top of page
Поиск

Aýakgapda namaz.

Hamd-senalar älemleriň Robby, Hojaýyny, Hak eýesi, Dolandyryjysy Allaha mahsusdyr, salam we salawat rehmet bilen iberlen Muhammet Pygamberimize, maşgalasyna, sahabalaryna we kyýamata deňeç oňa eýerjeklere bolsun!


Bu makalada Pygamberiň (Sallallahu aleýhi we sellem) göz guwanjy bolan namaz barada durup geçmekçi, has takygy aýakgapda namaz okamak barada. Namazy aýakgapda okamak dogry bolup, muňa delil bolup ençeme hadys gelendir, olardan:

1- Said bin Zeýd (Allah oňa rehmet etsin) aýtdy:

“Enes bin Mälikden (Allah ondan razy bolsun): “Pygamber (Sallallahu aleýhi we sellem) aýakgaplarda namaz okardymy?” diýip, soradym. Aýtdy: “Hawa””([1])

2- Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Ýehudylara (Jöhitlere, Ýewreýlere) ters ediň (meňzemäň), olar namazy aýakgaplarynda we mesilerinde okamaýarlar”([2])


Aýakgapda namaz okamak ähli ýerde-de dogry, metjitde-de, öýde-de we daşarda-da, muňa delil:

3- Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Egerde biriňiz metjide gelse, üns bersin, egerde aýakgaplarynda kazr (dinde hapa görülýän) ýa-da ezýet (nejasat) bolsa arassalasyn-da, olarda (aýakgaplarynda) namaz okasyn”([3])

4- Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

“Egerde biriňiz namaz okajak bolsa we aýakgaplaryny çykarsa, olar bilen hiç kime ezýet (päsgel) bermesin, olary (aýakgaplary) iki aýagynyň arasynda goýsun ýa-da olarda (aýakgaply) namaz okasyn!”([4])

5- Ebu Said Hudry (Allah ondan razy bolsun) aýtdy:

“Pygamber (Sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryna ymam bolup namaz okaýarka, birdenkä aýakgaplaryny çykardy-da, çep gyrasynda goýdy. Haçanda muny kowum (yzyndaky sahabalar) görende aýakgaplaryny (gyra) zyňdylar. Haçanda Pygamber (Sallallahu aleýhi we sellem) namazyndan dynanda: “Näme zat sizi aýakgaplaryňyzy zyňmaga iterdi?” diýdi. Aýtdylar: “Seniň aýakgaplaryňy zyňanyňy gördü we biz-de aýakgaplarymyzy zyňdyk” Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Takyk, Jibril (Oňa salam bolsun) ýanyma gelip, onda (aýakgabymda) kazr (nejäset) bardygyny habar berdi”([5])

Ýöne metjitler düşelen bolsa aýakgaply girip hapalamak dogry däldir, Pygamber (Sallallahu aleýhi we sellem) döwründe metjit düşelmedikdi, şo sebäpden aýakgaply girerdiler. Musulman dinini Pygamberden (Sallallahu aleýhi we sellem) öwrenmelidir, oňa (Sallallahu aleýhi we sellem) eýermelidir. Kim aýakgaply namaz okasa ony ýazgarmaly däldir we kim aýakgapsyz okasa ol-da ýazgarylmaly däldir. Bu ikiside aýakgaply we aýakgapsyz namaz okamagyň dogrydygyny bilmelidirler. Onda şeýle bolsa, “Bularyň haýsysy has gowusy?” diýen sorag çykmagy mümkin, muňa jogap: aýakgaply kişi çykarjak bolup we aýakgapsyz kişi geýjek bolup özlerini başagaý etmezlikleri has gowusydyr, egerde bu iki halda-da mätäçlik bolmasa. Has dogrynam Allah bilýär.




________________________________________ ([1]) (Sahyh Buhary: Namaz kitaby, Aýakgaplarda namaz baby, 386 we Lybas Kitaby, Eýlenen deriden we başgadan aýakgaplar baby, 5850. Sahyh Muslim: Metjitler we namaz ýerleri kitaby, Aýakgaplarda namazyň dogrylygy baby, 555) ([2]) (Ebu Daud: Namaz Kitaby, Aýakgapda namaz baby, 652) ([3]) (Ebu Daud: Namaz kitaby, Aýakgapda namaz baby, 650. Darymy: Namaz Kitaby, Aýakgapda namaz baby, 1418. Ahmed: Ebu Said Hudry musnedi, 11153 we 11877.) ([4]) (Ebu Daud: Namaz kitaby, Aýakgapda namaz baby, 655. ([5]) (Ebu Daud: Namaz kitaby, Aýakgapda namaz baby, 650. Ahmed: Ebu Said Hudry musnedi, 11153 we 11877.)

41 просмотр0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page