top of page
Поиск

Adamoglunyň küpriniň we dinlerini taşlamaklarynyň sebäbi - salyhlar babatynda öte geçmekligidir.

Обновлено: 5 июн. 2020 г.

Bundan öňki baplarda tewhydy buýurýan we şirkden gaýtarýan aýat-hadyslar barada agzapdyk we ol delilleriň açyk-aýdyň şirki batyla çykarýanyny belläpdik.

Ýöne, eger şirk şeýle aýdyň gaýtarylan bolsa, näme üçin adamlar ondan saplananoklar? Näme üçin ony entägem ýagşy amal, gözel ybadat diýip hasap edýärler? Bu bap edil şu soraglara jogap hökmündedir. Ýagny, olar salyhlary söýmekde, sylag-hormat goýmakda, olara eýermekde şeýle bir öte geçdiler, hatda bu öte geçmeleri olary şirke eltdi. Şeýtan olara bu amalyň şirkdigini gizläp, olara bu amaly ybadat (sogap) edip, bezäp görkezdi.

Diýmek, şirk etmeleriniň esasy sebäbi - salyhlar hakynda öte geçmek, çenden aşmakdyr. Salyhlaryň içine pygamberler, alymlar, weliler, şehitler girýändir.


Salyhlar babatynda adamlaryň iki synpy ýalňyşdy:

1. Sowuksala bolanlar, sowuk garanlar. Bular salyhlary söýmeýärler, olara sylag-hormat hem goýmaýarlar, olara eýermeýärlerem. Bular pygamberleriň, salyhlaryň öwüt-nesihatlaryny berjaý etmekde we gadaganlyklary taşlamakda olara boýun bolmaýarlar.

2. Öte geçenler, çenden aşanlar. Ýagny, şerigadyň çyzan çäklerinden çykmak. Öte geçmekligiň mysallary:

- Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) gaýyby bilýär diýmek.

- Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) doga-dilegleri eşidip, kabul edýär diýmeklik.

- Busaýry atly bir adam bir goşgusynda şu manyly setirleri aýdýar: (Onuň (pygamberiň) waspyny kämil derejede taryplaýan bir aýat hem inmedi, eger-de onuň ady tutulanda guma-küle öwrülen jeset janlanyp direlse, ynha şonda onuň tarypy ýerine düşer.). Ýagny, hatda Kuran hem Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) hakyky tarypyny etmänmiş, bundan aňyrda öte geçmeklik, azaşmaklyk barmyka?!

- Pirlere polýuslary (ýeriň bölekleri) bölüp berip, olar ol ýerleri dolandyrýar diýip ynanç götermek. Hakykatdanam, käbir bendeler plan pir ýeriň plan bölegine seredýänçi, plan pir başga bölegine jogap berýär diýip ygtykat edýärler.

- Pirler islän kişilerine şefagat edip başarýarlar diýip ygtykat edýärler. Aslynda şefagat ýeke Allahyň elindedir.

Allah Taala şeýle diýýär:

"Eý, ähli-kitap! Diniňiz hakda (nädogry zatlary aýdyp) hetden aşmaň, Allaha garşy hakdan başga zat aýtmaň!" (Nisa 171)

يَٰٓأَهۡلَ ٱلۡكِتَٰبِ لَا تَغۡلُواْ فِي دِينِكُمۡ وَلَا تَقُولُواْ عَلَى ٱللَّهِ إِلَّا ٱلۡحَقَّۚ

Ehli-kitap - jöhitler we hristianlardyr. Bu iki kowum öz pygamberleri we salyhlary babatynda öte geçdiler. Jöhitler Uzeýr atly adama Allahyň ogly diýdiler, emma hristianlar Isa aleýhisseläme Allahyň ogly diýdiler. Allah Muhammet ymmatyny öňkileriň eden ýalňyşyny etmezleri ýaly duýdurýar.

Başga bir hadysda şeýle diýilýär:

"Sizi öte geçmeklikden ägälendirýärin, çünki, sizden öňkileri öte geçmeklik heläk edendir".

(Ahmed Ibn Mäje Nesäi)

"إياكم والغلو، فإنما أهلك من كان قبلكم الغلو"

Bu hadysda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Ibn Abbasa Haj edip ýörkä kiçijek daş alyp ber diýýär, yzyndanam bu hadysy aýdýar, ýagny, zyňmak üçin uly daşlaryň hökman däldigini bildirýär we hatda şular ýaly meselede-de ortak ýoly saýlap çenden aşmaklygy gadagan edýär.

"Sahyhda" Ibn Abbas: "Aýtdylar: (Ilähleriňiz bolan Weddi, Suwagy, Ýagusy, Ýaguky we Nesri taşlamaň!”([1]) şu aýat barada şeýle diýýär:

“Bu atlar salyh adamlaryň atlarydyr. Ölenlerinden soň, şeýtan yzyndakylara şeýle waswasa berdi: “Olaryň ýerlerinden heýkellerni guruň. Ol heýkellerne olaryň atlaryny dakyň.” Yzyndakylar hem etdiler. Bu nesil aýrylyp, yzyndaky nesil gelende we ylym ýitirim bolandan soň, ýaňky binalara ybadat edip başladylar.”

"أسماء رجال صالحين من قوم نوح، فلما هلكوا أوحى الشيطان إلى قومهم، أن انصبوا إلى مجالسهم التي كانوا يجلسون أنصابا وسموها بأسمائهم، ففعلوا، فلم تعبد، حتى إذا هلك أولئك وتنسخ العلم عبدت".

Bu habara dykkat etsek, şeýtanyň adamlary azaşdyrmakda nähili derejede hytyrdygyna, mekirdigine, şol wagtyň özünde sabyrlydygyna göz ýetireris. Ýagny, şeýtan olaryň ýanyna gelip göni "ybadat ediň" diýmedi, megerem, adamlary dereje-dereje, ýuwaş-ýuwaşdan azaşdyrdy. Ilki bilen şeýle waswasa berdi: “Olar salyh adamlardyr, olary ýatlap durmaklyk üçin, olardan ýadygärlik bolmagy üçin olaryň suratlaryny çekiň, olaryň heýkellerini ýasaň.” Olar hem buny ýagşy niýet bilen, olara ybadat etmek maksady bilen däl-de, olara söýgi bildirmek bahanasy bilen bu zatlary edip, duzaga düşdiler. Emma bu nesiliň ýerine ondan soňkular gelende ýaňky surat-heýkellere ybadat edip başladylar, bahanalaram näme: “Ata-babalarymyz bulary keýpine guran däldir, olaryň sylag-hormata, uly abraýa eýe bolandyklary üçin gurandyrlar, şol sebäpli olary Allah bilen aralarymyzda ortaçy tutunmalydyrys.” Şeýdip, dünýede ilkinji şirk edildi. Şeýtan olara göni şirki buýurmady, megerem, ilki bidgaty etdirtdi we bidgat hem şirkiň açarydyr. Soňra olar siziň şepafatçylaryňyz diýdi, şeýdip, ädim-ädim, garş-garş olary iň şerli zada, şirke eltdi.

Gynansak-da, käbir adamlar çenden aşa kalplaryny ölüler bilen baglaýarlar, gabyrlaryň ýanlaryna baryp oturup, wagtlaryny olary ýatlap geçirýärler. Olardan bereket umyt edip, Ýeke Allahyň başarýan zadyny olardan dileýärler.

Omaryň hadysynda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

"Hristianlaryň Merýem ogly Isany hetden artyk taryplaýyşlary (ýaly meni taryplamaň! Men diňe gulduryn, şonuň üçin Allahyň guly we ilçisi diýiň!"

(Buhary we Muslim).

"لا تطروني كما أطرت النصارى ابن مريم؛ إنما أنا عبد، فقولوا: عبد الله ورسوله"

Bu hadysda iki azaşan topara-da gaýtargy bardyr:

(Allahyň guly) ýagny, Allahyň guly diýiň diýip buýurýar, bunda öte geçenlere gaýtargy bardyr, çünki, başga bir hadysda şeýle diýýär: "Meni berilenden artyk mertebä götermäň!" ýagny, maňa Allahyň Resuly diýiň Allahyň guly diýiň emma Allaha mahsus zatlary maňa ýöňkemäň!.

(we ilçisi diýiň) ýagny, Allahyň ilçisi diýiň diýýär, bunda sowuksala garaýanlara gaýtargy bardyr. Allahyň Resulydygyny ykrar eden kişi onuň buýruklaryny ýerine ýetirip, gadaganlyklaryndan daşda bolar.

Ibn Mesuddan Muslimyň habar beren hadysynda:

"Tanattug (gereginden artyk inçeleşýänler) edýänler heläk boldular", bu sözi üç gezek gaýtalady."

"هلك المتنطعون قالها ثلاثا"

"Tanattug" - gereginden artyk biljek bolmak, sorag bermek, borç däl zatlara gumra bolup batmak, dinde ýok zatlary ybadat edinmek.

Meselem:

Üýşüp jemagat bolup zikr etmek, dinde ýok sözleri aýdyp, titreşip bökjekläp, tans oýnamak, ýa pygamberiň doglan gününi bellemek, bahanalaram - pygambere bolan söýgülerini äşgär etmek. Emma Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: "Meni berilenden artyk mertebä götermäň!"

Pygamberi söýmegiň hakyky manysy: Oňa boýun bolmakdyr. Nädip pygamberiň gadagan eden işini edip yzyndanam ony söýýän diýip biljek?! Bärde hem şeýtanyň hilesi belli bolýar, ýagny, şeýtan ynsana göni haram işleri etdirip bilmese, ony ybadat işlerinde öte geçirdip, çenden aşyrýan ekeni. Ýagny, şeýtan ynsana "pygamberi söý pygamberi söý" diýip, iň soňunda pygambere ýeke Allaha mahsus bolan wasplary ýöňkedip başladýar, meselem: doga-dilegleri eşitmek, gaýyby bilmek. Şeýlelik bilen şeýtan hemişe öz şerini hile edip, ony bezäp, hak öýtdürip adamlara hödürleýändir. Allah bizi onuň şerinden gorasyn.

([1]) (Nuh 23)

36 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page