Aşura we Musanyň (Aleýhisseläm) we halkynyň halas bolmagy.
Älemleri ýokdan bar eden, ýokarymyza asmanlary diken, çykgynsyz ýagdaýda guluna çykalga beren Allaha hamdlar bolsun we Onuň ilçisi, guly Muhammede, maşgalasyna, ýoldaşlaryna we ahyrede deňeç oňa eýerjeklere salam we salawat bolsun.
Bu makalada gysgaça Aşura gününiň sebäbi bolan, Musa (aleýhisseläm) we onuň iliniň çykgynsyz hala düşüşi we ondan bulary çykaran zat barada ýazmakçy.
Aşura güni, Musanyň (aleýhisseläm) zalym patyşa Firawn we onuň goşunyndan halas bolan günidir. Sahyh Buharyda gelen hadysda Ibn Abbas aýtdy: “Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) Medinä gelende Ýehudlaryň Aşura gününde roza tutuşlaryny gördi we sorady: “Bu näme?” Aýtdylar: “Bu gün gowy gün, bu günde Allah Ysrail ogullaryny duşmanlaryndan halas etdi, şol sebäpli Musa (Aleýhisseläm) bu günde agyz bekledi” Aýtdy: “Men sizden Musa has haklydyryn” – (diýip) ol gün agyz bekledi we agyz beklemegini buýurdy.” Sahyh Muslimde gelen hadysda: “Bu bir beýik gün, Allah Musany we onuň ilini halas etdi we Firawny we ilini gark etdi, Musa ol güni Allaha şükür etmek üçin roza tutupdy...”
Ine görüşimiz ýaly, bu günde Allah Musany we onuň ilini Jepbar, Zalym Patyşa duşmany bolan Firawndan halas edip, soňra ol duşmanyny heläk etdi, bu makalada onuň sebäbine üns çekesim gelýär.
Bilşimiz ýaly, bu ýaşaýyş dünýäsi, kynçylykdan, synagdan düzülen. Bulara nädip döz gelmeli we nädip çykalga tapmaly?
Ilki okaýjynyň ünsüni çykalgadan öňürti, Musanyň (Aleýhissläm) we onuň iliniň düşen çykgynsyz halyna çekesim gelýär, hasam düşnükli we açyk-aýdyň bolmagy üçin.
Musa (Aleýhisselam) ilini Müsür ýurdundan alyp çykanda Orta ýer deňzine gelip direýär, bularyň yzyndan bolsa Firawn ähli goşuny bilen söweş taýýarlygynda ýetýär, Musa (Aleýhisseläm) we onuň ili soňy görünmeýän ýaragly goşun bilen aňyrsyna göz ýetmeýän deňziň aralygynda galýar, sanlyja wagtda bularyň ählisiniň ol rehimsiz goşun işini görjekdi. Ynsan şundan beter çykgynsyz hala düşüp bilermi: yza dönse rehimsiz goşun, öňe gitse kenäry görünmeýän deňiz, ýöne şonda-da Allah bulary halas etdi, näme üçin we näme sebäpden? Olar bu çykgynsyz, çäresiz, alajsyz halda durkalar, Allah Musa (Aleýhisseläm) öz agajyny (hasasyny) deňze urmagyny buýurdy, Musa (Aleýhisseläm) hiç ikirjiňlenmän, agajyny (hasasyny) deňze urdy. Allah Tagala Kuranda, Şura süresiniň 63-nji aýatynda aýtdy: “Biz hem Musa: «Hasaň bilen deňze ur!» diýip wahyý etdik. Şeýdip, deňiz bölek-bölek ýaryldy-da, her tarapy äpet dag ýaly boldy.”
Ýagny, deňziň ortasyndan bulara geçmek üçin ýol açyldy, ýoluň iki tarapyndaky suw dag ýaly boldy, bulara açylan ýol bolsa gurudy, ine Allah musulman bendelerine, egerde buýruklaryna doly, ikirjiňlenmän boýun bolsa çykalga berjek ekeni. Ine ähli kynçylykdan, çykgynsyzlykdan çykalga şu zatda, ol bolsa Allahyň buýrugyna ikirjiňlenmän, aklyňa ters gelse-de boýun bolmakdyr. Üns beriň! Hasa aňyrsy görünmeýän deňze garşy näme edip biler, hiç zat, görşüňiz ýaly bu akyla sygjak zat däldi, ýöne şonda-da Musa (Aleýhisseläm) Allahyň buýrugyna boýun bolup, ýerine ýetirdi. “Näme üçin urmaly, urmasam näme, bu akyla syganok, näme peýdasy bar?” diýip durmady. Eý Allahyň bendesi! Allah we Resuly bir zat buýurdymy, onuň yzynda hökman bize haýyr bardygyny, bir zatdan gaýtardymy onuň yzyndan hökman şer bardygyny bilginiň! Öz halyňa seret, nähili erbet bolsa-da Musanyň (Aleýhisseläm) şol halyndan betermi?! Dogry çykalga gerekmi? Edil Musanyň (Aleýhisseläm) Allaha boýun bolşy ýaly senem Allahyň buýruklaryna boýun bol we gadagan eden zatlaryndan daşlaş. Ýene bir aýatda Allah aýdýar: “Kim Allaha takwalyk etse, Allah oňa (kynçylyklardan) çykyş (gapysyny) açar.” (Talak 2). “Allaha takwalyk etse” ýagny- Buýruklaryna boýun bolsa we gadagan edenlerinden daşlaşsa.
Başga aýatda aýdýar: “Kim Allaha takwalyk etse, (Allah) hem oňa işinde ýeňillik berer.” (Talak 4).
Allahdan gorkmaklyk bolsa – buýruklaryny ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan daşlaşmakdyr.
Şeýdip, Musa (Aleýhisseläm) we onuň ili ol açylan ýola girip, deňziň beýleki tarapyna geçdiler, şeýdip bu waka gutardymy? Ýok, Allah bulary diňe halas etmek bilen çäklenmän, ondan daşary bulary derbi-dagyn etjek duşmanlaryny heläk etdi, haçanda ol goşun açylan deňze girende Allah deňze ýapylyp olary gark etmegini buýurdy.
Şonuň üçin, musulman doganlar, ähli bela-beteriň, dürli kynçylyklaryň, hemme aladalaryň çykalgasy – Allaha ýykylmakdyr, özümizi Onuň buýruklaryna görä düzetmekdir, Onuň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) Sünnetine dolanmakdyr. Biziň asyl belamyz öz dinimizden bihabar bolmagymyzdyr, çünki, Allah bu zatlary bize keýpine aýdyp berenok, güýmenje üçin erteki hökmünde aýatlary indermedi ahyry, biz aýdamzok alym bol diýip, ýa metjitden çykman öwren diýemzok, hökman zat – diniň esaslaryny, durmuşda iň gerek bolan ýagdaýlaryny öwrenmekdir.
We sallallahu alä nebiýýinä Muhammed we alä älihi we sahbihi ejmägyn.