top of page
Поиск

Abdulaziz bin Abdullah bin Bäziň ömri beýanyndan bir parça

Doly ady: Abdulaziz bin Abdullah bin Abdurrahman bin Muhammed bin Abdullah – Bäziň maşgalasy-.

Meşhur bolan ady: Ibn Bäz

Kunýesi: Ebu Abdullah.

Dogulan senesi: 12-Zul-Hijje-1330 hijri ýyly (21-Noýabr-1912ý).

Aýrylan senesi: 27- Muharram- 1420 hijri ýyly (5-Maý-1999ý).


Şeýhyň çagalygy.

Şeýh (Rahymehullah) ejesiniň ýanynda ýetim ösen, kakasy ol üç ýaşyndan ozal, 1333-nji hijri ýylynyň Zul-Kygde aýynda aýrylan. Şeýh heniz kiçikä, ýetişmezinden ozal Kurany ýat alan. Şeýh kiçi wagty görýän bolsa-da soňra 1345 hijri ýylda göreji peselen we 1350-ýylda Şeýh doly görmekden galan. Şeýle bolsa-da bu kynçylyk ony dinini öwrenmekden saklamadyk.


Şeýhyň ylym alan alymlary.

Şeýhyň özi barada bu aýdanlaryny gysgaça agzasak, ol Riýad şäherinde Şeýhlardan ylym öwrenip başlan. Olaryň ilkinjisi: Riýadyň Kazysy Solyh bin Abdulaziz bin Abdurrahman bin Huseýn bin Muhammed bin Abdulwahhab (Allah olara rehim etsin) 1344-1345 ýyllar töwereginden tä 1357-nji ýylda Harja kazy bellenýänçä. Ol wagtda talybyň adatça okaýan kitabyny okan, olardan: Üç Asyl, Tewhyd kitaby we Şübheleri Aýdyňlamak kitaby. Bulardan daşary onda Abdulgany Makdysynyň Umdatyl-Hadys (Hadysyň sütüni) kitabyny okan. Soňra Şeýh Muhammed bin Ybrahymda okan, onuň ýanyndan 20 ýyl ýa ondan köp aýrylmadyk. Şo wagtda talybyň fykhda, hadysda, nahuwda (arap gramatikasynda) okaýan ähli dini kitaplaryny ol Şeýhda okan we alty kitapdanam (ýagny: Sahyh Buharydan, Sahyh Muslimden, Sünen Ebu Dawudden, Sünen Tizmiziden, Sünen Nesäiden we Sünen Ibn Mäjeden) okan. Şeýh Ibn Bäz (Rahymehullah) Muhammed bin Ybrahymyň (Rahymehullah) ylym mejlisini wasp edip şeýle diýdi: “Onuň mejlisi metjitde we öýde ylym bilen gurulandy. Ol Erte namazyndan soňra tä gün dogýança metjitde oturardy, oňa musulmanlar Bulgur-Merom okardylar, nahuw okardylar, Muknygyň muhtasary Zädul-Mustaknygy okardylar, käte Tewhyd kitaby okardylar, soňra ol (Rahymehullah) (metjitden) turardy (öýüne giderdi), öýünde zuhanyň köp bölegini oturardy we şo wagdam tä öýle girýänçä oňa gysga we uly kitaplary okap berip öwrenerdiler. Zuhurdan (öýle namazyndan) soňra uly kitaplary okardylar, olaryň içindede menem bar, ine şeýdip Ikindiden soňra Agşam namazyna golaýlaýança we agşam namazyndan soňam şeýle. Agşam namazyndan soňra Miras ylmynda Rohbiýe kitaby talyplaryň okamagy üçin oturardy, ençeme gezek Rohbiýäni ondan öwrenipdim, menem we kazyçylyk wezipäni alan ençeme Şeýhler ondan miras ylymyny öwrendik”

Şeýh Ibn Bäz Şeýh Muhammed bin Ybrahymda (Rahymehumallah) Usulul-Fykh, Mustalahul-Hadys, Akydatul-Wasytiýe, Keşful-Şubuhät, Usulul-Iýmän, Pygamberiň haýaty, alty sünnet kitabyny, Medäruj-Sälikiýn okan.

Başgada Şeýh Ibn Bäz Şeýh Muhammed bin Färisde, Sad bin Hamad bin Atykda, Muhammed bin Abdullatyf bin Abdurrahmanda (Rahymehumullah) okan.

Mekkede Ustaz Abdulhak El-Hämişiýden ençeme kitaplarda ijäze alan. Şeýhyň bulardan başga ylym alan alymlary bar. Giňişleýin öwrenmek isläýän bu barada ýazylan kitaplara dolansyn.


Şeýhyň işlän ýerleri.

Şeýh (Rahymehullah) 1357-nji ýylda Harjda Kazy wezipä bellenen.

Ol wezipede 14-ýyldan gowrak işläninden soňra, 1371-nji ýylda Riýadda Ylym Mahadynda (kolejinde) okadan.

Soňra Şerigat Fakultetinde 1381-nji ýyla deňeç okadan.

1381-nji ýylda Medinä göçen we Yslam Uniwersitetiniň Rektorynyň orun basary edilip Patyşa Saud bin Abdulaziz tarapyndan bellenen, rektory bolsa Muhammed bin Ybrahymdy (Rahymehumullah). 1390-njy ýylda Patyşanyň karary bilen Yslam Uniwersitetine Rektor boldy. 1381-nji ýyldan 1395-nji ýyla deňeç ol ýerde işlän. Şeýh Medinede işlän döwründe Pygamberiň Metjidinde Agşam namazy bilen Ýassy namazynyň arasynda sapak beren, käte Ikindiden soňrada sapak beren.

1395-nji ýylda Gönükdirmegiň, Dagwat etmegiň, Fetwa bermegiň we Ylmy işleri amala aşyrmagyň edarasyna başlyk edilip bellenen. Ol döwür Ymam jamygynyň ymamy hem boldy tä metjit ýumurylyp täzeden gurulýänça. Täzeden gurulanda Şeýh ol metjide Şeýh Abdulaziz bin Abdullah Äli-Şeýh ymam goýulmak teklibini Buýruk Eýelerine ýetirdi. Şeýh olardan daşaryda Robytatul-Alamyl-Yslamy-nyň([1]) Mejlisleriniň Başlygy, Fykh Jemlenşiginiň Başlygy, Metjitleriň Älemi we Ýokary Mejlisiniň Başlygy.

1414-nji ýylda Saud Arap Patşalygyna Müfti edilip, Uly Alymlaryň Heýkeliniň Başlygy edilip, Mydamalyk Komissiýanyň Başlygy we Robytatul-Alamyl-Yslamy-nyň Başlygy edilip Patşada karargeldi. Onuň ýene işlerinden, ol Mekkedäki 1352-nji ýylda gurulan Haýyr-sahabat Hadys Ojagynyň Başlygydy.


Şeýhyň ylymda yzynda galdyran hazynasy.

Şeýh Ibn Bäz yzynda 41 kitap galdyrdy, olaryň käbirisi bir jiltden ybarat bolsa käbirisi 30 jilde ýetenide bardy. Olaryň iň esasylary:

- Üç Esasyň şerhi.

- Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) namazynyň nähilidigi.

-Fetäwä Nurun alad-Derb (31 jild)

-Ymmatyň köpçüligi üçin dersler.

-Dogry akyda we oňa ters gelýän we Yslamy bozýanlar.

-Allahdan başgany çagyrýanyň we palçylara we bilgiçlere ynananyň hökümi barada çürtkesik delil dikmek.

-Jadynyň, palçylygyň we olar bilen baglylaryň hökümi.

-Ymmatyň umumylary (köpçüligi) üçin möhüm fetwalar.

-Şeýh Abdulaziz bin Bäziň dersleri.

-(Höküm eýelerini) diňlemek we (olara) boýun bolmakda Ehlisünnet wel-jemagadyň menheji (ýoly).

-Iýmanyň asyllary.

-Umdetul-ahkämiň (Hökümleriň sütüniniň) şerhini düşündirmek.

-Mejmugu fetäwä Ibn Bäz. (30 jild)

-Bidgatlardan ägälendirmek.

-Saglyk işgärlerine gyssagly fetwa.

-Syrkawyň namazynyň hökümleri.

-Namaz barada üç kitapça.

-Tüsse çekmegiň hökümi we ony aýdyň edýäniň ymam bolmasy.

-Teberruj (örtünmezlik) we amal meýdanynda zenanyň erkek bilen garyşmagynyň hatarlygy.

-Yslamyň we wakanyň ýagtylygyna görä arap milletparzlygyny döwmek.

Bulardan başgada ençeme kitaplar. Ýenede Şeýhyň kazyçylyk delalaryna beren hökümleri, berilen soraglara jogaplary, radioda we tele ýaýlymda eden çykyşlary, soraglara beren jogaplary. Egerde bular hat ýazgysyna geçirilse, 1000-de artyk kitap boljagy şeksiz.

Şeýha 1402-nji ýylda yslama hyzmaty üçin Patyşa Faýsalyň bütindünýä (mirawaý) baýragy berildi.

Şeýh barada käbir aýdylýan wakalardan([2]).

Şeýh haçanda Yslam Uniwersitetde Rektor ýada onuň orun basary bolanda ol diňe rektor bolman, ondan daşary talyplar üçin ata bolan. Ol wagty her bir kömek sorap ýanyna giren talyba müň riýallyk (266 amerikan dollaryna barabar) çek ýazyp berer ekeni. Belli boluşy ýaly Şeýh kör bolany üçin, onuň sekretary ýazar ekeni. Günlerden bir gün bir talyp ýanyna girerde oňa hem müň riýallyk çek ýazyp beren. Edil şo zamanada çek ýazylanda diňe san bilen çäklenileni üçin, bu pursatdan peýdalanyp ol talyp müň sanyň yzyna bir nol (arapçada nol bir nokat) artdyrypdyr. Haçanda uniwersitetiň deňesindäki banka baryp çegi nagytlaşdyrmak islände, bankyň işgäri çegi alanda geň görüp, Şeýha jan eden, Şeýha bu günki çegiň bahasy beýlekilerden tapawutlydygyny, sorap ýüz tutan, Şeýh bu wakany diňläp: “Ber, mataç bolmasa etmezdi” diýen. Öz eden etmişine kerem aşy bilen uran Şeýhyň jogaby talyby diýseň çykgynsyz hala düşüren, ol talyp bar puly eline alyp toba edip Şeýhyň gapysyna täzeden dolanan.

Beýle waka Şeýhyň öýüne gelen dilegçä ýazan 50 riýaly banka 500 düzedip baran. Haçanda Şeýha jaň edenlerinde, özüniň 50 ýazandygyny aýdyp, oňa 500 riýal berilmegini aýdan.

Ençeme ýyl ýurdundan aýra düşen talyplaryň yzynda bolan wakalaryny diňläp, talyp bilen deň derejede aglap bilen talyplaryň atasy bolan. Goý Allah oňa öz Firdewsinde uly orun bersin.


Başgada:

Şeýha daşary ýurtlardan fetwa sorap jan etseler, käte soragyna jogap bereninden soňra telefony goýyp yzyna aýlar ekeni. Beýle ýagdaý Brazilýadan jan eden dagwatçy bilen hem bolan, haçanda oňa soragyna jogap bereninden soňra oňa yzyna aýlap Brazilýadaky musulmanlaryň. dagwatyň halyny sorapdyr.


Başgada:

Fransiýada ýaşaýan iki sany musulman umumy gatnaw (awtobus, metro we ş.m.) ulagynda Ibn Bäz barada gepleşip barýarkalar, bir garry zenan: “Siz Ibn Bäzi tanaýarsyňyzmy?” diýen sorag bilen olaryň geplerini bölen, bular ony tanamaýandyklaryny aýdanlarynda, ol zenan öz ýaşaýan ýerinde ölen musulman zenanlary ýuwýandygyny aýdan, Şeýh Ibn Bäz ol zenana aýlyk görnüşinde her aý pul ugradýanyny, çünki musulman zenanlaryň owratlaryny kapyrlaryň görmezligi üçin ony musulman zenanlary ölenlerinden soň ýuwmagy we kepenlemegi üçin her aýda oňa ýeterlikli aýlyk ýollaýany aýdan, bolmasa ömründe Ibn Bäzi ýeke gözek görmedik bolsada.


Şeýh Ibn Bäziň çagalary.

Şeýhyň 4 ogly we 6 gyzy bolan. 2 ogly we 3 gyzy birinji aýalyndan Ummu Abdullahdan, 2 ogly we 3 gyzy ikinji aýaly Ummu Ahmedden.


Şeýhyň daşky sypaty.

Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) uzynam bolmadyk, keltede, ol orta boýly, tegelek ýüzli, bugdaý reňkli we orta dodakly bolan. Sakgaly ýeňil, seýrek, gür däl we sakgaly gara bolup, haçanda agy köpelende hyna bilen boýady. Ol ýasy döşli, eginlek bolan.

Şeýhyň eşigi:

Şeýhyň (Allah oňa rahmet etsin) daşky görnüşi owadan bolan, eşik meselesinde gereginden artyk sowmazdy. Eşiginiň reňki ak bolmagy üçin jan ederdi we giň geýinmäni halardy. Eşigi uzynlygy injiginiň ýarysyna ýeterdi.


Şeýh Ibn Bäziň iň meşhur Şeýhleri.

1-Şeýh Muhammed bin Abdullatyf bin Abdurrahman Äli Şeýh.

2-Şeýh Sad bin Hand bin Aly bin Artyk.

3-Şeýh Hamd bin Färis bin Muhammed bin Färis.

4-Şeýh Solyh bin Abdulaziz bin Abdurrahman bin Huseýn Äli Şeýh.

5-Şeýh Sad bin Wakkas Buhary.

6-Şeýh Ymam Muhammed bin Ybrahym bin Abdullatyf Äli Şeýh we başgalar.


Şeýh Ibn Bäziň talyplary.

Şeýhyň elinden ep-esli alymlar, kazylar we tolybulylymlar çykdy. Olaryň sany sanardan kän. Olardan diňe azyny agzasak:

1-Şeýh Muhammed bin Solyh Useýmin.

2-Şeýh Solyh bin Muhammed Luheýdan.

3-Şeýh Abdulmuhsin bin Hamd Abbäd.

4-Şeýh Muhammed Ämän Aly Jamiý.

5-Şeýh Ebu Bekr Jäbir Jezairiý.

6-Şeýh Solyh bin Fewzän Äli Fewzän.

7-Şeýh Abdulaziz bin Abdullah Äli Şeýh (Häzirki Müfti).

8-Şeýh Aly bin Muhammed bin Nasyr Fakyhy.

9-Şeýh Robyg bin Hädiý Madhalyý.

10-Şeýh Solyh bin Sad Suheýmiý.

11-Şeýh Ubeýdilläh bin Abdullah Jäbiriý.

12-Şeýh Bekr bin Abdullah Ebu Zeýd.


Alymlaryň Şeýhy öwmeleri.

Şeýhy alymlaryň, dagwatçylaryň we meşhur kişileriň öwgüsi sanarda kän, bu ýerde az sanlysyny getirsek, ýerine düşerdi.


1- Zamanamyzyň Müjeddidi, Hadysçy Alym Muhammed Nasyruddiýn Albany (Rahymehullah) Şeýhyň ölüm habary ýetende, Şeýh Muhammed nebsine aglamakdan erk edip bilmedi, gözleri gyzgyn ýaşlardan dolup, ol barada mylaýymlyk gepläp: “Biz Allahyňkydyrys we Oňada dolanarys. Allah! Meniň bu musybatym üçin maňa sogap ber we maňa ondan has haýyrlysyny goý. Goý, Allah oňa gin rehmedi bilen rehim etsin, oňa Yslamyň we Musulmanlaryň adyndan ýagşy muzdugy bersin.

Ähli zenan ogly egerde salamaty uzasada

Bir gün tagydyň üstünde göteriljekdir.

Şeýh Abdulaziz (Ibn Bäz) -Allah oňa rehim etsin- Alymlaryň saýlananlaryndandy. Allah Tagaladan onuň barjak ýerini Jennet etmegini dileýäris. Egerde bu Ýaşaýyş Dünýä biri üçin dowamatly bolsady Mustafa (Muhammede) -Allahyň oňa salawatlar we salamy bolsun- bolardy. Goý, Allah oňa (Ibn Bäze) rehim etsin, ony we bizi Salyhlar bilen duşuşdyrsyn”


Şeýh Muhammediň ýanynda biri Şeýh Ibn Bäziň ýamanlajak bolanda, Şeýh oňa: “Sen, (özüňçe) bir meselesini ýalňyş göreniň üçin ylymy asmany we ýeri dolduran kişä dil ýetirjek bolýaňmy?!” diýen.


2- Şeýh Allame Muhammed bin Solyh Useýmiýn (Rahymehullah) aýtdy:

“Bu günde Yslam Ymmatynyň baýdaklaryndan bir baýdak uzak ýaşap öldi, ol Şeýh Abdulaziz bin Abdullah bin Bäz -Allah oňa rehim etsin- Allah Tagaladan oňa bereket bermegini, ony bagyşlamagyny, gabrynda oňa giňeltmegi, ony nurlandyrmagyny we onuň yzynda (haýyr) goýmagyny dileýäris, çünki Ol ähli zada kadyrdyr.”


Ýene-de aýtdy:

“Hormatly Şeýhy (Rahymehullah) tanadylmaga mätäçlik ýok (ýagny, ol belli)... adamlardan Hadysy, Tewhydy we Fykh iň gowy bilýäni”


3- Şeýh Abdullah bin Abdurrahman El-Bessäm (Rahymehullah) aýtdy:

“Hormatly Şeýh Abdulaziz bin Abdullah bin Bäz, ol şu wagt Yslamyň we Musulmanlaryň Şeýhy (Şeýhul-Yslam we Muslimiýn) lakama mynasyp”


4- Şeýh Abdullah bin Abdulazizbin Akyýl aýtdy:

“Hormatly Şeýh Abdulaziz bin Abdullah bin Bäzi tanadylmaga mätäçlik ýok. Ondan adamlar barada soralmaly, ol barada adamlardan soralman.”


5- Şeýh Solyh Fewzan (Hafyzahullah) aýtdy:

“Hormatly Şeýh, Allame, Ymam, Atamyz, Sahy... ol ylymda, amalynda, häsýetinde, haýry we haýyr edýäni söýmeginde we ylym ýaýratmakda çynlakaý gezmeginde ýeketäk alymdyr, muny golaýam, daşam bilýändir...”


6- Şeýh Mukbil bin HädiýEl-Wädiyý (Rahymehullah) aýtdy:

“Takyk, Şeýh Ibn Bäz beýik, fazyl (artyk, ajaýyp) alymdy”

Ýene-de aýtdy:

“Takyk, Şeýh Ibn Bäz (Rahymehullah) Allahyňfazly-kereminden Kitaba (Kurana) we Sünnete eýermekde alymlaryň iň gowysydy”


Şeýhyň ýiti zehini we çalt ýat almagy.

Şeýha (Allah oňa rahmet etsin) güýçli ýatkeşlik, çalt düşünmek, giň gerimde meseleleri ýada salmak we ýitilik berilen. Muny täkitlemek üçin aýtsak, ol sünnet kitaplardaky we başgasyndaky gürlenen hadys barada soralsa, ol käte oňa jogap berip, onuň tahryjyny (hadysyň gelen kitabyny) aýdardy, onuň isnädi (onuň habarçylary) barada gürlärdi, ol habarçylar baradaky alymlaryň sözüni agzardy. Şeýha Allah iki sahyhy -ýagny: Sahyh Buharyny we Sahyh Muslimi ýat almak nygmady beren. Ol ikisini suw içen ýaly ýat alandy.


Şeýhyň geň ýatkeşligi.

Şeýh gaty geň galdyryjy we ýatkeşligiň eýesi bolan. Şeýh biri bilen wagt belleşse näçe wagt soň bolsada ony unutmazdy. Derslerde soňky sapagy kitabyň niresinde galanyny aýdyp bilerdi, sahypasyny ýada soňky sözlemi agzardy.

Günleriň birinde Şeýha Emir Saud bin Fehd hormatly Şeýha kompýuter sowgat berdi. Ol kompýuterde Sahyh Buharyda we Sahyh Muslimdäki we Sünen we Musned kitapdaky hadyslar jemlenilendi. Haçanda Şeýha onuň işleýşini görkezmek üçin jemlenilende, hadys näçe görnüşde gelipdir, haýsy ballarda gelipdir, bu barada gözlediler. Gözleýänçi kompýuteriň çykaran netijesini aýdan Şeýh: "Dogry" käte bolsa "Ýok, bu hadys şeýle-şeýle geldi we plana habar bereni" diýerdi. Haçanda kitaplaryň aslyna dolananlarynda Şeýhyňaýdany dogry çykdy.

Şeýdip ençeme gezek düzediş berende, kompýuter hünärmeni: "Şeýh! Seniň ýanyňa kompýuter bilen geldik, onda ähli zat bar diýip, oňa ähli maglumatlary dykkatly ýerleşdirip, ýöne welin Şeýh, seniň kompýuterdenem has ökdedigiň bizi haýran galdyrdy.


Şeýh Ysmail bin Muhammed El-Ensoryý (Allah oňa rahmet etsin) aýtdy: "Şeýh Abdulaziz. Takryb kitaby doly ýatdan bilýäne golaýlan.

Şeýhyň degişmesi.

Şeýh näçe ylym we adamlaryň iş bilen meşgul bolsa-da daşyndakylaryň göwünlerini göterip durardy. Käte nahara çyksa, naharlaryndan soňra: "Ýengyçdana (ýa benzinden) geregimizi edindik, indi okamany dowam edeliň" diýerdi. Käte agşamlyk edinjek bolanda golaýyndaka: "Plany maşgalaňdan gorkmaýan bolsaň biz bilen agşamlyk et" diýip degişerdi.


Şeýhyň pes-pälligi.

Ony tanaýana Şeýhyň pes-pälligi belli. Nähili uly wezipeleri ýerine ýetirsede her kişini öz ornunda goýardy, hiç tekepbirlenmezdi. Onuň pes-pälligine hasam täkitleýän zat, ol eger-de ony talyplary we ony gowy görýänler toýa çagyrsa, çakylygyna jogap beren. Üýşmeleňe ir baryp birine Kurandan aýatlary okamagy talap ederdi, soňra ony açyklardy.


Şeýhyň terki dünýäligi we päkligi.

Şeýh dünýä gazanmak üçin elinde sebäpleri bolsada oňa ýapyşmady. Tersine durmuşynda sadalyga ýykgyndy. Onuň ýazgydaka derslerini diňleseň, gürleýän haçanda ony öwse, ol dessine: "Doganyň oňurgasyny owardyňda, (adamlaryň ýüzüne) öwmäň. Öwmek damagyňy çalan ýalydyr. Allah! Olaryň men baradaky pikirinden meni has haýyrly et we men barada bilmeýänini bagyşla" diýýärdi. Şeýlede Şeýh arassa dilli, päk nebislidi, haramlardan iň daşda durýanlardandy. Şeýle hasap edýäris, Allahdan öňe geçip hiç kimi öwmeýäris.([3])


Şeýhyň geçirimligi we giň gursaklygy.

Bu wasp musulmanyň wasplanyp biljek iň gözel wasplaryndan. Şeýhde hem bu wasp bilen wasplanan. Ol haçanda kazy mejlisinde wagty köp sögünýän kişi giren we Şeýh bolsa oňa gaýtawul bermedik. Haçanda Şeýh Haja gidende ol kişi aýrylan. Şonda uly metjidiň ymamy ölen kişiniň Şeýha sögendigini bilende oňa jynaza okamadyk. "Men Şeýh Ibn Bäze sögýän kişä namaz okamaryn, siz okaň diýen". Ol ymamyň ady: Abdulaziz bin Osman. Haçanda Şeýh Hajdan dolananda habary eşidip, onuň bagyşlanmagyny dilän we Şeýh Abdulaziz bin Osmanyň oňa namaz okamadygyny bilende: "Ol ymam bu meselede ýalňyşdy. Maňa onuň gabryny görkeziň" diýdi we oňa jynaza okady, bagyşlanmagyny diledi we oňa dileg etdi.


Ýene-de:

Ol uly metjitde ir säher sapak berýärdi. Biri girdide batly sesi bilen: "Tur! Adamlaryň arasyny çöz. Tur! Adamlaryň arasyny çöz, okamaklygy taşla!" diýip gygyrdy. Şeýh: "Abdullah bin Roşyýd! Tur we oňa kazyçylyga oturanymyzda gelmegini habar ber" diýmekden artyk zat diýmedi.


Şeýhyň keremligi, sahylygy we eli açyklygy.

Şeýhyň bu waspy ony tanaýana belli bolşy ýaly, Şeýhy görmedikde onuň sahylygyny bilýär. Şeýh dilegçiniň dilegini, soranyň talap edenini bermän goýbermezdi. Belkemde oturşykdaoňa bir sowgat berilse, ol sowgady başga biri sorasa oňa bererdi, geýýän donyny sorana ony çykaryp bererdi. Şeýhyň sahylygy sanap gutarar ýaly däl. Bu ýerde azyny gysgaça agzaly:

1) Ol garyp-gasyrlara, mätäçlere dowamatly sadaka bererdi, soranyň soragyny gaýtarmadyk. Mal-mülkden azynam, köpünem saklamadyk, Allahyň ýoluna sowmak üçin käte aýlygyndan daşary karz alardy ýa-da möhüm bolan goşuny satardy.

2) Ol naharyny ýeke iýmezdi. Eger-de nahar taýyn bolsa oňa Şeýhlardan, talyplardan, ýolda geçip barýandan, mäteçlerden çagyrardy.

3) Geçişi ýaly, Şeýhyň myhmanlarynyň köplügi sebäpli jaýynyda satlyga çykaran. Şeýhyň myhmansyz geçiren güni bolmadyk, ol myhmany giň gursagy bilen kabul ederdi.

4) Mydama myhmanlar üçin bazardan miwelerden, hurmalardan, gök-önümlerden we beýleki iýmitlerden iň gowusyny satyn alynmagyny tabşyrardy.

5) Şeýh öýüne geleni ýa oňa salam bereni goýbermezdi, onuň galmagyny, öýlänlik, agşamlyk edinmegini we ýatmagyny talap ederdi. Şeýdip onuň ýanyna gelen aňsatlyk bilen gaýtmazdy.

6) Şeýh nahar başyndan turmazdy tä: "(Myhmanlar) Turdymy?" diýip soraýança. Egerde "Turdylar" diýilse, olar onuň turany üçin howlukmazlyklary ýa utanmazlyklary üçin soň turardy.

7) Şeýh myhmanyň köp bolmagyna gursagy daralmazdy we gaşyny çytmazdy. Onuň öýünde işlänleriň bu şaýatlygyndan daşary Şeýh tanaýanlar-da muňa şaýatdyr. Belli boluşyna görä, Şeýh diňe Riýad şäheriniň Şeýhy bolman, ol öz döwründe Saud Patyşalygyň, şeýle hem Yslam Äleminiň Şeýhydy we Ymamydy. Onuň myhmanlary diňe öz şäheriniň ýaşaýjylary, ylym talap etmäne we mesele soramaga gelenler bolman, eýsem ondan daşary başga şäherlerden gelenler, başga ýurtdan gelenler-de Şeýhyň öýüne myhman bolup düşleýärdiler. Şeýdip myhmanlar onuň öýüne bir-iki bolup dälde, awtobuslap, maşynlap gelerdiler. Şeýhyň myhmanlara seredýän, olaryň hyzmatynda bolýan işgärleri bardy.

Şeýh dersi, sapagy we ş.m bellenilen işi bolsada myhmanlaryň halyndan habar alardy. Bir gezek Şeýh Medinede ýaşaýarka sapak bermek üçin ýassydan soň öýünden çykypdy. Haçanda çykmak islände işgäre myhmanlara gowy seretmegi tabşyrdy. Haçanda dersdendolananynda, içgärden olaryň ýadaw bolandyklaryny we agşamlyk iýmän, ýatandyklaryny eşidende gaharlanyp, olara nahar satyn alynmagy buýrup, olary nahara turuzdyrdy we ol işgäri daşlaşdyrdy.


Şeýhyň dawgatda üns beren amallary.

1-Şeýh Yslam Äleminde din öwredýän we Allaha çagyrýan merkezlere kömek etmegi.

2- Şeýh tewhyda, arassa akyda aýratyn orun bermesi we oňa berk ýapyşmagy. Şeýhyň bu waspy derslerinde we gürrüňlerinde-de aýdyň.

3- Kurany ýat tutmak, ony öwretmekde aýratyn üns bermegi. Musulman doganlaryna we talyplaryna muny mydama ündemegi.

4- Allaha çagyrýan dagwatçylara kömek, ýardam elini uzatmagy. Yslam Äleminde Şeýhyň aýba-aý pul kömegini berýän dagwatçylary 2000-dende köpdi.

Şeýhyň musulmanlaryň halyna kaka nazary bilen garan we gijesini gündiz edip wagtyny geçiren we ybadat öz paýyna hem üns beren. Ýazyjylardan biri aýdýar:

"Şeýh bilen Mekkä gitdim. Gije sagat 11-e deňeç oňa (adamlardan gelen) baglanşykly (meseleleri çözmek üçin) okadym, birden Şeýh: "Biz ýadadyk öýdýän, dynjymyzy alaly" diýdi. -Hakykatynda bolsa ýadamandy, ýöne onuň kätibi (ýazyjysy) bilen edebidi.- Şonda kätip: "Hawa, Şeýh! Ýadadyk" diýdi. Kätibi aýdýar: "Namaz okap ýatdym. Fejrden (erte namazyndan) ozal oýandym, Şeýh bolsa namaz okaýar ekeni".

Başga-da, Oňa Toifdan Riýada ýoldaş bolanlardan biri aýdýar: "Gije 2-iň ýary bolanda, Şeýh ýoldaşlaryna: "Biz ýadadyk öýdýän. Duruň, ýolda (gyrada) ýatalyň" diýdi. Durduk, aýagymyz ýere ýetmänkä ýatyp galdyk. Biziň iň gowymyz 1 ýa-da 3 rekagat namaz okady ýatmazdan ozal. Şeýh hem namaza durdy. Şeýhyň ýoldaşlary Fejrden ozal oýandylar, Şeýh bolsa namaz okaýardy.


Şeýhyň dagwatçylaryň gamyny eden.

Günleriň birinde gijäniň ýarymynda Şeýha jaň gelip: “Ertir daň bilen Sumalyda 6 sany dagwatçyny ölüm jezaby bilen jezalandyrylýar, olaryň dördüsi, Hormatly Şeýh! Siziň adamlara din öwretsin diýip, iberen dagwatçylaryňdan” diýilýär. Şeýh gijäniň ýarymynda turup, dessine Patyşa Abdullaha (Rahymehullah) jaň edýär, haçanda jaňa köşk işgäri jogap berende, Şeýh Patyşa Abdullah gerekdigini aýdýar, ol işgär Patyşa Abdullahyň ýatandygyny we ony turuztyp bilmejegini aýdýar. Şeýh oňa, hut özüniň köşge baryp tutuzjagyny we işiň zerurydygyny aýdanda, işgär turuzmaga kaýyl bolýar, ygtyýarlygynda bolmasada. Soň Patyşa Hormatly Şeýha jaň edip, habary eşidýär. Meseläniň çözüljegini Allahyň ýardamy bilen çözüljegini aýdyp jaňy goýýar. Soň az salymdan, Şeýha jaň edip, ertesi gün Sumalyda ähli türmä basylanlaryň günäsi geçiljegini habar berýär. Şeýdip Şeýhyň bu jan etmese artygy bilen Allahyň ýardamy bilen ýerinde düşýärde oturyberýär.


Şeýh talaby gaýtarmazdy.

Bir gezek Şeýha Filipbinden bir zenandan hat geldi. Onda: "Ärim musulman. Nasranylar ony tutup, guýa okladylar, men dul galdym we çagalarym ýetim. Mende Allahdan soň ýeke birem ýok. Men: "Bu ýer ýüzünde kime hat ýazaýyn" diýdim. Aýtdylar: "Şeýh Abdulaziz bin Bäzden başga ýok". Maňa kömek etmegiňi umyt etdim” diýip ýazykdy. Şonda Şeýh kömek etmekde resmi jogapkärlere ol zenana kömek bermek üçin kömek hat ýollardy, soňra olardan beýle haldaky zenana aýrylan pul kömeginiň ýokdugyny ýazylan hat geldi (çünki kömek pullar çäklenendi). Şonda Şeýh bugaltere hat-da salam berip: "Meniň aýlygymdan on müň riýal kesde şu zenana iber" diýip ýazdy.


Şeýhyň (Allah oňa rahmet etsin) eden ýagşy işlerinden birisi, Şeýh radiony diňläp, gazet-žurnaldaky ýazylýan zatlara üns bermegidir. Eger olarda dine ters zat aýdylsa, ol ýalňyşlyga dessine hat ýollap düzetmegi ýa-da alymlaryň birine ol edilen ýalňyşlyga gaýtawul ýazyp, açyklamagy talap edip hat ýollan.


Şeýhyň takwalygy.

Şeýhyň bu häsiýeti barada agzara wakalar köp bolan, bärde uzak bolmazlygy üçin gysgaça agzasak:

1-Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) topukdan aşak geçirip eşik geýmegi haram görýär, egerde muny tekepbirlik bilen geçirse, ol has hem beter.

Günlerde bir gün Şeýh täze mişleh (içi görünýän giň bolan don şekilindäki araplaryň eşigi) geýen. Şonda Şeýh öňki halyndan tapawutlydy, ol mişlen topuklardan geçýärdi we onuň habary ýokdy, oňa biri: "Hormatly Şeýh! Bu topuklardan geçýär welin ony ýokardan geýmegiň parzlygy baradaky pikiriňizi üýtgetdiňizmi?!" diýdi. Şeýh ony dessine çykardyda, ony dessine zyňdy we kömekçileriniň birine: "Muny gysgaltdyr" diýdi.

2- Şeýh hiç bir kişiden sowgat almazdy, sebäbi ol hökümetde işleýärdi, eger-de alaýsada ony artygy bilen gaýtarardy. Aýdardy: "Eger sowgat 100-e deň bolsa, oňa 200 ber, 200-e deň bolsa 400 ber" we oňa: "Bize başga zat bermesin" diýip aýdyň.

3- Şeýha sowgat edilip ýakymly ys, miswak, don we ş.m zat berilse, gapdalynda biri bolsa, oňa: "Bu menden saňa sowgat" diýip bererdi.

4- Patyşa Faýsal (Allah oňa rahmet etsin) Medinä geldi. Şeýh oňa zyýarat etjek bolanda onuň maşyny ussadady. Şeýdip kreýine maşyn alyp gidipdi. Dolananyndan soňra muny Patyşa Faýsal (Allah oňa rahmet etsin) bildi. Ol waka Patyşanyň ýüregine gynanç saldy. Şeýdip ol Şeýha gynananyny aýdyp oňa awtoulag iberdi. Şeýh muny bilende maşyny gaýtarylmagyny talap etdi we özüniň mätäçliginiň ýoklugyny aýdypdy. Ýanyndaky käbir Şeýhler oňa beýle etmezligi ündediler, sebäbi ol Patyşadan gelendigini, onuň gowy awtoulagyna mynasypdygyny, (ony alsa) köpçüligiň işi has-da gijä galman bitirip biljekgini, soňam ony iberen Buýruk Eýesidigini we ony dolasa, ony gynandyrjagyny aýtdylar. Şeýh istihara okaýyn diýip, okanyndan soň: "Zyýany ýok, alaly" diýdi we Patyşaha şükür edip we doga edip hat ýazdy.


Şeýhyň Allaha bolan ynamy.

Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) Allaha ynamy diýseň ulydy, Ol barada ýagşy umytda pikirdedi we Oňa bolan daýanjy, töwekgelligi güýçlidi. Ol sadaka etmekde Allaha gaty ynamlydy, ol Allahyň ýolunda alada etmän, garyplyk gorkusy ýoguň sowuşyny sowardy. Şeýle-de hem garyplaryň bergisini üzmekde Allaha gaty ynamlydy.

Onuň durmuşyndan käbirini getirsek:

- Ol Subeýgy banky bilen işleýärdi. Egerde Şeýha (Allah oňa rahmet etsin) metjidiň ýada haýyr işiň bitmegi üçin 100 müň ýada 50 müň ýa-da ondanam kän gerek diýip ýazylsa, ol Subeýgy bankyna talap edilýän puly bermeklerini ýazardy. Şeýdip Şeýh ol puly öz boýnuna bergi edip alardy. Subeýgy bank bolsa onuň ýazan puluny bererdi.

Şeýdip bir gün Şeýhyň bergisi üýşdi. Ol 3,700,000 riýal (üç million ýedi ýüz müň riýal -şu wagt bir million Amerikan dollaryna barabar) boldy. Subeýgy banky Şeýha bu sany ýazyp ugratdylar we aýtdylar: "Diňe muny habar bermek isledik, bolmasa biz hormatly Şeýhyň soran möçberini bermekden saklanmarys" şonda käbir işgärler Şeýha: "Hormatly, Şeýh! Beýle etme, bergidaryň ýagdaýyny özüň bilýäň" diýdiler. Şonda Şeýh güldide: "Haýyrly buşlugyna garaşyň". Iki Şerif Haramyň (Käbäniň we Pygamber metjidiniň) hyzmatkäri Patyşa Fehde (Allah oňa rahmet etsin) bu habar (ýagny Şeýhyň bergisi) ýetdi. Ol agzalan puly berilmegi buýurdy. Şeýha bu aýdylanda: "Size Allahyn kömegi golaýdygyny habar bermändimmi!" diýdi.

-1406-njy hijri ýylynda Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) Kuran Kerimi ýat tutdyrýan Jemagat atly Kuran ýat tutduran merkeziň dabarasyna bardy. Şol dabaranyň arasynda ol Jemagat merkeziň başlygyna söz berildi. Ol Jemagadyň (Kuran ýat tutdyrýan merkiziň ady) edýän haýyr işlerini we aýratynlygyny agzady. Başga-da ol merkeziň kömege mätäçdigini agzady, girdeýjiniň (daşyndan berilýän haýyr-sahabatyň) gowşakdygyny aýtdy we olaryň 70 Kuran mugallymyna mätäçligini aýtdy we olarda bu mugallymlara aýlyk edip bermäge pullarynyň ýokdugyny aýtdy. Şonda hormatly Şeýh rahat sesi, kerim nebsi we Allaha bolan ynamy bilen: "Olar bilen meniň hasabyma ylalaşyň (barsynyň aýlygy meniň boýnuma)" diýdi.

- Hormatly Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) Riýaddady. Ýanyna gelenleriň içinde Şeýh Akyl El-Akyl we Harameýn haýyr-sahawat guramasynyň başlygy bardy.

Şeýh Akyl: "Hormatly Şeýh! Bizde plan ýurtda şeýle-şeýle haýyr iş taslamasy bar, ýöne onuň gerek puluny tapyp bilemzok. Seniň pikiriň nähili?" diýdi.

Şeýh: "(Dogry) görenňizi bize ýazyň, ol taslamany (proýekti) guramalardan ençemesine görkeziň we iň arzan baha bereni bilen ylalaşyň”

Şeýh Akyl: "Gerek pul diýseň köp. Hormatly Şeýh!" diýdi.

Ol: "(köp) bolsada"

Şeýh Akyl: "Seniň pikir edýäniňden hem köp. Hormatly Şeýh!"

Şeýh Ibn Bäz: "Näçe?"

Şeýh Akyl: "7,000,000 (ýedi million - amerikan dollarynda 2 milliona golaý) riýal" diýdi.

Şeýh Ibn Bäz: "On million bolsa-da, Allah ony ýeňilleder" diýdi.


Şeýhyň pes-göwünliligi.

Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) öz döwrüniň Şeýhul-Yslamy, hormatly, fazylaty, Uly Alymlaryň Heýkeliniň Başlygy, Fetwa Üçin Mydamalyk Komissiýanyň başlygy we olardan başga lakamlary we wezipeleri bolsada ol pes-göwünlilikde bir göreldedi.

1) Şeýh ölmezinden 30 ýyl ozal wagyz-nesihat üçin bir metjide bardy. Metjidiň ownuk çöplerden (ýagny samandan, gamyşdan ýa plasmasdan) ýasalan düşek bilen düşelenini duýdy we oňa haly goýulanyny bildide, ony gyra süýşürdi, sebäbi ol aýratyn bolmak islemeýärdi.

2) Şeýha we ol orundakylara döwlet tarapyndan berilýän awtoulagyň möhleti gutardy we ony onda has täze model bilen çalyşmak islediler. Şeýh: "Munuň kemi näme?" diýip sorady. Aýtdylar: "Möhleti gutardy, oňa derek näme isleýäňiz?" Ol: "Nähili maşynlar bar?" Kadylak, Mersedes, Ford we başgalary agzaldy. Ol: "Kaps (ýagny, şo wagtky köne, sada maşynyň ady)" diýdi. Aýtdylar: "Şeýh! Bu siziň ornuňyza laýyk gelmeýär (gaty köne)". Şeýh: "Näme üçin barybir gabyr bir dälmi?!"

3) Şeýhyň Riýaddaky öýünde käbir aýratyn otaglara mätäç boldy. Muhammed bin Musa (Şeýhyň öýüniň kontrasyň başlygy) Şeýha: "Eý, Şeýh! Bu raýonda satlyk öýler köp. Sizdäki işgärler üçin we myhmanlar üçin öý satyn alynmagyny dogry görýärin" diýdi. Hormatly Şeýhyň ýüzi üýtgedi we aýtdy: "Biz saparda" ýagny ahyrede sapar etmeli.

4) Şeýh 1402-nji hijri ýylynda ýürek keseli bilen hassahana düşdi, ençeme gün ol ýerde ýatdy. Lukmanlar Şeýha ýagly we duzly nahary iýmegi gadagan etdiler we oňa haslap nahar berdiler. Şeýh haçan-da muny bilende kabul etmedi we "Menden başga goýulan maňada goýulsyn, haýyrdan başga zat bolmaz" diýdi. Şeýh başgalaryňkydan aýratyn nahar iýmekden saklandy.

5) 1418-nji ýylda Hajda namaz okalýan ýerde otyrdy we daşynda ýüzlerçe adamdy. Şeýha bölünen miwe getirildi, sebäbi ol Hajda köplenç miwe, hurma we süýtden başga zat iýmezdi. Haçanda öňünde goýulanda: "Şutaýdakylaryň ählisine şular ýaly goýuldymy?" diýdi. Aýtdylar: "Ýok" Ol: "Muny (menden) daşlaşdyryň" diýip, gaharlandy.

6) Şeýh kiçi diýmän, uly diýmän ähliň sözüne gulak asardy, dogryny alardy. Bir gün bir oglanjyk jaň etdi: "Hormatly, Şeýh! Adamlar fetwa berýän alymlara mätäç. Her şäherde adamlara ýeňil bolmagy üçin müfti (fetwa berýän) goýulmagyny teklip edýärin" diýdi. Oňa Şeýh: "Mä şä Allah! Allah seni solyh etsin! Ýaşyň näçe?" diýdi, aýtdy: "On üç" Şeýh: "Bu gowy teklip we ol öwrenilmäge mynasyp" diýdi. Muhammed bin Musa ýüzlenip: "Uly Alymlaryň Heýkeliniň eminine ýaz" diýip, diktowat edip başlady: "Maňa käbir neşihatçylar jaň etdi we her şäherde müfti edilmegini teklip etdi. Ol barada pikir alyşmak üçin Fetwa Üçin Mydamalyk Komissiýa hödürlenmegini dogry görýäris.

7) Şeýhyň adyny mekdebe ýa köçä dakjak bolunsa, oňa bildirmezdi, gaýta käte kabul etmezdi. Bir gezek, açyljak mekdebe onuň adyny dakmaklyga rugsat sorap oňa hat geldi. Şeýh ol mekdebe özünden has gowynyň "Şeýhul-Yslam Ibn Teýmiýe", "Alläme Ibn Kaýýym" we "Şeýh Abdurrahman bin Hasan Ali Şeýh" ýalylaryň atlaryny dakmaklygy ündedi.

8) Şeýha hat gelende onuň başyndaky Şeýhy öwýän sözleri okalsa, Şeýh iki ýana öwrülip, hereket edip: "Allahul-Mustean (Diňe Allah kömek soralýan). Allah bize afuwy (geçirimligi) bilen gorasyn. Bu sözleri taşla. Maksada (hatyň esasy ýerine) geç, näme isleýär?" diýerdi. Käte ol wasplary inkär ederde, käte ol barada ýollardy hat.



Şeýhyň öz mertebesini saklamagy.

Şeýh öz mertebesini, ýürek baýlygyny saklap, dünýäden ýüz öwürýärdi we ondaky zatlara göz gyzdyrmazdy.

Oňa ugradylýan pullary, ony ýygnamak ýa köpeltmek üçin almazdy, ony haýyrly işler üçin sowardy. Ol wakalardan:

1. Şeýh Yslam Uniwersitetine Roktor bolanynyň yzýany Patyşa Faýsal (Allah oňa rahmet etsin) Şeýha Medineden öý satyn alynmagyny buýurdy.

Haçanda jaýyň dökümendine Şeýhyň ady ýazylmaly bolan wagty, Şeýh saklandy, adyny ýazdyrmady. Aýtdy: "Öý haty Yslam Uniwersitetiniň Rektory üçin diýip ýazylsyn. Men bar wagtym ýaşaryn, eger-de göçsem yzymdaky (Müdir) ýaşar".

2. Bir gezek wezipeleriň birisi oňa uly möçberde pul sowgat edip ugratdy. Şeýh ony alanda ýüzi ýigrençlidi. Ertesi gün oňa jaň edilmegini sorady we "Plana şükrümi we (Allahdan oňa dileýän) dogamy ýetir. Şeýlede oňa aýt: "Men haýyrly halda we ol pula mätäçligim ýok" ýene-de aýt: "Eger-de garyplaryň arasyna paýlanmagyna rugsat berse, onda zyýany ýok bolmasa-da puly oňa yzyna gaýtararys we Allaha oňa haýyrly muzd bersin" diýdi.

Ol puly berene habar ýetende garyplara paýlamaga rugsat berdi.

3. Şeýlede Şeýh ölmezinden ozal 20 ýyla golaý, haçanda Toifdaky jaýy gurlup tamamlanandan soňra, uly wezipeli biri köp puly: "Bu size menden öýe goş almak üçin sowgat" diýip, ugratdy.

Şeýh ony gaýtardy we aýtdy: "Biz gowy halda, hiç zada mätäç däl we Allah saňa haýyrly muzd bersin".

Şeýh Muhammed bin Musa aýdýar: "Men Şeýhyň şol wagt bergilidigini, ol (pula) mätäçdigini bilýärin, ýöne ol baý ýürekli, mertebeli, nebisli we adamlaryň elindäkä seretmeýändi".

4. Şeýh ölmezinden ozal 30 ýyl töweregi köp myhmany we garyplara kömek edýäni sebäpli bergisi üýşeni üçin jaýyny satlyga çykardy. Bu käbir wezipelilere ýetipdir. Ol oňa pul iberip: "Sen jaýyňy eliňdäki gysylany üçin satlyga çykarynyň maňa ýetdi, bu bolsa meni gynandyrýan zatlardan, sowgadymy kabul etmegiňi umyt edýärin, şeýlede maňa muny Patyşanyň Şanlylygyna ýetirmäge rugsat ber!"

Şeýh şükür we doga-dileg etmek bilen jogap berdi we aýtdy: "Meniň hajatym barada eşideniňiz dogry, gizlin bolmaýşy ýaly köp myhmanlar, Riýadda we Medinede mätäçleriň köp bolmagy, ýöne Patyşa ýetirmege rugsat bermeýärin". Şeýdip oňa şükür aýtdy we oňa doga etdi.

5. Şeýh ölmezinden takmynan 40 ýyl ozal Ykdysadyýet Wezirine"Köp myhman sebäpli gaty mätäçligim bar. Maňa şunça karz berilmegini umyt edýärin. Ol bergini her aýda aýlygymdan bölüp üzerin" diýip hat ýazdy.

Belkemde Şeýhyň bu häsiýeti adamlaryň ony söýmeginiň, onuň daşyna jemlenmeginiň syry bolmagy ahtimal.


Şeýhyň terki dünýäligi.

Şeýh Muhammed bin Musa aýdýar: "Biziň zamanamyzda Şeýh Abdulaziz bin Bäzden has terki dünýä bilinmeýär halda, bolmasa oňa dünýä berilipdi we dünýä oňa bezenipdi, şonda-da Şeýh ony terk etdi.

Bir günem Şeýhyň aýlygy, onuň möçberi, onuň artmagy, berilýän wagty barada sorany ýadyma düşenok. Şeýlede onuň hasaby ýada bankdaky puly barada sorany ýadyma düşmeýär, ol barada soramaýar, oňa parham bermeýär.

Onuň söwda-satyk ýada dünýä zatlaryndan biri barada diňe bir kişiniň mätäçligi barada ýada oňa şepagat etmek üçin sorag bolaýmasa olar barada geplemezdi. Tersine dünýä aldanmazlygy köp wesýet edýändi.

Hormatly Şeýh kanagatly, terki dünýälik we saklanmak durmuşda ýaşaýardy. Ol dünýä lezzetlerinden birinede ýapyşmady, mal-mülke, hormata we wezipä seretmezdi (jyrjaşmazdy). Tersine garyp bolmak gorkudan gorkmaýany sowuşyny sadaka edipsowýardy. Hormatlanmagy, derejelenmegi, öwülmegi we agzalmany söýmegi terk edendi.

Şeýh algydarynyň bergisi artsa geçerdi. Käbir algydarlaryna: "Ajalyň maňa duýdansyz gelmeginden gorkýaryn, şonuň üçin sizi geçirdim, boýnuňyzda zat ýok we meniň sizde zadym galmady (ýagny: doly geçdim)" diýip ýazdyrdy.

Bir gezek ölmezinden 3 ýyl ozal 700 müň riýal birine karz beren, soňra oňa ol algysyny geçendigini aýdyp hat ýazdy. Ýanyndakylardan biri Şeýha göwni agyryp we onuň berjek jogabyny eşitmek üçin “Allah bu hasabyň -ýagny Şeýhyň- sogabyny artdyrsyn” diýen. Şeýh bolsa: “Oglum! Dünýä seniň möhüm zadyň bolmasyn. Men 87 ýaşadym we Robbumdan haýyrdan başga zat görmedim. Dünýä gidýär we gelýär. Ölende 100 milliony bar bilen ölende hiç zady bolmadygyň tapawudy: birinjiniň hasaby we soňy agyr. Ikinjiniň onuň ählisinde tersine” diýdi.


Şeýh her kişi bilen gowy gatnaşykda bolardy.

Ol Riýada ýaşaýan wagty Toife sapara gidende, ýany bilen gidenleriň diňe hal-ahwalyny sorap durmak bilen çäklenmän, olardan öýlerinden, maşgalalaryndan habar tutýandyklary barada soraýardy. Şeýh öýüne gelende gapysyny kakanda ýuwaşlyk bilen kakardy, käte açmasalar ençeme wagt gapynyň öňünde ony yrgyldadypda oturardy.


Şeýh işgärleri bilen gatnaşygy.

Şeýhyň elinde işleýän sürüjileriň biri öýüne seredýän we Şeýha okap berýän Muhammed bin Musadan Şeýhyň öý telefonyndan daşary ýurtda maşgalasy bilen gepleşmek üçin rugsat sorapdy. Muhammed hökman Şeýhden rugsat almalydygyny aýdyp, Şeýha habary ýetirdi. Şonda Şeýh: "Degme, jaň etsin, olara rehim ediň! Sizde çaga ýokmy?! Allah gorasyn! Resul (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy: "Kim rehim etmese, rehim edilmez."

Şeýhde işlän Sudanly Solahad-diýn Osman aýdýar: "Sowuk güni Şeýhy elinden tutup alyp barýardym. Şeýh eşigimiň ýukalygyny duýup "Bu näme? Nädip bu köýnegi sowuk howada geýýäň?!" diýip, soňra "azrak garaş" diýip, öýüne girip maňa bişt (arap gymmat don) çykaryp maňa sowgat etdi."

Şeýh Abdurrahman bin Däil Şeýh ibn Bäziň ýanyndaka kän bolan, ol aýdýar:

"Şeýhyň meni utandyran ýa maňa sögen güni ýadyma düşenok, bolmasa köp ýazardym we delalary taýýarlardym (ýagny Şeýha).

Ýene-de aýdýar: "Şeýhy görsem meniň bilen ýumşakdy we maşgalamyň, ehlimiň hal-ahwalyny sorardy" ýene-de: "Şeýh işinde adamlaryň köplüginden ýadamazdy we darykmazdy.


Şeýhyň buýruk eýeleri bilen gatnaşy.

Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) buýruk eýeleri (baştutanlar) bilen päk dinde gelene laýyk gatnaşardy. Ony şu nokatlarda jemlense bolar.

1) Buýruk eýelerine kynçylykda-da, rahatlykda-da boýun bolardy.

2) Buýruk eýelerine garşy çykmakdan gaýtarardy we ony ýazgarardy.

3) Halky buýruk eýelerine boýun bolmaga çagyrardy we ündärdi.

4) Olara köp şükür, sag bolsun aýdardy.

5) Olara nesihat bererdi we olar bilen ýagşylykda we takwalykda ýardamlaşardy.

6) Olara haky açyklap, oňa itererdi we olara batyly aýdyňlap, ondan ägälendirerdi.

7) Agzy birikdirmek üçin jan ederdi, baştutanlara raýatlary söýdürerdi we raýatlara baştutanlary söýdürerdi.

8) Olara köp doga-dileg ederdi, olara ýagşy niýet, ýagşy kömekçiler, ýagşy söz we amal dilärdi.

9) Olardaky wezipä, pula, mal-mülke we hormata gyzmazdy, dyzamazdy.


Şeýhyň gynanç bildirmegi.

Şeýh tanaýany bolsun, tanamaýany bolsun, onuň gynanjyna gynanýardy. Eger biriniň golaýynyň ölendigini eşitse oňa gynanjyny bildirip, ondan başardygyndan gynanjyny göterjek bolýardy. Ine onuň bir 1392-2-17 senede kakalary ölenlere ýollan haty:

Abdulaziz bin Abdullah bin Bäzden Hormatly “Plana”, onuň doganlaryna we maşgalalaryna. Allah olary razylygy bolana gönükdirsin we olara ineni düzetsin (kynçylygy aýyrsyn):


Esselämu aleýkum werahmatullahy weberekätuh.


Maňa kakaňyz "Planyň" öleni gelip ýetdi. Aýdýaryn: “Allah ýasyňyza haýyr-yhsan bersin, size inen kynçylygy düzetsin, ýitirleni (öleni) bagyşlasyn, ony rehmeti we razylygy bilen gurşap alsyn we zürýatynyň ählisini salyh (düzüw) etsin.

Ähli kişä gizlin bolmaýar: Ölümiň geçilýän ýoldugy we owurtlanylýan çeşmedigi. Takyk, Resullar öldüler we olar ýaradylanlaryň iň şerifleridi, gowylarydy- Äleýhimussolätu wesseläm- egerde bir kişi ölümden aman galsady olar aman galardylar. Allah -subhanehu- aýtdy: “Ähli nebis ölümi dadyjydyr. Size kyýamat güni muzduňyz ödeler. Kim Otdan çetleşdirilip, Jennete salynsa, takyk, ol ýeňendir. Ýaşaýyş dünýä aldaýan (oýnaýan) harytdan başga zat däldir” (Äli-Ymron 185)

Musulmana kynçylyklar inende, dinde etmelisi ol sabr etmek we Allahdan sogabyny umyt etmek we sabr edýänleriň: “Innä lillähi we innä ileýhi rojy-uun(Biz Allahyňky we biz Oňa dolanyjydyrys)” (Bakara 156)-diýen sözüni aýtmakdyr. Allah ol üçin olara uly haýyr wada berendir. Allah aýtdy: “Onda olara Roblaryndan, Hojaýynlaryndan salawatlar, öwgüler, rehmet we hana olar dogry ýoldakylar olardyr”(Bakara 157).

Nebiýden (Sallallahu aleýhi wesellem) onuň: “Guldan kynçylyk inende: "Innä lillähi we innä ileýhi rojy-uun. Allahumme! Ejirnä fiý musyýbetiý, wehlufniý hoýron minhä" (Biz Allahyňky we biz Oňa dolanyjydyrys. Allah! Kynçylygymdadygym üçin sogap ber we maňa ondan gowusyny goý, ber!) diýeni ýokdur, megerem Allah onuň kynçylygyna sogap berer we oňa ondan has gowsuny goýar" diýeni sahyh boldy.

Allahdan siziň ähliňiziň kynçylyklaryňyz düzeltmegini, size deregine gowysyny bermegini, salyhlyk we şükür edilýän soňluk dileýäris. Sabr etmekligi we Allahdan sogabyny umyt etmekligi, ýagşylykda we takwalykda ýardamlaşmaklygy we kakaňyzyň bagyşlanmagyny dilemekligi, oňa Jenneti ýeňip, Otdan halas bolmagy dilemekligi, onuň bergisini üzmäge howlukmagy egerde onuň bergisi bolsa nesihat edýäris. Şeýlede onuň aýallaryna ählisi tä ydda gutarýança öýlerinde oturmak nesihat edilýär. Allah subhaneke aýtdy: “Resul size getirenini alyň we sizi gadagan edeninden gutaryň (taşlaň) we Allaha takwalyk ediň. Takyk, Allah gaty temmi berijidir”(Haşr 7).

Allah ähliniň kynçylygyny düzeltsin, siziň ähliňiz üçin sogabyny artdyrsyn we kakaňyz "Planyny" bagyşlasyn we ony giň Jennetinde ýaşatsyn, çünki Ol ähli zady eşidýär we Ol golaý.

Wesselämu aleýkum werahmatullahy weberekätuh.”


Yslam Uniwersitetin Rektory:

Abdulaziz bin Abdullah bin Bäz.


Şeýhyň soňky günleri.

Şeýh (Allah oňa rahmet etsin) iýip-içse döşüniň aşagy agyrýanyny aýtdy, ol 1419 hijri ýylyň 8-nji aýydy. "Geçer" diýip näçe üns bermesemde geçmedi. Şeýdip Şeýh nahardan kesildi ýa-da gaty az iýdi, ýa diňe suwuklyk bilen oňardy. Şeýlede bolsa işinden, derslerinden, metjitden galmady, ozalky adaty ýaly boldy. Şeýhyň haly Iki Şerif Haramyň Hyzmatkäri Patyşa we onuň orun basary Emir Abdullaha ýetdi. Olar Şeýhyň halyndan habar aldylar, Şeýha daşary ýurda bejergi almak üçin gitmegi teklip etdiler. Haçanda Şeýh razy bolmanda, Amerikadan iki we Belgiýadan iki güýçli lukmanlary Şeýhyň bejergisi üçin getirdiler -Goý Allah olary bagyşlasyn we giň Jennetinde ornaşdyrsyn-. Şeýdip Şeýh bejergi aldy. Şeýh bejergi üçin hassana giren wagty-da oňa delalar okalardy, şeýdip ol hassa halynda-da musulmanlara hyzmat etmekden kesilmändi.

Şeýhyň jan saglygy şol wagt gowlaşsada az wagtdan beterläpdi. Şeýdip 11-nji aýa ýetdi, şonda oňa lukmanlar saglygy sebäpli Haja gitmezligi ündäpdiler. Şeýh muňa razy bolmady, çünki onuň kalby Haj bilen baglydy. Soňra onuň ogullary ýalbaryp köp haýyş edenlerinden soň, Şeýh Hajy şo ýyl sypdyrmaga razy boldy. Oňa Haja gitmezligi Emir Abdullah hem nesihat edipdi.

Şeýh gynançly halda: “47 ýyllap yzly-yzyna Hajy terk etmändim” diýip agzardy. Bu Şeýhyň yzyny üzmän her ýyl eden Hajynyň sany, bolmasa 52 gezek Haj eden.


Şeýhyň soňky güni.

Şeýh 1420.1.26 güni zuha wagt dynjyny alypdy, ozalky gijesi ýatmandy. Öýleden soň Şeýh kazy delalaryny diňläpdi. Soňra golaýyndakylara: "Sapar etmek barada köp pikirlendik, men we ogullarym bolup olardan käbiri Amerika dogtarlaryň goýan analizini alyp gidip, belli hassahana görkezmek netijesine geldik.

Olaryň pikirini alaly, soňra Allahyň bize saýlanyny görübereris" diýdi.

Şeýlelik bilen Allah Şeýha ömri boýy ýurtdan hiç çykmazlyk we operasiýa edilmezligi ýazdy.

Adamlar Şeýhyň ýagdaýynyň ozalkydan gowydygyna begenşipdiler, agşam namazdan soň Şeýhyň öýüne adamlar dökülipdi. Şeýdip ol gije adamlaryň ýürekleri şatlykdan dolup, ýüzlerine begenç çykypdy.

Şeýh 12-ä deňeç başga şäherlerden gelen garyndaşlary bilen oturypdy. Ogly Şeýh Ahmed aýdýar: “Şondan soň 1:30-a deňeç onuň ýanynda oturdym, menden sagady sorady, oňa aýtdym, ol: “Allaha töwekgellik etde (gidiber) we ýat” diýdi. Ol Allahyň isläni namazyny okady we düşeginde gyşardy. Ejem bolsa onuň ýanynda oturdy. Haçanda sagat gije 2:30 bolanda oturdyda güldi, soňra gyşardy, şondan soňra nebisi (jany) galdy we döşi hyrryllady (jany bogazyna geldi). Ejem ony turuzjak boldy, ýöne jogap bermedi. Şondan soň men we doganlarym onuň ýanyna bardyk, ol şo haldady. Hassahana jaň etdik, tiz kömek iberildi we hassahana äkidildi. Haçanda hassahana göterilende ruhy Ýaradyjysyna göterilipdi".

Şeýdip 1420 hijri ýylynyň, Muharram (Aşyr) aýynyň 27-si fejr (erte) namazynyň öň ýany (Saud Arap Patyşalygynda, Toif şäherinde) Şeýh Abdulaziz bin Bäz bu dünýäni terk etdi.

Şeýha ertesi gün juma namazynyň yz ýany Käbede jynaza durulyp, Yslam Äleminiň Mukaddes şäheri Mekkede, Adl gonamçylykda jaýlandy.


Şeýhyň Yslam Ymmatyndaky orny.

Şeýh barada kitaplar, goşgular we makalalar ýazyldy. Kitap uzamazlygy üçin diňe käbir gazet-žurnalyň ol barada ýazanyny salgysyny agzasam, Şeýhyň ornunyň nähili beýikligi belli bolar:

1) Patyşa Fahd: “Ibn Bäziň ölümi Yslam ymmaty üçin hasrat, ýitergi” (Haýat gazeti)

2) Patyşa ähli metjitlerde ýitirlene (Ibn Bäze) gaýyp namazynyň (gaýypdan jynazany) okamaklyga gönükdirdi. (Ykdysadyýet)

3) Yslam Ymmaty ýitiren Hormatly Allame Şeýh Abdulaziz bin Bäz bilen hoşlaşýar. Weliý-ahd (Patyşanyň orun basary) we ikinji orun basary Ymmatyň ýitirenine (Ibn Bäze) jynaza namazy ýerine ýetirýär. (Al-Medineh)

4) Iki Şerif Haramyň Hyzmatçysy (Patyşa) Ibn Bäziň ogullaryna: “Adamlaryň iň gymmadyny, haýyra çagyrmakda we nesihat etmekde iň dogruçyllysyny ýitirdik”(Ukäz)

5) Elli müň musulman Ibn Bäziň jesedini soňky ýoluna göterdiler we Saudýanyň adatdan daşary güýji jesediň Harama (Käbä) girmegini tertipleýär. (Ukäz)

6) Patyşalyk Emirleri: “Yslam, dinde we ylymda öňe saýlananlaryndan bolan alymy ýitirdi” (Ukäz)

7) Yslam Guramalaryň Müdirleri, Awstraliýanyň we Taze Zelandiýanyň Fetwa Öýi we Amerikanyň musulmanlary Yslamyň ýitgisi üçin ýas tutýarlar.

8) Yslam Uniwersiteti ozalky rektory üçin aglaýar we Ibn Bäz Yslam Uniwersitetini gurmak üçin şeýle goşandyny goşupdy. (Ykdysadiýe)

9) Riýaddaky Fetwa işgärleriniň hallaryna serediji müdiri: "Şeýh Ibn Bäz işinde belleneni bäri dynç alyşa çykmady". (Riýad)


Soňunda aýtsam: Şeýh barada aýdara we ýazara zat kän. Sözümi şu düýş bilen tamamlajak. Ehli-sünnetde düýşe ygtybar berilmeýär, diňe begendiriji bolaýmasa. Begendiriji habar bolsa ol umytda bolmagyň zyýany ýok. Aýdylmagyna görä:

Düýş gören jaň edip Şeýhlaryň birine aýdýar: "Düýşümde Şeýh Ibn Useýmini Jennetde gördüm, ondan: “Hany Ibn Bäz” diýip soradym, ol: “Ol ýokarda (Jennetiň ýokarky gatlagynda) diýdi”.


Goý Allah Tagala onuň ruhuny şat etsin. Bizi ol bilen bilelikde Resullaryň, Nebiýleriň we syddyklaryň goňşusy edip Jennetde birleşdirsin. (Ämin).




Bu kitapçanyň jemlenen çeşmeleri:

1- Şeýhyň adyndan ýöredilýän resmi sahypa.

2-Jewänib min Siýrotil-Imäm Abdylaziz bin Bäz.

3-Terjimetu Semahatyş-Şeýh-Abdylaziz bin Bäz.

4-Ymamul-Asyr.

5-El-Iýjäz fiý terjemtil-Imäm Abdylaziz bin Bäz.




Mazmuny:

Şeýhyň çagalygy.

Şeýhyň ylym alan alymlary.

Şeýhyň işlän ýerleri.

Şeýhyň ylymda yzynda galdyran hazynasy.

Şeýh barada käbir aýdylýan wakalardan.

Şeýh Ibn Bäziň çagalary.

Şeýhyň daşky sypaty.

Şeýh Ibn Bäziň iň meşhur Şeýhleri.

Şeýh Ibn Bäziň talyplary.

Alymlaryň Şeýhy öwmeleri.

Şeýhyň ýiti zehini we çalt ýat almagy.

Şeýhyň geň ýatkeşligi.

Şeýhyň pes-pälligi.

Şeýhyň terki dünýäligi we päkligi.

Şeýhyň geçirimligi we giň gursaklygy.

Şeýhyň keremligi, sahylygy we eli açyklygy.

Şeýhyň dawgatda üns beren amallary.

Şeýhyň dagwatçylaryň gamyny eden.

Şeýh talaby gaýtarmazdy.

Şeýhyň takwalygy.

Şeýhyň Allaha bolan ynamy.

Şeýhyň pes-göwünliligi.

Şeýhyň öz mertebesini saklamagy.

Şeýhyň terki dünýäligi.

Şeýh her kişi bilen gowy gatnaşykda bolardy.

Şeýh işgärleri bilen gatnaşygy.

Şeýhyň buýruk eýeleri bilen gatnaşy.

Şeýhyň gynanç bildirmegi.

Şeýhyň soňky günleri.

Şeýhyň soňky güni.

Şeýhyň Yslam Ymmatyndaky orny.

Mazmuny:



([1]) Yslam Äleminiň Birleşigi, Saýuzy. ([2]) Şu bölümde agzalan 50 riýal ýazylan çegi, 500 riýala öwüren kişiniň kyssasyndan galany, çeşmede agzalan kitaplardan alynmady. ([3]) Bir kişi öwülen halynda selefleriň aýdýan gepi. Sebäbi Allah ähli zady bilýär.

3 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все