Поиск

Şeýh Muhammed bin Solyhyň Bidgat barada nesihaty.

Şeýh Ibn Useýmiýn (Rahymahullah) aýtdy:

Takyk, Pygamberimiz (Sallallahu aelýhi we sellem) hutbasynda yglan edip aýtdy: "Ähli (bütin) bidgat azaşmaklyk"

Meniň pikrimçe, ählimiz Allahyň Resuly (Sallallahu aelýhi we sellem) ýaradylanlaryň iň çeper dillisidigine ylalaşýarys, ählimiz Allahyň nebisi (Sallallahu aleýhi we sellem) aýdýan zadyny ýaradylanlaryň iň gowy bilýänidigine ylalaşýarys we Allahyň Resulynyň (Sallallahu aelýhi we sellem) ýaradylanlara ýaradylanlaryň iň nesihatçysydygyna ylalaşýarys, (şeýlelik bilen) onuň kelamynda ylymyň kemaly, nesihatyň kemaly we çeperçilik we açyklamagyň kemaly jemlendi, şundan soňrada bir kişi gelip: "Bidgat ikä bölünýär şeýle, şeýle" diýýär we Allahyň Resuly (Sallallahu aelýhi we sellem) bolsa: "Ähli bidgat azaşmaklyk" diýýär. Allahy (Allaha kasam bolsun!) eger şeýle gepi beýgeldýän kişilerilerinden biri diýen bolsady, başlarynda "Plany: "Ähli bidgat azaşmaklyk" diýýär" diýip nur bilen ýazylgy edip götererdiler. Bolmasa muny ýaradylanlaryň iň şeriflisi (abraýlysy, beýigi), ýaradylanlaryň iň ylymlysy, ýaradylanlaryň iň nesihätçysy we ýaradylanlaryň iň çeperi aýtdy. (Dine) Soň sokulan bidgatlary etmekligi isleýänleriň hut özlerem Kyýamat gününde Pygamberiň (Sallallahu aelýhi we sellem) baýdagynyň aşagynda direlmek isleýärler, egerde şu zatda dogruçyl bolsalar onuň (Sallallahu aelýhi we sellem) bilen edeplerini saklasynlar, dinde goýmadyk zadyny dine sokup onuň öňüne geçmesinler. Ynsan haýsy bidgaty dine sokup, ol bilen Allaha golaýlaşjak bolsa, munuň manysy Allahyň Resulunyň (Sallallahu aelýhi we sellem) dini açyklamagyna şikesli garamakdyr. Pygamber (Sallallahu aelýhi we sellem) ymmatyny gijesi gündiz ýaly dogry ýolda goýup gitmedimi? Allah Oňa (Sallallahu aelýhi we sellem): "Bu gün siz üçin diniňizi doly etdim" diýmedimi? (Allahyň Resuly) soňky dine sokulan bidgaty terk edip, ol barada ylymy bolman açyklamadymy ýada Allahyň Oňa öwredenini gizledimi? Egerde, birinji (bilmeýärdi) diýip aýtsaň, Pygamberi ylymsyzlyk bilen garaladyň, egerde, ikinji (gizledi) diýseň, ony nadanlyk (ylymsyzlyk) we hyýanat bilen garaladyň. Meniň pikrimçe sen bularyň hiç birisinem diýýän dälsiň, düýbünden buňa razy hem dälsiň. Onda, dogan! Muňa (bidgata) derek Onuň (Sallallahu aelýhi we sellem) dininde sözden we işden bolan saňa ýeterlik bolar, bu zatlara boýun bol, özüňi oňa boýun.

11 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M