top of page
Поиск

5 zeruryýet.

Allahy öwýärin oňa hamd-senalar aýdýaryn we ilçisi Muhammede salam we salawat aýdýaryn.

Alymlaryň arasynda ulanylýan zeruryýet sözi - bu ynsana şol zat bolmasa durmuşynyň ýa haýatyň ýok bolmagyna, ýa uly zyýan gelmegine, ýa-da ahyretde hasrata galanlardan edýän zada aýdylýar.

Yslamda 5 zat zeruryýet hasap edilýär.

1- Din

2-Jan

3-Akyl

4-Nesil

5-Mal-mülk

Yslam ynsanyň şu bäş zadyny beýleki zatlardan öňde tutup zerury zatlardan saýdy.

1-Bularyň ilkinjisi - ynsanyň dinini gorady, dinine zeper ýetirjek zatlary haram etdi we oňa agyr jezalar goýdy. Meselem: Allaha, Resulyna sögene ölüm jezasyny goýdy. Yslam dinine dil ýetirene hem şeýle.

2- Ikinji orunda ynsanyň janyna uly üns berdi we buny hem zeruryýetlerdan saýdy. Şol sebäpli başga jana kast edenden hak alma görnüşde (hökmünde) gan hossarlaryna jenaýatçynyň ganyny talap etmek hukugyny berdi. Edil şolar ýaly kim bir jany ölümden halas etse, oňa ähli janlary halas edeniň sogabyny ýazdy, Allah aýtdy: "Kim bir ynsany (ölümden) halas etse, göýä, ähli ynsanlary (ölümden) halas eden ýalydyr» (Mäide 32)

Şonuň üçin, ynsanyň janyna howp salýan zady haram etdi, meselem: Musulman Baştutan zalym bolsada, adamlaryň hakyny iýse-de, musulmanlaryň gany dökülmezligi üçin, amanlyk, parahatlyk ýitmezligi üçin onuň garşysyna çykmagy haram etdi. Allahyň Resuly aýtdy: "Kim emirinden (baştutanyndan) halamaýan zadyny görse sabyr etsin, sebäbi kim Soltanyna bir garyş (bolsa-da) çyksa Jähilýet (Yslamdan ozalky kapyr) ölümi bilen öler"(Muslim)

3- nji Yslam ynsanyň aklyny gorady, şol sebäpli, beýhuş edýän, akly gidirýän zatlary haram etdi.

4-nji neslini gorady. Bu sebäpli, zynany haram etdi, nikany halal etdi, zenan talak alsa ýada äri ölse ydda-da (belli bir möhlet-de) ony oturmaly etdi, ýatgyda galan nesil başganyň suwy bilen garyşmazlygy üçin. Allah aýtdy: "Talak berlen zenanlar üç päklik (aýbaşy we tämizlenme) möhletini (durmuşa çykman) geçirmelidirler" (Bakara 228)

Nesili gorany üçin hiç bir çagany öz atasyndan başgasyna ýöňkemegi gadagan etdi. Her bir kişi uly bolsun, kiçi bolsun, akly ýerinde bolsun, akylsyz bolsun, gul bolsun, azat bolsun, ýetim bolsun ýada ene-atasy bar bolsun tapawudy ýok, öz atasyny bilmege we oňa ýöňkelmege haklydyr we edil şolar ýaly her bir ene-ata çagasyny özlerine ýöňkelmegine haklydyrlar. Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: "Kim kakasyndan başga özüni ýöňkese, oňa Allahyň, perişdeleriň we ähli adamlaryň näleti bolsun, ondan kyýamat gününde Allah ondan parzam, nefilem kabul etmez." (Muslim)

5- Mal-mülk, buňa islendik bahasy, peýdasy bar zat girýär. Buňa-da uly gadyr berip, iliň mal-mülküni ogurlana elini kesmek jezasyny berdi. Allah aýtdy: "Ogry erkegiň we ogry zenanyň (ogurlyk etseler) eden etmişleriniň (ogurlyklaryň) jezasy we Allahyň (olara) ybrat beriji (azaby) höküminde ellerini kesiň"(Mäide 38)

Ine bu sebäpli adamlaryň mal-mülklerini batyl ýol bilen almagy haram etdi, süýthorlygy, ihtikäri (halka gerek önümi ýygnap, jemläp emeli gymmatlyk döredip, gymmatlanda satlyga çykarmak) elde bolmadyk zady satmak, harydyň aýbyny bukmak we ş.m. zatlary haram etmegi.

Goý Allah Tagala bizi haka "Hak" diýýän, batyla "Batyl" diýýän gullaryndan eýlesin. Ýurdumyzy, halkymyzy, baştutanmyzy we bizi ähli erbetlikden gorasyn, iki dünýä bagta ýetjek, dogry ýolda ýörejeklerden eýlesin. Allahyň Resulyna, maşgalasyna, ýoldaşlaryna we Kyýamat gününe deňeç yzyna eýerjeklere salam, salawat we bereket bolsun!



96 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page