BIDGADYŇ HOWPY
Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy:
Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim:
"Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat eden diýip hasap edendigidir, sebäbi Allah Tagala aýdýar: "Bu gün size diniňizi doldurdym, size nygmatymy tamamladym we size Yslamy din taýdan razy boldy""
Soňra (Ymam Mälik) aýtdy:
"Ol gün din bolmadyk bu günem din bolmaz"
El-Ygtysom Liş-Şatybyý.
Ýagny- Allahyň Resulynyň (Sallalahu aleýhi we sellem) döründe dinde bolmadyk zat, bu günem dinden bolmaz, adamlar beýle hasap etselerde.