Adamlaryň köpüsiniň edýän zady, onuň dogrudygyny aňladýarmy?
Bismillähirrahmänirrahyým, Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen başlaýaryn. Hamd-senälar Allaha mahsusdyr, salam we salawat onuň hem ilçisi, hem guly, bendesi Muhammede, maşgalasyna, ýoldaşlaryna we ahyret gününe deňeç oňa eýerjeklere bolsun.
Bu makalada, haçanda Kurana we Sahyh Hadyslara daýanyp, bir zadyň dogrudygyny ýa-da ýalňyşdygyny aýtsaň, köplenç diňleýjiniň ilkinji oýuna gelýän “Ýöne buny uly il edýär-ä” ýa-da “Buny adamlaryň köpüsi edýär-ä” diýen pikir bolýar. Köpçüligiň edýäni dinimizde kabul ederli delilmi, ýa asla daýanylmaýan zatlaryň birisimi, şu barada durup geçerin.
Bu meselä girmezimden ozal, dinimizde delildigine bir agyzdan([1]) goldanan zatlary agzamakçy: Olar 4 sany:
1-Kuran, 2-Sahyh Hadys, 3-Ijmag (bir agyzdan goldanmak), 4-Kyýas(1).
1-Kurany Kerim:
Ol Allahyň sözi, ýaradylan zat däl, Jibriliň üsti bilen Muhammede inderilen, okalmagy ybadat, mugjyza (gudrat).
Açyklama:
Allahyň sözi, ýaradylan zat däl: Allah Kurandaky sözleri hakykatdanam gepländir, ony ýaradan däldir.
Jibriliň üsti bilen Muhammede inderilen: Ony Wahyý inderiji perişde Jibril eşidip Pygamberleriň soňkusy Muhammede (Sallallahu aleýhi we sellem) getirendir.
Okalmagy ybadat: Ýagny kim Kuran okasa sogap alar, hatda oňa düşünmese-de.
Mugjyza (gudrat): Kuran söz saýlaýyş, sözlem düzüliş, arap grammatika taýdan, berýän manylary taýdan, geçmişiň we geljegiň habarlaryndan özünde saklanmak taýdan taýy bolmadyk, hatda Allah Kuranyň garşydaşlaryna Kurandaky ýaly ýeke parça söz düzüp bilmejeklerini aýdyp, olara buňa synanyşmaklaryna çakylyk oklandyr.
2-Sahyh Hadys:
Bärde iki zat açyklamaly: 1-Sahyh, 2-Hadys. Ilki bilen Hadysy açyklamakçy, sebäbi sahyh sözi onuň sypaty bolup geleni üçin, onuň manysy bilen bagly:
Hadys:
Muhammediň (Sallallahu aleýhi we sellem) eden işi, aýdan sözi we dymyp tassyklan zady.
Sahyh: Bu dil taýdan - dogry, sagat diýmek.
Sahyhyň bärdäki manysy:
Pygamberden hadysy ýetirýän kişi adyl, zobyt bolmagy, şu wasplar hadysy getirenleriň ählisinde bolmagy, kesellerden sap bolmagy we şäz bolmazlygy.
Gysgaça açyklama:
Adyl: Tersi fasyk. Uly günäler aýdyň edýän kişi, sebäbi uly günäleri edýän kişiden ulum öwrenilmeýär.
Zobyt: Eşiden zadyna düşünip bilýän we eşidişi ýaly aýdyp bilýän.
Şu wasplar hadysy getirenleriň ählisinde bolmagy: Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) hadysy getiren zynjyrdaky ählisi hem adyl bolmaly hem zobyt bolmaly. Meselem Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) hadysy, Omar eşiden bolsa, olam şol hadysy aýdanynda ondan Amyr eşiden bolsa, Amyryň aýdanynam Holyd eşiden bolsa, şularyň aýdan hadysynyň adamlaryna, ýagny Omar, Amyr we Holyda, hadysyň senedi ýa-da zynjyry diýilýär, şu zynjyrdaky kişiler hem adyl bolmaly hem zobyt bolmaly, bolmasa hadys sahyh derejä ýetip bilmeýär.
Kesellerden sap bolmagy: Hadysyň kesellisi bolýar, ýagny hadysy sagdynlykdan düşürýän keseller, meselem: zynjyrynda ýalançy bolmagy, ýa köp unudýan kişi bolmagy, ýa asla tanalmaýan kişi bolmagy, ýa fasyk bolmagy we ş.m
Şäz bolmazlygy: Özünden güýçli ýol bilen gelene garşy, ters bolmazlygy.
Ýokarky sananymyz Hadysyň sahyh bolmagy üçin şertler, onuň ýeri hadys ylmy, bärde biz öz dilimizde aýtsak: Bize hadysyň dogry, sagat bolup ýetmegi, hakykatdanam şol hadys Pygamberimizden sallallahu aleýhi wesellem bolmagy, onuň adyndan aýdylan, ýa onuň adyna delilsiz ýöňkelen bolmazlygy we özünden güýçli ýol bilen gelene garşy bolmazlygy.
3-Ijmag:
Muhammet Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) ölüminden soň, onuň ymmatynyň bir asyryndaky mujtehidleriniň dine degişli bir zat babatynda bir agyzdan delile daýanyp ylalaşmaklary.
Açyklama:
Muhammet Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) ölüminden soň: Sebäbi Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) diri wagty ijmaga mätäç däldiler, mujtehidleriň öz pikirlerini aýtmagyň geregi ýokdy, tersine olar Muhammet Pygambere (Sallallahu aleýhi we sellem) eýermäge borçludylar.
onuň ymmatynyň bir asyryndaky mujtehidleriniň: Sebäbi gaýry dinlileriň bir zat barada ylalaşmalary bizde ygtybarly däl. Bu bir tarapdan, beýleki tarapdan bolsa, musulman ymmatyň mujtehid alymlarynyň ylalaşmagy barada gürrüň gidýär, dinde bisowatlaryň ylalaşmagy däl. Dinde bisowatlaryň ylalaşmaklary ygtybarly däl.
dine degişli bir zat babatynda: dine degişli däl zat babatynda ylalaşsalar buňa dinimizde ijmag diýilmeýär.
bir agyzdan: ýagny bir agyzdan garşylyksyz goldamaklary.
delile daýanyp ylalaşmaklary: Öz haý-höweslerine görä dälde, Kurandan we Sahyh Hadysdan bir asla daýanmaklary.
Ijmagyň bizde delil hökmünde kabul edilýändigine subutnama, ol Pygamber (Sallallahu aleýhi we sellem) sözi bolup durýandyr:
“Takyk, Allah Meniň Ymmatymy ýalňyşda jemlemez, birleşdirmez” (Tirmizi we Ahmed)- ýagny alymlaryny.
4-Kyýas:
Dinde hökmi agzalmadyk zady, hökümi agzalan zada ikisiniň sebäbiniň bir bolany üçin dini hökümde deňemek.
Bunuň görnüşleri köp, bu biziň mowzugymyz bolmany üçin gysgaça agzaýyn, meselem:
Allah Tagala Kuranda aýtdy: “Ol ikisine uf diýaýmegin” (Isro 23) ýagny, eneň- ataňa uf diýibem bolsa göwünlerine degme, olardan darygýanyňyzy olara bildirme. Bu kerim aýatda, olary urmak barada gürrüň gitmedi, ýöne olara uf hem diýmekden daşda durmaly bolsa, urmaklykdan hasam daşda durmaly. Aýatda ene-ata “uf” diýmegi gadagan etdi, ýagny haram etdi, urmak ondanam beter, diýmek urmagam haram, bu taýda, urmaklygyň dinde hökümini, “uf” diýmege deňäp haram diýdik, ikisini jemleýän sebäp bolsa - ene-ata garşylyk görkezmek, olara “uf” diýmek olara garşy bolmak, olary urmagam olara garşy bolmak.
Başga mysal: Allah Tahala aýtdy:
“Takyk, ýetimleriň emlägini nähak ýere iýenler, (aslynda) garynlarynda bir ot iýýändirler. Olar (kyýamat güni) lowlap ýanýan oda düşerler.” (Nisa 10) Bu aýatda ýetimleriň emläklerini iýmegi haram edildi, şuňa olaryň emläklerini ýakmak, zaýalamagam girýär, sebäbi bularam aýatdaky agzalan manyda, aýatda ýakmak barada söz gitmedi, ýöne olaryň emlägini ýakmaklyk bilen iýmekligiň haram edilmek sebäbi bir bolany üçin, ikisem haram hökümi aldy.
Başga Mysal: Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Gyzyly gyzyl bilen, kümüşi kümüş bilen, bugdaýy bugdaý bilen, arpany arpa bilen, duzy duz bilen we hurmany hurma bilen diňe elden ele, ikisem bir deňi ölçegde bolmasa, kim artdyrsa ýada artyklyk talap etse, süýthorluk edendir” (Muslim) ýagny, kim arpa berip ýerine arpa aljak bolsa, hem elden ele bolmaly, hem beriljegiňem, alynjagyňam agramy deň bolmaly. Alymlar bu hadysdan iki jynsdaky zady çykardylar:
1) Bahasy bolan zat, gymmatlygy bar zat, bu gyzyl bilen kümüş.
2) Çekilýän we ölçenýän zat bolup, iýmit bolan zat. Bu bolsa: hurma, arpa, bugdaý we duz. Indi, hadysda agzalan zatlardan başga çekilýän iýmitler hadysyň hökümine degişli dälmi? Ýagny, diňe agzalan ir-iýmitler degişlimi ýa şolaryň waspyndaky beýleki ir-iýmitlerem degişlimi? Bu soraga jogap bermek üçin kyýasy ulanýarys: meselem: tüwi ölçenilýär we iýmit hasaplanýar, edil hadysdaky agzalan iýmitler ýaly, şu sebäpden bulam edil hadysdakylaryň hökümini alýar, ýagny tüwini tüwi bilen çalyşjak bolsak, hökman hem elden-ele bolmaly, ýarysyny alyp, galanyny soňa goýmaly däl, hem beriljek tüwiniňem, alynjak tüwiniňem agramy deň bolmaly, ýogasa süýthorluga gaçarys, edil hurma, bugdaý, arpa, duzdaky ýaly. Bularyň barysyny jemleýän zat bolsa - ölçeg ýa-da çekim we iýmit bolmagy bilen bile.
Egerde dinimizde şek-şübhesiz ýokarky agzanlarymyzyň delildigine göz ýetiren bolsaň, indi köp adamlaryň edýän zady dinimizde kabul ederlimi, bu dinimizde dogry hasap edilermi, bu barada ýazmakçy.
Köpçüligiň edýän zady üç bölege bölünýär.
1 - Olaryň edýän zady dinimizdäki delile ýagny: Kurana, ýa Sahyh Hadysa, ýa Ijmaga ýa dogry Kyýasa ters gelmegi. Ine bu görnüşdäkisi haram, sebäbi Allaha ters gitmekdir. Egerde üns berseňiz köp pygamberler öz halkyna iberlenlerinde, halky olara garşy çykypdylar, onuň çagyrýan zadyna ters iş edipdiler, Allah we pygamberler olary bu etmişleri üçin ýazgarypdyr. Bu baradaky aýatlar we hadyslar geljekki setirlerde jemlärin.
Buňa mysal görnüşde, gabyrlara ybadat etmek, Allahdan başga ýykylmak, Allah bilen başgany deňemek, arak içmek, ýalan sözlemek, para almak, zyna etmek, ogurlyk etmek we ş.m, indi bulary adamlaryň köpçüligi edýär diýip dogry, halal diýip bolarmy?!
2 - Olaryň edýän zady dinimize gabat gelmegi ýada dinimiz bir zady adamlaryň arasynda edilşi ýaly etmegi buýurmagy. Meselem: myhmana hödür-kerem etmek, sadaka bermek, ejize arka durmak, ene-ata bilen ýagşy gatnaşmak we ş.m. ýada dinimiziň adamlaryň arasynda belli bolan bir zady buýurmagy, buňa mysal: kaka öz çagasy üçin eklemekde näçe sowmaly, ýa öz hatynyny eklemekde näçe harç etmeli, ine bu meseleleri adamlaryň arasyndaky belli bolan hal çözýär, buňa dinimizde urf diýilýar, Allah Tagala aýtdy:
“(Araňyzdaky) adata görä olaryň eklenji we egin-eşik bilen üpjünçiligi çaga özi üçin dogrulan atanyň borjudyr.” (Bakara 233) -Ýagny, çagasy bolan erkek, çagany we onuň ejesini araňyzdaky adata görä eklemegi, geýindirmegi parzdyr.
Ine bu görnüşdäki işleri dogry, dürs, adamlaryň edeni üçin däl, dinimizde dogry bolany üçin we buýrany üçin edilýär.
3 - Dinimiz olaryň edýän zadyny göniden göni buýurmadam ýada gadaganam etmedi.
Meselem, ýol yşaratlary, ýa belli bir görnüşde geýinmekleri, jaý guruş şekilleri we ş.m.
Bularyň hökümi egerde dine ters gelmese dogry, hiç bir din bilen bagly bolmasa, zyýany ýok bolsa, gaýry dinlilere meňzemeklik bolmasa buny etmeklik dogry.
Eger-de şulara düşünen bolsaň, köpleriň edýän zadyna daýanmaklygyň dinimizdäki ornuna düşünensiň, ol bolsa, dinimizde köpçüligiň edýäniniň delil hökmünde asla ygtybar berilmezligidir, diňe diniň özi käbir zadyň möçberini ýa hilini adamlaryň arasyndaky adata görä etmegi buýran bolmasa.
Gel indi, adamlaryň köpüsi barada Allahyň Kuranda aýdan sözlerine ser salaly:
“Adamlaryň köpüsi şükür etmeýärler” (Bakara 243, Ýüsüp 38, Gafyr 61)
“Adamalaryň köpüsi bilmeýärler” (Agraf 187, Ýüsüp 21, 40, 68, Nahl 38, Rum 6, 30, Saba 28, 36, Gafyr 57, Jasiýe 26)
“Adamalaryň köpüsi iman etmeýärler” (Hud 17, Ragd 1, Gafyr 59)
“Sen (Muhammet) hernäçe gaýrat etseň-de adamlaryň köpüsi iman etmezler.” (Ýüsüp 103)
“Kasam bolsun! Biz bu Kuranda adamlara her dürli mysaly öwran-öwran beýan etdik. Şonda-da ynsanlaryň köpüsi (hakdan) ýüz öwrüp, diňe kapyrlyga (baş goşýar).” (Isro 89)
“Öwüt-nesihat almaklary üçin ol (suwy ynsanlaryň we ýer ýüzüniň jandarlarynyň) aralarynda paýladyk. Emma, ynsanlaryň köpüsi muňa bigadyrlyk bilen jogap berdiler.” (Furkan 50)
Indi Kuranda “Köpleri” diýen söz ýa-da şol manydaky sözler:
“Olar eger bir ähti-peýman etseler, her gezek hem özlerinden bir topar ol ähti-peýmany bozýar Olaryň köpüsi iman etmeýär” (Bakara 100)
“Käşgä, ähli-kitap hem iman etsedi, elbetde, bu özleri üçin gowy bolardy. Olaryň (aralarynda) iman edenler bardyr, (emma) olaryň köpüsi (ýoldan çykan) pasyklardyr.”(Ali-Ymron 110)
“Allah bahiradan, säibeden, wasyladan we hamydan hiç zat (emir) eden däldir. Ýöne kapyrlar (muny bize Allah emir etdi diýip) Allahyň (adyndan) ýalan toslaýarlar. Olaryň köpüsi muňa akyl ýetirip bilmezler.” (Maide 103)
“Köpüsi bilmeýärler” (Anam 37)
“Eger Biz olara (isleýişleri ýaly) perişdeleri (pygamber edip) indersedik, ölüler hem (direlip) olar bilen gepleşsedi we hemme zady aç-açan öňlerinde jemlesedik, şonda-da Allahyň isläninden başgalary (bir bahana tapyp) iman getirmezdiler. Ýöne olaryň köpüsi (iman getirmegiň Allahyň ygtyýaryna baglydygyna) düşünmeýärler.” (Anam 111)
“(Şeýtan:) «Bes‚ Sen meni (adam sebäpli) azgynlyga bagly edendigiň üçin‚ menem (olary azdyrmak üçin) Seniň dogry ýoluň ugrunda (duzak gurup) oturaryn. Soň olaryň kä öňlerinden‚ kä yzlaryndan‚ kä saglaryndan‚ kä çeplerinden bararyn we (olara was-wasylyk berip azdyraryn). Sen olaryň köpüsiniň näşükürdigini görersiň!» diýdi.” (Araf 17)
“Biz olaryň köpüsinde ähde wepalylyk görmedik. Olaryň aglabasyny diňe (emre boýun bolmazlykda) bozgaklykda gördük.” (Araf 102)
“Olara ýagşylyk‚ bolluk gelen mahaly: «Ine, bu biziň hakymyz! Biz muňa öz başarnygymyz bilen ýetdik» diýerler. Eger üstlerine bir erbetlik geläýse welin‚ ony Musa bilen töweregindäki möminleriň şumlugy zerarly diýip, olaryň üstüne atýarlar. (Üns beriň‚ ýagşylygy ýaradyşy ýaly,) erbetligi-de diňe Allahdandyr, Ýöne muny olaryň köpüsi bilmez.” (Araf 131)
“Olaryň köpüsi gümandan başga zada eýermeýärler. Gümanyň bolsa hakyň ýanynda hiç bir ähmiýeti ýokdur.” (Ýunus 36)
“Köpüsi Allaha iman etmezler, megerem olar müşrik hallaryndadyr” (Ýüsüp 105)
“Allahyň beren nygmatlaryny bilerler, soňra olary inkär ederler we olaryň köpüsi kapyrdyrlar” (Nahl 83)
“Olar özlerine Allahdan başga ilähler (ybadat edilýänler) edindilermi? Sen olara: «Hany, anyk delilleriňizi getiriň bakaly, ine, meniň ýanymdakylaryň we menden öňküleriň kitaby» diýip aýt. Ýok, olaryň aglabasy haky bilmeýärler, şol sebäpli, hem ondan ýüz öwürýärler.” (Enbiýa 24)
“Ýa-da «Onda (Muhammetde) bir dälilik bar» diýýärlermi? Tersine, ol olara hakykaty getirdi we olaryň köpüsi hakykaty ýigrenýändir.” (Möminun 70)
“Bular şeýtanlara gulak asarlar we köpüsi hem ýalançydyrlar.” (Şu-ara 223)
“Aýt (eý, Muhammet!): «Siz ýer ýüzüne aýlanyň we öňki milletleriň ahyrky netijeleriniň nähili bolandygyny görüň! Olaryň köpüsi Allaha şärik goşan kişilerdi».”(Rum 42)
“Bu kitap (jenneti) buşlaýjy we (dowzahy) duýduryjy kitapdyr. Emma olaryň köpüsi (mundan) ýüz öwürdiler. Indi olar (hak söze) gulak asmazlar.” (Fussylat 4)
Hadysdan bu barada:
Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:
“Maňa (kyýamatdaky) ymmatlar görkezildi, pygamber gördüm we onuň bilen 10-a golaý adam bardy, pygamber gördüm we onuň bilen bir ýa iki kişi bardy we pygamber gördüm we onuň bilen hiç kim ýokdy” (Muttefikun aleýh)
Görýäňmi -Allah saňa rehmet etsin- käbir pygamber bolup geçen diňe yzyna 10-a golaý adam düşen, käbiri bolan 1 ýa 2 kişi kabul eden, käbiri bolan asla hiç kim yzyna düşmedik, kabul etmedik, adamlaryň köpüsi Allahyň ilçisini inkär edip, kabul etmedik. Nädip olaryň köp bolmagy olaryňkyny dogry etsin?!
Goý, Allah Tagala bize haky görkezsin we bizi oňa eýerenlerden etsin, bize batyly görkezsin we bizi ondan daşlaşanlardan etsin. Beýik Allahdan bizi, ene-atalarymyzy, ähli musulman erkeklerini we zenanlaryny bagyşlamagyny dileýärin.
([1]) Kyýasyň delildigine diňe Zohyrylar garşy çykdy, bularyň garşylygy hem ygtybarly däl.