekde ony sünnet diýip ynanç ederler howpy bar bolsa, şol amaly (bidgatyň) öňüni almak hökmünde umuman taşlamak hökmandyr." (Igtisom).
b) Şol amalyň bidgata eltjegi anyk bolmaly, ýa eltmek mümkinçiligi agdyklyk etmeli.
Emma adata görä şol amalyň bidgata eltmegi seýrek bolsa, ýa az gabat gelýän bolsa, onda ol bu şerte laýyk däl, ol amal bidgata eltýär diýip bilmeris, çünki, şerigat hökümleri agdyklyk tarapa, köplüge esaslanýar.
Meselem: gara daşy öpmek, ellemek dinden bolsa-da bidgata ýol açyp biler, mysal üçin, käbirleri onuň zyýan ýa peýda berýänine ynanç edip biler, ýöne beýle ýol açylmasy seýrek bolany üçin şol amal bidgata eltýär diýip umumy höküm berip bilmeýäris.
ç) Şol amal bidgata eltýär, bidgata ýol açýar diýip şol amaly gadagan etmegimiz şol bidgatdanam beter zyýan getirmeli däl.
Ýagny, eger bir amala bidgata ýol açýan amal diýip karar berip, ol amaly gadagan etsek, şol sebäpli hem ondan has beter zyýan emele geljek bolsa, onda biz (gadagan etmekde) has az zyýan getirjek tarapy saýlap almaly.
Mysal üçin: Ymam Ahmede käbir emirleriň Kuran üçin müň dinar sarp edeni aýdylanda ol şeýle diýdi: "Goý olary, çünki, bu olaryň gyzyl sarp eden iň gowy zadydyr." Şeýhul-Isläm ibn Teýmiýýe muňa şeýle goşdy: "Ýogsa onuň Kurany bezemek baradaky mezhebi mekruhdyr...bular (ýagny, ýolbaşçylar) muny etmeseler, onuň ýerine haýyr bolmadyk bolgusyzlygy ederdiler, meselem: goşgy ýa gepleşik kitaplaryndan, ýa pars we rum paýhas (kitaplaryndan) bolan ýaramaz kitaplaryň birine sarp ederdiler." (Iktizo syrotil mustekym).
Ynha şular bir amal bidgata eltýär diýmekligimiz üçin tapylmaly şertler.
Şeýle hem, belläp geçmeli zat: bir amala bidgata eltýär diýmegimiz üçin ol amaly edýände bidgat etmek niýetiniň bolmagy şert däldir, ýagny, bir kişiniň amaly bidgata eltýär, ýöne onuň özünde bidgata eltmek niýeti bolman biler, has dogrusy köp kişide beýle niýet ýok, ýöne onuň bidgat niýeti bolmazlygy şol amaly gadagan etmegimize päsgel däldir, sebäbi ol niýet etsin-etmesin onuň amaly bidgata eltýär.
Mysal üçin:
"Adamlar adat edinen zady: olar jumgada iki azanyň aralygynda tä ymam çykýança iki ýa dört rekagat nefil namaz okaýarlar, bu rugsat işdir, ýazgarylýan zat däl, çünki bu namazdyr, emma ýazgarylýan zat - köpçülik halkyň, olardan bolan köp düşünjelileriň şol namazy jumga namazyndan öň okalýan sünneti hasaplamagydyr, edil öýleden öň sünnetiň okaýyşlary ýaly. Şeýle hem, olar niýetlerinde jumganyň sünneti diýip äşgär edýärler." (El-Bagys).
Ýokarda agzan şertlerimizi geliň şu mysalda amala aşyralyň:
Birinji şertde şeýle diýdik: bir amala bidgata ýol açýar diýmegimiz üçin şol amal hakykatdanam bidgata eltmeli, mysalymyzda hem şeýledir, jumgadan öň iki rekagat namaz adamlaryň üýşen ýerinde dowamatly okalany üçin adamlar ol namazy sünnetdir öýdüp, bidgat edip başladylar.
Ikinji şertde şeýle diýdik: şol amalyň bidgata eltmegi seýrek bolmaly däl, tersine aglaba ýagdaýda şol amal bidgata ýol açmaly, mysalymyzda hem şeýle, adamlaryň aglabasy ol namazy jumgadan öň okalýan sünnet diýip ynanç etdiler.
Üçünji şertde şeýle diýdik: şol bidgata eltýän amaly gadagan etmegimiz ondan beter zyýanly zada sebäp bolmaly däl diýdik, mysalymyzda hem şeýle, ýagny, jumgadan öň iki rekagat nefil namazy taşlamak bidgat ýaly uly zyýanly däl, şonuň üçin, şol namazy gadagan etmegimiz ýerliklidir, şertlere gabat gelýändir, sebäbi ol nefil namaz, onuň terk edilmeginiň zyýany ýokdur. Emma ol namazyň okalmagyndan zyýan bar, ol zyýan adamlaryň jumga namazynyň öňünden iki rekagat sünneti diýip ynanç etmekleri.
Şeýlelik bilen aýdýarys: iki rekagat jumgadan öň okalýan namaz şerigadyň gadagan eden zyýanydyr, ol zyýan köpçülik halky ýalňyş ynanja salmak, ýagny, jumga namazyndan öň sünnet namazy bar diýip ynanç etmekleri, ynha şeýle ynanç etmek bidgatdyr, şeýdip şol namaz bidgata ýol açýar, bidgata eltýär diýip aýdyp bileris.
Ýene belläp geçmeli zat: şol namazy okaýan getirjek zyýany bilsin, bilmesin, ýa şol amaly arkaly bidgat getirmegi niýet etsin etmesin, bu zatlar hiç zady üýtgedenok, şol amal bidgata eltýär, şonuň üçin şol amaly gadagan etmekligimize päsgel bolup bilmeýär. Sebäbi bir zadyň öňüni almak üçin amal edijiniň erbetlik niýeti bolmagy, ýa ylmy bolmaklygy şert däldir.
Selefleriň zyýanyň öňüni almak kadasyny amal ýüzünde görkezmekleriň käbir mysallary:
1. Osmanyň – Razyýallahu anhu – Minada ýolagçy bolsa-da namazy gysgaltmakdan saklanmagy, haçanda ondan Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen gysgaldyp okamandyňmy diýip soranlarynda şeýle jogap berýär:
“Hawa (gysgaldyp okapdym), ýöne men adamlaryň ymamy, çarwalylar, oba halky maňa seredýärler (eger gysgaldyp) iki rekagat okasam şeýle parz edilipdir diýerler.”(Ebu Dawud, Abdurrazzak, Igtisom, Elbäni bir kitapda sahyh däl diýýär.)
Tartuşi (530 hijri ýylynda ýogalan) atly alym muňa teswir berip şeýle diýýär:
“Pikirleniň – Allah size rehmet etsin – (namazy saparda) gysgaltmak hakynda Yslam ili iki garaýşa bölündiler: käbirleri parz, käbirleri sünnet diýdiler. Soň Osman şol parzy ýa sünneti taşlady, sebäbi erbet netijeden gorkýardy, adamlaryň (parz iki rekagat ekeni) diýip ynanç etmeklerinden (gorkýardy).” (Hawadis wel Bidag).
2. Käbir sahabalaryň parz öýdüler diýip gurbanlyk malyny kesmekden saklanmagy, bu Ebu Bekrden, Omardan, ibn Abbasdan habar berildi, ibn Mesud aýtdy:
“Takyk men gurbanlygymy terk edýärin, we men siziň gurplylaryňyzdan, (terk edýärin) goňşular wajip öýderler gorkusy üçin.” (Hawadis wel Bidag).
3. Ymam Mälikden Ibn Wazzah şeýle habar berýär:
“Mälik her bir bidgaty ýigrenýärdi, haýyrda bolsa-da, ol Beýtil-Makdise gelmekligi adamlar ony sünnet tutunar gorkusy üçin halamaýardy, şeýle hem, ol şol gorkusy üçin şehitleriň gabyrlaryna gelmekligi halamaýardy, we Kuba gelmekligi. (Emma aslynda) Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) bu zatlara höweslendirýän habarlar gelendir, ýöne alymlar bu zatlaryň (erbet) netijesinden gorksalar, olary terk ederler ekeni.” (El-bidag wen-nehýu anhä).