top of page
Поиск

Allahdan gaýra damak çalynýan ýerde Allaha damak çalynarmy?

Ýagny, Allahdan başgalar üçin damak çalynýan ýerlerde, meselem: mazarystanlarda, ýa beýleki tagzym edilýän ýerlerde, ölülere işan-pirleriň ýoluna janly berilýän ýerlerde damak çalmak gadagandyr, Allahyň ýoluna hem bolsa . Sebäbi bu amal daşyndan şirk edýänleriň amalyna meňzeýär. Dogry, ýeke Allahyň ady bilen we ýeke Allah üçin çalynýar, ýöne şirk edilýän ýerde çalynýany üçin gadagandyr. Allahdan gaýrylara damak çalýanlar şol ýerleri beýleki ýerlerden üstün görenleri üçin, şol ýerleri tagzym edýänleri üçin damak çalýarlar. Sebäbi şol ýerlerde damak çalynyberse, ýeke Allahyň ýoluna hem bolsa soňy bilen şirke geçip gitmegi gaty ähtimaldyr. Allah Tagala "Toba" süresiniň 107-108-nji aýatlarynda şeýle diýýär:

"Olar (mynapyklar) muminlere zyýan bermek‚ küpüri ýaýratmak‚ muminleriň arasynda agzalalygy ornaşdyrmak hem-de öň Allaha we Onuň ilçisine garşy çykan adamlary getirmek üçin bir metjit gurdular. Soň olar: «Bu metjidi diňe ýagşylyk üçin gurduk» diýip kasam ederler. Bularyň baryp ýatan ýalançydygyna Allah şaýatdyr. Ol metjitde hiç wagt namaz okama!"

وَٱلَّذِينَ ٱتَّخَذُواْ مَسۡجِدٗا ضِرَارٗا وَكُفۡرٗا وَتَفۡرِيقَۢا بَيۡنَ ٱلۡمُؤۡمِنِينَ وَإِرۡصَادٗا لِّمَنۡ حَارَبَ ٱللَّهَ وَرَسُولَهُۥ مِن قَبۡلُۚ وَلَيَحۡلِفُنَّ إِنۡ أَرَدۡنَآ إِلَّا ٱلۡحُسۡنَىٰۖ وَٱللَّهُ يَشۡهَدُ إِنَّهُمۡ لَكَٰذِبُونَ ١٠٧ لَا تَقُمۡ فِيهِ أَبَدٗاۚ

Munafyklar ol mesjidi musulmanlary agzala edip, aralaryny bölüp, Yslama we musulmanlara duşmançylyk etmek üçin gurupdyrlar. Ýagny, Yslamy içinden ýykmagyň hilesini ulanypdyrlar. Şol sebäpli hem Allah - aýatda gelşi ýaly - pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) şol metjitde namaz okamaklygy gadagan edýär. Sebäbi ol metjitde namaz okamaklyk, olaryň betniýet pällerini ykrar etmekdir, olaryň güýçlerine güýç goşmakdyr.

Mälim bolşy ýaly, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) we sahabalar namazlaryny ýeke Allah üçin okaýan ekenler we musulmanlaryň arasyny bozmak niýetleri asla-da ýok ekeni. Muňa garamazdan, şonda-da Allah olara şol metjitde okamaklygy gadagan edýär. Edil şul ýagdaý damak çalynýan ýerlere hem degişlidir, ýagny, şirk edilýän ýerlerde damak çalmak gadagandyr, eger Allah üçin çalynýan bolsa-da.

Säbit Ibn Dahhak atly sahaba gürrüň berýär:

“"Büwäne" atly ýerde bir adam bir düýäni öldürmegi nezr (lebiz) edipdi, buny pygamberimizden soranda şeýle diýdi: "Ol ýerde jähiliýet (nadanlyk) döwrüniň çokunylýan butlaryndan but barmy?

"Ýok", " Ol ýerde muşrikler baýramçylyk edýärlermi (baýram belleýärlermi)?

"Ýok" - diýdi,

"Onda nezriňi berjaý et!"

(Ebu Dawud)

عن ثابت بن الضحاك رضي الله عنه قال:

"نذر رجل أن ينحر إبلا ببوانة، فسأل النبي صلى الله عليه وسلم فقال: هل كان فيها وثن من أوثان الجاهلية يُعبد؟ قالوا: لا. قال: فهل كان فيها عيد من أعيادهم؟ قالوا: لا. فقال رسول الله صلى الله عليه وسلم: أوف بنذرك"

Nezr - diniň parz etmedik zadyny özüňe borç edip parz etmek.

Meselem: şu gije 4 rekagat namaz okamagy özüme borç edýärin, ertir agyz beklemegi borç edýärin. Aslynda gije namaz we nefil roza parz däldir, ýöne ynsan özüne borç edensoň parza öwrülýändir.

Hadysymyza gaýdyp gelýäris, bir sahaba "Büwäne" diýilýän ýerde bir düýäni nezr edýär, pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şirk edilmeýänini anyklansoň, nezrini berjäý etmekligi buýurýar. Mundan çykýan netije - eger şirk edilýän bolsa, ýa edilen bolsa ol ýerde damak çalmak gadagandyr.

Şeýlelik bilen, ewliýa-gabyrlarda, mazarystanlarda, mal öldürip janly kesmek bütinleýin düýbinden haramdyr. Hatda Allah ady bilen Allah üçin soýulsa-da. Käbirleri şol ýerde soýsaň has sogaply bolýar diýip pikir edýärler, aslynda sogaply däl-de, beýan edip geçişimiz ýaly has günäli bolýar.

33 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page