top of page
Поиск

"Allahyň ýolunda öldürilenlere «ölüler» diýmäň!"

Allahyň ady bilen başlaýaryn. Beýik, Azym Allaha ham-senalar mahsusdyr, oňa hamd aýdýaryn, ondan, ýardam soraýaryn, günälerimi geçmegini dileýärin, nebsimiň şerinden we amallarymyň erbedinden Oňa sygynýaryn, Allahdan başga ybadata hakly ilähiň ýokdugyna şaýatlyk edýärin, Muhammedem Onuň hem guludygyna, hem ilçisidigine, resulydygyna şaýatlyk edýärin. Allah Tagala bize resullary ibermek bilen hak ýoly batyl ýollardan aýdyňlady, her bir resulyna halka haky ýetirmegi buýurdy, borç etdi. Allah Tagala aýtdy: "Resullara (wahyý) anyk (aýdyň) edip ýetirmekden başga borç bolarmy?!"([1]) "Allaha we Resulyna boýun boluň we (Allahyň emirlerini terk etmekden) heder ediň, häzir boluň! Eger (boýun bolmakdan) ýüz öwürseňiz, bilip goýuň, Biziň resulymyzyň borjy (Biziň aýatlarymyzy) diňe size äşgär ýetirmekdir."([2]) Resullaryň we Nebiýleriň ahyrkysy bolan Muhammede (Sallallahu aleýhi we sellem) Kurany aýdyň deliller, subutnamalar bilen garaňkylykdan ýagtylyga, tümlükden nura çykarýan edip wahyý etdi, Allah Tagala aýtdy: "(Eý, Muhammet! Bu kitap) ynsanlary Robbuň rugsady bilen güýçli, öwgä mynasyp (bolan Allahyň) ýoluna (çagyryp, olary) tümlüklerden nura çykarmagyň üçin saňa inderen kitabymyzdyr."([3]) "Sizi tümlükden nura (ýagtylyga) çykarmak üçin Öz guluna (Muhammede) äşgär aýatlar iberen hem Oldur."([4]) Başga aýatlarda Kuranyň hut özüni nur diýip wasplady: "Oňa iman eden‚ ony goldan‚ oňa kömekçi bolan hem-de onuň bilen inderilen nuratabyn bolanlar bolsa bagtyýarlyga ýetenlerdir."([5]) Kuran bize garaňkylykdan ýagtylyga, tümlükden nura çykarmak üçin, ondan daşary hut Kuranyň özi nur bolup geldi, ýagny bizi nadanlyk, jahyllyk, azgynlyk, bozgakçylyk garaňkylyklaryndan, dogry ýol, halas ýoly bolan nura, ýagtylyga gönükdirýän, dogry bilen batyly saýgarýan nur, ýagtylyk edilip inderildi. Bu wasplara eýe bolan Kuran Kerimiň içinde hiç hili gapma garşylygyň ýokdugyny Allah Kuranda aýtdy: "Siz (henizem) Kuran hakda doly pikirlenjek dälmisiňiz? Eger ol (Kuran) Allahdan başgasyndan gelen bolsady, elbetde, içinde birnäçe gapma-garşylyk tapardylar."([6]) Bu günki günler Özi nur, tümlükden, garaňkylykdan nura, ýagtylyga çykarmak üçin we batyldan haky tapawutlandyrmak üçin inderilen, içinde gapma-garşylyk bolmadyk Allahdan inen Kurana öz haý-höweslerine laýyk düşünjek bolýan kişiler bilen synaldyk. Aýatlaryň inen sebäbine garamazdan, sahabalaryň ol aýat baradaky aýdan sözlerine garamazdan, tefsirçi alymlaryň ol aýat baradaky sözlerine garamazdan, ol aýata düşünmekde arap diliniň kadasyndan çykyp diňe haý-höwsine islegine görä, ol aýatyň bermeýän manysyny aýatyň boýnuny oňuryp özüne tutalga edinýän, nadan, dinden bihabar bolup adamlara din öwredýän molla-sumaklar bilen synaldyk. Allahyň Kuranda: "Siz Allahyň ýolunda öldürilenlere «ölüler» diýmäň! Tersine, olar diridirler..." diýen sözini özlerine tutalga edinip, hamala bu aýatda şehitler hiç hili ölmänmişinler diýen pikiri öňe sürüp, adamlary azaşdyrjak bolýarlar. Beýle diýmekleriniň, sebäbi, gabyrdakylardan dileg etmek bu ölüden dälde, diriden dileg etmek, diýen düşünjäni halka guýjak bolup, adamlary şirke çagyrýanlaryň, dinden bihabarlaryň gepi bolup durýar. Allah rugsady bilen bu makalada bu aýatyň inen sebäbi, tefsir alymlarynyň bu baradaky sözlerini başardygymdan jemlemekçi, başga haýsy şehitlik barada söz gidýänini tefsirçileriň sözlerini getirmek bilen açyklajak. Bu manydaky aýatlar. 1- Allah Tagala Kuranda Bakara süresiniň 154-nji aýatynda aýtdy: "Allahyň ýolunda öldürilenlere "(Olar) ölüler" diýmäň! Tersine, (olar) diridirler, emma siz duýmarsyňyz" ﴿وَلَا تَقُولُواْ لِمَن يُقۡتَلُ فِي سَبِيلِ ٱللَّهِ أَمۡوَٰتُۢ بَلۡ أَحۡيَآءٞ وَلَٰكِن لَّا تَشۡعُرُونَ﴾ 2- Allah Tagala Kuranda Ali Ymron süresiniň 169-nji aýatynda aýtdy: "Allahyň ýolunda öldürilenleri, ölenler hasaplamaň! (Gaýtam) tersine, (olar) özleriniň Robbunyň huzurynda diridirler, olara rysgallar berilýändir." ﴿وَلَا تَحۡسَبَنَّ ٱلَّذِينَ قُتِلُواْ فِي سَبِيلِ ٱللَّهِ أَمۡوَٰتَۢاۚ بَلۡ أَحۡيَآءٌ عِندَ رَبِّهِمۡ يُرۡزَقُونَ﴾ Bu aýatlaryň inmekleriniň sebäbi. Bakara süredäki aýatyň inmeginiň sebäbi: Bedir söweşindäki musulmanlardan ölenler barada indi, olar 14 sanydy, 8-si Ansarlardandy, 6-sy Muhajirlerdendi, onuň sebäbi adamlar Allahyň ýolunda öldürilene: "Plany öldi, ondan Dünýä nygmaty we lezzeti gitdi" diýerdiler, şo sebäpden bu aýaty inderdi.([7]) Ali Ymron süredäki aýatyň inmeginiň sebäbi: 1-Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: "Haçan Uhud (söweşinde) doganlaryňyza (şehitlik bagty) indirilende, Allah olaryň ruhlaryny ýaşyl guşlaryň içinde etdi, Jennete gelerler, (Jennetiň) miwelerinden iýerler we Arşyň saýasynda asylgy gyzyldan höwürtgelere dolanarlar. Haçanda (dürli-dümen) iýmäniň, içmäniň we dynç almagyň hezilini dadanlarynda aýdarlar: "Kim biziň diridigimizi, Jennetde rysklanýandygymyzy, Jyhady taşlamazlyklaryny we (Allah ýolunda) söweşmekden ýadamazlyklaryny (Dünýädäki) doganlarymyza ýetirer?" Allah Tebäreke we Tagala aýtdy: “Sizden olara men ýetirerin” Allah (şu aýaty) inderdi:


"Allahyň ýolunda öldürilenleri, ölenler hasaplamaň! (Gaýtam) tersine, (olar) özleriniň Robbunyň huzurynda diridirler, olara rysgallar berilýändir.""([8])





2-Şehitleriň hossarlary, egerde olara nygmat ýada şatlyk inse gynanardylar we aýdardylar: "Biz nygmatda we şatlykda, atalarymyz, ogullarymyz we doganlarymyz gabyrlarda" Şo sebäpden Allah Azze we Jelle şu aýaty olardan gamgussany ýok etmek üçin we olaryň ölüleriniň halyny habar bermek üçin inderdi.([9])

Mundan başgada sebäpler agzaldy, meselem Uhudda ýogalan Pygambermiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) agasy Hamza bin Abdylmuttalyb we Mus-ab bin Umeýr barada indi, Uhudda ýogalanlar barada indi diýen hem boldy. Me-una guýusynyň şehitleri barada indi diýenem boldy, haýsam bolanda ýokarky agzan sebäplerimizden daşyna çykmaýany üçin bärde ýazyp, uzaltmakda peýda görmedim, islän bu barada asyl çeşmelerden gözläp, gyzyklanyp biler.




Bu aýatlar barada Tefsirçi alymlaryň sözleri we açyklamalary:


Allah Tagala Kuranda Bakara süresiniň 154-nji aýatynda aýtdy:

"Allahyň ýolunda öldürilenlere "(Olar) ölüler" diýmäň! Tersine, (olar) diridirler, emma siz duýmarsyňyz"

﴿وَلَا تَقُولُواْ لِمَن يُقۡتَلُ فِي سَبِيلِ ٱللَّهِ أَمۡوَٰتُۢ بَلۡ أَحۡيَآءٞ وَلَٰكِن لَّا تَشۡعُرُونَ﴾



A- Muny açyklap tefsirçileriň Ymamy Ymam Tabary (Rahymahullah) öz Tefsir kitabynda aýtdy:

"Allah Tagala şeýle diýdigi: "... Allahyň ýolunda öldürilenlere "Ol öli" diýmäň, sebäbi ýaradanlarymdan öli kimiň ýaşaýşyny alan bolsam, duýgularyny ýok eden bolsam, lezzet alman we nugmatlaram duýmaýan bolsadyr. Kim sizden kim meniň ýolumda öldürilse, meniň ýanymda diridir, ýaşaýyşdadyr, nygmatdadyr..."


Bellik: Diýmek onuň diriligi Allahyň ýanynda, bu dünýä diriligi däl.


Soňra aýtdy:

"Muhammed bin Amyr maňa aýtdy, (ol) aýtdy: "Ebu Aasym bize aýtdy, (Ebu Aasymda) aýtdy: Ysa bize Ibn Ebi Nujeýhden aýtdy, (Ibn Ebu Nujeýham) Mujahydden (Tersine, diridirler" aýatdaky Allahyň sözüni açyklap aýtdy([10]): " Tersine Robbunyň ýanynda diridirler, Jennet miwelerinden rysklanýarlar, onda bolman onuň ysyny alýarlar."

Bellik: Bu Mujahydyň bu aýata beren açyklamasy, diýmek käbir dinde bisowadyň aýdyşy ýaly biziň aramyzda diri dälde, onuň diriligi şehitlere has bolan dirilik, ýagny Allahyň ýanynda diri.



B- Ibn Kesir (Rahymahullah) bu aýaty açyklap aýtdy:

"Şehitler barzahlarynda diri rysyklanýandyklaryny (Allah) Tagala habar berdi"


Bellik: Ýagny gabyr ýaşaýyşynda diri, biziň aramyzda diri däl.



Ç- Bagawy (Rahymahullah) bu aýaty açyklap aýtdy:

"Bu aýat musulmanlardan Bedirde ölenler babatynda indi, olar 14 sany erkekdiler, 6-sy Muhajirlerden, 8-si Ensarlardan. Adamlar Allahyň ýolunda öldürilenler barada aýdardylar: "Plany öldi we ondan dünýä nygmaty we lezzeti gitdi" Şonda Allah: "Allahyň ýolunda öldürilenlere "(Olar) ölüler" diýmäň! Tersine, (olar) diridirler, emma siz duýmarsyňyz" diýen aýaty inderdi, edil Uhudyň Şehitleri barada aýdyşy ýaly: "Allahyň ýolunda öldürilenleri, ölenler hasaplamaň! (Gaýtam) tersine, (olar) özleriniň Robbunyň ýanynda diridirler, olara rysgallar berilýändir."([11]) Hasan (Basry) aýtdy: "Şehitler Allah Tagalanyň ýanynda diridirler, olaryň ruhlaryna ryskallary hödürlenýändir we olara şatlyk we begenç barýandyr, edil Fir-awnyň maşgalasyna irden we agşam oduň görkezilmegi we olara agyrynyň ýetmegi ýaly." Bagawynyň sözi tamamlandy.


D- Allame Abdurrahman bin Nasyr Es-Sagdy (Rahymahullah) bu aýaty şeýle açyklady:

"Belli bolşyna görä, akylly kişi gowy görülýäni taşlamaýar, diňe ondanam has gowy görülýän zat üçin bolaýmasa, şonuň üçin Tagala aýtdy: Kim Allahyň ýolunda Allahyň sözi hut ol beýik bolmagy we Onuň dini aýdyň bolmagy üçin, bulardan başga maksatlary bolman söweşip Onuň ýolunda öldürilse([12]) , hana ondan halanýan ýaşaýyş ýok bolmaz (ýagny, ol gabyr ýaşaýşynda lezzetler bilen ýaşar). Tersine onuň üçin onuň pikir edişinden we hasap edişinden has doly we kämil ýaşaýyş bolar. Şehitler: "Robbuny ýanynda diridirler, olara (jennet nygmatlaryndan) rysgallar berilýändir. Olar Allahyň Öz pazly-kereminden beren zatlary (nygmatlary) bilen şatlanýarlar. Olar yzlaryndan heniz özlerine goşulmadyklar (indiki geljek şehitler) bilen hem: «Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar» diýip buşlanarlar. Olar Allahdan gelen nygmaty, pazly-keremi we Allahyň möminleriň sylagyny puja çykarmajakdygy bilen buşlanarlar."

Allah Tagala golaýlygyny, süýji iýmek-içmekler bilen bedeni ryskal, ruhy ryskal -ol bolsa begenmeklik- berilmek bilen lezzetlekmegini, buşlanmaklagyny, ähli gorkynyň we gamgynlygyň ýok bolmagyny öz içine alýan ýaşaýyş has beýik dälmi?! Ine bu barzah ýaşaýşy bu dünýä ýaşaýşyndan has kämil. Başgada Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) Şehitleriň ruhlary ýaşyl guşlaryň içlerinde, Jennetiň derýalaryna barjagyny, onuň miwelerini iýjegini, Arşda asylgy höwürgelere dolanjagyny habar berdi" Es-Sagdynyň sözi tamamlandy.

Bellik: Olaryň diriligi barzah ýagny gabyr ýaşaýyşynda ekeni.

E-Şeýh Muhammed bin Solyh El-Useýmiýn (Razyýallahu anhu) bu aýaty açyklap aýtdy:

"Allahyň ýolunda öldürilenlere "(Olar) ölüler" diýmäň! Tersine, (olar) diridirler, emma siz duýmarsyňyz"

﴿وَلَا تَقُولُواْ لِمَن يُقۡتَلُ فِي سَبِيلِ ٱللَّهِ أَمۡوَٰتُۚ بَلۡ أَحۡيَآءٞ وَلَٰكِن لَّا تَشۡعُرُونَ﴾


Allah Tagalanyň "Allahyň ýolunda öldürilenlere" diýen sözi, ýagny, kim Allahyň ýolunda öldürilse, ol bolsa Allahyň sözi ol iň beýik bolmagy üçin söweşendir.

Allah Tagalanyň "ölüler" sözi, ýagny, eýesi bozulan habar, manysy, Olar ölüler.

Egerde biri: Nädip ölü däller, olar öldülerä?" diýip sorasa, Jogap:

Bärde maksat, doly (mutlak) ölen ölüler diýmäň, ruhuň jesedi terk edýän ölümi barada däl , bu bolsa bar (bolýan zat), egerde ruhlary jesetlerini terk etmedik bolsady, olary jaýlamazdyk, olar iýip, içip (gömülmän) galardylar, ýöne olaryň doly (mutlak) ölmegi bolan zat däl, aýatda gelen "Tersine, diridirler" sözüdir, ýagny olar diridirler, ýagny, Tersine, (olar) diridirler". "diridirler" Eýesi bozulan habardyr. Diridirler, diri sözüniň köplügi. Maksat: Robbunyň ýanynda diridirler, edil Ali-Ymronyň aýatyndaky ýaly. Ol bolsa barzah ýaşaýyşydyr, nähilidigini biz bilmeris, ol ýaşaýyş jesediň dikelmegi üçin gerek bolan iýmite, içmege we howa, mätäç däldir. Şonuň üçin Allah Tagala aýtdy: "emma siz duýmarsyňyz" diýdi, ýagny ýaşaýşyny siz duýmarsyňyz, sebäbi ol gaýyp bolan barzah ýaşaýşy, egerde Allah Azza we Jelle aýtmadyk bolsady, ol barada bilmezdik."


Bellik: Şeýh (Rahymahullah) bärde doly we düşnükli açyklady, hatda bolýan waka tarapyndanam delil getirip beýän etdi, ýagny olaryň ruhlary jessetlerini terk etmedik bolsa, onda şehitler näme üçin jaýlanýar?! Diýmek Aýatdaky gürrüňi gidýän ölüm ruhuň jesedi taşlan ölümi dälde, hiç hili nugmat, lezzet duýman topraga siňip ýok bolmak ölüm bu bolsa beýle däldir, tersine gabyr ýaşaýşyndaky şehitler we möminler bu dünýä ýaşaýyndan has gowy we lezzetli ýaşaýyşdadyr.



Bu makalany şunluk bilen jemläýin, bolmasa bu barada ýene goşmaly zatlar kändi, makala uzamaklygy üçin we başga has möhüm işleriň ýerine ýetirilmegi üçin bu bilen çäkleneýin, ähli zady ýaradan Allahdan gelejekde munuň dowamyny bitirmegime ýardamy umyt etmek bilen tamamlaýyn.



Salam we Salawat nebiýleriň soňkysy Muhammede, onuň maşgalasyna, sahabalaryna we oňa kyýamat gününe deňeç eýerjekler bolsun.

([1]) Nahl 35 ([2]) Maide 92 ([3]) Ybraýym 1 ([4]) Hadyd 9 ([5]) Agraf 157 ([6]) Nisa 82 ([7]) Seret: Esbäbu Nuzul Lil-Wähidiý ([8]) Mustedrek alas-Sahyhaý, Häkim aýtdy: Muslimiň şertine görä sahyh,El-Ehädis El-Muhtäro, Ebu Dawud, Ahmed we başgalar. ([9]) Seret: Esbäbu Nuzul Lil-Wähidiý ([10]) Muňa isnäd diýilýär, habary aýdýan bilan habaryň asyl çeşmesi bolan kisiniň arasyndaky habarçylaryň zynçyry, bu zynjyr bilen Ymam Tagabary Mujahydyň bu aýat baradaky sözüni getirdi. ([11]) Ali Ymran 169 ([12]) Hakyky şehit waspy.

2 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page