top of page
Поиск

Bidgatyň din taýdan kesgitlemesi


Bidgatyň din taýdan kesgitlemesi:

Bidgat – haýsam bolsa bir zady etmeklige itergi bolsa-da, haýsam bolsa bir bir zady talap edýän ýagdaý bolsa-da, we şol zady etmeklige böwet bolujy zat bolmasa-da Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) we sahabalaryň taşlan, etmedik dine degişli zady.


Kesgitlemäniň açyklamasy:

(Bidgat - haýsam bolsa bir zady etmeklige itergi bolsa-da, haýsam bolsa bir bir zady talap edýän ýagdaý bolsa-da) – bu mysal bilen has düşnükli bolar, meselem, möwlid edýänler näme diýýärler, biz muny Pygamberimize (Sallalllahu aleýhi we sellem) söýgi üçin, hormat-sylag bildirmek üçin edýäris. Indi, soraýarys: Pygamberimize (Sallalllahu aleýhi we sellem) söýgi, hormat-sylag bildirmek sahabalara Pygamberimiziň (Sallalllahu aleýhi we sellem) döwründe gerekdimi? Ýagny, şolaryň möwlid etmeklerine itergi bardymy, ýagdaý söýgi bildirmegi talap edýärdimi? Hawa, itergi bardy, söýgi bildirmegi ýagdaý talap edýärdi, ýöne olar möwlid etmediler, diýmek, itergi bolsa-da, ýagdaý talap etse-de olar möwlidi etmediler, şonuň üçin, möwlid etmek bidgatdyr. Edil şolar ýaly, Pygamberimiziň (Sallalllahu aleýhi we sellem) we sahabalaryň etmeklige itergi bolup, etmedik islendik dine degişli amalyny etmek, ýa sözüni aýtmak, ýa ynanjyny götermek bidgatdyr.

(we şol zady etmeklige böwet bolujy zat bolmasa-da) – ýagny, bir amaly etmeklige itergi bar we etmek üçin hiç zat böwet bolmaýar, eger şonda-da şol amaly Pygamberimiz (Sallalllahu aleýhi we sellem) we sahabalar terk eden bolsalar, onda şol amaly etmek bidgat bolar, meselem: baýram namazynda azan aýtmak, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) baýram namazynda azan aýtdyrmaz ekeni, ýogsa aýtdyrmaga böwet bolýan zat ýok, päsgelçilik ýok, ýöne şonda-da terk edýär, diýmek, sünnet şeýle, kim baýram namazda azan aýtsa ol bidgat amal bolar.

(Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) we sahabalaryň taşlan, etmedik dine degişli zady) – ýagny, dine degişli amalyň, ybadat hasaplanýan zadyň gürrüňi gidýär, emma dünýä işleri muňa degişli däldir, meselem: Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) sogan-sarymsak kän iýmeýän ekeni, indi şolary iýmek bidgat diýmek ýalňyşdyr, sebäbi bidgat din amallaryna degişlidir.



Bidgatyň iki sany görnüşi bar:

1. Düýpleýin, bütinleýin bidgat.

2. Goşulan bidgat.


Düýpleýin bidgat özbaşyna oýlanyp tapylyp, aýratyn ýerine ýetirilýär. Goşulan bidgat bolsa meşrug amal bilen garlyp ýerine ýetirilýär (ýagny amalyň asly dinde bolup, onuň ediliş görnüşini, wagtyny, ýerini, sanyny ýa-da waspyny özüçe etmek, bu bidgat - bir tarapdan seretseň din muny buýran, emma muny edýän kişi diniň buýurşy ýaly däl-de başga görnüşde ýerine ýetirýär).

Birinji synpyň mysallary: möwlid bellemek([1]), belli günlerde (sogap isläp) gürlemän gezmek, ak reňkli ulagy sürmegi sogaply saýmak, dinde belli bir derejä ýetensoň ynsanyň boýnundan borçlar aýrylýar diýip ynanç etmek we ş.m.

Ikinji synpyň mysallary: namazda niýeti daşyňdan aýtmak, jemagat bolup Allahy zikir etmek, Rejep ýa Şagban aýlarynyň belli günlerini namaz we roza bilen aýratynlamak we ş.m.

([1]) Mewlid bellemegiň asly birinji ýagny düýpleýin bidgatdan bolup, käte ikinji görnüşdäki ýagny goşulan bidgatam bolýar.

10 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page