Doga-dilegiň edepleri, şertleri, kabul bolmana has laýyk wagtlary, ýagdaýlary.
Hakykatdanam, ynsan Allah Tagaladan bir zat sorasa, isleýän her bir zadyny Beýik Allahdan dilese, buny Allah gowy görýär we eger dileg etmese, buňa Allahyň gahary gelýär, aýatda Allah şeýle diýýär: “Robbuňyz (Allah): «Meni çagyryň, (Menden diläň, şonda Men siziň doga-dilegleriňizi) kabul edeýin! (Menden özgelere ýüzlenip, ýalbaryp çagyrmak bilen) Maňa ybadat etmegi taşlap, ulumsylyk edýänler zelil ýagdaýda dowzaha girerler» diýdi.” (Gafir 60).
Doga-dileg Yslam dininde uly orna, belent mertebä eýedir, hadysda Pygamberimiz )ٍSallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “Doga ybadatyň hut özüdir.” (Tirmizi).
Doga-dilegiň öz aýratynlyklary bardyr, Ibnul Kaýýim – rahymehullah - aýtdy: “Doga-dilegler, sygynmalar ýaragyň ornundadyr, ýarag bolsa diňe ýitiligine bagly däl, eýsem, ýaragy ulanyja hem baglydyr, şonuň üçin, ýarag birkemsiz kämil bolsa, (ol ýaragy tutýan) bilek hem güýçli bilek bolsa, hiç zat böwet bolmasa duşmandan üstün çykylar, emma bu üçüsiniň birisi ýetmese, (ol ýaragyň) täsiri hem ýetmez.” (Ed-Däu we Ed-Dewä 35).
Şeýlelik bilen, doga-dilegiň edepleri, şertleri, hökümleri bar, doga-dilegiň kabul bolmazlygynyň sebäpleri bar, onuň öňüne perde bolýan zatlar bar, olary öwrenmek her musulmana hökmandyr.
Doga-dilegiň edepleri, şertleri:
1) Doga-dileg edýän muwahhyd bolmaly, ýagny, Allahy birleýän bolmaly, uluhiýýede-de, rububiýýede-de, esma-we-syfatda-da Allahy birläp, şirkden bütinleýin sap kişi bolmaly([1]). Sebäbi doganyň Allahyň gatynda kabul bolmagy üçin – ynsan öz Robbunyň tagadynda bolup, günälerden el çekmeli, tagadyň iň ulusy bolsa tewhyddyr we günäniň iň ulusy bolsa şirkdir, aýatda Allah şeýle diýýär: “Bendelerim senden Men barada sorasalar, takyk, Men (olara) ýakyndyryn. Menden dileg edýän wagtynda dileg edýäniň dilegini kabul ederin. (Emma bendelerim öz gezeginde) Meniň çagyryşyma gulak asyp, Maňa iman getirsinler, belkem hak ýola ýeterler.” (Bakara 186).
2) Allaha doga edeňde sapniýetli bolmaly, ýagny, ýeke Allah üçin etmeli, aýatda şeýle diýilýär: “Olara hanyflar (muwahhydlar) ýaly dini sapniýetli tutup, ýeke Allaha ybadat etmekden başga zat emir edilmedi.” (Beýýine 5).
3) Allaha doga edeňde Onuň gözel atlaryny tutup, doga etmeli, aýatda buýrulşy ýaly: “Iň gözel atlar Allahyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Oňa dileg-doga ediň (ýalbaryň)!” (Agraf 180).
Meselem: Eý Rahym, maňa merhemet eýle, eý Gaffar, meniň günälerimi bagyşla, eý Kerim, maňa halal rysgal ber we ş.m.
4) Dogadan öň Allaha laýyk hamdy-senalar bilen Oňa öwgi aýtmaly. Fazole ibn Ubeýd – razyýallahu anhu - aýtdy: “Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) (metjitde) oturka bir adam (metjide) girip, namaz okap “Allahummeg firli wer hamniý (Eý Allah! Meni bagyşla, maňa merhemet eýle!)” diýdi, şonda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Howlukdyň, eý namaz okaýan! Namaz okap, soňam oturaňda Allaha laýyk hamdy-senalar aýt we maňa salawat aýt, onsoň Oňa doga et!” – Bundan soň bir adam namaz okap, Allaha hamdy-sena aýtdy hem-de Pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) salawat aýtdy, şonda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Eý namaz okaýan! Doga et kabul bolar.” (Tirmizi).
5) Pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) salawat aýtmaly, hadysda şeýle gelýär: “Tä Pygambere salawat aýdylýança her doga perdelenendir.” (Tabarani). Alymlar doganyň öňünden, Allaha hamd-sena aýdylandan soňra Pygambere salawat aýtmak gowy zat, aýdylmasada doganyň kabul bolmagyna päsgel bolmaz diýdiler.
6) Doga edeňde kybla (Käbä) tarap bakmaly, Omar ibn Hattab – razyýallahu anhu - gürrüň berýär: “Bedir gününde Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) müşriklere tarap bakdy, olar müň sanydy, onuň (Pygamberimiziň) sahabalary bolsa 319 sany adamdy, şonda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Kybla tarap bakdy, ellerini uzadyp, Robbuny çagyryp başlady: “Eý Allah! Maňa beren wadaňy amala aşyr! Eý Allah! Maňa wada beren zadyňy boldur! Eý Allah! Eger Yslam iliniň şu toparyny heläk etseň, ýerde Sen ybadat edilmersiň (Saňa ybadat edýän galmaz).” – şeýdip, tä gerdeninden dony gaçýança kybla bakyp, ellerini galdyryp Robbuna ýalbaryp durdy...” (Muslim).
Ymam Newewi – rahymehullah – aýtdy: “(Hadys) doga edeňde kybla bakmaklygyň we elleri galdyrmagyň mustahaplygyny (aňladýar).” (Şerh Muslim).
7) Doga edeňde elleriňi galdyrmaly, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Takyk, siziň Robbuňyz Tebäroke we Tagala utanjaň, Kerimdir, bendesi ellerini galdyranda ony boş gaýtarmaga utanýandyr.” (Sahyh Ebu Dawud).
Elleriňi galdyranyňda aýalaryň asmana tarap bakmaly, älemleriň Robbuna ýüzleneňde garyp-pukara, misgin, zelil halda ýüzlenmeli, hadysda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Haçanda Allahdan diläňizde goşarlaryňyzyň içi (aýalaryňyz) bilen diläň, daşlary bilen dilemäň!” (Sahyh Ebu Dawud).
Doga edeňde iki elleriňi biri-birine birleşdirmelimi, biri-birine degirmelimi? Ýa-da arasyny açmalymy? Ýok, birleşdirmeli, biri-birine degirmeli.
Şeýh Useýmin – rahymehullah – aýtdy: “(Iki eliň) arasyny açmak, arasyna boşluk salmak barada ne sünnetde ne-de alymlaryň sözünde (daýanar ýaly) esas bilýärin.” (Şerh Mumtig, 4/25).
8) Doga edeniňde, Allah Tagalanyň kabul etjegine berk ynanjyň bolmaly, hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Kabul boljagyna berk ynanyp, Allahdan doga ediň, şunam biliň: şübhesiz, Allah gapyl, biperwaý kalpdan (çykan) dogany kabul etmez.” (Tirmizi).
9) Allahdan her bir meseläňi (islegiňi) doga etmeli, dünýä işleriň ýeňil bolmagyny, ahyret haýryny dilemeli. Doga edeňde çyn ýürekden, ýalbaryp, sözleriňe üns berip, Allahyň seni eşidip duranyny göz öňüňe getirip doga etmeli. Şeýle hem, eden dogaň jogabyna howlukmaly däl, kabul bolmady diýip, nägile bolmaly däl, hadysda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Bende günä zady dilemese, ýa garyndaşlar bilen ara üzme barada doga etmese, eger howlukmasa (onuň dogasy) kabul bolar.” – aýdyldy: “Eý Allahyň Resuly! Nädip howlugar?” – aýtdy: “Aýdar: “Doga etdim, doga etdim (şonda-da) kabul bolanyny görmeýärin” şeýdip, irer we doga-dilegi taşlar.” (Buhary we Muslim).
10) Doga edeniňde tutanýerli etmeli, isleseň ber, islemeseň berme diýip kararsyz, gowşak dileg etmeli däl, hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: "Eý Allah! Isleseň meni bagyşla, isleseň maňa rähmet et" diýip biriňiz hem aýtmasyn, (tersine) dilegini berk kararly, dogumly etsin, çünki, takyk, Allaha güýç bilen etdirýän ýokdur." (Buhary we Muslim).
11) Doga edeniňde, kalbyň umytdan, aramlykdan, arzuwdan doly bolup doga etmeli, aýatlarda Allah Tagala şeýle diýýär: “Robbuňyza çyndan ýalbaryp‚ ýuwaşja ses bilen gygyrman dileg ediň!” (Agraf 55).
“Olar haýyr işlere howlugardylar, Bizden umytly we gorkýan halda dileg ederdiler. Olar Bize köp tagzym-hormat ederdiler.” (Agraf 205).
12) Doga edeniňde dogaňy üç gezek gaýtalamak, Buhary we Muslim Abdullah ibn Mesudyň – razyýallahu anhu – şeýle diýenini habar berdiler: “Haçanda (Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem) doga edende üç gezek gaýtalap doga ederdi...” (Uzyn hadysdan parça).
13) Dogaň kabul bolmagy üçin iýýän we geýýän zatlaryň halal bolmaly, hadysda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Eý adamlar! Takyk, Allah päkdir, päk (halal) zatdan başgany kabul etmez. Allah Tagala Resullaryna (pygamberlerine) buýranyny möminlere-de buýrandyr. (Allah Tagala) aýtdy: “Eý, Resullar! Päk zatlardan iýiň we ýagşy işler ediň!”, ýene-de aýtdy: “Eý, iman edenler! Biziň Size rysgal edip beren päk zatlarmyzdan iýiň!”. Soňra bolsa: “Saçy bulaşyk, üsti tozan, uzak ýol sapardaky ellerini asmana göterip: “Eý, Robbym! Eý Robbym” diýýän kişini agzap, (şeýle dowam etdi): “Iýim-içimi haramdan, geýimi haramdan, haramdan eklenen, (bunuň) nireden dogasy (dilegi) kabul bolsun!” diýdi.” (Muslim).
Ibn Rojeb – rahymehullah – aýtdy: “Halaldan iýmek, içmek, geýmek, eklenmek – doganyň kabul bolmasyny hökman edýän sebäpdir.” (Jämigul Ulum wel Hykem 164)
14) Edýän dogaňy gizlin etmeli, içiňden etmeli, Allah Tagala aýtdy: “Robbuňyza çyndan ýalbaryp‚ ýuwaşja ses bilen gygyrman dileg ediň!” (Agraf 55).
Allah Tagala Zekeriýýa guluny öwüp, şeýle diýdi: “Şonda ol (Zekeriýýa) ýuwaşja ses bilen öz Robbuna ýüzlendi.” (Merýem 3).
Kabul bolmana has laýyk wagtlary, ýagdaýlary:
1) Gadyr gijesi, haçanda Aişe enemiz – razyýallahu anhä –: “Gijäniň gadyr gijesidini bilemde näme aýdaýyn” diýip soranda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “(Şuny) aýt: Allahumme inneke afuwwun tuhybbul afwe fagfu anniý.” (Tirmizi). Manysy – Eý Allah! Sen geçirimlisiň, geçirimligi söýýänsiň, maňa geçirimlik et!
2) Gijäniň ahyrynda edilen doga kabul bolmana has laýykdyr, sebäbi ol wagt Allah Tagala peski (ilkinji) asmany inýär, hadysda şeýle gelýär: “...kim Maňa doga edýär? Men kabul edeýin, kim Menden soraýar? Men oňa bereýin, kim Menden bagyşlanma dileýär? Men ony bagyşlaýyn.” (Buhary).
3) Parz namazlaryň soňunda edilen doga kabul bolmana has laýykdyr, haçanda Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) haýsy doga iň eşidilýän (ýagny, kabul bolýan) diýip soranlarynda, şeýle diýýär: “Gijäniň iň ahyrky böleginde we parz namazlaryň soňunda (edilen doga).” (Tirmizi).
4) Azan bilen kamatyň aralygynda edilen doga kabul bolmana has laýykdyr, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Azan bilen kamatyň aralygynda edilen doga gaýtarylmaz.” (Ebu Dawud).
5) Ýagmyr ýagan wagty edilen doga hem kabul bolmana has laýykdyr, hadysda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “(Şu) iki doga gaýtarylmaz: azanda we ýagyşyň aşagynda edilen doga.” (Ebu Dawud).
6) Jumga günüň ahyrynda edilen doga hem kabul bolmana has laýykdyr, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Jumga gününiň gündizi 12 sagatdyr (bölekdir), Musulman bendäniň Allahdan dilän her zadyny (Allah) oňa berjekdir. Ol sagady ikindi wagtynyň iň ahyrky sagadynda gözläň (ýagny, gün batmazdan bir sagat öň).” (Ebu Dawud).
7) Zemzem suwuny içip edilen doga hem kabul bolmana has laýykdyr, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “Zemzem suwy içilen zady üçindir (näme zat isläp içseň şol hasyl bolar)” (Ahmet).
8) Seždede edilen doga hem kabul bolmana has laýykdyr, ýene Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Bendäniň öz Robbuna iň ýakyn wagty seždede wagtydyr, şonuň üçin, köp doga ediň!” (Muslim).
9) Horazyň gygyran wagty edilen doga hem kabul bolmana has laýykdyr, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Haçanda horaz gygyrsa Allahdan fazlyny (haýryny) diläň, çünki, ol perişdäni görendir.” (Buhary we Muslim).
10) Hassanyň ýanynda edilen doga, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Hassanyň ýanyna baraňyzda haýyr gürläň, çünki, perişdeler aýdýan zatlaryňyza (dogalaryňyza) ämin diýýändirler.” (Muslim).
11) Mazlumyň dogasy hem kabul bolmana has laýykdyr, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Mazlumyň dogasyndan häzir bol! Çünki, onuň bilen Allahyň arasynda perde ýokdur.”
Ýene Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Mazlumyň dogasy kabuldyr, hatda özi azgyn bolsa-da, sebäbi onuň azgynlygy özünedir.” (Ahmet).
12) Ene-atanyň perzendine eden dogasy, rozaly kişiniň dogasy we ýolagçynyň dogasy hem kabul bolmana has laýykdyr, hadysda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “(Şu) üç doga gaýtarylmaz: ene-atanyň perzendine eden dogasy, rozalynyň dogasy we ýolagçynyň dogasy.” (Beýhaky).
13) Ene-atanyň perzendine eden betdogasy hem kabuldyr, ýene Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “(Şu) üç doga gaýtarylmaz: mazlumyň dogasy, ýolagçynyň dogasy, ene-atanyň perzendine eden betdogasy.” (Tirmizi). Şonuň üçin, ene-atalar çagalaryna betdoga etmekden saklanmalydyr, bizde giňden ýaýran: ýer çeken, meýdi ýanan ýaly sözleri taşlamalydyrlar.
14) Salyh perzendiň ene-atasy üçin eden dogasy hem kabul bolmana has laýykdyr, hadysda gelşi ýaly: “Adamogly ölende şu üç zatdan galan başga zatlardan amaly kesiler (üç zatdan başga zat oňa sogap bermez), (peýdasy) dowam edip duran sadaka, peýdalanylyp durulan ylym, öz (ene-atasyna) doga-dileg edýän salyh perzent." (Muslim).
([1]) Bu üçüsi tewhydyň görnüşleri, olaryň manylary, kesgitlemesi şeýledir: 1- Rububiyye tewhydy - Allahyň işlerinde Ony birlemek. Meselem: ýaratmaklyk, rysgal bermeklik, jan almak, direltmek, älem-jahany dolandyrmak. Şul işler ýeke Allaha mahsusdyr we bu işlerde Allahyň hiç hili şärigi ýokdur. 2- Uluhiýýe tewhydy - ynsan öz işlerinde Allahy birlemegi, ýeke-täk Allaha ybadat edip, Oňa hiç bir kişini ýa hiç bir zady şärik goşmazlyk. "Uluhiýýe" sözi "uluhe" sözünden gelip çykyp, ybadat diýmekligi aňladýar. 3- Esma we syfat tewhydy - Allahy Onuň gözel atlarynda we sypatlarynda birlemek.