Azan we kamat.

Mundaky meseleler:
Birinji mesele: Azanyň we kamatyň kesgitlemesi we hökümi:
a) Kesgitlemesi: Azanyň dil taýdan mälim etmek, habar bermek, bildirmek ýaly manylary bar, aýatda şeýle diýilýär: "Beýik haj güni Allahyň we Onuň ilçisiniň (adyndan) ynsanlara şuny yglan ediň"(Toba 3)
Ýagny, habar beriň.
Din taýdan azan - belli zikirler (sözler) bilen namazyň wagtynyň girendigini yglan etmek.
Kamatyň dil taýdan manysy - dikeltmek, meselem : diwarlary galdyrmak.
Din taýdan manysy - şerigatyň belli eden zikri (sözleri) bilen namaza duralýanynyň yglany.
b) Azanyň we kamatyň hökümi: Erkeklere diňe bäş wagt namaz üçin azan we kamat aýtmak parzdyr, ýöne "kifäýe parzydyr"([1]), ýagny, eger biri olary ýerine ýetirse ýeterlikdir, hemme kişä azan we kamat aýtmak hökman däldir. Azany we kamaty aýtmak hökmandyr, çünki, olar Yslamyň şygarlarydyr, olaryň berjaý etmezlik rugsat däldir.
Ikinji mesele: Azanyň we kamatyň şertleri:
1) Yslam (ýagny musulman bolmak), kapyr kişiniň azany we kamaty dürs däldir.
2) Akyl, aň, (ýagny akly ýerinde bolmak) beýleki ybadatlar ýaly däliniň, serhoşyň, ýetişmedigiň azany we kamaty dürs däldir.
3) Erkek jynslylyk, aýalyň sesi özüne çekiji bolany üçin onuň azany dürs hasaplanmaýar, şeýle hem, hunsanyňky (hunsa - erkeklik we urkaçylyk jyns agzasy bar bolan adam) hem dürs däldir, çünki, onuň erkekligi anyk däldir, emma kamat aýtmak aýallar üçin mustahabdyr.
4) Azanyň namazyň wagty girenden soň aýdylmagy, ondan öň aýtmak dürs däldir. Emma ertir we jumga namazyň birinji azanlaryny namazyň wagty girmezinden öň aýtmak rugsatdyr.([2])
Kamatyň aýdylmaly wagty - namaza duruljak wagtydyr.
5) Azanyň tertipli, yzygiderli bolmagy, sünnetde gelşi ýaly, edil şolar ýaly kamat, bu barada geler in şä Allah.
6) Azan we kamatyň sünnetde habar berilşi ýaly arap dilinde aýdylmagy.
Üçünji mesele: Azançyda bolmaly mustahab wasplar:
1) Adyl, ynamdar bolmaly, çünki oňa namaz wagtlary ynanylýar, şeýle hem agyz bekleme we açma wagtlaryny ol habar berýär, eger ynamdar, amanatçyl bolmasa adamlary aldawa salmagy mümkindir.
2) Akly bar, ýetişen bolmaly, ýöne mumeýýiz (köplenç ýedi ýaş) ýaşa ýeten çaganyň hem azan dürsdir.
3) (Namazyň) wagtlarynyň girendigini kesgitläp bilýän bolmaly, wagty girenden göni azana aýdar ýaly, eger wagtlarynyň girendigini ölçäp bilmese ýalňyşar.
4) Güýçli sesli bolmaly, adamlar ony eşidip bilerler ýaly.
5) Gusully, täretli bolmaly.
6) Dik durup, kybla bakyp aýtmaly.
7) Iki barmagyny gulagyna dykmaly, "haýýa aläs salä" diýen wagty sagyna bakmaly, "haýýa aläl feläh" diýen wagty çepine bakmaly.
8) Azany howlukman, ýuwaşlykdan aýtmaly, emma kamaty ondan çaltyrak.
Dördünji mesele: Azanyň we kamatyň aýdylyş şekli:
Olaryň birnäçe aýdylyş görnüşi hadyslarda agzalandyr, olaryň birisi Pygamberimiziň özüniň Ebu Mahzura atly sahaba azany öwrediş hadysydyr:
"(Şeýle) aýdýarsyň:
Allahu Ekber Allahu Ekber, Allahu Ekber Allahu Ekber,
Eşhedu enlä ilähe illallah, Eşhedu enlä ilähe illallah,
Eşhedu enne Muhammeden Resulullah, Eşhedu enne Muhammeden Resulullah
Haýýä aläs salä haýýa aläs salä, Haýýa aläl feläh haýýa aläl feläh,
Allahu Ekber Allahu Ekber,
Lä ilähe illallah." (Ebu Dawud, Ibn Mäje, Albani sahyh diýdi)
Kamatyň aýdylşy:
Allahu Ekber Allahu Ekber,
Eşhedu enlä ilähe illallah,
Eşhedu enne Muhammeden Resulullah
Haýýä aläs salä,
Haýýa aläl feläh,
Kod Kometis salä, kod kometis salä,
Allahu Ekber Allahu Ekber,
Lä ilähe illallah.
Enes şeýle diýýär: "(Pygamberimiz) Biläle azany jübüt-jübütden, kamaty bolsa (kod kometis salä) sözünden galanyny täk-täkden aýtmagy buýurdy." (Buhary we Muslim)
Şeýlelik bilen, azanyň sözlerini iki-ikiden, kamatyň sözlerini (kod kometis salä) sözünden başgasyny bir-birden aýtmalydyr, emma (kod kometis salä) sözüni iki gezek aýtmalydyr.
Ynha şul mustahab azanyň we kamatyň aýdylşydyr, çünki Biläl Pygamberimiz bilen saparda-da, saparda däl wagtlaram tä aýrylýança şeýle şekilde azan we kamat aýdandyr.
Emma azanda "terjig"([3]) etmek we kamaty bütinleýin iki-ikiden (ýagny azan ýaly doly) aýtmak hem rugsatdyr, bu bir amalyň ýerine ýetiriliş görnüşleridir, biri-birine garşy gelýän däldirler.
Şeýle hem ertir namazyň azanynda (haýýa aläl feläh) sözünden soň (essolätu hoýrun minen newm, essolätu hoýrun minen newm) diýmeklik sünnetdir, Pygamberimiz Ebu Mahzura şeýle diýýär: "Ertir namazynyň azanynda (essolätu hoýrun minen newm) diýersiň." (Nesäi, Albani sahyh diýdi)
Bäşinji mesele: Azany diňläp duran kişi näme diýmeli? Azandan soň aýdylýan doga:
Azany eşiden kişä azançynyň yzyndan gaýtalamak sünnetdir, Ebu Said El-Hudriniň habar beren hadysynda Pygamberimiz şeýle diýýär: "Eger azançyny eşidseňiz onuň yzyndan gaýtalaň." (Buhary we Muslim)
Emma (haýýa aläs salä) we (haýýa aläl feläh) sözüniň yzyndan (lä hawle we lä kuwwete illä billäh) diýmek sünnetdir, Omaryň habar beren hadysynda gelşi ýaly (Muslim).
Ertir namazynda haçanda azançy (essolätu hoýrun minen newm) diýende edil şol sözleri gaýtalamalydyr, emma kamatda bu sünnet däldir.
Soňra Pygamberimize salawat aýtmaly, we şu dogany diýmeli: "Allahumme robbe häzihid dagwetit tämmeti wes solätil koimeti, äti Muhammeden elwesiýlete wel fazyýlete web-ashu makomen mahmudenillezi we-adteh." (Buhary)
([1]) Kifäýe parzynyň kesgitlemesi - şeýle bir amal, ony adamlaryň käbiri ýerine ýeterse, ýeterlik bolar, hemme kişiniň etmekligi zerur däldir, emmahiç kim ýerine ýetirmese, hemme kişi günä gazanar. Mysal üçin, obada müň adam ýaşaýan bolsa, şolaryň birisi azan we kamaty aýdýan bolsa, ýeterlikdir, hemme kişiniň boýnundan borjy gaçýandyr, emma ol müň adamyň hiç birisi aýtmaýan bolsa, onda hemmesi günä gazanar. ([2]) Düşündiriş: käbir ýurtlarda ertir we jumga namazy üçin iki azan aýdylýar, birinjisinden maksat - ýatanlary oýarmak, namaza taýýarlykgördürmek, ikinjisinden maksat - namazyň wagtynyň girenligini yglan etmek. ([3]) Azanyň terjig görnüşi: ALLAHU EKBER ALLAHU EKBER, ALLAHU EKBER ALLAHU EKBER, soňra, içiňden, diňe özüň eşider ýaly ses bilen: EŞHEDU ENLÄ ILÄHE ILLALLAH, EŞHEDU ENLÄ ILÄHE ILLALLAH, EŞHEDU ENNE MUHAMMEDEN RESULULLAH EŞHEDU ENNE MUHAMMEDEN RESULULLAH, soňra daşyňdan, ýagny, azany dowam edip: EŞHEDU ENLÄ ILÄHE ILLALLAH, EŞHEDU ENLÄ ILÄHE ILLALLAH, EŞHEDU ENNE MUHAMMEDEN RESULULLAH, EŞHEDU ENNE MUHAMMEDEN RESULULLAH, HAÝÝÄ ALÄS SALÄ, HAÝÝA ALÄS SALÄ, HAÝÝA ALÄL FELÄH, HAÝÝA ALÄL FELÄH, ALLAHU EKBER ALLAHU EKBER, LÄ ILÄHE ILLALLAH.