
Dogry ýol.

Allah Tagala Kuran Kerimde aýtdy:
"Bu Kitap, onda hiç-hili şek-şübhe bolmadyk, gaýyba iman edýän, namaz okaýan we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan haýyr- sahawat edýän we (şeýle-de) saňa inderilene (Kurana) we senden öňki (ilçilere-resullara) inderilen (kitaplara) iman edýän, ahyrete (hem) olar iman edýän takwalar üçin dogry ýoldur. Ine, olar (takwalar) özleriniň Robbundan (gelen) dogry ýoldadyrlar we halas bolanlar (hem) hut olaryň özleridir." (Bakara 2-5)
Bu aýatlardan çykýan peýda:
Kuranda hiç hili şek-şübhe ýok, gapma-garşylyk ýok.
Kuran dogry ýoly görkezýän kitap, mundan başga ýerde dogrulyk tapylmaz.
Dogry ýol gözleýän kişi ony Kurandan tapjakdyr.
Takwalar Allahyň gazabyndan we azabyndan (Dowzahdan) halas boljaklardyr.
Bu aýatda Takwalygyň wasplary sanalandyr, olar:
1-Allahyň we Resulynyň habar beren gaýybyna iman etmek.
2-Muhammede (Sallallahu aleýhi we sellem) we ondan ozalky geçen resullara we nebiýlere iman etmek. Olara inen kitaplara we sahypalara iman etmek
3-Namaz okamak.
4-Zekat bermek we daşyndan sadaka bermek.
Kurany okamakdan, onuň manylaryna düşünmekden, oňa pikir aýlamakdan daşda bolup, özüni dogry ýolda görýän Şeýtanyň toruna düşen we özüniň bilmeýänini bilmeýän naçardyr.