Поиск

Abdullah ibn Omaryň - Razyýallahu anhu - ömür beýany.

Обновлено: 29 авг. 2020 г.

Ebu Abdurrahman Abdullah ibn Omar ibn Hattab muhaddis, fakyh, beýik sahabalaryň birisi, ikinji halyfyň, Omaryň ogly, Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp hadys habar beren sahabalaryň birisi, öz ylmy, takwalygy, sahylygy, ybadaty bilen meşhur bolan sahabalaryň birisi.

Kunýesi: Ebu Abdurrahman

Ady: Abdullah

Kakasy: Omar bin Hattab

Ibn Omar -Omaryň ogly- diýip hem tanalýar

Abdullah hijretden 10 ýyl öň Mekgede eneden dogulýar. Ol kakasy bilen entäk ýetginjek ýaşyna ýetmänkä Mekgede Yslamy kabul edýär. Soňra Medinä göçensoň köp wagtlaryny Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanynda geçirer ekeni. Haçanda Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Bedir söweşine çykmaklygy buýranda kiçijek Abdullah hem gelýär, ýöne onuň entäk ýaş bolany üçin Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ony yzyna gaýtarýar. Edil şolar ýaly Uhud söweşinde gaýtalanýar. Pygamberimiz Abdullah ibn Omara diňe Hendek söweşinde haçanda 15 ýaşa ýetende musulmanlaryň goşunyna goşulmagy rugsat berýär. Şondan soň Abdullah Pygamberimiz bilen birnäçe söweşlere gatnaşýar: Agaç beýgadyna, Mekgäniň açyşyna, Mute söweşine.

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykansoň Abdullah Şamyň, Yragyň, Parsyň, Müsüriň, Azerbaýjanyň açyşlaryna gatnaşdy, soňra Medinä yzyna dolanyp, ol ýerde ýaşady. Ony Osman kazy bolmaklyga çagyrynda ol boýun almady, haçanda Osmanyň daşy gabalanda ol kakasynyň gylyjyny alyp, ony gorapdy.

Abdullah ibn Omar hadyslary köp habar beren sahabalaryň birisidir, onuň aýratyn ýeri ol hadysy habar berende jikme-jik, sözme-söz ýetirmeklige gaty üns berer ekeni, Muhammet ibn Bäkyr aýdýar:

"Ibn Omar Allahyň Resulyndan (Sallallahu aleýhi we sellem) hadys eşidip (ony habar berende) hiç hili artdyrmazdam kemeltmezdem, hiç kim onuň bilen deň däldi."

Ibn Omardan Buhary we Muslimiň ylalaşan hadyslary 168 sany, diňe Buharynyň ondan özbaşdak habar bereni 81, diňe Muslimiň ondan özbaşdak habar bereni 31. Bu diňe iki sahyhda şeýle, ondan başga onuň ençeme hadyslary beýleki kitaplarda ýazylandyr.

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) Abdullah ibn Omar barada şeýle diýýär:

“Abdullah nähili gowy oglan, bir ýöne gije namaz okasady.”

Ogly Sälim aýdýar: “Şondan soň, gijelerine az ýatardy.”

Said ibn Museýýib aýdýar:

“Ibn Omar ölen güni öldi we Allaha şonuň amallary bilen duşmaklyk isleýşim ýaly hiç kimiň amallary bilen duşmak islemeýärin.”

Ýene aýdýar:

“Eger birine Jennetde diýip şaýatlyk bersedim, ibn Omara bererdim.”

Ýene aýtdýar:

“Ibn Omaryň ölen güni ol hemmelerden haýyrlydy.”

Seleme ibn Abdurrahman aýdýar:

“Ibn Omar edil kakasy ýaly abraýly öldi.”

Tawus aýtdy:

“Ondan beter has takwa hiç kimi görmedim.”

Ymam Zuhri aýtdy:

“Ibn Omaryň garaýyşyndan aýrylmaýarys, çünki, ol Allahyň Resulyndan (Sallallahu aleýhi we sellem) soň altmyş sany sünneti berjaý etdi, oňa onuň işlerinden we sahabalaryň işlerinden bir zadam gizlin däldi.”

Ymam Mälik ibn Enes aýtdy:

“Ibn Omar 86 ýaşa ýetdi, Yslamda 60 ýyllap onuň ýanyna wekiliýetler gelerdi.”

Ýene aýtdy:

“Zeýd ibn Säbitden soň bizde adamlaryň ymamy Abdullah ibn Omardy, ol 60 ýyllap adamlara fetwa berýärdi.”

Ibn Omar fetwa bermekde gaty serasapdy, howatyrdy, Nafigiň (Ibn Omaryň guly) gürrüň berşine görä ibn Omar we ibn Abbas haj möwsiminde adamlara fetwa bermek üçin oturýan ekenler, ibn Abbas her soralan soraga jogap berer ekeni, emma ibn Omar jogap bermeýäni jogap berýäninden kän ekeni.

Nafig gürrüň berýär:

“Ibn Omar şu aýaty okanda: “Iman edenleriň kalplarynyň Allahy hem-de Onuň tarapyndan inen hakykaty ýatlap, (gorkup) ýumşamagynyň wagty gelmedimi? Öň özlerine kitap berlip, üstünden uzak wagt geçendigi (sebäpli), ýürekleri gatylaşanlar ýaly (doňýürek) bolmasynlar! Olaryň köpüsi (ýoldan çykan) pasyklardyr.” (Hadid 16) aglaman saklanyp bilmezdi.”

Haçanda Nafigden ibn Omar öýünde näme ederdi diýip soranlarynda aýdýar:

“Başarmarsyňyz, her namaz üçin täret alardy, olaryň arasynda bolsa mushaf (Kuran okardy).”

Ibn Omar gaty jomart, eli açyk adam ekeni, bir habara görä oturşygynda 20 näçe müňi paýlaýar.

Ibn Omaryň ýene aýratyn tarapy bar ekeni, ol gul satyn alyp köplenç azat eder ekeni, haçanda olaryň gowy işler edýänini görende olary azat eder ekeni, onuň ýoldaşlary buny görüp aýdardylar: “Wallahi, Ebu Abdurrahman, olar seni aldaýarlar” ol şeýle jogap berer ekeni: “Bizi Allah bilen aldaýanlara aldanmaga kaýyldyrys.”

Ogly Sälim aýdýar:

“Ibn Omar bir gulunam gargan däldir, birinden başgasyny, onam soň azat etdi.”

Näfig aýdýar:

“Ibn Omar 1000 ýa ondanam gowrak guly azat edendir.”

Abdullah ibn Omar Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykandan soň, ol nirede namaz kylan bolsa, şol ýerde hem namaz kylardy. Ýörän ýollaryndan ýöräp, saýalan agajynyň aşagynda saýalardy. Eger bir ýerde Pygamberimiziň düýesini saklanyny gören bolsa, ol hem şol ýerde düýesini saklardy. Bir ýola girip, ýene yzyna çykanyny gören bolsa, ol hem şol hereketleri gaýtalardy, hatda şeýle habar berilýär: “Bir gün Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýipdir: “Şu gapyny aýallar üçin goýsak.” –Nafig aýdýar: “Ibn Omar ölýänçä şol gapydan girmedi.”

Onuň bu halyny gören Aişe enemiz:

“Ibn Omaryň yzarlaýşy ýaly, Resulallahyň (Sallallahu aleýhi we sellem) otaglaryndaky yzlaryny yzarlan hiç kimse ýokdur.” -diýip, onuň sünnete tabynlygyny beýan edýär.

Ibn Omar sapardan gelensoň her gezek Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) gabryna zyýarat eder ekeni, ýanyndan geçip: “Esselämu aleýke ýa Resulallah, esselämu aleýke ýa Ebä Bekr, esselämu aleýke ýa ebetä (kakamjan)” - diýer ekeni.

Abdullah ibn Omar şehwetden, hyrsydünýälikden iň daş adamlaryň birisi ekeni, ibn Mesud ol barada aýdýar:

“Kureýşiň ýaşlarynyň içinde dünýäden özüni iň saklaýan Abdullah ibn Omardyr.”

Jäbir ibn Abdullah aýdýar:

“Biziň her birimize dünýe maly ýetende, oňa ýykgyn bolup, olam bize ýykgyn bolandyr, diňe Abdullah ibn Omar beýle däldi.”

Goý, Beýik Allah Tagala Abdullahdan we onuň kakasyndan razy bolsun, oňa Jennetde giň we beýik orun bersin. Biziň halkymyzdanam bular ýaly gahryman, edermen, jomart, Allahyň Resulyna (Sallallahu aleýhi we sellem) tabyn bolýan, alym we takwa kişileri çykarsyn.


#sahaba #abdullah #ibn_Omar #bin_Omar #hayat #haýat

35 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M