Aly ibn Ebi Talybyň ömür beýany.

Ady: Aly.
Kakasy: Ebu Talyp.
Künýesi: Ebul-Hasan, Ebu Turob.
Lakamy: Haýdara (Arslan).
Aly ibn Ebi Talyp ymmatyň iň görnükli şahslarynyň birisi, gahryman beýik sahaba, dört çaryýarlaryň dördünjisi, Pygamberimiziň agasynyň ogly, giýewsi, Jennet bilen buşlanan 10 sahabanyň birisi, çagalardan Yslamy kabul edenleriň ilkinjisi, Pygamber öýünde terbiýe alan, ylym taýdanam, gaýduwsyzlyk taýdanam musulmanlara nusga bolan, Pygamberimiz edil Musanyň Haruna orun berşi ýaly oňa orun bererdi, "Seni möminden başgasy söýmez, munafykdan başgasy ýigrenmez" diýerdi.
Doly ady, asly, künýesi:
Aly ibn Ebi Talyp ibn Abdulmuttalyp ibn Hişam ibn Abdumenaf şeýdip tä Adnana çenli gidýär, ol Allahyň Resulynyň agasynyň ogly. Künýeleri Ebul-Hasan, ýagny, uly oglunyň ady Hasan bolany üçin Ebul-Hasan (Hasanyň kakasy) künýäni alýar. Ondan başga onuň ýene bir künýesi bar - Ebu Turob([1]) Bir gün Pygamberimiz Alylara barýar, öýde Fatmany (Razyýallahu anhä) görýär, Aly nirde diýip soranda biraz öýkeleşdik, çykyp gitdi, nirdedigini bilemok diýýär. Aly metjitde ýatan ekeni, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) onuň üsti-başyny tozan basyp ýatanyny görýär, ony kakyşdyryp: "Tur! Eý, Ebu Turob." - diýýär. Şonuň üçin, Aly bu künýesi tutulmagyny has gowy görerdi.
Aly Pygamberimize pygamberlik bermezden 10 ýyl öň, başga çeşmelere görä 15-16 ýyl öň eneden dogulýar.
Doganlary, bajylary:
Ebu Talybyň 4 sany ogullary bardy: Talyp, Akyýl, Jagfer, Aly, we iki sany gyzy: Ummu Häni, Jumäne.
Aýallary we çagalary:
Alynyň birnäçe aýallary bolýar, ilkinjisi Pygamberimiziň gyzy Fatma, onuň umumy 14 sany ogly, 17-19 sany gyzy bolýar. Onuň ogullarynyň käbirleri: Hasan, Huseýn, Ebu Bekr, Omar, Osman, Muhammet ibn Hanafiýýe.
Daşky keşbi:
Aly orta boýly, gözleriniň aşagy gabaryp duran, gözel ýüzli, uly göwreli, giň kiptli, äpet elli, galyň boýunly, kellesiň diňe ýeňse tarapynda saç bardy, gür sakally, söweşde aňsatjak ylgaw bilen ýörärdi.
Yslamy kabul edişi:
Aly mälim bolşy ýaly Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) agasynyň, Ebu Talybyň ogly, entäk Aly ýaşka Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ony özüne alyp, özi gözegçilik edýärdi. Aly bir gün Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) we Hatyja enemiziň namaz okap duranyny görüp, bu näme diýip soraýar, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa Yslamy düşündirip, butlara kapyr bolmaklygy teklip edýär, ol Ebu Talypdan soraýançam bir zat diýip bilmerin diýýär, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) syrynyň açylmagyny islemedi: “Aly, eger islemeseň gürrüňi özüňde goý.” - diýdi. Ol günüň ertesi Aly gelip, şahadat getirýär we Yslamy kabul edýär.
Fazyletleri we esasy wasplary:
Alymlar aýtdylar: Sahabalaryň içinde Aly hakynda anyk ýollar bilen gelen maglumatlar ýaly hiç sahaba hakynda gelen däldir. Onuň sebäbini şeýle düşündirýärler: ol dört çaryýarlaryň iň soňkusydy, onuň döwründe köp bulam-bujarlyk boldy, oňa garşy çykdylar, bu zatlar Alynyň wasplarynyň köp gürrüň edilmegine, soňy bilen giňden ýaýramagyna eltýär, oňa garşy çykanlara onuň hakyky gylyk-häsiýetlerini, dogry wasplaryny ýetirmek mätäçligi bardy.
Pygamberimiz Ala şeýle diýýär:
"Seni möminden başgasy söýmez, munafykdan başgasy ýigrenmez."
Şeýle hem, Jennet bilen sahabalaryň atlary tutup olary Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) buşlanda şolaryň içinde Aly hem bardy.
Aly beýik ahlaga, gözel häsiýetlere eýedi: ylym, Allaha ynam, dogruçyllyk, ynsanperwerlik, terkidünýälik, mertlik, takwalyk, gaýduwsyzlyk, batyrlyk, edermenlik, pespällik, sabyrlylyk, ýumşaklyk, adyllyk, tutanýerlilik. Şeýle hem, Aly ylym öwretmäge, serkerde taýynlamaga gaty ökdedi, ol gurban (sadaka) etmäni söýerdi, ýardamçy saýlamana güýçli ukyplydy.
Din ylmy, dine düşünmekligi.
Aly sahabalaryň uly alymlarynyň birisi hasaplanýardy, ol Yslamyň başynda ýazmany bilýän az sahabalaryň birisidi, ol özüniň ylma ýetmek üçin güýçli gujur-gaýraty bilen tapawutlanýardy. Ol bir ylmyň anygyna ýetmek üçin elinden gelenini edýärdi, soraşdyrýardy, öz zamanyndaky ylym serişdelerini ulanýardy, meselem: ýazga geçirmek, Pygamberimiziň ýanynda köp gezmek. Meselem Aly şeýle diýýär: "Tä Kurany jemleýänçäm namazdan başga zat üçin (ýokarky) köýnegimi geýmezlige ant içdim."
Aly eger hadysy göni Pygamberimiziň özünden eşitmän başga sahabalaryň üsti bilen eşitse, ony gowy barlar ekeni, çünki, Pygamberimize aýtmadyk zadyny ýöňkemekden gorkýan ekeni, ol birinden hadys eşitse oňa kasam etdirýän ekeni, kasam içensoň oňa ynanyp, hadysy kabul edýän ekeni.
Ol Pygamberimize köp sorag bererdi, bu barada özi aýdýar: "Soramda maňa jogap berilerdi, (Pygamberimiz) dymyp (oturanda) bolsa özüm (soraga) başlardym." Ýöne utanmaly ýerinde utanýan ekeni, ol mezisi köp çykýan adam ekeni([2]) Pygamberimiziň gyzyna öýleneni üçin, ondan göni özi soramana utanýar, başga sahabany soramana ugradýar. Emma şol wagtyň özünde utanjaňlyk sebäpli ylymdan galmaklygy goldanok ekeni, bilmeýän kişi hökman öwrenmeli diýýän ekeni. Aly Pygamberimiziň wahýyny ýazýan sahabalarynyň birisidi. Ol hat ýazmak, harp ýazylyş ugurlardan ökdedi, bir gün ol Kurany göçürip oturan biriniň ýanyndan geçip barýarka oňa şeýle diýýär: "Galamyňy uludan tut (ýagny, ulurak hat bilen ýaz), hawa, hawa, Allahyň nurlandyranyny sizem nurlandyryň!"
Aly Pygamberimizden eşiden zadyny ýerine ýetirmek üçin jan edýärdi, dowamatly berjaý etmäne çalyşýardy, meselem: Pygamberimiziň oňa we Fatma öwreden zikirleri bardy, olary eşidemden bäri birem taşlamadym diýýär, buny eşidenler: Syffyn gijesemmi? - diýip soraýarlar, ol: "Syffyn([3]) gijesem (sypdyrmadym)." - diýýär. Aly ylmy amal etmeklige gaty üns berer ekeni, ol şeýle diýýär: "Ylym öwreniň, onuň bilen tanalarsyňyz (ýagny, ylymly diýip), ony amal ediň, onuň (ylym) eýelerinden bolarsyňyz."
"Ylym amaly çagyrar, (amal) jogap bermese (ylym) gider."
Aly iň köp fetwa berýän sahabalaryň birisidi, ibn Hazm ony iň köp fetwa berýän üçünji sahaba diýip belledi.
Aly musulmanlara ylma berk ýapyşmaklygy, zyýaratlaşyp gaýtalaşmagy köp ündeýän ekeni, şeýhiň ýanynda köp wagtlaryny geçirmegi maslahat berýän ekeni. Aly sahabalaryň we olardan soňky alymlaryň gözünde ylmy taýdan juda ynamdar ekeni, onuň fetwalaryny tapsalar ýeterlik görýän ekenler, onuň ylmyny subut edýän zat ol adamlara soraň menden diýip aýdyp bilýän ekeni, Said ibn Museýýibiň aýtmagyna görä Alydan başga hiç kim beýle diýmezdi. Ibn Abbas şeýle diýýär: "Eger sebt (ýatkeşligi gowy ynamdar kişi) Alydan (ylym) ýetirse, ony taşlamazdyk."
"Eger ynamdar kişi bize Alydan fetwa gürrüň berse ondan (başgasyna) geçmezdik."
Aişe enemiz aýdýar:
"(Aly) adamlaryň içinde sünneti iň gowy bilýänidir."
Muawiýe ibn Ebi Sufýan Alynyň ölümini eşidende şeýle diýýär:
"Ibn Ebi Talybyň ölümi bilen ylym we fykh gitdi."
Mesruk aýdýar:
"Allahyň Resulynyň sahabalarynyň ylmy alty kişä baryp direýärdi: Omar, Aly, Ubeýý, Zeýd, Ebud-Derdä, Abdullah Ibn Mesud, soň bu altynyň ylmy iki kişä baryp direýärdi: Aly we Abdullah."
Aly örän hikmetli, paýhasly, akylly adamdy, bir gün bir adam oňa şeýle diýýär: “Eý, möminleriň emiri! Ebu Bekr bilen Omaryň haly näme üçin beýle: olara adamlar boýun boldular, dünýä olar üçin bir garşdanam dardy, soň bolsa olar üçin giňeldi (ýagny, döwletiň dar topraklary ikisiniň döwründe giňeldi), soň sen we Osman halyflyga geçdiňiz (adamlar) size boýun bolmadylar, giň bolan (döwlet) size bir garşdanam dar boldy?” Aly oňa şeýle jogap berýär: “Sebäbi Ebu Bekr we Omaryň golastyndakylar men we Osman ýalylardy we meniň bu günki golastymdakylar sen ýalylar, saňa meňzeşler.”
Alynyň hikmetli nesihatlarynyň käbirleri:
1. "Eý Kemil ibn Ziýad! Kalplar gapdyr, iň haýyrlysy ylym bilen doldurlanydyr, aýdýanlarymy ýat al: adamlar üç (synpdyr): robbany (hikmet-paýhasly) alym, gutuluş ýolundaky öwreniji, her gagyldaýanyň yzyna düşýän ýygyndy, zir-zibil adamlar, olar şemala tarap öwüsýän, ylym nury bilen ýagtylanmaýan, berk direge ýaplanmaýan (adamlardyr)."
2. "Ylym mal-mülkden haýyrlydyr, ylym seni goraýar, sen mal-mülki goraýarsyň, ylym amal bilen artýar, mal-mülk bolsa sowulmak bilen kemelýär, ylym häkimdir, mal-mülk bolsa höküm edilýän zatdyr, mal-mülki öndürýänleriň ýok bolmagy bilen (mal-mülk) ýok bolar, alyma bolan söýgi bolsa tutulýan dindir..."
3. "Hakyky fakyh (giň, dogry düşünjeli alym) adamlary Allahyň rehmetinden umytsyzlandyrmaz, Allahyň azabyndan arkaýyn etmez, Allahyň gadagan eden zatlaryna rugsat bermez, Kurany taşlap başga (kitaba) geçmez, ylmy bolmadyk ybadatda haýyr ýokdur, pähim (dogry düşünje) bolmadyk ylymda haýyr ýokdur, oý-pikir edilmedik okalyşda haýyr ýokdur."
4. "Nähili gursagyňa ýakymly!" - näme zat diýip soranlarynda aýdýar: "Bilmeýän zadyňa: Allah iň gowy bilýän diýmek."
5. "Allah tä alymlardan öwretmek ähdini (wadasyny) alýança ylymsyzlardan öwrenmek ähdini (wadasyny) alan däldir."
6."Mal-mülkiňi we perzentleriňi köpeltmek haýyr däl-de ylmyňy köpeltmek, islegiňi ulaltmak (ýagny, uly maksatlar goýmak), Robbuňa ybadat edip adamlaryň öňünde tapawutlanmak haýyrdyr, eger gowulyk etseň Allaha hamd aýdarsyň, eger erbetlik etseň Allaha istigfar edersiň..."
7. "Ylymsyz kişiniň özüni ylymly hasap etmegi we özüne (ylym) ýöňkelende begenmegi ylma dereje taýdan ýeterlik zatdyr, we nadan kişiniň nadanlykdan özüni päklemegi we özüne (nadanlyk) ýöňkelende gaharlanmagy nadanlyga peslik taýdan ýeterlik zatdyr."
8. "Adamlaryň ylym talap etmekden saklanmagynyň sebäbi - bilýänleriň bilýän zatlaryndan az peýdalanýanyny görmekleridir. (ýagny, bilýänler az amal edýänleri sebäpli bilmeýänler öwrenmäge yhlasly däl)."
9. "Şular alymyň hakyndan: köp sorag berme, jogap bermäne zorlama, ýadanda üstüne gitme, turanda köýneginden tutma, onuň syryny paş edäýme, ýanynda biriniň gybatyny edäýme, ýalňyşyny gözläýme, birden ýalňyşaýsa geçirimlik etmelisiň, eger ol Allahyň emrinde bolmana dowam etse saňa düşeni ony Allah üçin hormatlamak, sylamakdyr..."
10. "Kim ylym alsa, amal etse ol asmanlaryň mülkünde beýik diýip çagyrlar."
11. "Alym - agyz bekleýän, (namazy) köp okaýan, (Allah ýolunda) söweşýänden üstündir, alym ölende Yslamda şeýle bir deşik dörär ony (alymyň) özi ýalysyndan başga hiç kim ýapmaz."
Möminleriň emiri Alynyň zuhdy we takwalygy.
Aly kiçilikden Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) öýünde önüp-ösensoň onuň terbiýesi Kurany-Kerim we päk sünnetdi. Ol bu dünýäniň panylygy, pesligi baradaky aýat-hadyslary bilýärdi, esasy ýaşaýyş diýaryň ahyretdigine gowy düşünýärdi, şol sebäpli Aly örän sada ýaşaýyş alyp barýardy. Bir gün ýanyna bir adam gelip: “Eý, möminleriň emiri! Musulmanlaryň maliýe öýi sary we akdan (altyn-kümüşden) doldy.” – diýende Aly aýtdy: “Allahu ekber!” ýagny, mal-mülkden, onuň möçberi näçe köp bolsa-da Allah ondan has beýikdir, soň: “Eý sary we ak! Menden başgasyny azdyryň.” – diýip, bar dinar-dirhemler gutarýança hemmesini paýlap çykýar.
Bir gün bir adam Alynyň ýanyna öýe girende onuň köneje ýapynjanyň aşagynda titräp ýatanyny görýär, bunuň sebäbi Aly döwlet gaznasyny öz bähbitleri üçin ulananok ekeni, aňrybaş derejede zahid (terkidünýä) ekeni.
Bir gün Aly çarwa arap eşiginde bazara gelip, köýnek satyn aljak bolýar, birinji täjir ony tanaýar, şonuň üçin ondan satyn almaýar, ikinjisi hem tanaýar, ondanam satyn almaýar, üçünji ýaş oglan tanamaýar we 3 dirheme köýnegi satýar, soň hälki oglanyň kakasy Alyny tanap bir dirhemi yzyna berjek bolanda Aly almaýar, ol ýörite özüni tanatmajak bolup başga şekilde bazara gelýär, sebäbi hemme kişiniň onuň orny üçin oňa eliaçyklyk etjegini ol bilýärdi.
Aly ýamakly eşik geýerdi, haçanda näme üçin beýle edýändigini soranlarynda ol şeýle diýip jogap berdi: “Kalp gorkar, mömin görelde alar.” Ýagny, ýamakly eşigi geýeňde kalbyň tekepbirlikden saplanyp, has takwa bolar, we möminleriň emiriniň ýamakly eşik geýmesini gören her kim ondan göz aljak bolar.
Günlerde bir gün Aly gaty ajykýar, iýeri zady bolmansoň, Medinä içinde iş gözleýär, şeýdip, ol bir aýala 16 ýa 17 bedre suw çekip berip her bedre üçin bir hurma gazanýar, hurmalary alyp Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna gidip, onuň bilen bilelikde iýýär.
Hijreti:
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Mekgeden sag-aman çykyp, Medinä hijret etmegi üçin Aly öz janyny bermäne taýyndy. Ol Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) düşeginde ýatyp, müşrikleriň hüjümini özüne çekýär. Haçanda Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýerine Alynyň ýatanyny müşrikler görenlerinde olar Ala ezýet berip ugradylar, hatda ony Käbede tussag etdiler, soň bir salymdan goýberdiler. Aly Allah ýolunda bu çekýän ezýetlere döz geldi, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) amanatlary eýelerine gowşurmak tabşyrygyny ýerine ýetirip bolansoň, Medinä ugrady, käbir habarlara görä Aly Medinä pyýada hijret edýär, gündizlerine dynç alyp, gijelerine ýöreýär, emma beýleki habarlara görä aýallardan düzülen bir topar bilen hijret edýär.
Medinä gelensoň:
Hijretiň ikinji ýylynda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Alyny öz gyzyna Fatma öýlendirýär, ondan Hasan, Huseýn, Muhsin, Zeýneb, Ummu Gülsüm, Rukoýýedagylar bolýar.
Aly Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) köp işlerini bitirýän, möhüm wezipeleri berjaý edýän ynamdar adamsy ekeni. Ol wahyý ýazardy, Yslama çagyrmana arap tirelerine gidýän ilçidi, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) maslahatçysydy. Aly Rydwan beýgadyna gatnaşanlaryň birisidi. Ol Ýemen iliniň Yslamy kabul etmelerine sebäp bolan kişidir, Ýemendäki Hemdän tiresiniň hemmesi Alynyň üsti bilen iman edýärler, ol tireden soň beýleki tireler yzly-yzyna Yslamy kabul edip başlaýarlar.
Söweşleri:
Aly Tebuk söweşinden galan hemme söweşlere gatnaşýar, Bedir söweşinde ol orta çykyp döwüşenleriň biri bolup, öz garşydaşyny ýere serýär, Uhud söweşinde Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanynda galan azsanly sahabalaryň birisi oldy, Handak söweşinde Amr ibn AbduWud atly müşrikleriň belli gahrymany bilen döwüşip, ony öldürýär. Hudeýbiýe şertnamasy düzülende Aly Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) buýrugy bilen “Allahyň Resuly Muhammet...” diýip ýazýar, buňa müşrikler garşy çykanda Aly “Allahyň Resuly” sözüni bozmakdan ýüz öwürýär, şonda ol sözi Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) özi bozýar, bu Alynyň Pygamberimize bolan güýçli söýgüsini aňladýar. Haýber söweşinde Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Ertir bu baýdagy şeýle bir adama berjek, onuň eli bilen Allah (ol galany) açar, ol Allah we Resulyny söýýär, Allah we Resulam ony söýýärler.” Şol gije adamlar gürrüňe çümdüler kime berilerkä diýip, irden her kes ol baýdagy umyt edip Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna bardylar, ol: “Aly ibn Ebi Talyp nirde?” – diýdi, - gözleri agyrýar diýdiler, soň ony ýanyna getirenlerinde gözüne çüfledi, doga etdi welin hiç hili agyry bolmadyk ýaly gutuldy, soň oňa baýdagy berdi we şeýle diýdi: "Tä olaryň meýdanyna barýançaň ýuwaşlykdan hereket et, soňra olary Yslama çagyr we olaryň, Allahyň öňündäki borçlaryny olara beýan et. Allaha kasam bolsun, Allah sen sebäpli bir kişini dogry ýola gönükdirmesi, saňa "Humr Nagam"dan (düýäniň iň ajaýyp görnüşinden) hem haýyrlydyr."
Üç halyflaryň döwründe:
Alynyň Ebu Bekre beýgat edişi barada ibn Kesir aýdýar: “Aly ibn Ebi Talybyň (Ebu Bekre) beýgat etmesi (Pygamberimiziň) wepatyndan 1 ýa iki gün soňra bolup geçýär, çünki, Aly Syddykdan bir salym hem aýrylmady, yzynda namaz okamasyny birem kesmedi.”
Ebu Bekr döwlet işlerinde, harby hereketlerde Aly bilen maslahat ederdi. Omaryň döwründe bolsa Aly Medinäň kazysydy, mundan daşary Omaryň döwründäki uly üstünliklerde, beýik açyşlarda Alynyň egsilmez goşandy bardy. Omar bilen Alynyň arasynyň berkdigini subutlaýan ýene bir habar – Aly Ummu Gülsüm atly gyzyny Omara çykarýar. Osmanyň döwründe hem Aly döwlet maslahatçylarynyň esasysy hasaplanýardy, dürli harby ýeňişlerde onuň goşandy bardy. Hatda Osmanyň gabawa alnyp, ony suwsyz goýanlarynda oňa hut öz elleri bilen suw berip gaýdan Alydy, gozgalaňçylara garşy dürli ýollar bilen garşy duran ýene-de oldy.
Halyf bolşy:
Aslynda Aly halyf bolmaklyga hyrs etmeýärdi, ýöne muhajir we ensarlaryň aýak diräp oňa beýgat etjek boluşlary, şeýle hem, musulmanlaryň agzalalyga düşmek howpy ony halyf bolmaga razy etdi. Ala ilkinji beýgat eden Talha we Zubeýrdi, ondan soň beýleki adamlar.
Gynansak-da, Alynyň döwri gaty kyn döwürdi, öňki halyflaryň döwründe Yslamy ýaýratmak, täze topraklara iman ýetirmek işleri alyp barlan bolsa, Alynyň döwründe musulmanlaryň agzybirligini saklamak, döwletiň içersinde asudalygy goramak esasy wezipe bolup durýardy. Käbir musulmanlar Alydan Osmany öldürenlere jeza bermekligi talap edýärdiler, Aly bolsa häzir onuň wagty däl diýýärdi, hökümi, dolandyrşy doly ele geçiremizden soň hökman ony öldürenlere jeza berjek diýýärdi, bu mesele bilen baglanşykly uly bulam-bujarlyklar ýüze çykýar, ara pitneçiler sokulyp ýagdaýy hasam kynlaşdyrýardylar, netijede uly çaknyşyklar boldy, näçe sahabalar öldürildi. Ondan soňra Aly hawarijler bilen söweşýär, olar Alyny kapyr saýyp, ony tagtdan aýyrjak bolýardylar. Ýöne Nehrowan söweşinde Aly olaryň soňuna çykýar.
Janyna kast edilmesi:
Alynyň şehit boljagy barada Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) habar beripdi, bir gün Hira dagynyň üstünde Pygamberimiz, Ebu Bekr, Omar, Osman, Aly, Talha we Zubeýr bardy, uly daş gymyldanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Ýuwaş bol! Seniň üstüňde ýa Pygamber, ýa Syddyk, ýa şehit bardyr.”
Alynyň şehit bolşy baradaky hadysy onuň özi Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) eşidendir, onuň Yrakda bir betbagt tarapyndan gylyç bilen urlup, başynyň gany sakalyny öllejegi baradaky habary Alynyň özi bilýärdi. Şol sebäpli hassa bolup ýatanda yzyndan sorap gelenleri köşeşdirýärdi, men bu kesel sebäpli ölmerin, çünki, men Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýenini eşitdim diýip, ýüzüne gylyç bilen urlup, sakaly gan bilen reňklenjegini aýdyp berýärdi.
Aly Nehrowan söweşinde hawarijleri gylyçdan geçiripdi, ýöne olardan galyndy galypdy, olaryň käbirleri öz aralarynda ýygnanşyp, Alyny, Muawiýäni, Amr ibn Aasy öldürmäge dil düwüşýärdiler. Alyny öldürmäge karar beren Abdurrahman ibn Muljem atly hawarijdi, ol ertir namazynda metjitde bukulup Ala garaşýardy, Aly metjide girende onuň daşyny gabadylar, ibn Muljem onuň ýüzüne gylyç bilen urdy. Ýaraly halynda göterlip akidip barylýan: “Aly eger ölsem ondan kysas alyň, eger diri galsam özüm görerin.” diýýärdi. Alynyň ýarasyny gören tebibler hoş däl habarlary berýärdiler, käbir adamlar Alydan Hasany yzynda halyf bellemekligi soranda: “Aly men buýramogam garşy däl, özüňiz görüň.” diýýärdi. Şeýle hem, Aly özüne kast eden kişä gowy gatnaşmagy buýurýar, suw-naharyna gowy seretmegi, urup-ezýet bermezligi, gulak-burnuny kesmezligi tabşyrýar. Soňra Aly ogullaryny Hasany, Huseýni çagyryp, olara wesýet edýär. Ýaralanandan soň Aly birnäçe günden soň Remezan aýynda 63 ýaşynda şehit bolýar, onuň jesedini Hasan, Huseýn we Abdullah ibn Jagfer ýuwýarlar. Alynyň jaýlanan ýeri meselesi hakynda dürli maglumatlar bar, ibnul Jewziň aýtmagyna görä haýsysynyň dogrulygy belli däldir.
Aly ibn Ebi Talyp barada örän möhüm belläp geçmeli zadymyz:
Aslynda Aly ähli-sünnetiň akydasynda Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) maşgalasyndan beýik sahaba, dört çaryýarlaryň birisi, Yslama we musulmanlara ylmy we gylyjy bilen sanalmaz hyzmatlary ýerine ýetiren görnükli şahsyýetdir, emma şaýy diýilýän topar, başgaça atlary rafyzalar, ony çenden-aşa beýgeltdiler, ony magsum (günäsiz) hasapladylar, ony iläh derejesine galdyryp, ondan dileg-doga etdiler, şeýle hem, olar Aly barada gelen sahyh maglumatlara kanagat etmän, ýalan-ýaşryga, toslamalara baş urdylar, Ebu Ýagla El-Halili atly hafiz alym aýdýar: “Käbir hafizler aýtdylar: Aly we (Pygamberimiziň) maşgalasynyň fazyletleri barada Kufa iliniň oýlap tapan (hadyslary) hakynda pikirlendim welin, olar 300 müňden geçdiler.” (El-Irşäd fi magrifet ulemä El-Hadis).
Muhammet ibn Siýrin atly görnükli tabygyn: "Aly barada habar berilýän maglumatlaryň aglabasy ýalandyr" diýýär. (Sahyh Buhary).
Aly hakynda ýalan maglumatlary ýaýradýanlaryň esasylary şaýylardyr, rafyzalardyr, galyberse-de, olardan täsirlenen, hadys ylmy, dürs, toslanan hadyslar ýaly zatlardan bihabar, özlerini ähli-sünnete ýöňkeýän musulmanlar.
Alynyň fazyleti hakyndaky sahyh, dogry, dürs ýollar bilen gelen maglumatlar diýseň köpdür, Ymam Ahmed şeýle diýýär: “....Aly barada ýat alnyşy ýaly fazyletler hakyndaky sahyh hadyslar başga biri barada ýat alnandygyny bilmeýärin.”
Şu zatlar sebäpli, Aly barada ýaýran käbir ýalan habarlary, hadyslary ýazýarys we olaryň nädürs habardygyny siziň dykkatyňyza ýetirip, başgalara hem ýetirmegiňizi umyt edýäris:
1. “Aly – ýagşyzadalaryň ymamy, ýaramazlaryň öldürijisi, oňa goldaw beren ýeňijidir, oňa haýynlyk edene bolsa haýynlyk ediler.” (Silsile Zagyýfa, mowzug-toslanan).
2. “Alynyň Handak gününde Amr ibn AbduWudda garşy çykmagy kyýamat gününe çenli ymmatymyň hemme amalyndan haýyrlydyr.” (Silsile Zagyýfa, kezib, ýalan).
3. “Men ylmyň şäheri, Aly bolsa onuň gapysydyr...” (Silsile Zagyýfa, mowzug-toslanan).
4. “Alyny söýmek şeýle bir ýagşylyk onuň ýanynda ýamanlyk zyýan bermez, ony ýigrenmek bolsa şeýle bir ýamanlyk onuň ýanynda hiç bir ýagşylyk peýda bermez.”(Minhäj- Es-Sünne, ýalan).
5. “Zulfikar ýaly gylyç, Aly ýaly ýigit tapylmaz.” (Minhäj- Es-Sünne, ýalan).
6. “Aly adamzadyň haýyrlysydyr, kim buny kabul etmese kapyr bolar.” (Miýzan El-Igtidäl, Zehebi, batyl).
7. Alty dirhem kyssasy, gysgaça aýdamyzda, bir gün Alynyň ýanyna bir gedaý şeklinde perişde gelip zat soraýar, şonda Aly öýünde iň soňky galan 6 dirhemini oňa getirtdirip berýär, soňra täjir şeklinde ýene bir perişde oňa düýäni 140 dirheme garaşygyna satýar, Aly hem ony 200 dirheme başga birine satyp, hälki 140 dirhemi täjir şeklindäki perişdä getirip berýär, soňra Aly 60 dirhemi bilen öýüne barýar, nirden aldyň diýip soranlarynda Allah her edilen ýagşylyga on esse edip berjek diýýär diýip olara aýdýar. (Bu habar hiç bir hadys kitaplarynda asla agzalan däldir).
8. Alynyň Haýber söweşinde 40 adamyň göterip bilmedik galanyň gapysyny galkan edinmegi, ony götermegi, bu hakynda gelen habarlaryň hiç birisi dogry ýollar bilen gelen däldir, ol habara ibn Kesir “Bidäýe we Nihäýe” kitabynda zagyf, nädürs diýdi, şeýle hem, Ymam Zehebi habaryň zynjyrynda üzülen ýeri bar diýip duýdurdy. Habaryň nädürsligine garamazdan, ýokarda belläp geçişimiz ýaly Aly gaty daýaw ýigit, güýç-kuwwatly sahaba ekeni.
9. Alynyň Käbäniň töründe eneden dogulmagy baradaky habar, Ymam Newewi aýtdy: “...emma Alynyň onda (Käbäniň töründe) dogulmagy hakyndaky habar alymlaryň gatynda zagyfdyr (dürs däldir). (Tehzib El-Esmä we El-Lugot).
Çeşmeler:
Ibn Saad “Tabakat”,
Ibn Kesir “Bidäýe wen-Nihäýe”,
Tabari “Tärih El-Umem we El-Muluk”,
Ibn Hişäm “Siýro Nebewiýýe”,
Zehebi “Siýer ägläm nubelä”,
Ebu Nugaým “Hylýetul Ewliýä”
“Sahyh Musned fi fazail sahaba”
“Istiýgab” we başgalar.
([1]) Biziň dilimizde Tozan kaka diýilşi ýaly, araplar bir kişide üýtgeşik zat görseler oňa plan kaka diýip goýberýän ekenler, meselem: biri üsti-başyny bulap pyrtykal iýip otursa oňa Ebu pyrtykal diýip goýberýän ekenler. ([2]) Ak, ýumşak, şepbeşik suwuklyk, jynsy isleg güýçlenende çykýar, ýöne pürküp şehwet bilen çykmaýar, çykandan soň gowşaklyk hem duýulmaýar, kähallarda çykany hem duýulanok, mezi nejasat ([3]) Syffyn söweşi Yslam taryhyndaky iň pajygaly wakalaryň, uly söweşleriň birisi.