Allahdan gaýra damak çalmak barada.
Bu babyň mazmuny - umumy janly kesmegiň, mal öldürmegiň, gurban etmekligiň hökümleri we görnüşleri hakyndadyr.
Damak çalmagyň iki sany möhüm meselesi bardyr:
1) Damak çalnanda kime çalynýan bolsa, şonuň adyny agzamak.
Meselem hristianlar "Isanyň ady bilen" diýýärler, emma biz musulmanlar "bismilläh" ýagny, "Allahyň ady bilen" diýýäris. Buňa "Tesmiýe" diýilýär.
2) Damak çalnanda kime bagyş edilýänini niýet etmeklik, ýagny, kime golaýlaşmak üçin, kimden sogap isläp çalynýanyny niýet etmek. Buňa gysgaça "Takarrub" diýilýär.
Elbetde, damak çalnanda hökmany suratda tesmiýe hem takarrub hem ýeke Allaha bolmalydyr, çünki, Allahdan başgasynyň adyna öldürülen janly halal däldir, şu aýatda aýdylşy ýaly:
"Allah size maslygy (haram ölen maly), damak gany, doňuz etini we Allahdan başgasynyň adyna (damagy) çalnan (malyň etini) haram etdi."
(Bakara 173)
إِنَّمَا حَرَّمَ عَلَيۡكُمُ ٱلۡمَيۡتَةَ وَٱلدَّمَ وَلَحۡمَ ٱلۡخِنزِيرِ وَمَآ أُهِلَّ بِهِۦ لِغَيۡرِ ٱللَّهِۖ
Damak çalmaklygyň dört haly bardyr:
1. Allahyň ady bilen Allah üçin çalmak.
2. Allahyň ady bilen Allahdan gaýry üçin çalmak.
3. Allahdan gaýry biriniň ady bilen Allahdan gaýry üçin çalmak
4. Allahdan gaýry biriniň ady bilen Allah üçin çalmak.
1-nji hal
Allahyň ady bilen Allaha takarrub (golaýlaşmak) üçin damak çalmak: bu tewhyddyr, ybadatdyr. Damak çalnanda tesmiýe hem takarrub hem Allah üçin bolmagy wäjipdir. Eger-de tesmiýäni bilkastlaýyn taşlap, Allahyň ady bilen çalmasa, ol öldürilen malyň eti halal däldir. Edil şolar ýaly hem, eger Allahdan başgasyna takarrub isläp çalsa, et halal bolmaýar. Emma Allahyň ady bilen çalsa, ýöne Allaha takarrub niýeti bolmasa we Allahdan gaýrylara takarrub niýeti hem bolmasa bu ýagdaýda mal haram bolmaýar. Ýagny, myhmanlara zyýapat üçin öldürse we niýetinde takarrub bolmasa-da et halaldyr. Sebäbi bu ýagdaýda janlyny soýujy Allahdan gaýrysyna takarrub edenok, Allahdan başgalaryň razylygy üçin soýanok, şeýlelik bilen, gadagan edilen damak çalmalara degişli däldir. Ýöne şonda-da musulman adam sogap gazanma mumkinçilikleri ýerlikli ulanyp, haýyrly pursatlary elden gidermeli däldir. Eger zyýapat üçin, et üçin, nahar üçin tapawudy ýok, haçan we nähili sebäpden mal öldürjek bolsa, Allahyň ady bilen we Allaha takarrub isläp damak çalmalydyr. Sebäbi bir amaldan iki sogap alyp bolýan bolsa näme üçin bir sogap bilen çäklenjek?! Ahyretde ynsan sogaba howa kimin mätäç boljakdyr, adamogly haýsy amaly sebäpli Allahyň rähmedine gowşup, Jennete girjegi belli däldir, şonuň üçin hiç bir haýyr-sogaply amaly kiçi görmeli däldir.
2-nji hal
Allahyň ady bilen soýup, ýagny, "bismilläh" diýip, emma niýetinde Allahdan gaýrysyna takarrub üçin janly öldürmeklik. “Bismilläh” diýýär-de, ýöne maly öldürmekde maksady Ak Işana, ýa Seýitjemaleddinjana, ýa Parawbibä, ýa başgalara takarrub isläp öldürýär. Bu uly şirkdir, sebäbi "bismilläh" diýse-de, onuň niýeti Allahdan gaýra takarrub etmek, onuň islegi ölüni tagzym etmek, bu hem aýny şirkdir. Tagzym etmekligiň bu görnüşi ýeke Allaha mahsusdyr, çünki, gan döküp, janly soýmak arkaly Allahdan başga hiç kim tagzym edilmeli däldir. Bular ýaly malyň etini iýmeklik hem halal däldir, "bismilläh" diýip damak çalsa-da.
3-nji hal
Allahdan başgasynyň ady bilen Allahdan başgasy üçin damak çalmak has ýowuz şirkdir. Mysal üçin: hristianlaryň Isanyň ady bilen Isa takarrub üçin soýmagy, ýa-da şaýylaryň öz ymamlary üçin janly öldürmegi, ýa-da Bedewiniň, ýa Huseýniň ýa Ak-Işanyň ýa Parawbibiniň adyna damak çalmak, bularyň hemmesi şirkdir.
4-nji hal
Allahdan başgasynyň ady bilen öldürüp, Allah üçin damak çalmak. Bu görnüş seýrek gabat gelse-de, onuň hökmüni öwrenmek gerekdir. Bu haldaky damak çalmak takarrubda şirk bolmasa-da tesmiýede şirkdir.
Allah Taala "Engam" süresiniň 162-nji aýatynda şeýle diýýär:
"Aýt: «Takyk, meniň namazym‚ damak çalmalarym‚ ýaşaýşym‚ ölümim älemleriň Perwerdigäri bolan Allah üçindir."
قُلۡ إِنَّ صَلَاتِي وَنُسُكِي وَمَحۡيَايَ وَمَمَاتِي لِلَّهِ رَبِّ ٱلۡعَٰلَمِينَ ١٦٢
Ýagny, Allah pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) bütin namazlaryň we janly öldürmeleriň, gurbanlyklaryň Onuň üçindigini aýtmagy buýurýar, hem takarrubda hem tesmiýede. Başga aýatynda şeýle diýýär:
"(Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa Köwser (howzuny) berdik! Indi sen Perwerdigäriň üçin namaz oka we gurbanlyk çal!"
(Kewser 1-2)
إِنَّآ أَعۡطَيۡنَٰكَ ٱلۡكَوۡثَرَ ١ فَصَلِّ لِرَبِّكَ وَٱنۡحَرۡ ٢
Bu aýatda hem ýeke Allaha gurban çalmagy buýurýar.
Gynansak-da, biziň halkymyzda damak çalmak şirki giňden ýaýrandyr. Ýörite gabyrystanlarda plan piriň adyna janly aýtmak üçin mal satyn alýarlar, ol ýerde damak çalma arkaly dürli hajatlaryny bitirmek umydy bilen sadaka berýärler. Ýa-da plan işanyň adyna soýup, ony Allah bilen arasynda ortaçy tutunýarlar. Emma bu zatlar öňki araplaryň aýny eden amallarydyr. Olar hem öz öwliýa-salyhlary Allah bilen aralarynda araçy bolup, olaryň dürli hajatlaryny ýerine ýetirip başarýarlar diýip ygtykat edýärdiler. Olaryň Allahyň gatynda uly abraýy bolansoň, olar öli bolsalar hem doga-dilegleri eşidip adamlary myrat-maksatlaryna ýetirip bilýärler diýýän ekenler. Hut şol sebäpli bütin damak çalmalaryny olara takarrub üçin, olary tagzym edip, janlylaryny olara bagyşlap, şolaryň ýoluna berer ekenler. Şul aýatda habar berilşi ýaly:
"Ondan (Allahdan) özge özlerine ýar edinenler: «Biz olara bizi diňe Allaha has-da ýakynlaşdyrmaklary üçin ybadat edýäris» (diýerler)."
(Zumer 3)
وَٱلَّذِينَ ٱتَّخَذُواْ مِن دُونِهِۦٓ أَوۡلِيَآءَ مَا نَعۡبُدُهُمۡ إِلَّا لِيُقَرِّبُونَآ إِلَى ٱللَّهِ زُلۡفَىٰٓ
Mälim bolşy ýaly, janlylar: düýeler, sygyrlar, goýun-geçiler adamoglunyň kalbyna giren baýlykdyr, olary sadaka bermek adamyň nebsine juda agyr düşer. Eger-de soýýan ýoluna hormaty, umydy, söýgüsi bolmasa damak çalmazdy. Eger kalbynyň baglylygy, daýanjy, sogap islegi bolmasa-dy beýle gymmat baýlygy bagyş etmezdi. Şeýle hem, bu damak çalmak ybadaty gysgançlyk we bahyllygyň synagydyr, adamyň kalbyny saplap, ruhuny arassalaýan ybadatdyr.
Şeýle bolan ybadaty Allahdan başga bagyş etmek nähili elhenç pygyl?! Eýsem hemme zady ýaradan, damarlardan ganlary aýlaýan Allah dälmi?! Allahyň iň esasy ýeke-täk bizden isleýän zady, bar ybadatlary ýeke Oňa bagyş etmekdir. Muslimiň Alidan habar beren hadysynda pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:
"Allahdan gaýrysyna damak çalany Allah näletländir."
لعن الله من ذبح لغير الله
Tapawudy ýok, Allahdan gaýry islendik zat bolsun, daş-agaç, ot-çöp, but, salyh-öwliýa, perişde, pygamber hiç birisiniň adyna damak çalmak rugsat däldir.
"Nälet" diýmek - Allahyň rähmetinden kowulmakdyr, daşlaşdyrylmakdyr.