Abdullah ibn Abbasyň - Razyýallahu anhu -ömür beýany.
Обновлено: 29 авг. 2020 г.
Abdullah ibn Abbasyň - Razyýallahu anhu -ömür beýany.
Abdullah ibn Abbas ibn Abdulmuttalyp El-Häşimi (hijretden 3 ýyl öň eneden dogulýar, 618 milady ýylynda. Hijri ýylynyň 68-de aradan çykýar, 687 milady ýylynda.)
Ady: Abdullah
Kakasy: Abbas
Atasy: Abdulmuttalyp (Pygamberiň atasy)
Tiresi: El-Haşimi
Ibn Abbas -Abbasyň ogly- diýlip tanalýar.
Lakamy: Terjumänul-Kuran, Kuranyň terjimeçisi.
Ol muhaddis, fakyh, hafiz beýik tefsir alymy, Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) agasynyň ogly, hadysy köp habar beren sahabalaryň birisi, ol 1660 hadysy Pygamberimizden (Sallallahu aleýhi we sellem) habar beren.
Abdullah hijretden 3 ýyl öň Mekgede eneden dogulýar, ol kakasy Abbas ibn Muttalyp bilen Mekgäniň fethiniň öň ýany Medinä hijret edende ýolda Pygamberimize we goşuna duşýarlar, soň olara goşulup Mekgäniň fethine (açylşyna) gatnaşýarlar. Soňra Abdullah Huneýn we Taif gazawatlaryna gatnaşýar. Şeýdip, ol Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) ýanynda köp bolýar we ondan köp hadyslary habar berýär, Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) oňa şeýle doga edýär:
"Eý Allah! Dinde ony sowatly et we oňa te'wil (Kuranyň tefsirini) öwret!"
"Eý Allah! Oňa Kitaby öwret, oňa hikmeti (sünneti) öwret!"
Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykanda ol 13 ýaşyndady, şeýdip ol umumy 30 aýlap Pygamberimize egindeşlik edýär. Ol Pygamberimiz aradan çykansoň Kurany tefsir ederdi, oňa "Habr El-Umma, Terjuman El-Kuran" (Ymmatyň alymy, Kuranyň terjimeçisi) diýerlerdi.
Abdullah ibn Abbas ýaşlygyna garamazdan, Omar ibn Hattabyň döwründe onuň iň golaý maslahatçylarynyň birisidi, Omar oňa "fetä el-kuhul" (kemala gelen ýetginjek) diýerdi. Ol birnäçe ýörişlere, söweşlere gatnaşyp, toprak açyşlara şaýat bolýardy, haçanda Aly bilen hawarijler söweşende Ibn Abbas olaryň ýanyna baryp dogry ýoly düşündirýär, şonda olaryň iki müň sanagy dogry ýola düşünip, toba edýärler.
Abdullah ibn Abbas gürrüň berýär:
“Haruriýýe (hawarijler) peýda bolanlarynda, olar bir ýerde aýratyn ýerleşdiler, olar 6 müň sanydylar, hemmesem Ala – Razyýallahu anhu – garşy çykmaklyga birleşipdiler. Häli-şindi (Alynyň) ýanyna adam gelip: “Eý möminleriň emiri! Saňa garşy çykýan kowum bar” diýip durdy. Ol bolsa: “Goýuň olary, tä olar meniň bilen söweşe girýänçäler, men olar bilen söweşe girmerin, (ýöne golaýda) olar girerler.” – diýip jogap bererdi.
Bir gün öýle namazyndan öň onuň ýanyna gelip, Ala aýtdym: “Eý möminleriň emiri! Namazy salkyna çenli goý! Men ol kowum bilen gepleşeýin.” Ol: “Men olar saňa bir zat ederler diýip gorkýaryn” diýdi. Men: “Ýok-la” diýdim. Men ýagşy häsiýetlidim, hiç kime ezýet beremokdym, soň ol maňa rugsat berdi. Şonda men Ýemenden gelen iň owadan lybaslarymy geýdim, aýakgap geýdim we gündiz olaryň ýerine iýip-içip oturkalar bardym. Olar ýaly (ybadatda) gaýratly kowum görmändim, seždeden ýaňa maňlaýlary iriňdi, elleri edil düýäniň dyzlary ýalydy (ýaryk-ýaryk, gopuk-gopukdy), üstlerindäki köýnekleri sykylan (ýalydy, ýagny, ýygyrtlydy), (ýeňlerini) çermäpdirler, ýüzleri solgundy.
Olara salam berdim, “Hoş geldiň, eý ibn Abbas, üstüňdäki bezeg näme?” diýdiler, men: “Näme meni aýyplaýaňyz, men: “Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) iň owadan eşikde, Ýemen köýneginde gördüm” diýip, soň şu aýaty okadym: “Sen aýt: «Allahyň öz bendeleri üçin ýaradyp beren zynatyny‚ päk (we lezzetli) rysgallaryny haram etmäge kim het edip biler?» Sen aýt: «Bu dünýäde iman getirmedikler şol nygmatlardan peýdalansa-da‚ aslynda, olar iman edenlere degişlidir. Kyýamat güni bolsa diňe möminler üçindir. Ine‚ Biz pikir edýänler üçin aýatlary şeýle beýan edýäris».” (Agraf 32). Olar: “Seni näme getirdi” diýdiler, men aýtdym: “Muhajir([1]) we ensar([2]) bolan Allahyň Resulynyň sahabalarynyň ýanyndan geldim, Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) agasynyň oglunyň we giýewsiniň ýanyndan geldim, olara Kuran inendir, olar sizden Kuranyň tefsirini gowy bilýändirler we siziň içiňizde olardan (sahabalardan) birem ýok, olaryň aýdanlaryny size, siziň aýdanlaryňyzy olara ýetirmäge (geldim).” Olardan bir topar aýtdy: “Kureýş bilen dawalaşmaň, çünki Allah azze we jelle aýdýar: “Takyk, olar juda dawaçyl kowumdyr.” (Zuhruf 58). Olardan birnäçesi menim tarabyma geçip, iki-üç sanysy şeýle diýdiler: “Onuň bilen gürleşjekdiris.” Men aýtdym: “Getiriň! Allahyň Resulynyň (Sallalllahu aleýhi we sellem) sahabalaryny we agasynyň ogluny (Alyny) nämede günäkärleýärsiňiz?” Aýtdylar: “Üç zatda” Men: “Haýsylar?” diýdim, aýtdy: “Birinjisi: Ol (ýagny, Aly) Allahyň buýrugynda adamlara höküm etdirtdi, Allah aýtdy: “Höküm diňe Allahyňkydyr.” (Engam 57). Adamlaryň höküm bilen näme işi bar?” Aýtdym: “Bu birinji” Aýtdylar: “Ikinjisi: Ol söweş etdi, ýöne ýesirem almady, oljada ýygnamady, eger olar kapyr bolsalar olary ýesir almak halaldyr, eger mömin bolsalar olary ýesir almagam, olar bilen söweşmegem halal däldir” Aýtdym: “Bu ikinji, üçünji näme?” Şu manyly gürrüňi etdi: “Özüni möminleriň emirinden pozdy, eger möminleriň emiri bolmasa, onda ol kapyrlaryň emiri” Aýtdym: “Sizde bulardan başga zadyňyz barmy?” “Şular bize ýetik” diýdiler. Olara aýtdym: “Eger Allahyň -Jelle Senäuhu- Kitabyndan we Pygamberiniň (Sallalllahu aleýhi we sellem) Sünnetinden siziň sözleriňizi gaýtarýan zatlary aýdyp bersem yza gaýdarsyňyzmy (ýalňyş ýoly taşlarsyňyzmy)?” Aýtdylar: “Hawa” Aýtdym: “Allahyň buýrugynda adamlara höküm etdirtdi sözüňize gelsek, Allahyň Kitabynda Allahyň dörtden bir dirhemiň bahasynyň hökümini adamlara geçirenini okap bereýin, Allah onda (ol meselede) adamlara höküm etdirtdi, Allahyň şu sözüni gördüňizmi: “Eý, iman edenler! Siz yhramly wagtyňyz aw (haýwanlaryny) öldürmäň! Sizden kim ony (awy) bilkastlaýyn öldürse, onuň jezasy öldüren (maly) ýaly (öýde saklanýan mal sadaka bermelidir). Käbä ýetiriljek (iberiljek) ol gurbanlyk malynyň (deregine sadaka beriljek malyň) nähili bolmalydygyny (kesgitlemek üçin) siziň araňyzdan iki sany adyl kişi höküm bersin.” (Mäide 95). Bu ýerde adamlara höküm etdirtmek Allahyň hökümidir, eger islese Özi höküm ederdi, şeýdip, adamlara höküm etdirtmek rugsatdyr, Allahyň ady bilen sizden soraýaryn: Adamlara ara düzetmek we gan goramak (meselesinde) höküm etdirtmek haýyrlymy ýa towşanda (ýagny, hajda awlanan haýwanda)?” Aýtdylar: “Bu haýyrlydyr.” “Aýal we adamsy barada aýdýar: “Eger (är-aýalyň) aýrylyşmaklaryndan heder edýän bolsaňyz, onda (olaryň ýanyna) erkegiň maşgalasyndan bir höküm çykarjak wekil, aýalyň maşgalasyndan hem bir höküm çykarjak wekil ýollaň! Iki tarap düşünişmek islese, Allah olaryň ylalaşmagyna ýardam eder. Takyk, Allah (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr.” (Nisa 35). Sizden Allahyň ady bilen soradym, adamlara ara düzetmek we gan goramak (meselesinde) höküm etdirtmek haýyrlymy ýa aýalyň eteginde?! Çykdymmy bundan?” “Hawa” diýdiler. Aýtdym: “Söweşip ýesirem almady, oljada sözüňize gelsek, Aişa eneňizi ýesir aljakmysyňyz, ol eneňiz bolup durka edil beýleki aýallardaky zatlary halal edişiňiz ýaly ony hem halal etjekmisiňiz, eger -hawa-, beýlekileri halal edişimiz ýaly halal ederis diýseňiz, kapyr bolarsyňyz, eger enemiz däl diýseňiz hem kapyr bolarsyňyz: “Pygamber möminlere özlerinden hem ýakyndyr. Onuň aýallary bolsa olaryň (möminleriň) eneleridir.” (Ahzab 6). Siz iki azaşmanyň arasyndasyňyz, olardan çykalga tapyň. Çykdymmy bundan?” “Hawa” diýdiler. “Özüni möminleriň emirinden pozmagyna gelsek, men size razy boljak zadyňyzy getireýin, Allahyň Pygamberi (Sallalllahu aleýhi we sellem) Hudeýbiýe gününde müşrikler bilen ýaraşyk edende Ala şeýle diýdi: “Eý Aly! Ýaz! Bu Allahyň Resuly Muhammediň ýaraşyk eden zady” (Kapyrlar) Aýtdylar: “Eger seni Allahyň Resuly diýip bilsek, seniň bilen söweşmezdik” şonda Allahyň Resuly “Sallallahu aleýhi we sellem” aýtdy: “Poz! Eý Aly! Eý Allah! Takyk, Sen bilýänsiň men Allahyň Resuly, poz eý Aly! Ýaz: Bu Muhammet ibn Abdullahyň ýaraşyk eden zady.” Allaha kasam bolsun, Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) Alydan haýyrlydyr, şonda-da özüni pozdy, ýöne özüni pozmagy pygamberlikden pozmak däldi. Çykdymmy bundan?” “Hawa” diýdiler. Şeýdip, olardan iki müňi yzyna gaýtdylar we galanlary çykdylar, öz azaşmalarynda öldürildiler, muhajir we ensarlar olary öldürdiler.” (Nesai, Abdurrazzak Musannef, Wadigy sahyh musnedde aýtdy: hasan).
Abdullah ylmy, hadyslary uly sahabalardan öwrenerdi, bir meseläni gowy biljek bolup, ol otuz sahabadan sorar ekeni, ol Kurany dolulygyna iki sany beýik Kuran alymyna Zeýd ibn Säbite we Ubeý ibn Kaaba okap beren ekeni. Onuň Medinede ylym öwredýän uly ýygnaklary bolýan ekeni, köp adamlar oňa ylym almak üçin gelýän ekenler, ol ýygnaklaryny sapaklara we günlere görä bölüp, bir gün akyda (ynanç), bir gün fykh, bir gün Kuran tefsiri, bir gün ýörüşler barada öwredýän ekeni.
Abdullah jemi 1660 sany hadysy habar beren, 75 sany hadysy Buhary we Muslim ondan habar berýärler, emma diňe Ymam Buharynyň ibn Abbasdan çykaran hadyslary 110 sany, we diňe Ymam Muslimiň ondan çykaran hadyslary 49 sany.
Abdullah öz ylmy öwrenip başlanyny şeýle gürrüň berýär: "Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aradan çykanda Ensarlardan birine şeýle diýdim: “Gel Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryndan (ylym) soraly, bu gün olar köp.” Ol aýtdy: “Saňa geň galýaryn, eý ibn Abbas! Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary barka adamlar saňa mätäç bolarlar öýdýäňmi?” Şeýdip, ol (ylmy) terk etdi, men bolsa Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryndan sorap başladym, bir kişiden maňa hadys ýetse, onuň gapysyna barardym, eger günortan ukusyny alyp ýatan bolsa, köýnegimi düşäp gapysynda ýatardym, ýel üstüme tozan öwserdi, soň ol çykyp meni görüp sorardy: “Eý Allahyň Resulynyň agasynyň ogly! Seni näme getirdi?” Menem hadys barada sorardym. Hälki ensary kişi meniň töwerigime adamlar üýşüp menden soraýanlaryny görýänçä ýaşady, şonda aýtdy: “Bu ýaş oglan menden has akylly ekeni.”” (El-Bidäýe wen-Nihäýe, ibn Kesir).
Abdullah uly sahabalardan Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) gatnaşan gazawatlary barada, ol wagt inen aýatlaryň açyklamalary barada soraýan ekeni, bir gün Omardan bir aýat barada soraýar, ol jogap berip bolansoň aýdýar: “Şu soragy saňa bir ýyllap berjek bolup ýördüm, ýöne seniň haýbatyň üçin (çekdirdim)” şonda Omar aýdýar: “Indi beýtme! Şu bilýändir diýen zadyňy menden soraber, ylmym bolsa saňa aýdaryn.” (Buhary).
Omar we Osmanyň döwründe ibn Abbas fetwa berýän ekeni, ony öz mejlislerine goşup, ondan maslahat soraýan ekenler. Ol öz çuňňur ylmy bilen şeýle meşhur ekeni welin, hatda sahabalaryň arasynda fykh bölünşigi dörese, ibn Abbasyň sözi kesgitleýji hasaplanýan ekeni, Tawus ibn Keýsan (ibn Abbasyň iň görnükli okuwçylarynyň birisi) aýtdy: “Takyk, men 70 sahabada gördüm, eger (pikirde) bölünişseler ibn Abbasyň sözüne dolanardylar.” Onuň ýene bir meşhur okuwçysy Mujahid ibn Jebr aýdýar: “Ibn Abbasyň fetwasyndan gowy fetwa eşidip görmedim.”
Abdullah ibn Abbasyň fetwa bermekde menheji, tutan ýoly şeýle ekeni: sorag soranlarynda Kuranda bar bolsa, jogabyny Kurandan berer ekeni, eger ýok bolsa, Sünnetden berer ekeni, eger Sünnete bolmasa, Ebu Bekriň sözünden soň Omaryň sözünden jogap berer ekeni, eger olaryňam sözünden tapmasa öz garaýşyny aýdar ekeni.
Sahabalaryň içinde tefsirden iň ylymlylarynyň hatarynda ibn Abbasam bardyr, ibn Mesud ol barada aýdýar: “Ibn Abbas nähili gözel Kuran terçimeçisi (ýagny, tefsirçisi).” Ibn Abbas Kuranyň hemme ýeriniň tefsirini gowy bilýän ekeni, Mujahid ýanyna tagta alyp, ibn Abbasdan her soran zadyny ýazýan ekeni: “Ibn Abbas bilen Kurany başyndan başlap soňuna çenli üç gezek geçdim, her aýatyň başynda ony saklap, sorardym.”
Abdullah bin Abbas aýtdy:
“Edil meniň üçin aýalyň (aýalymyň) bezenmegini gowy görüşim ýaly, menem onuň üçin bezenmäni gowy görýärin, çünki, Allah Tagala aýdýar: “Däbe laýyklykda aýallaryň (erkekleriň öňünde käbir) borçlarynyň bolşy ýaly, erkekleriň hem (aýallaryň öňünde käbir) borçlary bardyr.” – adamsynyň onuň (aýalyň) üstündäki haky dereje taýdan has beýikdir, (Allah) Tagalanyň şu sözi üçin: “(Emma) erkekleriň olaryň (aýallaryň) üstünde derejesi bardyr.” (Bakara 228).
Sahabalaryň ibn Abbas baradaky sözleri:
“Omar ibn Hattab ibn Abbasy golaýyna çekýär, ýogsa ol gaty ýetginjek, ýaş" - diýip tankytlanda, Omar günlerde bir gün muhajir we ensarlary jemleýär, aslynda bolsa Omar iň adyl ýolbaşçylaryň biridir, ol özüniň ibn Abbasa meýil etmeýänini adamlara beýan etmek üçin olary jemleýär, şonda olara aýdýar: “Bu süre barada näme diýersiňiz: “1. (Eý, Muhammet!) Allahyň ýeňşi we (Mekge) açylşy gelende, 2. Ynsanlaryň topar-topar bolup Allahyň dinine girýändiklerini göreňde, 3. (Şonda) sen Perwerdigäriňe hamdy-sena aýtmak bilen Ony tesbih et we Ondan bagyşlanma dile! Takyk, Ol tobalary kabul edijidir.” (Feth süresi).
Şonda adamlar her haýsy bileninden tefsir edip başladylar, käbirleri: ýeňiş we açylyş bolanda Allah bize hamdy-sena we tesbih etmekligi emir etdi, käbirleri bilmedik diýdiler. Şonda Omar: “Eý Ibn Abbas! Näme aýdarsyň?” diýdi. Ol: “Eý möminleriň emiri! Bu süre Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) ajaly baradadyr, muny Allah oňa bildirendir, (Eý, Muhammet!) Allahyň ýeňşi we (Mekge) açylşy gelende, Mekgäniň açylşy onuň ölüminiň alamatydyr.” (Ynsanlaryň topar-topar bolup Allahyň dinine girýändiklerini göreňde, (Şonda) sen Perwerdigäriňe hamdy-sena aýtmak bilen Ony tesbih et we Ondan bagyşlanma dile! Takyk, Ol tobalary kabul edijidir.) Şonda Omar aýtdy: "Allaha kasam bolsun, bu süre barada senden artyk hiç zat bilmeýärin." (Buhary). Şeýle etmek bilen Ibn Abbasyň aýratynlygy, üstündigi aýan bolýar, şeýle hem, onuň zehini, Allahyň (Kurandaky) myradyny bilmek ukuby ýüze çykýar.
Omar ýene aýdýar:
“Bu kemala ýeten ýetginjek, onuň sorag beriji dili, akylly ýüregi bar.”
Ibn Mesud aýdýar:
“Eger ibn Abbas biziň ýaşymyzda bolsa-dy, bizden hiç kim onuň bilen deň bolmazdy.”
Saad ibn Ebi Wakkas aýdýar:
“Ibn Abbasdan gowy düşünjeli, ondan has zehinli, has ylymly, has mylaýym hiç kimi görmedim...”
Ibn Omar aýtdy:
“Allahyň Muhammede inderinini iň gowy bilýän oldur.”
Said ibn Jubeýr gürrüň berýär:
“Ibn Abbas Taifde aýryldy, bizem onuň jynazasyna gatnaşdyk, şonda hiç görülmedik şekilli guş gelip, tä onuň tabytyna çenli girdi, soň onuň ondan (tabytdan) çykyp barýany görülmedi, gömülip bolansoň, gabryň gyrasyndan şu aýat okaldy, kimiň okany belli bolmady: “Eý, aramlyga ýeten nebis (jan)! Sen Robbuňdan razy bolan halyňda, Onuň hem senden razy bolan halynda Robbuňa dolan! Sen Meniň (yhlasly) bendelerimiň hataryna goşulyp, Jennetime gir (Robbuňa dolan).” (Fejr 27-30).
Çeşme: Siýer agläm En-Nubelä, Zehebi. El-Bidäýe wen-Nihäýe, ibn Kesir.
([1]) Muhajir - ilini taşlap Allahyň Resulynyň ýanyna ýagny Medinä göçen sahabalar. ([2]) Ensarlar - Allahyň Resulyny (Sallallahu aleýhi we sellem) we göçen sahabalary Medinede garş alyp, ola bilen ähli zatlaryny paýlaşyp, olara arka çykanlar. Bu iki waspdaky sahabalary hut Kuranda Allah öwendir.