top of page
Поиск

Abdullah ibn Mesudyň -Razyýallahu anhu- ömür beýany.

Ebu Abdurrahman Abdullah ibn Mesud El-Huzeli, oňa ýene ibn Umm Abd hem diýerlerdi, muhaddis, fakyh, ilkinji Yslamy kabul edenleriň birisi, iki hijret edenleriň birisi, iki kybla-da bakyp namaz kylanlaryň birisi, Mekgede Kurany daşyndan okan ilkinji kişi, Kufa şäheriniň kazylyk we gaznasyna gözegçilik wezipesini Omaryň halyflyk döwründen başlap Osmanyň halyflyk döwrüniň başyna çenli eýelän beýik sahaba.

Kunyesi: Abu Abdurrahman (Abdurrahmanyň kakasy)

Ady: Abdullah

Kakasynyň ady: Mesud

Tiresi: El-Huzeli

Lakamy: Ibn Umm Abd

Sypaty:

Abdullah ibn Mesud garaýagyz, hor bedenli, gysga boýly ekeni, gözleriniň aşagynda köp aglamakdan dörän yzlar bar ekeni, ak eşigi, ýakymly yslary gowy görýän ekeni.

Ýaşlygy we Yslamy kabul edişi:

Abdullah ibn Mesud Huzeýl tiresine ýöňkelip, Mekgede önüp-ösýär. Ol Yslama ilkinji giren sahabalaryň hataryna girýär, ýöne näçinji bolup kabul edenligi barada her hili maglumatlar bar: “Käbirleri altynjy bolup kabul etdi” diýdiler, käbirleri “23-nji”. Öz Yslam kabul edişini onuň özi şeýle gürrüň berýär:

"Ýaş oglankam Mekgede Ukbe ibn Ebi Mugyýtyň ownuk mallaryny bakýardym, şonda müşriklerden gaçyp, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) we Ebu Bekr ýanyma geldiler. (Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem)) aýtdy: “Eý oglanjyk! Içireriň ýaly süýdüňä ýokdur?” Men: “Bar, ýöne men amanat berlen (ýagny, meniňki däl, maňa amanat berildi), size içirip biljek däl.” - diýdim. Olar: “Jezag (dört ýaşy dolup bäşe giren) gysyr geçiň barmy?” - diýdiler, men “Hawa” diýip, olara bir geçi getirip berdim, ony Ebu Bekr gowy saklady, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) emjegi alyp doga edende derrew (ol süýtden) doldy, Ebu Bekr bir oýuk daş getirip, onuň içine sagdy, soňra (Allahyň Resulynyň) özi, Ebu Bekr içdi, soň maňa içirdiler, soňra (Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem)) emjege "Jemlen" diýdi, ol hem jemlendi. Bundan soň, Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna baryp: "Bu ýagşy sözi (ýagny, Kurany) maňa-da öwret." - diýdim, ol: "Takyk, sen alym (saňa öwredilen) oglanjyksyň." diýdi, şeýdip, onuň agzyndan 70 süre aldym, hiç kim olar babatynda meniň bilen çekeleşmeýär."

Ibn Mesud Mekgede Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndan aýrylmazdy, ol hem edil beýleki Yslamy ilki kabul eden sahabalaryň Kureýşden gören görgüsini çekýär, ol sebäpli, Habaşa ýurduna hijret etmäge mejbur bolýar, soňra ol birnäçe ýyldan soňra Medinä hijretden öň Mekgä dolanyp gelýär we Medinä hijret etmek abraýyna eýe bolýar.

Medinä hijretden soň:

Abdullah Medinä hijretden soň Muaz ibn Jebeliň öýünde ýaşaýar, käbirleri Saad ibn Haýsemäniň öýünde diýdiler. Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ony Zubeýr ibn Awwam bilen dogan okaşdyrýar, käbirleri Saad ibn Muaz bilen, käbirleri Enes ibn Mälik bilen, käbirleri Muaz ibn Jebel bilen diýdiler.

Medinä hijretden soň Abdullah we ejesi Pygamberimize (Sallallahu aleýhi we sellem) köp hyzmat ederdiler, Abdullah onuň aýakgabyny geýdirip, öňünde hasasy bilen ýörärdi, hatda barmaly ýere baran soň Abdullah onuň aýakgabyny tirseklerine geýer ekeni, ol Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) hasasyny, düşegini, siwagyny, köwüşini, täret suwuny göterýänçi saýylýan ekeni, ol elmydama onuň ýanynda bolýan ekeni, hatda Ebu Musa El-Eşgary ony we ejesini ähli-beýtden (Pygamberimiziň maşgalasyndan) öýden ekeni.

Ibn Mesud Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) bilen hemme söweşlere gatnaşýar, Bedir söweşinde Ebu Jehliiň soňuny gören ibn Mesuddyr, emma ony ýaralanlar başga sahabalardyr. Abdullah Uhud söweşinde Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndan aýrylman söweşen 4 sahabalaryň birisi hasaplanýar.

Ibn Mesud we Kurany-Kerim.

Ibn Mesudyň Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndan aýrylmasyz halynyň uly miwesi bardy: ol Kuranyň tefsirini we aýatlaryň iniş sebäplerini iň gowy bilýän sahabady, bu barada Mesruk, Abdullah Ibn Mesudyň şeýle diýenini habar berýär: "Özünden başga (hak) iläh bolmadyk Allaha kasam bolsun, Allahyň Kitabyndan süre inen bolsa, men onuň nirde inenligi bilýärdim, Allahyň Kitabyndan aýat inen bolsa, men onuň näme üçin inenligini bilýärdim, eger Allahyň Kitabyny menden gowy bilýän biri düýäniň baryp biljek ýerinde bar bolsa-dy, münerdim oňabaka."

Ebu Mesud El-Ensary atly sahaba aýdýar:

"Allaha kasam bolsun, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) Abdullah ibn Mesuddan Allahyň Kitabyny has gowy bilýän başga birini goýup gidenini bilmeýärin."

Ol gaty gözel owazly Kurany okaýan ekeni, bir gün Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa: "Maňa Nisa süresini okap ber." - diýýär, ol: “Saňa inse-de saňa okaýynmy?” -diýýär. Ol: "Men başgalardan diňlemäni gowy görýärin." - diýýär. Şonda ibn Mesud şu aýata çenli okanda: "(Eý, Muhammet!) Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir (pygamber) getirenimizde we seni hem olara (öz ymmatyňa) şaýat hökmünde getiren wagtymyz, olaryň haly niçik bolar?" - gözleri ýaşdan dolýar we şeýle diýýär: "Kim Kurany inişi ýaly, elinligine okamak islese, ibn Umm Abdyň (Abdullah bin Mesudyň) okaýşy ýaly okasyn."

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar:

“Kuran okamaklygy dört kişiden soraň (öwreniň): Abdullah ibn Mesud, Ubeý ibn Kaab, Muaz ibn Jebel we Sälim Mewlä Ebi Huzeýfa.”

Ibn Mesud Kuran üçin bütin ömrüni sarp edendir, ol Kufa şäherinde Kuranlary ýatdan ýazdyrardy.

Ibn Mesudyň fetwa bermekligi.

Abdullah ibn Mesud fetwa taýdan sahabalaryň iň meşhurlarynyň birisidir, köp meselelerde, dürli hökümlerde onuň fetwalary bardyr, ol barada Aly ibn Ebi Talyp aýdýar: “Kuranyň we Sünnetiň baýdagydyr.”

Muaz ibn Jebel ölüm ýassygyndaka birnäçe sahabalardan ylym almaklygy wesýet edýär, şolaryň içinde Ibn Mesudam agzaýar.

Bir gün Ebu Musa Eşgarydan bir mesele soralanda ibn Mesudyň sözüne ters gidip, ýalňyşýar, şonda ol şeýle diýýär: “Bu uly alym aralaryňyzdaka menden hiç zat soramaň!”

Alkame ibn Kaýs En-Nahagy Şama gelende adamlar ondan bir zat soraýarlar, ol hem jogap berýär: “Abdullah ibn Mesud içiňizdekä menden soraýarsyňyzmy?!”

Ibn Mesudyň çuňňur ylmyndan, ýiti zehininden giden tabygynlar peýdalanyp, uly alymlar bolup ýetişdiler, olar onuň fetwalaryny, garaýyşlaryny, mezhebini ýaýradyp, onuň ylmyny köp adamlara ýetirdiler.

Ibn Mesudyň mertebesi.

Abdullah ibn Mesud Pygamberimiziň (Sallalllahu aleýhi we sellem) we sahabalaryň ýanynda uly abraýa, belent mertebä eýedi, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýar: “Maslahatlaşman birini ymam goýmaly bolsadym, olara (adamlara) ibn Umm Abdy ymam goýardym.”

Bir gün sahabalar ibn Mesud baga çykyp miwe ýygnap durka onuň injiginiň horlygyny görüp gülüşýärler, şonda Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Nämä gülýärsiňiz, kyýamat gününde Abdullahyň aýagy terezide Uhud (dagyndanam) agyr geljekdir.”

Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) bu örän uly şaýatlykdyr. Ýene bir hadysda aýdýar: “Ibn Umm Abdyň ähtine ýapyşyň.”

Amr ibn Aas ölüm hassalygynda ýatyrka käbirleri oňa: “Seni Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) özüne golaý tutýardy, sen barada soraýardy” diýenlerinde ol şeýle jogap berýär: “Wallahi, bilmedim ol zatlary meni gowy görüp edýärdimi ýa meni ysnyşdyrjak bolýardymy, ýöne iki adama şaýatlyk edýärin, (Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem)) aýrylanda ol ikisini gowy görýärdi: ibn Umm Abd we ibn Semiýýe (Ammar ibn Ýasir).”

Haçanda Omar ibn Mesudy Kufa ugradanda şeýle diýýär:

“Içi ylymdan doly gap."

Haçanda Ebu Derdä ibn Mesudyň aradan çykanyny eşidende şeýle aýdýar:

"Özi ýaly hiç kimi goýup gitmedi."

Şagby aýdýar:

"Sahabalardan Kufa ibn Mesuddan has ylym taýdan peýdaly hiç kim giren däldir."

Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykansoň.

Ibn Mesud Allahyň Resuly dünýeden ötensoň, Şamyň açylşyna, Ýermuk söweşine gatnaşdy we oljalary paýlamak işine ol ýolbaşçylyk etdi, ondan soň ibn Mesud Humus şäherinde bolmaklygy makul gördi. Ýöne soň Omar ibn Hattab oňa Kufa göç etmekligi buýruk berip, ol ýeriň ilatyna din öwretmekligi, ol ýeriň emirine Ammar ibn Ýasire goldaw bermekligi tabşyrdy. Omar Kufa halkyna şeýle hat ýazdy: "Takyk, men Ammar ibn Ýasiri emir, Abdullah ibn Mesudy mugallym we wezir hökmünde iberdim, olar Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalarynyň iň paýhaslylaryndandyr, Bedir ählinden, şonuň üçin, olary görelde tutunyň, olara boýun boluň, olaryň sözlerine gulak asyň, men sizi özümdenem öňde tutup, size Abdullahy berdim."

Şeýdip, Abdullah ibn Mesud Omaryň halyflyk döwründen tä Osmanyň halyflyk döwrüniň başyna çenli Kufada ýaşaýar, soň bolsa Osman oňa Medinä dolanmagy buýurýar, şonda Kufa halky üýşüp oňa aýdýarlar: "Galyber, saňa azar ýetirtmeris." - Abdullah olara jogap berdi: "Meniň oňa boýun bolmak borjumdyr, takyk, pitneler, işler boljakdyr, ony ilkinji açan men bolmagymy islemeýärin." Şeýdip, ol adamlara jogap berdi we Medinä dolandy.

Wepaty.

Abdullah Medinä dolanansoň agyr keselledi, hijretiň 32-nji ýylynda şol kesel sebäpli 60 näçe ýaşynda aradan çykdy, ony 200 dirhemlik kepene doladylar. Allah onuň jaýyny Jennetden edip, giň rehmedi bilen gurşap alsyn.

Çeşme: “Siýer ägläm En-Nubelä” Zehebi, “El-Bidäýe we En-Nihäýe” Ibn Kesir we başga taryh kitaplar.


#sahaba #ömürbeýan #haýat

63 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page