
Agşam namazynyň azanyndan soň we kamatdan ozal nefil namazy okalarmy?
Agşam namazynyň azanyndan soň we kamatdan ozal nefil namazyny okamak barasynda Alymlar 3 pikire bölündiler:
1-nji:
“Okamak mustahab (sogaply, halanylýan iş)” diýenler, muny Şafygylar, Ymam Buhary, Ymam Muslim we Ibn Hazm Zohyry (Rahymahumullah) dagylar diýdiler, bular şu delillere daýandylar:
- Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem): "Agşam namazyndan ozal namaz okaň!" diýip üç gezek gaýtalap, yzyndan: "Kim islese" diýdi. Buhary 1183.
- Enes Bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: "Allaha kasam bolsun! Allahyň Resulynyň uly sahabalarynyň agşam namazynda (ýeke okalanda öňüňde tutulýan) sutralara ilkinji barmaga ýaryşýanlaryny gördüm" ýagny, şoňa baryp dessine nefil okamak üçin haýdaýardylar. Buhary 503
- Enes Bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: "Medinede egerde azançy agşam namazyna azan aýtsa, sutralara tarap haýdardylar we iki rekegatdan, iki rekagatdan namaz okardylar" Muslim 837
- Abdurryzzagyň (Rahymahullah) Musannyf (2/433) kitabynda Abdurrahman bin Awf we Ubeý bin Kab (Razyýallahu anhu) dagy Agşam namazyndan ozal iki rekegat okanlaryny getiren.
2-nji:
“Okalmaýar” diýdiler. Muny Hanafylarda (Rahymahumullah) has gowunyň tersi, Mälikilerde (Rahymahumullah) bolsa mekruh hasap edildi. Bular şu eserlere daýandylar:
- Tawus (Rahymahullah) aýtdy: Ibn Omardan ol barada soraldy, aýtdy: "Allahyň Resulynyň döwründe biriniňem ony okanyny görmedim we ikindi namazyndan soňra iki rekegata rugsat berdi" Ebu Dawud 1284
- Ybrahym Nahagy (Rahymahullah) aýtdy: "Ony Ebu Bekrem, Omaram we Osmanam okamady" Musannyf Abdurryzzak 2/434
3-nji:
“Jäiz, okasa bolýar” diýdiler. Muny Hanbalylar (Rahymahumullah) diýdiler, delilleri:
- Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: "Allahyň Resulynyň döwründen gün batanyndan soňra we agşam namazyndan ozal iki rekegat namaz okardyk" (Ýanyndaky:) Oňa: "Allahyň Resuly (Sallahu aleýhi we sellem) ol iki rekegaty okardymy?" diýdim, aýtdy: "Ol iki rekegaty biziň okaýanymyzy görerdi, buýurmardam, gadaganam etmezdi" Muslim 836
Mende dogrusy, birinjileriň aýdany, sebäbi:
- Daýanan delilleri güýçli, aýdyň bolmagy we delilleri Sahyh Buharyda we Sahyh Muslimde gelmedi/
- Birinjileriň delillerinde bilenlerini, görenlerini aýtdylar, ikinjide görmediklerini, bärde Hadys kadasy muny çürk kesik edýär, olam: "Bileniňki hujjet (çürtkesik delil, subutnama) bilmedigiň öňünde"
Muny Lejnetud-Däime, Ibn bäz we Ibn Useýmin (Rahymahumullah) dagylar hem dogry gördüler.
Ýöne bir bellik: Kim beýleki alymlaryň sözüni alsa, onuň bilen dawa etmeli däldir, bu meselede her kim haý höwesine görä delde haýsy-sy Allahyň öňünde has dogrudyr öýdenini alyp amal eder, garşydaşyna at dakmaz, günäkärlemezem, sebäbi bularyň ählisi Ehlisünnetiň sözleri. Bu meselede dawa etýän bolsa dinde bisowatlygy üçindir.
Has dogrusynam Allah biler