top of page
Поиск

Baştutan babatynda Ehlisünnetiň ynanjy.

Ibn Ebi Zeýd kaýrawani öz Mukoddime Kitabynda aýtdy:

Musulmanlaryň ýolbaşçylaryna: baştutanlaryna, alymlaryna ytagat etmelidir, boýun bolmalydyr, selef-salyha eýermek, olaryň yzlaryna düşmek we olar üçin bagyşlanma soramak.


Bu sözüne Allame Ahmet En-Nejmi şeýle komentariýa berdi:


Muny Allah buýrandyr, Resuly buýrandyr, bu ähli-sünnetiň akydasydyr, aýatda şeýle diýýär: "Eý, iman getirenler! Allaha boýun boluň! Pygambere boýun boluň we özüňizden bolan baştutanlaryňyza."(Nisa 59) Aýata üns bersek Allaha boýun boluň Pygambere boýun boluň we baştutanlaryňyza diýdi, ýagny baştutanlaryňyza boýun boluň diýmedi, Pygambere boluň we baştutanlaryňyza diýip çäklendi. Munuň sebäbi Allahyň we Resulynyň hemme buýruklaryna boýun bolmaly, emma baştutanlaryň hemme buýruklaryna boýun bolmaly däl, diňe Yslama ters gelmeýän zatlarda boýun bolmaly, haçanda Allahyň we Resulynyň emirlerini buýursa, Allahyň we Resulynyň gadagan eden zatlaryny gadagan etse, şonda baştutanlara boýun bolmaly, emma bu zatlaryň tersini buýursa boýun bolmaly däl. Hadysda şeýle diýýär: "Halyga (Ýaradana) magsyýet (günä) bolan (işde) mahluga (ýaradylana) boýun bolunmaýar."(Tahrij El-Mişkät 3694) Başga hadysda şeýle diýýär: "Diňe magrufda (dine laýyk zatlarda) boýun bolunýar."(Buhary Muslim) Boýun bolmaklygy diňe magrufda çäklendirdi, munuň manysy - eger magrufdan başga zat buýursalar boýun bolunmaýar. Sünnetde baştutanlara boýun bolmaklygyň wajyplygyny, has dogrusy gutulgysyz borçdugyny aňladýan hadyslar köp gelendir, baştutanlaryň içine ýolbaşçylar we alymlar girýändir. Ýolbaşçylara dine ters gelmeýän işlerde, meselem edara işlerinde boýun bolmak wajypdyr. Şeýle hem, alymlaryň fetwa beren, şerigatdan habar beren hökümlerine boýun bolmak wajypdyr, çünki, olar bu ugruň adamlarydyr, bu zatlary bilýän, bu zatlar bilen meşgullanýan kişilerdir, aýatlarda şeýle diýilýär: "Şeýle hem möminleriň hemmesiniň söweşe (ýörişe) çykmaklary şert däldir. Sebäbi ilatyň uly bölegi söweşe çykan wagty, onuň bir bölegi-de dini ylymlary‚ hökümleri düýpli öwrenmek üçin çalyşsynlar. (Söweşe çykanlar) gaýdyp gelenlerinde, olar (ylym öwrenenler söweşden dolanyp gelenlere öwrenen dini ylymlaryny öwretsinler) erbetliklerden saklap duýduryş bermek bilen meşgul bolsunlar.(Toba 122) "Eger bilmeýän bolsaňyz, onda bilýänlerden soraň."(Nahl 43) Bir söweşde bir sahabanyň kellesi ýaralanýar, soňra onuň ini hapalanýar, gusuly pozulýar. Maňa teýim almana rugsat barmy diýende käbirleri oňa suw bilen gusul almaly diýýärler, haçanda ol kellesi ýara halyna suwa düşende ölýär, bu habar Pygamberimize ýetende şeýle diýýär: "Ony öldürdiler, Allah olary öldürsin, bilmeseler sorasalar bolmazdymy?! Ylymsyzlygyň şypasy (alajy) - soramakdyr, sorag bermekdir."(Ebu Dawud) Bu aýat-hadyslar alymlara gaýtmaklygyň, dini meselelerde fetwa beren zatlaryny almaklygyň wajyplygyny aňladýar. Baştutanlara boýun bolmaklygyň wajyplygyny aňladýan hadyslar "iki sahyhda", dört sünende, Ahmediň musnedinde we başga hadys kitaplaryndadyr, olaryň birisi Ebu Zerriň hadysy, ol aýtdy: "Halilym (dostum, göz öňünde tutýany Pygamberimiz) maňa gulak asmaklygy, boýun bolmaklygy buýurdy, hatda kellesi kişmiş ýaly Habaşi (häzirki Efiopiýa) gul bolsa-da."(Buhary) Ubade ibn Somit aýtdy: "Allahyň Resuly bizi çagyrypdy, şonda şu zatlara beýgat (wada) edipdik: (baştutana) kynçylykda-da, ýeňillikde-de, menşatda-da (halaýan işlerimizde-de), mekrahda-da (halamaýan işlerimizde-de) gulak asmak, boýun bolmak, olary (baştutanlary) özümizden öňe geçirmek, buýruk eýelerine (ýolbaşçylara) garşy çykmazlyk, meger, Allahyň öňünde delil boljak aýdyň küfr görýänçäk."(Buhary Muslim) Ibn Abbas aýtdy: "Kim ýolbaşçysynda halamaýan zady görse, sabyr etsin, çünki, kim jemagatdan bir garyş aýrylyp (ýagny, agzybirligi pozup) ölse, ol jähiliýet (nadanlyk) ölmi bilen ölendir." (Buhary Muslim) Ebu Said El-Hudri (has dogrusy bu Arafja atly biriniň sözi) aýtdy: "Hemmäňiz bir adamyň daşyndakaňyz (ýagny bir adama agzybirlik bilen boýun bolýan wagtyňyz) biri gelip, jebisligiňizi pozmak islese, agzalalyk döretjek bolsa, ony kim bolsa-da gylyçdan geçiriň."(Muslim) Şu manyda Arafja Kulläbiniň hadysy hem bar. Ebu Hureýranyň hadysy: "Kim ytagatdan çykyp, jemagaty taşlan (halynda) ölse, jähiliýet (nadanlyk) ölümi bilen ölendir."(Muslim) Başga hadys: "Baştutanlar köpeler, soradylar: bize näme buýrarsyň? aýtdy: ilkinji beýgadyňyza (wadaňyza) wepaly boluň."(Muslim) Haçanda ibn Omar Abdullah ibn Mutyýgyň ýanyna Hurra gününde gelende Abdullah şeýle diýdi: Şeýh üçin ýassyk goýuň, ibn Omar aýtdy: men oturmak üçin gelmedim, Pygamberimiziň aýdanyny saňa habar bermäne geldim: "Kim jemagaty taşlan (halynda) Allaha duşsa, onuň hüjjeti (subutnamasy) bolmaz, kim boýnunda beýgat etmän ölse ol jähiliýet ölümi bilen ölendir."(Muslim) Abdullah ibn Amryň hadysy: "Kim bir baştutana beýgat berip, eliniň gysymyny, ýüreginiň miwesini berse, başardygyndan oňa boýun bolsun, oňa garşy çykyp biri gelse onuň boýnuny alyň kim bolsa-da bolubersin."(Muslim) Awf ibn Mälik El-Eşjäginiň hadysy: "Iň haýyrly baştutanlaryňyz - sizi söýýän, siziňem olary söýýän, sizi öwýän, siziňem olary öwýänleriňizdir, iň şerli baştutanlaryňyz - sizi ýigrenýän, siziňem olary ýigrenýän, sizi näletleýän, siziňem olary näletleýänleriňizdir, aýtdylar: olar bilen söweşmälimi? Aýtdy: ýok, haçanda araňyzda namazy berjaý etse." (Muslim) Şeýle hem, Umm Selemäniň hadysy we başga hadyslar, bu hadyslar Buhary we Muslimiň sahyhlarynda gelýär, käbirleri Muslimiň sahyhynda. Bu hadyslar baştutanlara boýun bolup gulak asmaklygy her musulmana wajyp edýär, ol baştutanlar takwa bolsalar-da, günä işleri edýän azgyn bolsalar-da, olary garşy çykmak, olar bilen söweşmek, rugsat däldir, wajyp zat - gulak asyp boýun bolmak. Şeýle hem, olara boýun bolmak Allaha we Resulyna boýun bolmakdyr, hadysdaky ýaly: "Kim meniň emirime boýun bolsa, maňa boýun boldugydyr, kim maňa boýun bolsa, Allaha boýun boldugydyr."(Buhary Muslim) Başga habarda şeýle gelýär: "kim emire boýun bolsa." Ýagny, bu habaryň peýdasy - islendik emire boýun bolsa, diňe Pygamberimiziň emir eden kişisi däl-de eýsem hemme emir, bu ähli-sünnetiň akydasydyr, has dogrusy bu barada Huzeýfanyň hadysynda gelendir: "Emire gulak as, boýun bol, seniň arkaňa urup malyňy alsa-da."(Muslim) Hadysyň bu soňky parçasyny käbirleri zagyf (dürslügi anyk däl) saýdylar, şeýdip olar baştutanlara garşy çykmaklyga ýol edindiler, kim beýle etse, ol azaşandyr, azaşdyrýançydyr. Sebäbi birden bu parça zagyf bolaýanda-da näçe agzap geçen hadyslarymyz olara garşy şaýatdyr, bu musulmanlaryň akydasy, ähli-sünnet wel-jemagadyň akydasydyr, kim günä işleri edýän baştutana garşy çykmaklygy rugsat saýsa, onuň sözi batyldyr, hadyslara tersdir. Günä işleri edýän baştutana garşy çykmagy rugsat edýänler sünnete ters kişilerdir, olaryň sözleri nädogrudyr - Allah bizi hem olary bagyşlasyn. (selef-salyha eýermek, olaryň yzlaryna düşmek we olar üçin bagyşlanma soramak) - bu zatlar musulmanlara wajypdyr, aýatlarda şeýle diýilýär: "Olardan soň (kyýamata çenli dünýä) gelen (ähli möminler): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň we bizden öňki iman bilen öten doganlarymyzyň günälerini bagyşla! Biziň içimizde iman getirenlere garşy hiç hili öýke-kine goýma! Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen Mähirlisiň, Rehim-şepagatlysyň» diýenlere (hem söweşsiz alnan oljalardan berler)."(Haşr 10) "Her kim özüne dogry ýol äşgär belli bolandan soň, Pygambere garşy çykyp, möminleriň ýolundan başga bir ýola tabyn bolsa, Biz ony ol (saýlan) ýolunda goýarys we ony Dowzaha taşlarys. Ol baryljak nähili erbet ýerdir!" (Nisa 115) Möminleriň ýoluna eýermek olardan soňkulara wajypdyr, ol möminler Allahyň Resulynyň sahabalarydyr, şeýle hem, olaryň akydasynda bolan, ýollaryndan ýörän olardan soňkular, emma kim möminleriň ýolundan sowulsa, Allahyň Resulynyň öz ymmaty üçin bellän ýolundan daş, ýat ýol saýlandyr, hadysda şeýle diýilýär: "Gijesi gündiz ýaly (aýdyň) ak (ýolda) sizi goýup gitdim, ondan diňe (özüni) heläk edýänden başgasy sowulmaz."(Ibn Mäje, Ahmet) Ýagny, ol ýoldan sowulmak - heläkçilik ekeni, ol ýol Pygamberimiziň ymmaty üçin çyzan, sahabalaryň ýaşan ýoludyr, şeýle hem, ol ýolda sahabalardan soňky şerigaty bize ýetiren alymlaryň ýoludyr, bölünşik hadysdaky ýaly: "Bu ymmat 73 topara bölüner, birinden başga hemmesi otdadyr." - ol birisi barada soranlarynda şeýle diýdi: "Men we sahabalarymyň bolan zadynda bolanlar (ýagny, ýoluny tutanlar)."(Tirmizi) Käbir selef alymlar aýtdylar: (öňküleriň) ýoluna eýeriň, bidgat etmäň, size ýetik boldular. Ýazyjy bu akyda kitabyny, has laýygy: öz akydasyny şu sözler bilen tamamlady:

8 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page