top of page
Поиск

Allahyň atlary babatynda ilhad (hakda azaşmak, hakdan gyşarmak).




Allah Tagala aýtdy:

“Iň gözel atlar Allahyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Ondan dileg-doga ediň (ýalbaryň)! Onuň ady babatda hakdan azaşanlary terk ediň! Olar edenleriniň jezasyny çekerler.” (Agraf 180)

Allah Tagalanyň atlarynda ilhad, ýagny bolmaly zatdan gyşarmak, çetleşmek, bular ençeme görnüş:

1- Ondan birini inkär etmek. (Ýagny, Kuranda we Sahyh Hadysda gelen Allahyň atlarynyň birini kabul etmezlik)

2- Onuň atlarnyň birini ýaradylanlaryň sypatlaryna meňzetmek.

3-Allahy Özüni atlandyrmadyk ady bilen atlandyrmak, meselem: Hristiýanlaryň “Ata (kaka)” diýip atlandyrmaklary, (ýa bolmasa, Hudaý, Taňry diýip atlandyrmak). Onuň sebäbi Allahyň atlary tewkyfy (ýagny delilsiz säbitlenmeýärem, delilsiz inkärem edilmeýär), Allahy Onuň özüni atlandyrmadyk ady bilen atlandyrmak ilhadyr (dogry ýolda gyşarmakdyr)

4- Allahyň atlaryndan butalara at ýasamak, edil müşrikleriň edeni ýaly, olar Iläh adyndan Lät ady ýasap butlaryna dakdylar.


Şeýh Allame Ibn Useýmiýniň “Şerhul-Kowäydyl-Muslä fiý syfatyllähi we esmäihil-husnä” Kitabyndan gysgaldylyp alynan peýda

7 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page