Bir zadyň bidgat bolmagy üçin şert däl zatlar:
Bir zadyň bidgat bolmagy üçin şert däl zatlar:

1) Bir zadyň bidgat bolmagy üçin ol zadyň düýbünden peýdasyz bolmagy şert däldir, käbir bidgatlarda peýda bardyr. Ýöne ol bidgatda peýda bar bolmagy ony dinden edýän däldir, ondan bidgat waspy aýyrýan däldir, sebäbi onuň peýdasyndan zyýany köpdür.
Şeýhul Isläm ibn Teýmiýýe aýdýar: "Ýahudy we hristianlaram öz ybadatlarynda peýda tapýandyrlar...biz ýöne bidgata garşy delil edip aýdýarys: onuň peýdasyndan zyýany köp, ynha şu onuň gadaganlygyny wajyp edýändir..." (Iktizo Syrotil Mustekym).
2) Bir zadyň bidgat saýylmagy üçin ol zadyň dowamatly edilmegi, gaýta-gaýta ýerine ýetirilmegi şert däldir, bir gezek edilse-de eger bidgat waspyna eýe bolsa, ol zat bidgat hasaplanar.
3) Bir zadyň bidgat hasaplanmagy üçin ol bidgaty edýände erbet niýet, bet päl bolmagy şert däldir. Gaýtym bidgat edýänleriň köpüsi ýagşy niýet bilen edýärler, ýöne bu ol amaldan bidgatlyk waspy aýyrmaýar, ol amal şonda-da bidgat-azaşmalygyna galýar, ibn Mesudyň habarynda ol şeýle diýýär: "Haýyr isleýänleriň näçesi oňa ýetip bilmezler." (Därimi Sünen).
4) Bir zadyň bidgat bolmagy üçin ol zada umumy delil bolmazlygy şert däldir, ýagny, käbir bidgatlara umumy deliller bolup biler, meselem, zikr etmek barada ençeme deliller bardyr, ýöne tans edip zikr edip, soňam zikr barada delilleri getirmek nadanlykdyr, sebäbi zikr etmege umumy delil bar, ýöne ol deliliň bolmagy tans edip zikr etmekligi bidgatdan çykarýan däldir.