Bidgatçylaryň tutunýan şübheleri:

1 - nji sübhe:
Jerir ibn Abdillah aýtdy:
"Üstlerinde ýüň (eşik) bolan çarwa araplar Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna geldiler, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) olaryň mätäç-gözgyny halyny gördi, şonda ol (Sallallahu aleýhi we sellem) adamlary sadaka bermeklige iterdi, (ýöne adamlar) eglendiler, hatda (Pygamberimiziň gynanjy) ýüzüne çykdy. Soňra ensarlardan bir adam bir haltajyk kümüş getirdi, soň ýene biri getirdi, soňra adamlar yzly-yzyna getirip ugradylar, hatda (Pygamberimiziň begenji) ýüzüne çykdy. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: "Kim Yslamda gowy sünneti ýola goýsa soňam ol (başgalar tarapyndan) amal edilse, oňa (gowy sünneti ýola goýana) ol (sünneti) amal edeniň sogaby ýaly sogap ýazylar, amal edenleriň bolsa sogaplaryndan hiç zat kemelmez. Kim Yslamda erbet sünneti ýola goýsa soňam (başgalar tarapyndan) amal edilse oňa (erbet sünneti ýola goýana) ol (erbet sünneti) amal edenleriň günäsi ýaly günä ýazylar, amal edenleriň günälerinden bolsa hiç zat kemelmez." (Muslim).
Bidgaty goldaýanlar bu hadysdan şeýle netije çykardylar:
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) gowy bolan zady oýlap tapmaklyga, ýagny, dinde bidgat etmeklige bize rugsat berdi we ony oýlap tapana we amal edene sogap bar diýdi, diýmek dinde bidgat çykarmak rugsat, şeýle hem, hadysdan maksat - sahyh, dürs sünnetde gelen amallary ýola goýmak däldir, eger maksat şol bolan bolsa - onda kim meniň sünnetimi direltse, kim sünneti amal etse diýerdi.
Şonuň üçin hadysyň manysy şeýledir: "Kim Yslama gowy bidgaty goşsa onuňam yzyna düşülip, ol bidgat amal edilse, oňa amal edenleriň sogaby bardyr, kim Yslama erbet bidgat goşsa onuňam yzyna düşülip, ol bidgat amal edilse, oňa amal edenleriň günäsi bardyr."
Jogaby:
1) Alymlaryň kadasy bar: "Deliliň, aýat bolsun ýa hadys bolsun tapawudy ýok, başy we soňy şol delili açyklaýjydyr." Ýagny, islendik aýatyň ýa hadysyň başyna we soňuna seretsek şol aýadyň ýa hadysyň manysy has aýdyň bolar. Biz hem öňümizdäki hadysyň başyna seredeliň, hadysyň başynda garyp-gasar musulmanlara sadaka bermeklige Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) iterdi diýilýär, soňam bir adam gelip kümüş sadaka berdi, soň onuň yzyndan adamlar yzly-yzyna gelip başlady diýilýär, şondan soň Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:
"Kim Yslamda gowy sünneti ýola goýsa soňam ol (başgalar tarapyndan) amal edilse, oňa (gowy sünneti ýola goýana) ol (sünneti) amal edeniň sogaby ýaly sogap ýazylar..."
Diýmek, bärde gowy sünnet näme ekeni? Sadaka ekeni, çünki, bu sözi Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) sadaka berleni üçin aýdýar. Indi, sorag: sadaka dindenmi ýa bidgat zatmy, ýagny, şu wakadan ozalam sadaka berilýärdimi, ýa-da şu wakada oýlanyp tapyldymy? Elbetde, dinden, şu wakadan ozalam sadaka berilýärdi, muňa ençeme aýat-hadyslar şaýatdyr, onda nädip bu hadys dinde bidgat oýlap tapmaklyga delil bolsun? Bidgatçylar näme diýýärler: (Kim Yslamda gowy sünneti ýola goýsa) - ýagny, (Kim Yslama gowy bidgaty goşsa). Sorag berýäris: hadysyň niresinde bidgat bar? Hany bidgat? Gürrüň sadaka barada gidýär, sadaka bidgat däl-ä.
(Kim Yslamda gowy sünneti ýola goýsa) - ýagny, dinden bolan amaly başlasa, hiç kimiň etmän ýören (diniň) işini ilki etse, ynha bu söz şul manyny berýär. Şonuň üçin, musulman şuňa doly ynanmaly: diniň delillerinde gapma-garşylyk, çaprazlyk düýbünden ýokdur. Şonuň üçin, islendik, dini meselä gelemizde delillere hemme taraplaýyn bakmalydyrys, çözgüde gelmezden öň mowzuga degişli aýat-hadyslaryň ählisini jemläp netije çykarmalydyrys, käbirini alyp, käbirini taşlamaly däldiris.
2) (Kim Yslamda gowy sünneti ýola goýsa) - bu söz dinde asly-düýbi bolmadyk zady ýola goýmaklygy aňladýan däldir, sebäbi bir zadyň gowy ýa erbetdigine diňe din-şerigat höküm berýär, biz özümizden bir zada gowy, bir zada erbet diýip höküm berip bilmeris, eger höküm bermek bize rugsat bolan bolsa, onda pygamber ibermegiň, kitap indirmegiň manysy galmazdy. Onsoňam, adamlaryň pikirleri tapawutlydyr, garaýyşlary dürli-dürlidir, käbiri bir zada gowy diýse beýlekisi erbet diýýär, şonuň üçin nädip bu zada daýanjak?!
Şu mowzuga degişli Ehli-Sünnet bilen bidgatçylaryň iň uly tapawutlarynyň iki sanysy bar:
1-Ehli-Sünnet Kuran we sahyh hadyslara, ýagny delile görä ynanç edinýär, emma bidgatçy ilki ynanç edinýär soňra oňa delil gözleýär.
2-Ehli-Sünnet Kuran we Sahyh hadyslaryň ählisini doly kabul edýär, emma bidgatçy diňe özüne gerek ýerini kabul edýär.
2-nji Sübhe:
- Abdurrahman ibn Abdin El-Koriý aýtdy: “Omar ibn Hattab –Razyýallahu anhu – bilen Remezanda gije metjide çykdym, şonda adamlaryň bölek-bölek, topar-topardygyny (gördük), bir adam özbaşyna okap dur, ýene bir adam okap dur we yzyndan birnäçeler okap dur, Omar aýtdy: “Bulary bir karyň (ymamyň) yzyna jemlesem has gowy bolarmyka diýýärin.” Soňra (bu pikirini) düwüp, olary Ubeý ibn Kaabyň yzyna jemledi. Soň onuň bilen başga gije ýene çykdym, adamlar karylarynyň (ymamlarynyň) namazy bilen okap durlar ekeni, şonda Omar aýtdy: “Bu nähili gowy bidgat, (ýöne) ýatyp geçirýän (gije namazlary) (şuwagtky) durýan (namazlaryndan) haýyrlydyr.” Ýagny, gijäniň ahyrynda (okalýan namazy) göz öňünde tutýar, (sebäbi) adamlar (namaza) gijäniň başynda durýardylar.” (Buhary).
Bidgaty goldaýanlar: Ynha serediň, Omar ýaly uly sahaba bidgatyň gowusynyň bardygyny ykrar edip, bu nähili gowy bidgat diýýär.
Jogaby:
1) Omaryň eden işi – tarawa namaz üçin adamlary bir ymamyň yzyna üýşürýär, hemmesi bir jemagat bolup okamaklary üçin olara bir ymam belleýär. Bu iş aslynda dinde bar iş, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) metjitde tarawa namazy okaýar, ikinji gije bolsa metjitde adamlar köpelýär, soň üçünji ýa dördünji gije metjide gelmeýär, irdene çykanda olara şeýle diýýär: “Siziň edeniňizi (metjide üýşeniňizi) gördüm, size çykmaklygyma (bu namazyň) size parz bolmagyndan gorkymdan başga zat päsgel bolmady.” (Buhary).
Diýmek, Omaryň eden işi dinde täze zat däl ekeni, sebäbi Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) ilkibaşda metjitde jemagat bolup tarawany okaýan ekeni, ýöne ymmatyna parz bolar gorkusy üçin okamasyny bes edýär. Ýagny, Omaryň bu sözüni delil tutunyp, dinde asly bolmadyk zady dine girizmek düýbünden ýalňyşdyr, sebäbi Omar dinde ýok zady dine girizmedi.
2) Eger Omaryň amaly dinde bar zat bolsa, onda näme üçin Omar bu işine bidgat diýýär? Sebäbi Omar bidgat sözüniň dil manysyny, ýagny, täze zat, täzelik, şuny göz öňünde tutýar, onuň diýjek bolan zady: bu nähili gowy täzeden gurnalan amal, sebäbi Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýrylandan soň tä Omaryň döwrüne çenli tarawa jemagat bolup bir ymamyň arkasynda okalanok ekeni, soň Omaryň döwründe okalyp başlanýar, şonuň üçin bu amal täzelik hasaplanýar, täzeden ýola goýulan amal saýylýar, ynha Omaryň bidgat sözünden maksady şudur.
Omaryň bidgat sözünden maksady – dil taýdan bidgatdygyny tassyklan alymlaryň käbirleri: Hafyz ibn Rojeb Hanbeli (Jämigul-Ulum wel-Hykem), Şeýhul-Isläm ibn Teýmiýýe (Mejmuga El-Fetäwä), Hafyz ibn Kesir (Tefsir ibn Kesir), Ymam Şatyby (Igtisom) we başgalar.
3) Şeýle hem, edil beýleki üç çaryýarlaryň amallary sünnet bolşy ýaly, Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtmagy bilen Omaryň hem amaly sünnet saýylar, hadysda aýdylşy ýaly:
“(Elmydama) Meniň Sünnetimden (ýolumdan) we yzymdan boljak dogry ýoldaky Halyflaryň (çaryýarlaryň) sünnetinden (ýolundan) azy dişleriňiz bilen ýapyşyň!”(Tirmizi).
Gowuja üns bersek, Sahabalaryň eden işine hem ýapyşmak Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) sözüne ýapyşmakdyr, ol muny buýrandyr.