Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) azgyn topardan ägälendirmegi.
Ebu Sa-yd Hudrydan (Razyýallahu anhu), aýtdy:
Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanynyda otyrdyk, Ol (Sallallahu aleýhi we sellem) bolsa (oljalardan) paýlary bölýärdi, ýanyna Zul-Huweýsyroh gelip, ol bolsa Temimogullaryndan bir kişidi, aýtdy: “Eý, Allahyň Resuly! Adalatly bol!” Aýtdy: “Weýlek!([1]) Kim adalatly bolsun, egerde adalatly bolmasam! Egerde adalatly bolmasam, hasrata we zyýana galardyň” Omar: “Eý, Allahyň Resuly! Maňa rugsat ber, boýnuna (gylyç bilen) uraýyn!” diýdi, aýtdy: “Taşla ony, onuň ýoldaşlary bolar, siziň biriňiz namazyny olaryň namazlarynyň ýanynda, rozasyny olaryň rozalarynyň ýanynda pes hasap eder. (Şeýle bir köp) Kuran okarlar ýaýlyk süňkünden([2]) (aşak) geçmez, okuň nyşanadan atylyp geçip gidişi ýaly dinden atylyp çykarlar”(Muttefekun aleýh) hadysyň soňuna deňeç.
Allah maňa we saňa rehmet etsin! Seret Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryny we ymmatyny ol kişiden we yzyndan çykjaklardan ägälendirşini. Özem. Üns ber! Ol azaşanlaryň namazy göräýmäge Jennet bilen buşlan sahabalaryň namazlarynyň ýanynda ärtyk geljek, hatda sahabalar öz namazlaryny onuň deňinde namaz hasap etjek däller, edil şeýle rozalaram, mundan daşary olar köp Kuran okajaklar ýöne ondaky hak zada amal etjek däller, Kuranyň dogry ýoluny özlerine ýol tutunjak däller. Ybadatlary näçe köp bolsada ýollary azaşan ýol bolany üçin Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary olardan ägälendirdi. Seni hem, biriniň köp okaýan namazy, köp tutýän rozasy, Kurany köp okamagy aldamasyn egerde dogry ýolda bolmasa.
([1]) Weýlek, bu söz araplarda berk käýenç sözi. ([2]) Bokurdagyň aşagyndan iki egne tarap uzaýan süňküň ady.