Allahyň atlaryndan we sypatlaryndan birisini inkär edýän kişi barada.
Allahyň atlaryndan we sypatlaryndan birisini inkär edýän kişi barada.
Allah Tagalanyň atlary we sypatlary bardyr. Olar kämildirler, her hili aýyp-nogsanlykdan päkdirler. Olar iň azym, beýik, päk atlar we sypatlardyr.
Allahyň atlary hakynda bilmeli zatlarymyz:
1) Allahyň atlaryndan bize habar berileni 99 sany at, şu hadysdaky ýaly:
"Allahyň 99 sany ady bar, kim olary hasaplasa (şolara görä ýaşasa) Jennete girer."
(Buhary Muslim)
إن لله تسعة وتسعين اسماً من أحصاها دخل الجنة
Ýöne aslynda Allahyň bulardan başga-da atlary bardyr, emma olar barada bize habar berilmedi, şu hadysdaky ýaly:
"Seniň Özüňi atlandyran, Kitabynda indirip, bendeleriňden birisine öwreden, Özüňde gaýyp ylmyňda saklan atlaryň bilen dileýärin.".
(Ahmet)
أسألك بكل اسم هو لك سميت به نفسك أو أنزلته في كتابك، أو علمته أحداً من خلقك أو استأثرت به في علم الغيب عندك
2) Allahyň her ady özüne degişli waspy içine alýandyr, meselem: Allah Rahymdyr, Rahym at öz içine rähmet etmek waspy alýandyr, Allah Tewwäbdir, Tewwäb at öz içine tobalary kabul etmek waspy alýandyr.
3) Allahyň her ady hakykaty aňladýandyr, atlaryň içine girýän hemme wasplar hakdyr. Meselem: Allah Kerimdir, hakykatdanam Allah Kerimdir, emma Kerim atly ynsanlaryň hemmesi jomart däldir. Ýa-da meselem: Allah Mälikdir, mülk eýesidir, emma Mälik atly käbir adamlaryň mülki asla-da ýokdur. Bizde käbir ýagşy atly adamlar atlaryna mynasyp däl hereket etseler "adyňa eýe bol" diýýärler, ýagny, mysal üçin ady Abdullah bolubam günä işleri edip ýörse; “Adyňa mynasyp bol, taşla günäleriňi” diýýärler.
Allahyň sypatlary barada bilmeli zatlarymyz:
1) Allahyň sypatlary, wasplary üç kysymdan ybarat:
Birinji kysym: zäti sypatlar, ýagny, aýrylmaýan, elmydama bar sypatlar, meselem: eşitmek, görmek, kadyr bolmak. Ýagny, Allah Tagala elmydama eşidýärem, görýärem, hemme zada elmydama kadyram.
Ikinji kysym: amal sypatlary, ýagny, Allahyň Özi islän wagty edýän amallary, meselem: arşa galmak, asmanyň iň peski gatlagyna gijäniň ýarysynda inmek, islän kişisiniň janyny almak, islän zadyna ýaşaýyş bermek. Birinji kysym bilen ikinji kysmyň tapawudy: birinji kysymdaky sypatlar elmydamadyr, emma ikinjidäkiler beýle däldir, meselem: Allah käwagt eşidýär, käwagt görýär diýsek ýalňyş bolar.
Üçünji kysym: habar sypatlary, ýagny, Allah Tagalanyň Kuranda habar beren sypatlary, pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) Sünnetde gelen sypatlary, meselem, Kuranda Allahyň eli, ýüzi, gözi, gadamy barada habar berilýär.
2) Allahyň her ady özüne degişli waspy içine alýandyr, öň belläp geçişimiz ýaly, emma hemme wasp öz içine ady alýan däldir, meselem: El-Basyr, Görüji Allahyň adydyr, görmek waspy öz içine alýandyr, Allahyň gürlemek waspy bar, ýöne Gürleýji diýip ady ýokdur, ýa-da Allahyň islemek waspy bar, ýöne Isleýji diýip ady ýokdur.
3) Her sypat hakdyr, hakykatdyr, meselem: Allahyň eli bar diýip Kuranda habar berildi, şol hakykatdanam eldir, ýöne ol eliň hilini, tüýsini bilemizok, çünki bize ol barada habar berilmedi, diňe habar berilşi ýaly kabul edýäris. Emma käbirleri: el diýdigi - nygmat diýdigidir, ýa gudrat diýdigidir diýmek ýalňyşdyr, sebäbi Allahyň sypatlaryny aýdyň, görünip duran manylaryndan başga many bermek rugsat däldir.
Allahyň atlaryna we sypatlaryna mysal bermek, başga zada meňzetmek gadagandyr, şu aýatdaky aýdylşy ýaly:
"(Siz) Allah üçin mysallar getirmäge çalyşmaň! Elbetde, Allah bilýär, siz bilmeýärsiňiz."
(Nahl 74)
فَلَا تَضۡرِبُواْ لِلَّهِ ٱلۡأَمۡثَالَۚ إِنَّ ٱللَّهَ يَعۡلَمُ وَأَنتُمۡ لَا تَعۡلَمُونَ ٧٤
Allahyň atlaryny inkär etmek küfrdir, şu aýatdaky ýaly:
"Olar Rahmana kapyr bolýarlar. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ol meniň Perwerdigärimdir. Ondan başga (ybadata laýyk) iläh ýokdur. Men Oňa bil bagladym we tobam Oňadyr».
(Raad 30)
وَهُمۡ يَكۡفُرُونَ بِٱلرَّحۡمَٰنِۚ قُلۡ هُوَ رَبِّي لَآ إِلَٰهَ إِلَّا هُوَ عَلَيۡهِ تَوَكَّلۡتُ وَإِلَيۡهِ مَتَابِ ٣٠
Haçanda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Mekke kapyrlary bilen Hubeýbiýe ýaraşyk şertnamasyny baglaşşak wagty, şertnamany Bismillähirahmanirrahym bilen başlaýar, emma olaryň birisi garşy çykyp: "Rahman näme biz bilmeýäris, Eý Allah seniň adyň bilen diýip ýazyň" diýýär.
(Buhary)
Ýagny, olar Allah barlygyny inkär edenokdylar, Rahman adynyň barlygyny inkär edýärdiler.
Şeýle hem Allahyň atlaryna we sypatlaryna görünip duranyndan başga many bermek gadagandyr, Ibn Abbasdan şu habar berilýär: "Allahyň sypatlary baradaky hadysy eşidip, inkär sebäpli sandyrap giden bir kişini görüp şeýle diýýär: “Bular nämeden çekinýärler? "Muhkemi" (manysy aýdyň) kabul edip, "muteşäbihi" (manysy gizlin) terk edýärler."
Ýagny, manysy gizlin diýdigi - hili, tüýsi gizlin diýdigidir. Aslynda Allahyň eli, ýüzi, gözi bardyr, olar Allahyň azamadyna jelalyna laýykdyrlar, olaryň nähililigini, nätüýsliligini biz bilmeýäris, ýöne bize düşeni habar berilşi ýaly kabul etmekdir, olara başga many bermekdenem, hil-tüýs bermekdenem saklanmalydyr, çünki, ony ýeke Allah bilýändir, şu aýatlardaky ýaly:
"Gözler (bu dünýäde) Ony görüp bilmez. Emma Ol ähli gözleri görýändir. Ol (ähli zadyň) inçe syrlaryny (hem) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr."
(Engam 103)
لَّا تُدۡرِكُهُ ٱلۡأَبۡصَٰرُ وَهُوَ يُدۡرِكُ ٱلۡأَبۡصَٰرَۖ وَهُوَ ٱللَّطِيفُ ٱلۡخَبِيرُ ١٠٣
"(Anyk) bilmeýän zadyňa eýerme. Çünki gulak, göz we kalp (bularyň ählisi) ondan (anyklaman eýeren zadyndan) jogapkärçilige çekiler."
(Isra 36)
وَلَا تَقۡفُ مَا لَيۡسَ لَكَ بِهِۦ عِلۡمٌۚ إِنَّ ٱلسَّمۡعَ وَٱلۡبَصَرَ وَٱلۡفُؤَادَ كُلُّ أُوْلَٰٓئِكَ كَانَ عَنۡهُ مَسُۡٔولٗا ٣٦
Ýagny, aýatlardaky görünip duran manyny kabul etmän, olara başga many bermäge çalyşmak anyk bilmeýän zadyňa eýermekdir.
"Allah olaryň geljeklerini-de, geçmişlerini-de bilýändir. Olaryň ylmy bolsa Ony doly bilmeklige ýetmez."
(Taha 110)
يَعۡلَمُ مَا بَيۡنَ أَيۡدِيهِمۡ وَمَا خَلۡفَهُمۡ وَلَا يُحِيطُونَ بِهِۦ عِلۡمٗا ١١٠
"Onuň (Allahyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir."
(Şura 11)
لَيۡسَ كَمِثۡلِهِۦ شَيۡءٞۖ وَهُوَ ٱلسَّمِيعُ ٱلۡبَصِيرُ ١١