Şemal-ýel turan wagty edilýän doga
Şemal-ýel turan wagty edilýän doga
1. Ebu Hureýra (Razyýallahu anhu): Allahyň Resulynyň (Sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýenini eşitdim:
“Şemal-ýel – Allahyň merhemetinden, (käte) rehmet getirer, (käte) azap getirer, şonuň üçin, ony göreňizde oňa sögmäň! Allahdan onuň haýryny diläň, we Allahdan onuň şerinden pena soraň!”([1])
2. Aişe enemiz (Razyýallahu anhä): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) güýçli ýel turanda şeýle diýerdi:
“Allahumme inniý es’eluke hoýrohä, we hoýro mä fiýhä, we hoýro mä ursilet bihi, we auzu bike min şerrihä, we şerri mä fiýhä, we şerri mä ursilet bihi.”([2])
"اللهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ خَيْرَهَا، وَخَيْرَ مَا فِيهَا، وَخَيْرَ مَا أُرْسِلَتْ بِهِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهَا، وَشَرِّ مَا فِيهَا، وَشَرِّ مَا أُرْسِلَتْ بِهِ"
Manysy: Eý Allah! Men Senden onuň (ýeliň) haýryny, ondaky haýry, ugradylan zadynyň haýryny dileýärin. Onuň (ýeliň) şerinden, ondaky şerden, ugradylan zadynyň şerinden Saňa sygynýaryn.
3. Aişe enemiz (Razyýallahu anhä): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) gözýetim asmanda galyp barýan (ýeli) görende işlerini taşlardy, hatda doga edip duranam bolsa (saklanardy), soňra şeýle diýerdi:
“Allahumme inniý auzu bike min şerrihä.” – ýagmyr ýagsa bolsa: “Allahumme soýýiben heniý’en.” – diýerdi.([3])
"اللهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ خَيْرَهَا" - "اللَّهُمَّ صَيِّبًا هَنِيئًا"
Manysy: Eý Allah! Saňa onuň (ýeliň) şerinden sygynýaryn.
Eý Allah! (Senden) bol, ýakymly (ýagmyr dileýäris).
4. Enes (Razyýallahu anhu): Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) güýçli ýel turanda şeýle diýerdi:
“Allahumme inniý es’eluke min haýri mä ursilet bihi, we auzu bike min şerri mä ursilet bihi.”([4])
"اللهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ مِنْ خَيْرِ مَا أُرْسِلَتْ بِهِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ مَا أُرْسِلَتْ بِهِ"
Manysy: Eý Allah! Men Senden onuň (ýeliň) ugradylan zadynyň haýryny dileýärin. Onuň (ýeliň) ugradylan zadynyň şerinden Saňa sygynýaryn.
5. Seleme ibn El-Ekwäg (Razyýallahu anhu): Pygamberimiz (Sallallahu aleýhi we sellem) ýel güýçlenende şeýle diýerdi:
“Allahumme lakahan, lä akyýmen.”([5])
"اللَّهُمَّ لَقْحًا لَا عَقِيمًا"
Manysy: Eý Allah! (Ýeli) tohumly (et), tohumsyz däl.
([1]) Sahyha 2756. ([2]) Muhtasar Muslim 449. ([3]) Sahyh Kelim Taýýib 128, Sahyha 2757). ([4]) Sahyha 2757. ([5]) Sahyh El-Jämig 4670.