Поиск

Adamzadyň taryhynda ilkinji butlaryň peýda boluşy.

Nuhyň (Aleýhisseläm) zamanasyndan öň Allaha ybadat edip ýören salyh adamlar bardy. Adamlary ýagşylyga buýrup, ýamanlykdan gaýtarmakda il arasynda meşhurdylar. Haçanda olar dünýaden ötenlerinde adamlar gaty gynandylar, näme etjeklerini bilmeýärdiler. Şol wagt, Iblis olaryň gamgyn haldadyklaryny görüp, pursatdan peýdalanyp, adamlaryň ýanyna ynsan şekilinde baryp: “Siz näme uçin gamgyn bolup ýörsişüňiz, olaryň suratlaryny çekiňde köpkrak oturan ýerlerinde goýuň, haçanda suratlaryny göreniňizde biraz ýüregiňiz giňar.” diýen. Iblisiň bu hilesi adamlaryň göwünlerinden turupdyr. Soňra, adamlar dessine ölen ýagşyzadalaryň suratlaryny çekip, olaryň köp oturan ýerlerinde goýupdyrlar we suratlara seredip, şol ýagşyzadalary göz öňüne getirip, diýen sözlerini ýatlap özlerine azajyk hem bolsa teselli beripdirler.

Şeylelikde bul halk hem ölup täze nesiller gelipdir. Iblis ýene-de bularyň ýanyna adam şekilinde gelip: “Siziň ata-babalaryňyz bu suratlary çeken bolsa, siz has kämilini, gowusyny ediň, heýkellerini ýasaňda, öýleriňizde goýuň, şonda size has gowy bolar we öýleriňizi bezar” diýipdir. Adamlar hem bu pikri goldap daşdan, agaçdan ýonup Iblisiň diýişi ýaly edipdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu adamlar hem ölip, taze üçünji nesil gelipdir. Iblis ýene-de bularyň ýanyna adam şekilinde gelip: “Siziň ata-babalaryňyz bu heýkelleri öýleriňizde ýöne ýere goýmandyrlar, olara sygynyp kömek sorandyrlar, ybadat edendirler” diýen. Olar hem bu hilä aldanyp, heýkellere ybadat edip başlapdyrlar. Şeylelik bilen ilkinji gezek ýerìň ýüzünde Allahdan başgasyna ybadat edilip başlanypdyr. Soňra Allah Tagala Nuhy (Aleýhisseläm) iberip, bu zatlaryň şirkdigini diňe Allaha ybadat etmelidigini buýrýar. Nuh (Aleýhisseläm) 950 ýyllap kowmuna dagwat eden (Allaha şärik goşman, diňe ýeke Oňa Ybadat etmegi buýran). Ýöne köp adamlar oňa garşy gidip, Allaha kapyr boldylar. Allah Tagala garşy gidenleri gark etjegini açdyp, Nuha (Aleýhisseläm) uly gämi ýasamagyny emr edýär. Haçanda gämi taýyn bolanyndan soňra, Allahyň wadasy gelipdi. Iman edenler gämä münip halas boldylar, iman etmedikler hem suwda gark boldylar.

Ibn Kesiriň "Nuh "suresiniň tewsirinden

41 просмотр0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M