top of page
Поиск

Demonstrasiýa we Yslam.

Demonstrasiýalaryň Yslamdaky hökümi.

Hak hukugy talap etmeklik üçin köçä çykmak demonstrasiýa etmek rugsatmy?

Türkmeni türkmen eden Yslam dinidir. Yslam gelip türkmen milleti öz bagtyna gowuşdy. Türkmeni uly abraýa, uly derejä ýetiren, şan şöhratly eden Yslam dinidir. Yslam taryhyndan başlap bütin tanalýan türkmen alymlary, gahrymanlary, ýigit-serkerdeleri beýle şan-şöhrata, abraýa Yslam sebäpli ýetendirler. Omar ibn Hattab şeýle diýýär: "Biz Yslamyň üsti bilen Allahyň şan-şöhrat, at-abraý beren kowumydyrys, her-haçan Yslamdan başga zatda at-abraý, şan-şöhrat gözlesek Allah bizi peseltjekdir (har-zelil etjekdir)." (Sahyh Tergyb we Terhib).

Soňky döwür hökümete garşy, Prezidente garşy aýdylýan gepler köpeldi, hak-hukugy talap etmek üçin köçä çykmaklyga itergi gepler ýaýrady, ýokardaky aýdanlarymyza esaslanyp, geliň Yslamyň bu babatyndaky hökümini öwreneliň. Mälim bolşy ýaly, Yslam Allah Tagalanyň, ýagny hemmämizi we hemme zady ýokdan bar edeniň dinidir. Yslamyň öz hökümlerinde ýalnyş ýeri, buýruklarynda kemçiligi ýokdur. Yslam dini kämildir, her zamana, her mekana ýaramlydyr. Muňa esaslanyp aýdýarys: Hökümete, Prezidente garşy köçä çykyp, ýagdaýy düzetmekligi talap etmeklik Yslam dininden däldir, tersine bu hereketleri Yslam haram edendir. Allah Tagala Kuranda şeýle diýýär:

"Eý, iman getirenler! Allaha boýun boluň! Pygambere boýun boluň we özüňizden bolan baştutanlaryňyza."(Nisa 59).

Ebu Zerriň hadysy, ol aýtdy:

"Halilym (dostum, göz öňünde tutýany pygamberimiz) maňa (baştutana) gulak asmaklygy, boýun bolmaklygy buýurdy, hatda kellesi kişmiş ýaly Habaşi (häzirki Efiopiýa) gul bolsa-da."(Buhary).

Ubade ibn Somit aýtdy:

"Allahyň Resuly bizi çagyrypdy, şonda şu zatlara beýgat edipdik (kasam beripdik): (baştutana) kynçylykda-da, ýeňillikde-de, menşatda-da (halaýan işlerimizde-de) mekrahda-da (halamaýan işlerimizde-de) gulak asmak, boýun bolmak, olary (baştutanlary) özümizden öňe geçirmek, buýruk eýelerine (ýolbaşçylara) garşy çykmazlyk, meger, Allahyň öňünde delil boljak aýdyň küfr görýänçäk."(Buhary Muslim).

Ibn Abbas Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Kim ýolbaşçysynda halamaýan zady görse, sabyr etsin, çünki, kim jemagatdan bir garyş aýrylyp (ýagny, agzybirligi pozup) ölse, ol jähiliýet (nadanlyk) ölmi bilen ölendir." (Buhary Muslim).

Arafja Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Hemmäňiz bir adamyň (baştutanyň) daşyndakaňyz (ýagny bir adama agzybirlik bilen boýun bolýan wagtyňyz) biri gelip, jebisligiňizi pozmak islese, agzalalyk döretjek bolsa, ony kim bolsa-da gylyçdan geçiriň." (Muslim).

Ebu Hureýranyň Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) hadysy:

"Kim (baştutana günä bolmadyk zatda) ytagatdan çykyp, jemagaty taşlan (halynda) ölse, jähiliýet (nadanlyk) ölümi bilen ölendir."(Muslim).

Başga hadys:

"Baştutanlar köpeler” Soradylar: “(Ol halda) bize näme buýrarsyň?” aýtdy: “Ilkinji beýgadyňyza (wadaňyza, kasamyňyza) wepaly boluň."(Muslim).

Baştutan salyh, adyl, dogruçyl, ylymly, hünärli we halkyň aladasyndaky bolup biler, ine beýle bolsa, halka üstüne Allaha beren beýle gowy nygmatyna şükür etmegi düşýär, egerde baştutany beýle bolmasa näme etmeli, geliň diniň bu baradaky çözgüdini göreliň:

Awf ibn Mälik El-Eşjäginiň Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) hadysy:

"Iň haýyrly baştutanlaryňyz - sizi söýýän, siziňem olary söýýän, sizi öwýän, siziňem olary öwýänleriňizdir, iň şerli baştutanlaryňyz - sizi ýigrenýän, siziňem olary ýigrenýän, sizi näletleýän, siziňem olary näletleýänleriňizdir” Aýtdylar: “Olar (iň şerlileri) bilen söweşmälimi?” Aýtdy: “Ýok, haçanda araňyzda namazy berjaý etse." (Muslim).

Huzeýfanyň Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) hadysy:

"Emire gulak as, boýun bol, seniň arkaňa urup malyňy alsa-da."(Muslim).

Ymam Ebu Hanifanyň we onuň iki okuwçysynyň akydasyny açyklaýan kitapda Tahawy şeýle diýýär:

"Zulum etseler-de, ymamlarymyza (baştutanlarymyza), ýolbaşçylarymyza garşy çykmagy (dogry) görmeýäris, olara betdoga etmeýäris, olara boýun bolmakdan ýüz öwürmeýäris, olara boýun bolmagy Allaha - azze we jelle - boýun bolmak saýyp, parz hasaplaýarys, (boýun bolýarys) magsyýe (günä zatlary) buýurmasalar. Olar üçin salyhlyk (düzelmeklik), jan-saglyk dileýäris." (Akyda Tahawy, Taglik Elbäni).

Ýene Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) hadys:

"Bu ymmat 73 topara bölüner, birinden başga hemmesi otdadyr." - ol birisi barada soranlarynda şeýle diýdi: "Men we sahabalarymyň bolan zadynda bolanlar (ýagny, ýoluny tutanlar)."(Tirmizi).

Käbir selef alymlar aýtdylar: “(Öňküleriň) ýoluna eýeriň, bidgat etmäň, size ýetik boldular.”

Biri şeýle diýip biler: “Bolýar, demonstrasiýa, zabastowka, köçä çykyp hak-hukuklary talap etmeler bolanok ekeni, Yslam gadagan edýän ekeni, onda nädip hukuklarymyzy talap etmeli?”

Birinjilik bilen, şuny ýatdan çykarmaly däl, biz musulman, musulman hem şuňa ynanar: hemme zat Allahyň isläni ýaly bolup geçýär, Onuň rugsady bolmazdan hiç zat bolup bilmez, ykdysady kynçylyk, rysgalyň daralmagy hem Allah isläni üçin bolup geçýändir. Asyl rysgal berýän Allahdyr, ýerdäki, gökdäki ähli janly-jandarlaryň ir-iýmitini berip duran Oldur, aýatda şeýle diýýär:

"Ýer ýüzünde hereket edýän bir zat bar bolsa onuň rysgalyny Allah berýändir. (Allah) onuň (bu dünýädäki) mesgenini-de, (ölenden soňky) amanat ediljek ýerini-de bilýändir. (Bularyň) ählisi anyk kitapda (Lowhy-mahfuzda) ýazylandyr." (Hud 6).

Ikinjilik bilen, musulmanyň, musulman halkyň başyna inen her bela olaryň günäleri sebäplidir, egerde musulman halky günälere perwaýsyz bolup, dinden, Allahdan daş düşseler Allah olary kynçylyklar, belalar bilen synag eder, aýatda şeýle diýýär:

"Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde pitne-pisat (kynçylyk-belalar) ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Allah olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar." (Rum 41).

Ýagny, adamyň şu dünýäde garşylaşýan her kynçylygy, tapawudy ýok açlyk-horluk bolsun, kesel bolsun, zulum-sütem bolsun, tebigy bela-beterler bolsun, hemmesi öz eden etmişleri, ýagny, günäleri üçindir.

Şonuň üçin, biziň halkymyzyň kynçylykda bolmagyna öz-özlerimiz günäkärdiris, mümkin ol kynçylygy öz hökümetimiz döredýändir, mümkin daşky duşmanlarymyz, mümkin ýene bir zat, ýöne kynçylyk aslynda Allah tarapyndyr, bu zatlar bolsa diňe sebäpdir, eger Allah beýle zady islemese-di, hiç kim döredip bilmezdi. Şonuň üçin, ýurduň baştutany, hökümeti - şol ýurduň halkynyň amallarydyr, aýatda şeýle diýýär:

"Ine‚ şeýdip, Biz gazanýan zatlary (günäleri) sebäpli, zalymlary biri-birlerine baştutan ederis." (Engam 129).

Yslam ymmatynyň görnükli alymlarynyň birisi bolan Hasan El-Basry Hajjaj atly zalym, azgyn baştutanyň döwründe ýaşaýar, ol baştutan aňrybaş derejede ganhor ekeni, habarlara görä ol 120 müň töwerek adam öldürendir. Haçanda käbir musulmanlar oňa garşy gylyç syryp, gozgalaň çykarmaklygy Hasan El-Basrynyň ýanynda agzanlarynda ol şeýle diýdi: "...ýöne şuny bilgin - Allah seni ýalkasyn - baştutanlaryň zulumy - Allahyň jezalaryndan bir jezadyr, Allahyň jezasy bolsa gylyç bilen garşylaşmaz, ol jezadan diňe (Allahdan) gorkup, doga edip, toba edip, günälerden el çekip (dine) dolanmak bilen mümkindir." (Ädäb El-Hasan El-Basry, ibn Jewzi).

Şonuň üçin, meseläniň asly bizdedir, biz gowy bolsak, dinimize üns bersek, hal-ýagdaýymyzam Allah gowular, biz erbet bolsak, dinden daşlaşsak, öz-özümizi belalara sokarys.

Şu hadysy üns bilen okalyň:

"Eý muhajir magşary! (Size) bäş alamaty (habar bereýin) haçanda olar bilen synag edilseňiz (haçanda olar ýaýrasa olary tanaryňyz ýaly) we size olaryň ýetmeginden Allaha sygynýaryn: bozuklygy (zynany) açaçan edýän her kowum (halk) hökman özlerinden öňkülerde bolmadyk gyrgyn-merez we agyrly (kesellere) sezewar bolar, terezi-ölçegi kem çekýän her (halk) hökman ýyllap (guraklyk), güýçli horluk we soltanyň zulum-sütemi bilen (jeza çekerler) ...." (Sahyh El-Jämig).

Diýmek, ähli bela-beterler, kesel-horluklar Allahyň adamlara günäleri üçin berýän jezasy ekeni. Aýratynam hadysyň soňky parçasyna üns bereliň: “terezi-ölçegi kem çekýän her (halk) hökman ýyllap (guraklyk), güýçli horluk we soltanyň zulum-sütemi bilen (jeza çekerler)”. Ýagny, terezi-ölçegi kem çekýän - söwda satykda kilesini dogry ölçemeýän, adamlaryň hakyny iýýän halk bolsa onda Allah olara guraklyk berjek ekeni, ýagyşy tutjak ekeni, ýagny, suwsyzlyk emele gelse ir-iýmit ösmez, açlyk başlar, güýçli horluk bolar, ýagny, hemme zat gymmatlar, azyk harytlar, ir-iýmitler gytlaşar, bahalar elýetmez bolar.

Eger-de Soltan, ýagny, baştutan, hökümet zulum-sütemleri, hak-hukuklaryny iýmeleri bar bolsa, onda ol zatlar Allahyň jezasydyr, sebäbi Allah tereziden iýýän we başga günäleri edýän halka jeza berer.

Halkymyzyň içinde gynansak-da, tereziden iýmek giňden ýaýran zatdyr, egerde Allah ýeke şu günä sebäpli şeýle jeza berýän bolsa, onda beýleki has uly, has agyr günäler sebäpli nähili jeza berjekkä? Ýurduň ähli künjeklerinde şirkiň açaçan edilmegi, dürli serhoş içgileriň içilmegi, zynanyň ähli sypat we görnüşde ýaýramagy, aldaw,ogurlyk, sokma ýaly günäler üçin Allah nähili jeza berjekkä?!

Şu aýata üns berip okaň, Allah size rehmet etsin:

“Ine, biz bu obalaryň (halkyny) zalym bolandyklary zerarly heläk etdik. Olary heläk etmek üçin (öňünden) belli bir wagt (möhlet) belläp goýduk.” (Kehf 59)

Halkyň zalymlygy üçin olary heläk etdik diýýär, aslynda zalymlyk, zulum näme? Allah Tagalanyň şu sözüne üns beriň:

“Lukman ogluna nesihat berip: «Eý, oguljygym! Allaha şärik goşma! Çünki (Allaha) şärik goşmak örän uly zulumdyr» diýipdi.” (Lukman 13)

Diýmek, Allaha şärik goşmak, şirk - zulum ekeni. Gabyrdakylary, daş-agaçlary, süňkleri Allaha şärik goşup, diňe Allahyň başarýan işlerini bulardan tama edip, biziň halkymyz Allaha şärik goşmaýarlarmy?! Eger bilmeýän bolsaňyz, aýlanyp görüň öwlüýalara, kimsi gabyrdaky ölüden çaga, kimsi bagt, kimsi rysgal diläp, Allaha şärik goşýanlaryny görersiňiz, ine şeýdip zalymlyk, zulum edýän halka açlyk, kynçylyk, horluk, zulum-sütem bilen Allahyň jeza bermegi geň zat däldir, ýokarky aýatda aýdylşy ýaly.

Şonuň üçin, meseläni düýbinden çözmek islesek, biz özümizi düzetmeli, özümiz ilki iň uly zulumy (Allaha şärik tutmagy) taşlamaly, günälerden daşlaşmaly, Allaha toba bilen dolanmaly, her kim özünden başlamaly, soň maşgalasyny, soň garyndaşlary we şeýdip jemgyýet düzelmeli, Allahyň dinine gaýdyp gelmeli we sabyr etmeli, çözgüdi Allahyň, bizi ýokdan bar edeniň dininden gözlemeli, serediň Hasan El-Basry näme diýýär: "Allaha kasam bolsun, eger soltan tarapdan synag edilen (ýagny, zulum edilen) halk (dinlerinde berk durup) sabyr etseler, Allah derrew olardan ony aýrar....soňra şu (aýaty) okady: "Sabyr etmekleriniň öwezi üçin sylag hökmünde ysraýyl ogullaryna seniň Perwerdigäriň beren ajaýyp wadalarynyň hemmesi hakykat boldy. Fyrgawn bilen kowumynyň guran binalaryny we ösdüren bag-bakjalaryny bolsa weýran etdik." (Agraf 137). (Şeriýga Äjurri).

Gozgalaň isleýänler nädogry ýoldadyrlar, serediň Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) näme diýýär:

"Özlerini (halkyndan) ileri tutýan harsydünýä (betnebis, açgöz baştutanlar) gelip, siziň halamaýan zatlaryňyz bolar." - aýtdylar: Eý Allahyň Resuly! (Şol ýagdaýda) näme etmeklerimizi buýrarsyň? - aýtdy: "Öz boýnuňyzdaky borçlary ýerine ýetireň, öz haklaryňyzy bolsa Allahdan soraň." (Buhary).

Ýatdan çykarmaň, bu Allahyň Pygamberiniň sözüdir, ol bolsa aýatda aýdylşy ýaly özünden zat gürlemez:

"Ol (hiç zady) öz islegi (ygtyýary) bilen aýtmaz. Ol (aýdýan sözleri) meger özüne aýdylan wahydyr." (Nejm 3-4).

wahydyr - Allahyň buýrugydyr.

Musulman adama düşeni Allah we Pygamberine boýun bolup, netijänem Allahdan garaşmakdyr.

Soňam, demonstrasiýa halkyň ýagdaýyny beterletmekden başga zada eltmeýär, gan döküler, namyslara el urular. Eý Akyl eýeleri, daş töweregiňize ser salyň! Bir döwür olaram haklaryny sorap köçelere çykypdylar, häzir ýat illerde bir döwüm çörek sorap köçä çykýarlar. Kimsi ýetim galdy, kimsi dul, kimse çagasyz galdy, kimsi öýsüz, kimsi iň golaýyň dirimi, ölümi bilenok, bu zatlar siz üçin aýdyň subutnama dälmi eýsem! Iň akyldar kişi, başganyň ýalňyşyndan sapak alandyr.

Şeýlelik bilen, musulman doganlar, toba edip dinimize hökümlerini berjaý edip gaýdalyň, çünki, bu dinde bolup utulan ýokdur, ýalňyşan ýokdur, yzyndanam zulum-sütem ediläýse sabyr edeliň, Allahdan baştutanymyz üçin ýagşy dileg-doga edip, ýalbaralyň, hemme zat Onuň elindedir. Allah bir zat islese ony gaýtaryp biljek ýokdur. Biz Hak Eýämizden, Robbumyzdan halymyzy gowulandyrmagyny diläliň, Onuň gazabyna, synagyna, azabyna iterýän işlerden toba edip daşlaşalyň, inä bu hakyky dogry çykalgadyr.

Şu taýda käbir soraglar çykyp biler:

Eger günä sebäpli biziň türkmen halkymyzyň ýagdaýy şeýle bolsa, onda bizden has beter, bizden has erbet milletler bar-a, hatda käbirleri biziň etmeýän günälerimizi edýärler, olar asla musulman däl-ä, ýöne şonda-da olar bizden gowy ýaşaýarlar, näçe günä etselerem, azgyn bolsalaram olar-a eşret içinde ýaşaýarlar?

Jogaby: Bu soraga çürt-kesik çyzyk goýýan zat - olar musulman däl, olar kapyr kişiler, Allah olara dünýäni berendir, aýatlarda şeýle diýýär: "(Allah oňa): «Kapyr bolany hem (dünýä lezzetlerinden) az salymlyk peýdalandyryp, soň ony ot (dowzah) azabyna duçar ederin. Ol baryljak nähili erbetdir» diýdi." (Bakara 126).

"(Olara) bu dünýäde sähelçe peýda bolar. Soň Bize dolanarlar. Şondan soň olara, kapyr bolandyklary sebäpli, örän ýowuz azaby dadyrarys." (Ýunus 70).

Hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: "Bu dünýä musulmanyň zyndany, kapyryň jennetidir." (Muslim).

“Olara bu dünýä, bize ahyret” (Buhary)

Allah olara bu dünýäni berjegini açaçan aýdýar, Allah bolsa islänini eder, Ol Ýaradandyr, ýöne beýle diýsek, Allahyň edýän işlerinde hikmeti, paýhasy ýok diýip düşünmeli däldir, elbetde bardyr, aşakdaky aýatlarda aýdylandyr:

“(Ýa-da) olar Biziň olara beren mal-mülkümiz we perzentlerimiz sebäpli, olara peýda bermek üçin tagalla edýändiris diýip pikir edýärlermi? Ýok, olar (bu zatlara) göz ýetirip bilmeýärler.” (Muminun 55-56)

“Kapyr bolanlar biziň özlerine möhlet bermegimizi özleri üçin haýyr hasaplamasynlar. Biziň olara möhlet bermegimiz olaryň günälerini artdyrmaklary üçindir. Olara har ediji azap bardyr.” (Äli Ymron 178)

“Aýatlarymyzy ýalan hasaplanlary bilinmejek ýagdaýda (ilki bolelinlik we rahatlyk berip) ýuwaş-ýuwaşdan heläkçilige golaýlaşdyrarys. Men olara möhlet berdim‚ ýöne wagty gelende, Meniň jezalandyrmagym örän anyk hem-de elhenç bolar.” (Agraf 182-183)

“Olaryň gazananlarynyň‚ çagalarynyň (köplügine) seniň gözüň gitmesin! Çünki Allah şolar sebäpli, bu dünýäde synaglaryny kynlaşdyrmagy, olaryň bolsa kapyr bolup jan bermeklerini isleýär.” (Toba 55)

“(Eý, Muhammet!) Sen bu sözi (Kurany) ýalan hasaplaýany Maňa goý! Biz olary bilmeýän (garaşmadyk) taraplaryndan (synag edip, köp mal-mülk berip dünýä lezzetlerini dadyryp) ýuwaş-ýuwaş azaba golaýlaşdyrýarys. Men olara möhlet berýärin. Takyk, Meniň duzagym örän berkdir.” (Galam 44-46)

Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Allah zalymy (kapyry) soňa goýýar, haçanda ony (azaby bilen) tutanda sypdyrmaz” diýip şu aýaty okady: “Seniň Perwerdigäriň zulum eden şäherleriň (ýaşaýjylaryny) ele salanda, ine, şeýdip ele salýar. Şübhesiz, Onuň ele salmagy örän yzaly we gaty berk bolýandyr.” (Hud 102)

Käbirleri ýene sorap bilerler:

Käbir musulman döwletlerem bar-a, olar bizden has gowy durmuşda ýaşaýarlar, ýogsa bizde edilýän günäler olarda-da edilýär-ä.

Jogaby: Buňa istidroj (duzak) diýýäris, ýagny günä edýän musulmanyň ýagdaýynyň gowy bolmagy, Allahyň ony günäli halynda duýdansyz tutup aljagydyr.

Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Egerde Allahyň gula günä etse-de dünýä baýlygyndan islänini berenini görseň, Ol istidrojdyr (duzakdyr)” diýip soňra aýaty okady: “Olar özlerine berlen öwütleri unudansoňlar, (olara iberen kynçylyklarymyzy aýryp) öňlerinde hemme zadyň (zowky-sapanyň we nygmatlaryň) gapylaryny açdyk. Olar özlerine berlen zatlar (ol nygmatlar) bilen şat bolan wagtlary, olary duýdansyz tutduk. Olar (hem ähli haýyrlardan) umytlaryny ýitirdiler.”(Anam 44) (Musned Ahmet).

Şonuň üçin, eşretde ýaşamak elmydama haýry aňladanok. Şeýle hem, şuny ýatdan çykarmaly däl: Allah Öz söýýän bendelerini kynçylyklar, horluklar üsti bilen olaryň ahyretdäki derejesini artyrmak ýa-da günälerini ýuwmak üçin hem synag eder, hadysda aýdylşy ýaly:

"Takyk, belanyň beýikligi mukdarynda sogap beriljekdir, Allah haçanda bir kowumy gowy görse, olary synag eder. Razy bolana razylyk, nägile bolup gazaplanana gazap bolar" (Tirmizi hasan diýdi)

"Eger Allah bir guluna haýyr islese onuň jezasyny bu dünýäde tizleşdirer, eger Allah bir guluna şer islese onuň günäsi üçin oňa jeza bermekden saklanar, tä kyýamat gününde ödetmek üçin." (Elbäni sahyh diýdi).

Eger musulman halk Allahy unudyp, öz haý-höweslerine eýerip, günä-haramlyklardan el çekmän, Allahyň öňündäki borçlaryny, il-halkyň öňündäki hukuklaryny berjaý etmeseler, hökman Allahyň jezasyna iru-giç duçar boljakdyrlar, bu Allahyň ýerdäki düzgünidir, aýatda şeýle diýilýär:

"Allah bir şäheri (Mekgäni) mysal getirdi. Ol asuda, eşretli şäherdi. Her tarapdan rysgaly bol-elin gelip durardy. (Ýöne şäher ilaty) Allahyň nygmatlaryna näşükürlik etdiler. Allah, olaryň eden işleri sebäpli, ol (şäheriň halkyna) açlyk we howp lybasyny (belasyny) datdyrdy." (Nahl 112).

Aýatda (her tarapdan rysgaly bol-elin gelip durardy) diýilýär, diýmek, Allah ilki möhlet berýär, dogry ýola gelmäge pursat berýär, soňra bolsa islän wagty jezasyny berýär.

Alymlaryň böwet bolan ýerleri:

Hökümete garşy çykýanlary düzetmeklikde iň gowy çykalga, dogry ylymdyr, çünki hökümete garşy çykmak pikir esasynda dörän işdir, ýagny ýalňyşyň asly pikirdedir, pikire bolsa garşy dogry ylym bilen durulmalydyr, ýagny bu düşünjäni göterýänlere Ählisünnet alymlarynyň üsti bilen düzetmelidir, haçanda Aly bin Ebu Tolyba (Razyýallahu anhu) garşy çykanlarynda, Ibn Abbas (Razyýallahu anhumä) olaryň ýanyna baryp, pikirleriniň tersligini aýdyp, kalplaryndaky ýalňyş pikirleri açyklap, dogryny aýdyňlap berende, olaryň ýarysy toba edip, öz ýalňyş pikirlerinden gaýdanlar, ine hakyky dogry çykalga budyr.

Selefleriň bu barada gaýrat eden habarlaryndan az mysaly:

Beýik Sahaba Ebu Derda (Razyýallahu anhu) şeýle diýdi:

"Baştutanlara nälet aýtmakdan häzir boluň! Çünki, olara nälet aýtmak gyryjydyr, olary ýigrenmek önelgesizdir." Aýtdylar: “Eý Ebu Derda! Eger halamaýan zatlarymyzy edýänlerini görsek näme edeli?” Aýtdy: "Sabyr ediň! Çünki, Allah olaryň beýle edýänlerini görende, olary sizden ölüm bilen tutar." (Ibn Ebi Asym).

Allahyň Kuranda ýalkan bendeleri bar,olar sahabalardyr, Ebu Derda hem olaryň biri, serediň onuň maslahatyna, hatda baştutanlar zulum, ezýet, nähaklyk etseler-de sabyr ediň diýýär, köçä çykyň ýa gozgalaň turuzyň diýmeýär.

Ebu Jemre aýtdy:

“(Hajjaj tarapyndan) Öýüň (Käbäniň) ýakylýany maňa ýetende Mekgä ugur alyp, ibn Abbasyň (Razyýallahu anhu) ýanyna bardym, olam meni tanap garşylady, şonda ibn Abbasyň ýanynda Hajjaja sögdüm, olam aýtdy: “Şeýtana ýardamçy bolma!”(Buhary Tarih Kebir).

Hajjaj öz döwrüniň hökümdary bolup, il-halka zulum-sütemler etmek bilen meşhur kişidir, ol 120 müň töwerek adamyň ganyny akyndandyr, ýöne şonda-da Ibn Abbas oňa sögmekligi gadagan edýär.

Ebu El-Haris aýtdy:

“Ebu Abdullahdan (Ymam Ahmetden) Bagdadyň haly barada soradym, halk gozgalaňa niýetlenýär diýemde inkär edip aýtdy: "SubhanAllah, gan, gan, beýle etmeli öýtmeýärin, beýle etmegi buýurmaýaryn, gan döküşlik, mal-mülkiň halal edilmegi, ar-namyslara degilmegi ýaly pitneden şuwagtky biziň ýagdaýymyz haýyrlydyr." Aýtdym: “Eý Ebu Abdullah! Adamlar häzirki wagtda pitnede (zulum astynda) dälmi?” Aýtdy: "Bolanda-da bu mahsus pitnedir, emma eger gylyç çekilse, pitne hemme ýere ýaýrar, ýollar kesiler, seniň diniňe amanlyk berlende, şu wagtky hala sabyr etmek saňa iň haýyrlysydyr." (Hallal Sünne).

Ymam Ahmediň agasynyň ogly Hanbel gürrüň berýär:

Wäsik atly hökümdaryň döwründe Bagdadyň fakyhlary (alymlary) Ymam Ahmediň ýanynda jemlenişdiler, hemmesem onuň häkimligini, soltanlygyny terk edeliň (garşysyna çykyp ýok edeliň) diýip maslahat berýärdiler, şonda Ymam Ahmet aýtdy: "Kalbyňyzda makul bilmezlik edip bilersiňiz, (ýöne) eliňizi tagatdan (boýun bolmakdan) çekmäň, musulmanlaryň agzybirligini bozmaň, öz ganlaryňyzam, musulmanlaryň ganlarynam dökmäň!" - soňra Pygamberimiziň hadysyny agzady: "Seni ursa-da sabyr et!" şeýdip, sabyr etmekligi buýurdy.” (Tabakat ibn Ebi Ýagla).

Ymam Ahmediň döwründäki hökümdarlar Kurana: “Mahluk (ýaradylan)” diýýärdiler, “Ahyretde Allah görünmeýär” diýýärdiler, bularyň ikisem küfürdir (dinden çykarýan zatdyr), üstesine näçe alymlar bu zatlara razy bolmadyklary sebäpli öldürildi, näçesi ezýet, zulum-sütemlere sezewär boldy. Şu ýagdaýda halk gozgalaňa taýyndy, üpçünçiligi ýeterlikdi, eger Ymam Ahmetden ýekeje yşarat çykan bolsa, ýeke sözde çykmaklygy aňdyran bolsa halk birem säginmezdi, topar-topar bolup köçä dökülerdiler, ýöne Ymam Ahmet buňa rugsat bermedi, beýle etmekleriniň öňüni aldy, ýogsa Ymam Ahmediň özi näçe ezýetler, urgular çekdi, arkasyna urulan gamçylaryň yzyndan ýaňa näçe günläp arkasynda ýatyp bilmän gezdi, patyşa ony urup durka: “Eý möminleriň emiri!” diýip ýüzlenýärdi. Bu zatlarda biz üçin uly görelde bardyr.

Ähli-sünnediň düşünjesinde kürsä (tagta) ylgamak, wezipä kowalaşmak ýokdur (halanylmadyk), selef alymlaryň taryhyna seretsek buňa göz ýetireris, meselem Ymam Ebu Hanifa, kazy ýa gazna işçisi bolmagy üçin ol gamçylanyp azap çekdi, ýöne şonda-da kabul etmedi. (Ahbar Ebi Hanifa we ashabihi, Samiýri).

Golaý döwürdäki selef alymlaryň habarlary:

1980-2000-nji ýyllar arasynda bütin musulman ymmatyň içinde iň meşhur, iň tanymal, iň görnükli üç alym bardy: Muhammet ibn Nasyruddin El-Elbäni, Abdulaziz ibn Bäz, Muhammet ibn Salyh Useýmin. Bularyň Yslam ymmaty üçin eden hyzmatlary, goşan goşantlary sanardan köpdür, şol sanda dürli halklaryň öz ýurtlarynyň baştutanlaryna garşy çykmalaryna päsgel bolmaklarydyr. Allah Tagala alymlary şeýle beýgeldendir weli, olar bir jaňy bilen urşy ýatyryp bilýän derejede sözleri täsirlidir, aýatda şeýle diýilýär: "Allah hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder." (Mujadele 11). Bu alymlar öz döwürlerinde musulman ýurtlarynda bolan gozgalaňlara päsgel bolandyrlar, il-halka Yslamyň akydasyny düşündirip, gan döküşliklere böwet bolandyrlar, şolaryň birisi Alžir döwletinde bolan gozgalaň, siziň dykkatyňyza bu alymlaryň sözlerinden, beýan eden makalalarynda parçalary hödürleýäris:

1) Abdulaziz Ibn Bäz, Saud Arabystanyň Müftisi - Allah oňa rehmet etsin:

Haçanda Şeýh Ibn Bäzden Allah oňa rehmet etsin Alžir ýurdyndaky gozgalaňlar barada soranlarynda beren jogaplary: "...Alžirdaky we Alžirden başga ýerdäki doganlarymyza düşen wajyp zat - Resulyň we sahabalaryň Mekgedekä tutunan ýoluny tutunmakdyr..."

"...emma baştutanlara münberlerden dil ýetirmek çözgüt däldir, çözgüt - olar üçin hidaýat, üstünlik dileg etmekdir...sebäbi olara dil ýetirmek şerden başga zady köpeltmez, haýyr getirmez...şonuň üçin ýolbaşçylara, miliselere dil ýetirmek, nälet aýtmak...Yslamdan däldir."

Organ işgärlerine garşy, baştutanlara garşy kast etmeleri edip ýörenlere şeýle diýdi:

"Size Allaha toba etmekleriňizi, dagwatda selef-salyhyň ýoluna gelmekleriňizi nesihat edýärin..."

“Köçä çykyp demonstrasiýa etmek düzediş Yslamda ýoly hasaplanýarmy?” diýen soraga jogap berdi:

"Erkek aýal bolup köçä çykyp demonstrasiýa etmek düzediş ýoly däldir, tersine ol eden-etdikligiň, şerleriň sebäbidir, nähak ýere adamlaryň biri-birlerine zulum edip, çäkden aşmaklygyna sebäpdir.."

2) Şeýh Muhammet ibn Nasyruddin El-Elbäni - Allah oňa rehmet etsin, şu asyrdaky hadys alymy:

"...buňa esaslanyp aýdýarys: Alžirde ýa Müsürde bolup geçýän zatlar (köçä çykyp üýşmeler) Yslama garşy zatlardyr, sebäbi Yslam päklenmegi we terbiýelemegi buýurýar."

Alžirdaky gozgalaňlara gatnaşan biri şeýle gürrüň berýär:

"Men Alžiriň daglaryndaky ýaragly toparyň hataryndadym, soňra toba etdim, el çekdim, ýöne döwletden gorkup däl, berk ynanjym üçin toba etdim." Sebäbi näme diýip soranlarynda aýtdy: "Saud Arabystanyň "Selefiýýe" atly gazet-žurnalyny okadym, onda Alžir barada makala bar ekeni, makalaň ady uly ýazylan ekeni: Alžirde jihad ýok, ol diňe hawarijleriň gozgalaňy. Onuň içinde uly alymlaryň fetwalaryny okadym: El-Elbäni, Ibn Bäz, olar kanagatlandyryjydy, gynansak-da, öň alymlaryň hemmesi biz bilen biledir öýdýärdik, bu barada şek etmeýärdik, sebäbi toparymyzyň başlary şeýle diýýärdiler. Men ýalylar gaty köpdi."

Haçanda Juheýman atly biri Mekgä 1979-njy ýylda hüjüm edip gozgalaň turuzanda Şeýh El-Elbäni olara garşy gaty berk durdy,olary asla hawarij diýip atlandyrýardy.

1981-nji ýyldaky Müsürde bolan wakada (şol wagtky Müsüriň baştutanynyň Anwar Sadatyň öldürilmegi) we ondan soňky wakalarda, Hijret we Tekfir jemagatyna alymlaryň içinde Şeýh El-Elbäniden has gaty olara böwet bolan ýokdur.

3) Şeýh Muhammet ibn Salyh Useýmin - Allah oňa rehmet etsin, Saud Arabystanyň meşhur alymy:

"Me'mun Halyfa Kuran mahluk diýmedik alymlary öldürdi, birnäçe alymlary öldürdi, adamlara-da bu batyl sözi aýtmaklaryny habar berdi, (şonda-da) Ymam Ahmetden ýa ondan başga alymyň birisiniňem metjitlerde demonstrasiýe edenini eşitmedik, birisiniňem adamlary (häkime) garşy turuzmak üçin onuň aýyplaryny ýaýyp, adamlara ýigrenç, örän erbet, ýaramaz duýgyny guýanyny eşitmedik..."

"Demonstrasiýalary, zabastowkalary we ş.m. zatlary goldamaýarys, düýbünden goldamaýyrys, ondan başga ýol bilenem düzetmek mümkindir..."

Alžiriň daglarynda hökümede garşy söweşip ýörenlere jaň arkaly gepleşikde Şeýh Useýmin şeýle diýdi:

"Doganlaryň bu söweşi taşlamagyny wajyp saýýarys, hasam Alžir hökümedi ýaragy taşlanlara amanlyk wada edýär...

Alžirdaky ýaragly toparlara Şeýh Useýminiň nesihaty:

"...size nesihatym - ýaraglary oklap, asudalyga geliň, hökümediň wada eden ýaraşyk we amanlygyny geliň... beýle etmek hemmelere wäjipdir."

"Gozgalaňçylaryň köpüsiniň toba etmeklerine bu fetwalar diýseň güýçli täsir etdi, ol fetwalary telewidenýede goýbermäge käbir jogapkärli kişiler ýardam edensoň, ol sebäpli müňlerçe kişi yzyna gaýtdy, hatda olaryň birisi maňa jaň edip, olardan müň kişiniň ýaraglaryny taşlanlaryny, özlerini tabşyranlaryny agzady." (Abdulmälik ibn Ahmet Ramazany, "Fetäwa ulama kibar fima uhdiro min dima filjezäir")

Goý, Allah Tagala bizi dinlerini öwrenýänlerden etsin, bizi dinimize gözel görnüşinde dolandyrsyn! Baştutanymyzy salyhlardan kylyp, onuň daş töweregine ýurdumyzyň, halkymyzyň we musulmanlaryň peýdasyna ýardamlaşjak Öz söýen salyh gullaryny jemlesin, ýene-de Allahdan dileýärin, baştutanymyzy, ýurdumyzy, halkymyzy we musulmanlary görüpleriň görüpliginden, azgynlaryň hilesinden gorasyn, bulara erbetlik isleýäniň erbetligini öz boýnuna gaýtarsyn, Ol ähli zada kadyr, we sollallahu ala nebiýýinä Muhammet, we ala älihi we sohbihi we sellem.


107 просмотров1 комментарий

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page