top of page
Поиск

Ebu Bekr Syddygyň ömür beýany.

Обновлено: 3 дек. 2020 г.

Ady: Abdullah

Kunýesi: Ebu Bekr

Lakamy: Syddyk

Kakasy: Osman

Tiresi: Teými Kureşi

Ebu Bekr Syddyk Abdullah ibn Ebi Kuhafe Teými Kureşi (hijretden 50 ýyl öň dogulan- 13 hijri ýylynda aradan çykan, ýagny 573 milady - 634 milady) ol dört çaryýarlaryň ilkinjisi, 10 sany Jennet bilen buşlananlaryň birisi, Allahyň Resulynyň (Sallalllahu aleýhi we sellem) weziri we dosty, Medinä hijret ýolunda ýoldaşy, pygamber we resullardan soň bütin taryhda, geçmişde gelejekde iň beýik ynsan, olardan soň Jennete ilkinji girjek kişi, hemme pygamberlerden soň ilkinji bolup tewhyd çyragyny dünýäniň günbatar-gündogaryna ýaýan, iman taýdan sahabalaryň iň güýçlisi, Pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) Aişe enemizden soň iň söýgüli ynsan, oňa Syddyk (köp tassyklaýjy) lakamy hut Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) özi dakandyr. Ebu Bekr diýip atlandyrylmagynyň sebäbi – onuň Yslamy ir kabul edenligidir, çünki, “bekr” sözi arap dilinde ir, öň, ilki ýaly manylary berýär.

Ebu Bekr Mekgede 573-nji milady ýylynda Pil wakasyndan 2,5 ýyl soň eneden dogulýar. Jahylyýet döwründe Kureýş tiresiniň baýlarynyň birisidi, haçanda ony Muhammet Pygamber (Sallallahu aleýhi we sellem) Yslama çagyranda ol hiç ikirjeňlenmän kabul etdi, şeýdip ol azat adamlaryň içinde Yslamy ilkinji kabul eden kişi boldy. Soňra ol Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen Medinä hijret etdi, onuň bilen Bedr we beýleki hemme söweşlere gatnaşdy. Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ölüm hassalygynda ýatanda Ebu Bekre adamlara ymam bolup namaz okamagy buýurdy. Soňra Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykýar, edil şol güni hem adamlar Ebu Bekre beýgat edýärler (gol berip kasam edýärler), ýagny, ony baştutan edýärler. Ýolbaşçylyga geçensoň Ebu Bekr döwlet işlerine başlaýar: häkimleri, kazylary dürli ülkelere belleýär, goşun düzýär. Onuň döwründe käbir arap tireler Yslamdan çykýarlar, Ebu Bekr olaryň üstüne ýörüş edip, bütin Arap ýarymadasyny Yslama boýun egdirýär. Soňra Ebu Bekr Yraga, Şama goşun iberýär, şeýdip, ol ýerleriň köp bölegini feth edýär, açýar, Yslam topraklaryna öwürýär. Hijretiň 13-nji ýylynda Ebu Bekr - razyýallahu anhu - 63 ýaşynda aradan çykýar.

Doly ady, asly:

Ebu Bekriň doly ady: Abdullah ibn Osman ibn Amir Teými Kureşi. Kakasynyň ady: Ebu Kuhafe Osman ibn Amir Ibn Amr, Mekgäniň feth gününde Yslamy kabul edýär. Ejesiniň ady: Ummu El-Hayr Selmä bint Sahr Teým we Kureýş tiresinden, hijretden öň ogly bilen Yslamy kabul edýär.

Lakamlary:

1. Syddyk, haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Uhud dagynda Ebu Bekr, Omar we Osman bilen durka, Uhud gymyldap başlaýar, şonda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: "Berk dur Uhud, seniň üstüňde, Pygamber, Syddyk we iki sany şehit bar."

Aişe enemiz gürrüň berýär: "Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Aksa metjidine göterlende, adamlar gep edip ugradylar, oňa iman edip ynanan kişiler dänipdiler, käbir adamlar Ebu Bekriň ýanyna baryp: "Ýoldaşyňdan habaryň barmy? Özüniň Beýt El-Makdise göterlenini aýdýar." - diýdiler, ol: "Ol edil şeýle aýtdymy?" - diýdi, olar: "Hawa” - diýdiler, ol: "Eger ol şeýle diýen bolsa onda dogrudyr." - diýip, tassyklady..."

Aslynda Syddyk diýdigi - köp tassyk ediji, ynanyjy diýmekdir.

2. Atiýk, bir gün Ebu Bekre Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Sen Allahyň otdan atiýkysyň (boşadan kişisisiň)."

3. Sohib, aýatda Allah şeýle diýýär: "Eger siz oňa (pygambere) kömek etmeseňiz (Allahyň özi oňa kömek eder). Kapyrlar ony Mekgeden çykaranlarynda, iki kişi bolup gowakda wagtlary ýoldaşyna: «Gynanma, Allah biziň bilen biledir» diýende, Allah oňa kömek bermändimi? Netijede, Allah onuň kalbyna arkaýynlyk (rahatlyk we ynam duýgusyny) inderdi hem-de ony siziň görmeýän goşunyňyz (perişdeler) bilen goldady, kapyrlaryň güýjüni bolsa, pese gaçyrdy. Allahyň sözi (dini) beýikdir. Çünki, Allah Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir." (Toba 40).

Aýatyň arapçasynda sohib diýip gelýär, onuň manysy: ýoldaş, ýaran, dost-ýar diýmekdir. Bu aýatdaky ýoldaşyň Ebu Bekrdigine alymlar biragyzdan ylalaşdylar, ibn Hajer aýtdy: "Bu ýerde sohib sözünden maksat - Ebu Bekrdir, buňa hiç kim garşy çykmady."

4. El-Etko, manysy: iň takwa kişi, ýa takwa kişi. Haçanda Ebu Bekr musulman gullary satyn alyp azat edende, kakasy oňa daýawrak gullary satyn alyp azat etmekligi teklip edýär, saňa goldaw, gorag bermekleri üçin diýýär, şonda Ebu Bekr bu zatlary ýeke Allahyň razylygy üçin edýärin diýip jogap berýär, soňra Allah şu aýatlary inderýär: "Ondan (otdan) (Allahdan) gorkan (kişi) daşlaşdyrylar. Ol päklenmek üçin mal-mülkini sarp eder. Ol (kişi) beren zadyny özüne edilen bir ýagşylygyň öwezi hökmünde bermez. (Bereni sebäpli, hiç kimden sylaga hem garaşmaz). (Ol beren zadyny) diňe beýik Robbunyň ýüzi üçin (berer) we ol razy bolar.” (Leýl 17-21).

5. El-Ewwäh, manysy: mylaýym, ýumşak. Ybraýym En-Nehagy aýtdy: "Ebu Bekr merhemetli we ýumşak bolany üçin oňa Ewwäh diýerlerdi."

Çagalary: Abdurrahman, Abdullah, Muhammet, Esma, Aişe, Ummu Kulsum.

Yslamdan öňki durmuşy:

Ebu Bekr Pil wakasyndan soňra 573-nji milady ýylynda eneden dogulýar, ol Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) 2,5 ýyl kiçidi. Ebu Bekr Mekgede ulalýar, Jahylyýetde Kureýş tiresiniň ulylaryndan, abraýlylaryndan ekeni, ony gowy görer ekenler, Kureýş ony jerimeleri saklaýançy tutunýan ekenler, oňa ynanyp, ondan başgalara bu meselede ynanmaýan ekenler.

Jahylyýetde Ebu Bekr käbir wasplar bilen meşhur ekeni, ol urug taryhyny, nesilleriň emele gelşini gowy bilýän ekeni, şonuň üçin ol Kureýş barada iň gowy bilýän kişi ekeni.

Ebu Bekr täjir-söwdägär ekeni, adamlar onuň gözel ahlaklydygyny bilip, onuň ýanyna gelip, dürli meseleler boýunça maslahatlaşýan ekenler. Ol Şam ýurtlaryna gidip, elindäki 40 müň dirhemi söwda-satyk üçin ulanýan ekeni, ol özüniň eli-açyklygy, sahylygy, jomartlygy bilen tanalýan ekeni. Şamda wagty Ebu Bekriň bir düýş göreni habar berilýär, Bahira atly belli monah onuň düýşüni şeýle ýorup berýär: "Eger Allah seniň düýşüňi durmuşa geçirse, Ol seniň kowumyňdan bir pygamber iberer, sen onuň dirikä orunbasary bolarsyň, ölensoň halyfasy (ýerine geçersiň)."

Ebu Bekr Jahylyýet döwründe şerap içenok ekeni, Yslamdan öňem içgi içmeýän ekeni, has dogrusy Ebu Bekr gaty arassa, päk, asylly adam ekeni, Aişe enemiz, Ebu Bekriň gyzy gürrüň berýär: "Ebu Bekr içgini özüne haram etdi, Jahylyýetde-de, Yslamda-da hiç içmedi, sebäbi ol serhoş biriniň elini zibile sokup, soňam agzyna golaýladanda ysyny alyp elini goýberýänini görýär, Ebu Bekr şonda aýdýar: Bu näme edýänini bilenok, bolsa-da ysyny alyp, gorandy."

Bir gün Ebu Bekrden soraýarlar: "Jahylyýetde şerap içipdiňmi?" - ol: "Allaha sygynýaryn" - diýip jogap berýär, "Näme üçin?" - diýip soraýarlar, ol: "Men arymy goraýardym, adamçylygymy saklaýardym, emma şerap içen kişi aryny hem adamçylygyny ýitirer."

Şeýle hem, Ebu Bekr hiç haçan butlara ybadat etmedik ekeni, hatda Jahylyýet döwründe-de, ol sahabalaryň üýşen ýerinde şeýle diýýär: "Men birem buta sežde eden däldirin, sebäbi ýetginjek ýaşa golaýlamda Ebu Kuhafe elimden tutup, içinde butlar bolan otaga alyp gitdi, we: "Bu seniň ilähleriň, beýik-belentler." - diýip, meni goýup gitdi, şonda buta golaýlaşyp: "Men aç, meni naharla diýdim, jogap bermedi, men geýimsiz, meni geýindir, jogap bermedi, şonda oňa daş zyňdym, olam ýüzlükgän ýykyldy."

Yslamdan soňky Mekgedäki durmuşy:

Iman edişi: Ebu Bekriň Yslamy kabul edişi haky gözläp çykan uzyn saparlaryň netijesidir, ol çöllerdir-meýdanlary, obadyr-şäherleri gündogardan günbatara çenli bütin Arap ýarymadasyna aýlanyp çykýar, din kethudalary bilen duşuşýar, şeýdip, araplaryň içinden çykjak pygamber hakynda öwrenýär, haçanda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) pygamberlik alanda oňa iman edýär.

Ebu Bekr Jahylyýet döwründen bäri Pygamberimizi (Sallallahu aleýhi we sellem) içgin tanaýan ekeni, ikisiniň arasy gowy ekeni, şonuň üçin, ol onuň dogruçyllygyny, amanatçyllygyny, ahlagyny çuňňur bilýän ekeni, onuň ýalan sözlemejegini anyk bilýän ekeni. Bir gün ol Pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) duşup: "Kureýşiň sen hakynda aýdýan zatlary çynmy? Ilähleri taşlamagyň, akyllarymyzy kem saýmagyň, atalarymyzy kapyr saýmagyň?" - diýýär, - Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem): "Dogry, takyk men Allahyň Resuly we Pygamberi, Onuň ýollamasyny (dinini) ýetirmek üçin meni iberdi we seni haka çagyrýaryn, Allaha ant bolsun, bu hakdyr, seni - eý Ebu Bekir - şäriksiz, ýeke Allaha çagyrýaryn, Ondan gaýrysyna ybadat etme, Oňa hemişe boýun bolmaklyga (çagyrýaryn)." - diýip, jogap berdi we oňa Kuran okap berdi, Ebu Bekr şonda butlary küpür saýyp, Yslamy kabul etdi. Onuň Yslamy kabul edişi hakynda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: "Yslama çagyran kişilerimiň hemmesinde sakynma, ikirjiňlenme we pikirlenme bardy, diňe Ebu Bekrde ýokdy, (Yslamy) agzan wagtym birem saklanmady, birem ikirjiňlenmedi."

Ýene Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ol barada aýdýar: "Takyk, Allah meni size iberdi, siz bolsa “Ýalan sözlediň” diýdiňiz, Ebu Bekr bolsa ynandy, maňa özi we maly bilen goldaw berdi..."

Şeýdip, Ebu Bekr azat, uly adamlaryň içinde Yslamy ilkinji kabul eden kişi hasaplanýar, şeýle hem, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen ilkinji namaz okan hem ol hasaplanýar.

Yslama dagwaty: Ebu Bekr iman getirensoň, öz dost-ýarlaryny, egindeşlerini Yslama çagyryp ugraýar, onuň elinden şu sahabalar iman edýär: Zubeýr ibn Awwam, Osman ibn Affan, Talha ibn Ubeýdillah, Saad ibn Ebi Wakkas, Abdurrahman ibn Awf. Bularyň hemmesi Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna gidýärler, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) olara Yslamy teklip edýär, Kuran okap berýär, Yslamyňhakdygyny düşündirýär, şeýdip hemmesi iman edýärler. Olardan soň Ebu Bekr Osman ibn Mazguny, Ebu Ubeýde ibn Jerrahy, Ebu Selemäni, Erkam ibn Ebi Erkamy getirýär, edil beýlekiler ýaly bularam iman getirýärler. Şeýle hem, Ebu Bekr Yslama öz maşgalasyny çagyrýar, gyzlary Esma, Aişe, ogly Abdullah, aýaly Ummu Ruman, hyzmatçysy Amir ibn Fehiýra hemmesem iman edýärler.

Gowşak musulmanlara ýardamy: müşrikleriň Pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) we sahabalaryna bolan ezýetleri barha güýçlenýärdi, hasam musulmanlaryň gowşaklaryna, ejizlerine beter azap berýärdiler. Olaryň içlerinden iň köp ezýet çekenleriň birisi – Bilal ibn Rabahdy, çünki, onuň hiç hili arkasy ýokdy, tarapyna aljak garyndaşy ýokdy. Onuň Yslamy kabul edenini bilen hojaýyny ony Yslamdan dändirjek bolup, oňa iň erbet azaplary, iň aýylganç kösençleri berýärdi. Buny eşidip Ebu Bekr Bilalyň hojaýynyna ony satyn almak üçin uly möçber puly teklip edýär, satyn alansoň bolsa ony azat edýär. Bundan başga-da Ebu Bekr birnäçe gul-gyrnaklary satyn alyp, azat eder ekeni.

Hijreti we Medinedäki ýaşaýşy:

Mekge muşrikleriň musulmanlara ezýetleri çydamaz derejä ýetende Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryň käbirlerine Medinä hijret etmeklige rugsat berýär, her kim ýagdaýy bolandan, gizlin, bukulyp Mekgeden çykyp gidýärdiler. Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanynda sanalgy sahaba bardy, şolaryň içinde Ebu Bekrem bardy. Ebu Bekr aslynda Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) hijret üçin köp rugsat soraýardy, ýöne Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa şeýle jogap berýärdi: “Howlukma, belkem, Allah saňa ýoldaş berer.” – buny eşidende Ebu Bekr onuň şol ýoldaş bolmagyny arzuw edýärdi. Hijret üçin Ebu Bekr ýörite at satyn alyp, olara iým berip öýünde saklaýardy. Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) adaty Ebu Bekriň öýüne irden ýa agşam gelmekdi, gündizine gelmeýärdi, ýöne hijret etmeli güni ol gündizine gelýär, Allah tarapyn hijrete rugsat alanyny aýdanda Ebu Bekr begenjinden şeýle bir aglaýar, hatda Aişe enemiz ondan öň begençden beýle aglanylýanyny bilmeýärdim diýýär. Şondan soň Ebu Bekr aýdýar: “Eý Allahyň Pygamberi! Bu iki ulag-malyny şunuň üçin taýynlap ýördüm.”

Mekgeden Medinä ýola düşenlerinde Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) we Ebu Bekr ýolda bir gowaga girýärler, sebäbi yzlaryndan muşrikler kowup gelýärdiler. Gowagyň agzyna gelip seretselerde olary görmeýärler. Şeýdip, Allah Öz söýgüli bendelerini halas edýär. Ebu Bekriň özi gürrüň berýär: "Gowakda wagtymyz Pygambere (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdym: eger birisi aýaklarynyň aşagyna bakan bolsa bizi görerdi, şonda ol aýtdy: "Eý Ebu Bekr! Üçünjisi Allah bolan iki kişi hakynda (başga) näme pikir edýärsiň?!"

Bu barada Allah Kuranda şeýle diýýär: "Eger siz oňa (pygambere) kömek etmeseňiz (Allahyň Özi oňa kömek eder). Kapyrlar ony Mekgeden çykaranlarynda, iki kişi bolup gowakda wagtlary ýoldaşyna: «Gynanma, Allah biziň bilen biledir» diýende, Allah oňa kömek bermändimi? Netijede, Allah onuň kalbyna arkaýynlyk (rahatlyk we ynam duýgusyny) inderdi hem-de ony siziň görmeýän goşunyňyz (perişdeler) bilen goldady, kapyrlaryň güýjüni bolsa, pese gaçyrdy. Allahyň sözi (dini) beýikdir. Çünki Allah Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir." (Toba 40).

Şeýdip, olar gowakda üç gije bolýarlar, soň Medinä ýollaryny dowam edip, aman-sag ol ýere ýetýärler. Käbir habarlara görä Ebu Bekr Medinede Habib ibn Isafyň öýünde ýerleşýär, başga habarlara görä Harije ibn Zeýdiň öýünde.

Jihady, Allah ýolunda söweşleri:

Ebu Bekr Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) gatnaşan her söweşine gatnaşýar. Ol Bedr söweşini alyp barmaklygy üçin Pygamberimizi ilkinji goldanlaryň biridi, ol söweşde Ebu Bekr öz gahrymanlygyny görkezip, umumy musulmanlaryň ýeňşine öz goşandyny goşýar. Uhud söweşinde musulmanlar utulyp başlanda, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ýeke galýar, buny görüp Ebu Bekr ilkinji onuň ýanyna goldawa barýar, onuň yzyndan beýleki sahabalar soň gelýärler, olaryň içinde şular bardy: Ebu Ubeýde ibn Jerrah, Aly, Talha, Zubeýr, Omar, Saad ibn Ebi Wakkas, Ebu Dujäne we başgalar.

Soň bolup geçen söweşleriň hemmesine Ebu Bekr gatnaşýar. Haçanda Hudeýbiýe şertnamasynyň möhleti golaýlanda Ebu Sufýan Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem)ýanyna gelip, möhletini uzaltmagy haýyş edýär, ýöne ol razy bolmaýar, şonda Ebu Sufýan Ebu Bekriň ýanyna gelip, ondan soraýar, ýöne Ebu Bekr oňa kesgitli jogap berýär: "...Allaha ant bolsun, eger size garşy söweşýän kiçijek garynjany tapsamam, oňa size garşy ýardam ederdim."

Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Mekgäni açyş edende Ebu Bekr onuň gapdalyndady, ol günleriň birinde onuň kakasy Ebu Kuhafe iman edipdi.

Ebu Bekriň iň meşhur habarlarynyň birisi Tebuk söweşinde bolup geçýär. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) goşuny bölümlere bölüp, her haýsyna ýolbaşçy belleýär, her serkerdä baýdak-tuglary gowşurýar, emma iň uly tugy Ebu Bekre tabşyrýar. Tebuk söweşinde musulmanlar köp zada mätäçdiler, ýaraga, azyga we ş.m. Şol sebäpli Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary haýyr-sahawat, infak etmeklige iterýär, her kim ýagdaýyna görä, başardygyndan getirip başlaýar, şolaryň içinde iň köp infak eden Osmandy. Şol gün barada Omar şeýle gürrüň berýär: "Allahyň Resuly şol gün sadaka bermekligimizi buýrupdy, meniňem malym bardy (şol wagt), özüme aýtdym: bir gün Ebu Bekri öňürtilemeli bolsam, şu gün (öňürtilärin). Şeýdip, malymyň ýarysyny getirdim, Allahyň Resuly sorady: "Maşgalaňa näme goýduň?" - men: Ýene şonçasyny - diýdim, we Ebu Bekr hemme malyny getirdi, Allahyň Resuly: "Maşgalaňa näme goýduň?" - diýip sorady, ol: "Olara Allah we Resulyny goýdum." Şonda aýtdym: Hiç haçan seniň bilen bir zatda-da ýaryşmaryn."

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ölüm hassalygynda wagty şeýle diýýär: “Takyk Allahyň bendelerinden bir bendä Allah (iki zadyň birisini) saýlatdyrýar. Bu dünýäde Allahyň isläni ýaly ýaşamak ýa-da Onuň (Allahyň) ýanyndaky zatlary (Jenneti) saýlamak. Ol (bende) hem Onuň (Allahyň) ýanyndaky zatlary (Jenneti) saýlap aldy.”Şonda Ebu Bekr - Allah ondan razy bolsun - aglady, şonda adamlar näme üçin aglaýanyny geň gördüler, ýöne Ebu Bekr adamlaryň içinde Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) iň gowy tanaýan kişidi, saýlatdyrylan kişiniň Pygamberimiziň özüdigini bilýärdi. Pygamberimiziň Allahyň ýanyndaky zatlary (ýagny, ahyret ýaşaýşyny) saýlap alanyny bilýärdi. Şeýle hem, Ebu Bekr munuň Pygamberimiziň ajalynyň golaýlaşandygynyň alamatydygyny bilýärdi. Soňra Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) dowam edýär: "Takyk, adamlaryň içinde maňa ýoldaşlyk we maly bilen iň köp goldaw beren Ebu Bekrdir, eger Robbumdan başgasyny halil (iň ýakyn dost) tutunsadym Ebu Bekri tutunardym, ýöne Yslamyň doganlygy we söýgüsi bardyr, ýapylman galan metjidiň bir gapysam galmandy, diňe Ebu Bekriňki (beýle däldi)."

Ýene Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: "...Allah we möminler Ebu Bekrden başgasyny kabul etmeýärler (ýagny, Pygamberimizden soň ýolbaşçy bolmakda)."

Hassalygy hasam beterlände, hatda namaza çykyp bilmedik wagtynda şeýle diýýär: "Ebu Bekre buýruň, adamlara (ymam) bolup okasyn." Şonda käbirleri aýtdylar: "Ebu Bekr ýumşak (ýuka ýürekli) adam, seniň ýeriňe geçse adamlara (ymam bolup) namaz okap bilmez." Ýöne şonda-da Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) öz diýeninde durýar. Haçanda Ebu Bekr ymam bolup okap durka, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) biraz özünde güýç-kuwwat tapyp, metjide gelýär, muny gören Ebu Bekr yza çekiljek bolýar, ýöne Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) "ýeriňde dur" diýen yşaraty edip, onuň gapdalyna gelip oturýar.

Şondan soň, birnäçe gün geçip, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykýar. Bu wakany sahabalar gaty agyr geçirýärler, hiç kim Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) aýrylanyny kabul edesi gelenokdy, bu pajygaly hakykat bilen razylaşyp bilenokdyrlar, musulmanlar şeýle gynançly, aljyraňly halda biriniň öňe çykyp, dogumly durmasyna, berk tutanýerlilik görkezmesine, biriniň köpçüligi köşeşdirmesine mätäçdiler. Hakykatdanam, Ebu Bekr bu wezipäni haky bilen berjaý edendir, ol Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýüzündäki ýapynjasyny açyp öpýär we: "Enem-atam saňa (pida bolsun), dirikäňem, jan bereňsoňam päksiň." - diýip, adamlaryň arasyna çykyp aýdýar: "Üns beriň, kim Muhammede ybadat edýän bolsa, Muhammet ölendir, kim Allaha ybadat edýän bolsa, Allah diridir, hiç ölmez. "Muhammet diňe bir ilçidir. Ondan öň hem (ençeme) pygamberler gelip geçipdi. Eger ol ölse ýa-da öldürilse, siz ökjeleriňiziň üstünde yza tesip, (öňki kapyrlygyňyza) dänmekçimi? Kim iki ökjesiniň üstünde yza tesip, (Yslamdan) dänse, (bilip goýsun), ol hiç haçan Allaha zyýan berip bilmez. (Emma) Allah (dogry ýola) şükür edenleri bihasap sylaglar." (Ali Imran 144).

Aişe enemiz aýdýar: "Allaha kasam bolsun, şu aýaty tä Ebu Bekr razyýallahu anhu okaýança hamala adamlar Allahyň bu aýaty inderenini bilmeýän ýalydylar, adamlar ondan bu (aýaty) aldylar (eşitdiler), her bir beşer ony okaýardy."

Halyf saýlanşy:

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) dünýeden ötensoň sahabalar kimi halyf, ýolbaşçy saýlamalydygyny maslahat etmek üçin Sagyde ogullarynyň bassyrmasynda jemlenişdiler, ensarlar ilki çykyş etdiler, öz pikirlerini aýtdylar, soň Ebu Bekr gepledi. Omar bolsa eliňi uzat diýip, Ebu Bekre beýgat (wepaly bolmaklyga kasam) etdi, onuň yzyndan muhajirler, onsoň ensarlar beýgat etdiler. Şonda Omar aýtdy: "Eý Ensar magşary! Allahyň Resulynyň Ebu Bekri adamlara ymam bolmagyny buýranyny bilmeýärsiňizmi, kimiň Ebu Bekrden öňe geçesi gelýär?" Ensarlar: "Ebu Bekrden öňe geçmekden Allaha sygynýarys." - diýdiler.

Ebu Bekr şondan soň şeýle aýdanlary habar berilýär:

"Allaha kasam bolsun, ýolbaşçylyga bir gün hem, bir gije hem hyrs eden däldirin....men diňe fitneden (bulanşykdan, eden-etdilikden) çekindim, ýolbaşçylykda maňa rahatlyk ýokdur..."

"Eý adamlar! Bu iş size degişlidir, halan kişiňizi saýlaň, menem siziň biriňiz ýaly bolaýyn." - adamlar: "Senden razydyrys, sen Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen ikiniň ikinjisisiň." - diýip jogap berdiler.

"Eý adamlar! Kim maňa beýgat edenine ökünýän bolsa, iki aýakda durmasyn (manysy: aýtsyn)." - şonda Aly ibn Ebu Talip aýdýar: "Allaha kasam bolsun, seni aýyrmarys, aýyrmagy talabam etmeris, Allahyň Resuly seni öňe geçirdi, kim seni yza geçirmäne het etsin?!"

Şeýdip, Ebu Bekre iň uly sahabalar öz razylyklaryny, wepalylyklaryny görkezýärler, hiç kimiň ýüreginde nägilelik galmaýar.

Ertesi güni musulmanlar köpçülikleýin beýgat bermäge üýşýärler, ilki Omar çykyp adamlary beýgat etmäge iterdi, soň adamlaryň hemmesi beýgat etdiler. Soň Ebu Bekr şeýle diýdi: "Men size (ýolbaşçy) bellendim, ýöne men iň haýyrlyňyz däldirin, eger gowulyk etsem, maňa ýardam ediň, eger ýamanlyk etsem, meni düzediň, dogruçyllyk amanatdyr, ýalan bolsa hyýanatdyr..... Allah we Resulyna boýun bolsam maňa-da boýun boluň, eger Allah we Resulyndan boýun gaçyrsam, maňa boýun bolmaň..."

Amr ibn Hariýs Saad ibn Zeýdden soraýar: "Ebu Bekre garşy çykan barmydy?" - ol: "Ýok, dinden çykan, ýa çykmana golaý birinden başga hiç kim garşy çykmady..."

Döwlet işlerini dolandyrşy:

Beýgat berlenden soň, Ebu Bekr döwlet dolandyrşyna geçýär, sahabalary özüne ýardamçy tutunyp, hersine wezipe berýär: Ebu Ubeýde ibn Jerraha gaznany, maliýe serişdelerini tabşyrýar, Omara kazyýeti, Ebu Bekriň özi hem kazylyk işlerini alyp barýardy, Zeýd ibn Säbite hathana işlerini (poçtany) tabşyrýar.

Ebu Bekr şäherlere, welaýatlara häkim belläninde Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) göz alardy, onuň usulyny, ýoluny ulanardy. Şonuň üçin, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) bellän häkimlerini Ebu Bekr aýyrmaýar, aýyrsada ondan has jogapkärçilikli wezipä geçirer ekeni. Ebu Bekriň döwründe iň möhüm işler şulardy: namazy doly berjaý etmek üçin mümkinçilik döretmek, ymamlary bellemek, jihat, ýaňy açylan (Yslam ýurdy edilen) ýurtlary dolandyrmak, olara häkim, kazy we başga-da işgärleri bellemek, halyf üçin beýgat almak, käbir maliýe işler, meselem: zekat, jizýe töletmek, kesgitleri jezalary ýola goýmak, asudalygy üpçün etmek, adamlara din öwretmek.

Kazylyk:

Ebu Bekriň döwründe edil Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) döwründäki ýaly ýolbaşçy kazy hasaplanýan ekeni, ýagny, ýolbaşçy aýratyn, kazy aýratyn däl ekeni, ýöne käbir ýagdaýlarda Omary ýardamçy tutunýar ekeni. Ebu Bekriň döwründäki kazyýet hökümleri köp fykh alymlary üçin aýdyň mysal bolup hasaplanýar, şol döwürdäki çykarlan çözgütler dürli ijtihat-pikirlere çeşme bolup galýar.

Ebu Bekriň ähli sahabalardan, adamlardan iki sany aýratyn zady bar:

1) Pygamberleriň taryhyna ser salsak şuňa göz ýetireris: pygamberler dünýeden ötensoň, olaryň yzynda galyp, iman eden kişileriň köpüsi dinlerinden dänýärler, küpüre dolanýarlar: Ybraýym aleýhisseläm aýrylansoň köp araplar butparazlyga dönýärler, Isa aleýhisseläm Allahyň ýanyna göterlensoň yzyndakylar ony iläh hasap edip, küpüre çümýärler, has geňi haçanda Musa aleýhisseläm Ysraýylogullaryny 40 günlik goýup gidende olar öküze ybadat edýärler. Eger Muhammet Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) dünýeden ötensoň adamlar öňki ymmatlar ýaly dinlerinden dänip, kapyr bolsalardy bu bütin adamzadyň gelejeginiň ýitgisi bolardy. Hakykatda, beýle bolmana ýagdaý golaý barypdy, ýöne Allah Ebu Bekriň üsti bilen beýle zada ýol bermedi. Bu ynsanyň Yslam dininiň maňa, saňa, hemmelere ýetmegi üçin görkezen tutanýerliligi, başaran berkligi ony hemmelerden aýratyn edendir.

2) Ebu Bekriň hemmelerden ikinji aýratynlygy: adamzat taryhynda öňden bäri harby kada gelýär, hatda häzirki wagtda harby akademiýalarda hem öwredilýär, ol kada: birden köp front bilen bir wagtda söweşmezlik, birden köp front bir wagtda açmazlyk. Bu kadany terk edeni üçin Napaleon ýeňildi, Gitler Stalingrad we günbatar Ýewropa frontlary bir wagtda açandygy sebäpli onuň goşuny derbi-dagyn boldy. Emma Ebu Bekr bu kadany döwüp, taryhda iki front bilen bir wagtda söweşip, ýeňiş gazanan ilkinji harby serkerdedir. Ol iki front: Pars we Rim Imperatorlygy.

Usamanyň goşuny:

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Rum bilen gazany, söweşi ýola goýupdy, goşunyň başyna Usame ibn Zeýdi belläpdi, ýöne goşun taýyn bolup, iki gün geçenden soň Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) hassalapdy, şeýdip, goşun doly ýola düşmedi, Jurf diýilýän Medineden 3 mil daşlykda ýerdedi. Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýrylandan soň goşun Medinä dolanypdy. Ebu Bekr halyf bolansoň ýaňky goşundaky hemme kişilere öňki ýerlerine, Jurfa çykmaklaryny emir edip, Usamany ýene goşunbaşy belläpdi. Käbir sahabalar ugratmazlygy teklip etdiler, ýöne Ebu Bekriň jogaby kesgitlidi:

"Ebu Bekriň jany elinde bolana kasam bolsun, meni ýyrtyjy haýwanlar tutjagyny bilsemem edil Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) buýruşy ýaly, Usamany ugratmagy ýerine ýetirerdim, obalarda menden başga hiç kim galmaýan bolsa-da ýerine ýetirerdim."

Soň Ebu Bekr goşunyň ýanyna baryp şeýle diýdi:

"Eý adamlar! Duruň! Size on sany zat sarjak, olary menden ýatlaň: hyýanat etmäň, gulul (oljadan ogurlyk) etmäň, ähtiýalanlyk etmäň, temsil etmäň (gulak-burun kesmäň), kiçi çagalary, ýaşulylary, aýallary öldürmäň, hurma agajyny çapmaňam ýakmaňam, miweli agajy kesmäň, ownuk maly, sygyry we düýäni iýmek üçin bolmasa soýmaň..."

Soň Usamaň ýanyna baryp: "Allahyň Pygamberi nähili buýran bolsa şolar ýaly et...Allahyň Resulynyň buýran bir zadynam kemter edäýme!" – diýip tabşyrýar.

Soňra Usama goşuny bilen ýola düşýär, käbir ýerleri gabawa alyp, parahat şertnama baglaşýar, olja edinýär, 40 günden soň yzyna dolanýar. Şeýdip, duşmanlaryň ýanynda musulmanlaryň haýbaty güýçlenýär, bular ýaly ýörüş etmezdiler eger özlerine göwni ýetmeýän bolsa diýişdiler we etmäge niýetlenen köp edim-gylymlaryndan saklandylar.

Murtedler bilen söweşi:

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) dünýeden ötensoň käbir tireler Yslamy terk etdiler, olar üç synpdylar: butparazlyga dönenler, Museýleme Kezzab ýaly özlerini pygamber saýanlaryň yzyna düşenler, zekadyň parzlygyny inkär edip, ol diňe Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) döwründe parzdy diýenler. Haçanda Ebu Bekr halyf bolanda bular barada şeýle diýdi: “Allaha kasam bolsun, Allahyň emirinde söweşmegimi taşlamaryn tä Allah Öz wadasyny bitirýänçä....” Ýene aýtdy: “...namaz bilen zekaty parhlandyran (manysy: namazy parz saýyp, zekaty parz saýmadyk) bilen hökman söweşerin, çünki, zekat malyň hakydyr, Allaha kasam bolsun, Allahyň Resulyna (Sallalllahu aleýhi we sellem) (öň) berýän bir “ynaky” (geçiniň urkaçysyny) hem bermän saklansalar, onuň üçin olar bilen söweşerin.” Hakykatdanam, Ebu Bekr bu meselede, käbir sahabalar oňa garşy bolsa-da, hakdady, dogry sözleýärdi, bu barada Omar aýdýar: “Allaha kasam bolsun, bu ýagdaý (ýagny, Ebu Bekriň hakdalygy) Allah tarapyn Ebu Bekriň ýüregine guýlandyr, şeýdip, onuň hakdadygyny bildim.”

Murtedleriň Medinä çozma synanşygy:

Murtedleriň Medinä çozma synanşygyny Ebu Bekr eşidende güýçli taýynlyklar görüp başlady, Medinäň etraplaryna gabawa almazlar ýaly sakçylary ýerleşdirdi, has täsirli goranmak üçin adamlara metjitlerde ýatmagy buýurdy, Medinäň töweregindäki Yslamda berk duran tire-taýpalary Medinäni goramak üçin jihada çagyrdy, olaram onuň çakylygyna jogap berdiler, hatda olar Medinäni doldurdylar. Murtedler gije Medinä golaýlaşanlarynda Ebu Bekr olaryň öňüne çykdy, murtedler ýeňlip, yzyna gaçyp ugradylar, soňra Ebu Bekr olaryň yzyndan kowalady, bir depä baranlarynda söweşe başladylar, soňy bilen murtedler gaçyp başladylar, şeýdip, musulmanlar murtedleri ýeňip yzlaryna Medinä dolandylar.

Murtedlere garşy goşun ugratma:

Ebu Bekr murtedlere garşy 11 sany topar taýynlap, hersine baştutan belleýär. Bu toparlary ugratmazdan öň Ebu Bekr hat ýazýar, ol hatlary murted bolan tire-taýpalaryň arasynda ýaýratmagy emir edýär, ýörite adam ugradyp, olary üýşürip okap bermekligi tabşyrýar. Ol hatda Ebu Bekr olary Yslama gaýtmaklaryna çagyrýar, kabul edene amanlyk, kabul etmedige söweş wada edýär. Soňra Ebu Bekr goşunlary ugradýar, gysgaça aýdamyzda her haýsy Allahyň ýardamy bilen ýeňiş bilen gaýdyp gelýärler.

Murtedlere garşy söweşleriň içinde Ýemame söweşi hem bar, ol söweşe Ebu Bekr Halid ibn Welidi goşunbaşy belläp ugradýar. Museýleme Kezzab özüne pygamber diýip, daş töweregine ep-esli adam jemleýär, haçanda ol Halid ibn Welidiň goşun bilen gelýänini eşidende Ýemame diýilýän ýeriň eteginde ýerleşýär. Musulmanlar ol ýere gelip söweşe başlanda, duşman olaryň hüjümine çydaman gaçyp başlaýar, olar tä "Hadiýkot El-Mewt" (ölüm bakjasyna) barýançalar musulmanlar olary kowalaýarlar, ol bakja baranlarynda gapylary ýapýarlar we musulmanlar olary gabawa alýarlar. Şonda Bero ibn Mälik atly sahaba: "Meni bakja, olaryň üstüne oklaň." - diýýär, musulmanlar hem naýzalarynyň ujuna galkanlary ildirip üstüne Berony oturdyp, bakjaň içine gapyň üstünden oklaýarlar. Bakjaň içine düşen Bero duşman bilenem söweşip ýetişýär, gapynam açyp ýetişýär, ol gapydan musulmanlar girip beýleki gapylary hem açýarlar, şeýdip duşmany bütinleýin gabaýarlar. Gysgaldyp aýdamyzda, bu söweşde musulmanlar görülmedik gaýduwsyzlyk görkezýärler, netijede hem Museýleme Kezzaby we onuň nökerlerini öldürip, ýeňiş gazanýarlar.

Ebu Bekriň döwründe musulmanlar iki sany uly ülkeleriň, Şam we Yragyň köp böleklerini açmany (Yslam topraklary etmäni) başarýarlar, gürrüňsiz, bu açyşlarda birinjilik bilen Ebu Bekriň goşandy bardyr.

Wepat bolşy:

Hijretiň 13-nji ýylynda Jumadel Ahyr aýynda Ebu Bekr hassalaýar, haçanda hassalygy hasam güýçlenende ýanyna adamlary çagyryp, indiki halyf hakynda maslahat etmeklerine iterýär, sebäbi ol özüniň ölümi golaýlanyny duýýar, adamlar oňa: "Seniň sözüň biziň sözümizdir." - diýip jogap berýärler. Biraz wagtdan soň Ebu Bekr käbir sahabalar bilen maslahat edenden soň, Omary teklip edýär, oňa ytagat etmeklerini buýrup, musulmanlara ýörite hat ýazýar.

Aişe enemiziň gürrüň bermegine görä Ebu Bekr 15 gün töwerek metjide çykyp bilmän kesel ýatýar, Omara ymam bolmagy buýurýar. Hassa wagty Ebu Bekr şeýle diýýär: "Halyf bolanym bäri malymda näme artan bolsa, şony menden soňky halyfa ugradyň!"

Ölmezden öň Ebu Bekr edil Pygamberimize nähili kepen edilen bolsa şolar ýaly kepenlenmegini buýurýar, haçanda ol kependen täzesi hem bardygyny aýdanlarynda Ebu Bekr şeýle diýýär: "Diri täzesine (ýagny, kepen matasyna) özüni ýapmak üçin ölüden has mätäçdir, öli näme, çüýrentgä we tozan zada öwrülýär."

Şeýdip, Ebu Bekr 63 ýaşynda dünýeden ötýär, onuň soňky sözleri şu aýatdy: "Janymy musulman halda algyn hem-de meni salyhlara (ýagşylaryň hataryna) goşgun!" (Ýusuf 101).

Ony, özi wesýet berşi ýaly, maşgalasy Esma ýuwýar([1]), jynazasyny bolsa Omar çykýar.

Ebu Bekriň aýrylan agşamy Medine durşy bilen gama gaplanypdy, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýrylany bäri Medinede bunça aglaýan adam görünmändi, Aly ibn Ebi Talyp Ebu Bekriň aýrylan öýüne gelip, göz ýaş edip şeýle diýdi: "Allah saňa rehmet etsin, Eý Ebu Bekr! Sen Pygamberimiziň dostudyň, ýaranydyň, daýanjy we ynamydyň, syrdaş we maslahatçysydyň...Allaha kasam bolsun, Allahyň Resulyndan soň musulmanlara seniň (ölümiňden) soň agyr degjek zat ýokdur, sen diniň yzzatydyň, goragydyň, galasydyň, Allah azze we jelle seni Muhammet Pygamberiň bilen duşursyn, seniň sogabyňdan bizi mahrum etmesin, senden soň bizi azaşdyrmasyn."([2]) Bu sözleri eşidenler bir agyzdan dogry aýdýaň diýip agysyny saklap bilmediler.

Çeşmeler: Bidäýe wen Nihäýe, ibn Hişam Sira, ibn Saad Tabakat, Isobe, Sahyh Buhary, Esedul-Gobe ibn Esiýr, Tärih El-Hulefä Suýuty we başgalar.

Goý, Allah Tagala Resulynypň dosty, egindeşi, halyfasy Ebu Bekri bagyşlasyn, oňa rehmet etsin, giň Jennetinde biz bilen Ebu Bekri Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) goňşysy etsin! Ämiýn.

([1]) Bellik: Görüşiňiz ýaly ýogalanda erkegi hatyny we hatyny äri ýuwup bilýändir. ([2]) Gör Aly bin Ebi Talyp Ebu Bekri nähili wasplar bilen wasplady, bu bolsa Şaýy toparynyň batyl ynanjyny puça çykarýandyr.


#sahaba #Abubakr #Ebubekr #hayat #haýat #syddyk

37 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page