Erkegiň ýüpek geýmegi we gyzyl dakynmagy.
Erkegiň ýüpek geýmegi we gyzyl dakynmagy.
Allah Tagala aýtdy:
"Emma (hiç haçan unutmaň) iň ýagşy geýim takwalyk lybasydyr." (Agraf 26).
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
"Kim bu dünýäde ýüpek geýse, ahyretde ony geýmez." Muttefekun aleýhi.
Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
"Ahyret paýy bolmaýan bu dünýäde ýüpek geýer." Habar beren Buhary.
“paý” - nesibe.
Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
"Altyn we ýüpek geýmek ymmatymyň erkeklerine haram edildi we aýallaryna halal edildi." Tirmizi sahyh diýdi.
Huzeýfa aýtdy:
"Allahyň Resuly altyn-kümüşden (ýasalan) gaplarda içmekligimizi we iýmekligimizi, ýüpegi we ýüpekden geýimleri geýmekligi, we üstünde oturmaklygy gadagan etdi." Habar beren Buhary.
Ýene (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Kümüş gapdan içýän (kişi) öz garnynda Jähennem oduny çekýändir." Muttefekun aleýhi.
Onuň (Pygamberimiziň) (Sallallahu aleýhi we sellem) gijewülik üçin ýüpegi rugsat edeni dogry ýol bilen geldi we onuň mukdary - dört barmak. Şeýle hem, (zeruryýet sebäpli) gyzyldan dişe we ş.m. geýmekligi rugsat edeni dogry ýol bilen geldi. Kim ýüpekden eşik ýa ýüpek nagyşlanan başgap, ýa gyzyldan geýim ýa gaýyş geýse, ol agzalan azap wada degişli bolup, buny etmek bilen pasyk bolar.