Поиск

Ýyldyzlardan ýagmyr dilemek.

Öňki araplar ýagyşy ýyldyzlar ýagdyrýar diýip ynanç edýän ekenler. Bu bolsa, uly şirkdir. Emma käbirleri ýyldyzlar ýagyş ýagmagyna bir sebäp diýip ynanýan ekenler. Bu bolsa, kiçi şirkdir.

Allah Taala Kuranda şeýle diýýär:

"(Allahyň) size beren (bu) rysgalyna (şükür etmegi) Ony ýalan hasaplap (berjaý) edýärsiňizmi?"

(Wakia 82)

وَتَجۡعَلُونَ رِزۡقَكُمۡ أَنَّكُمۡ تُكَذِّبُونَ ٨٢

((Allahyň) size beren (bu) rysgalyna) ýagny, ýagyşa, ýagmyra.

(ýalan hasaplap) ýagny, Allahyň inderýän ýagyşyny başgalar inderýär diýmek, Allahyň nygmatyny ýyldyzlara ýöňkemek.

Ýagny, Allahyň size beren rysagalyna şeýdip şükür edýärsiňizmi, diýip, Allah Tagala buny edýän bendelerine käýinç bildirýär.

Zeyd Ibn Holid aýtdy: Allahyň resuly ertir namazyny gije ýagan ýagyşyň yzy-ýany Hudeýbiýede bize okatdy, ondan soň adamlara ýüzlenip şeýle diýdi:

"Robbuňyzyň näme aýdanyny bilýärmisiňiz? Aýtdylar: Allah we resuly has gowy biler. Allah Tagala aýtdy: "Bendelerimden mumini hem kapyry hem bardyr, kim ýagyş Allahyň fazly we rähmedi bilen ýagdy diýse, ol Maňa mumin bolup, ýyldyza kapyr boldugydyr, emma kim plan we plan ýyldyz bilen ýagdy diýse, ol Maňa kapyr bolup, ýyldyza mumin boldygydyr."

(Muslim)

هل تدرون ماذا قال ربكم؟ قالوا: الله ورسوله أعلم. قال: قال: أصبح من عبادي مؤمن بي وكافر، فأما من قال: مطرنا بفضل الله ورحمته فذلك مؤمن بي كافر بالكوكب.

Hadysyň şerhi:

(Hudeýbiýede bize okatdy) ýagny, Hudeýbiýe diýilýän bir ýerde ymam bolup namaz okady.

(Robbuňyzyň näme aýdanyny bilýärmisiňiz?) ýagny, bu söz ünsleri çekmek üçin, gulak asmaklary üçin pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) paýhasyndandyr.

(Aýtdylar: Allah we Resuly has gowy biler) bu sözi sahabalar Allahyň resuly dirika aýdýan ekenler. Emma ol dünýeden gaýdan soň Allah has gowy biler diýmelidir.

(kim ýagyş Allahyň fazly we rähmedi bilen ýagdy diýse) ýagny, nygmaty hakyky eýesine, hakyky ýokdan bar edijisine ýöňkese, Allaha hamdu-sena aýdyp, Oňa şükür etse...

(emma kim plan we plan ýyldyz bilen ýagdy diýse) ýagny, ýagmyry asyl ýagdyran ýyldyz diýse, ýa ýyldyz sebäpli ýagdy diýse...

(ol Maňa kapyr bolup, ýyldyza mumin boldygydyr) ýagny, eger ol birinji topar ýaly ýagmyry ýagdyrýan ýyldyz diýse, ol uly şirk bolar, emma ikinji topar ýaly yýldyz sebäpli ýagdy diýse kiçi şirk bolar. Bular nygmaty, rysgaly, peşgeşi Allaha ýöňkemän, ýyldyzlara ýöňkediler, bu hem tewhyda ters gelýändir.

Başga bir hadysda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýýär:

"Nadanlyk döwrüniň 4 häsiýeti ymmatymdan aýrylmaz: asly bilen magtanmak, tohuma degmek, ýyldyzlardan ýagmyr talap etmek, öli üçin gygyryp aglamak." we aýtdy: "Şeýle gygyryp aglaýçy aýal ölüminden öň toba etmese, kyýamat gününde garaýagdan eşikli we gotur, gijewilik sowutly halynda gopar."

(Muslim)

أربع في أمتي من أمر الجاهلية لا يتركونهن: الفخر بالأحساب، والطعن في الأنساب، والاستسقاء بالنجوم، والنياحة

Hadysyň şerhi:

(Nadanlyk döwrüniň) ýagny, bu şol 4 häsiýetiň ýazgarylýandygyny we haramdygyny aňladýar, çünki, nadanlyk döwri Yslamdan öňki döwür.

(ymmatymdan aýrylmaz) ýagny, ymmatyň hemme adamlary bu işi etmez, megerem, käbirleri eder. Şeýdip bu häsiýet dolulygyna aýrylmaz, düýbinden ýok bolup gitmez.

(asly bilen magtanmak) ýagny, men plan tiresinden, plan obadan diýip, özüňi beýlekilerden üstün saýmak, olara garşy ulumsulanmak, öwünmek, tekepbirlenmek. Aslynda musulman adam pespäl bolmalydyr, hadysda şeýle diýilýär:

"Takyk, Allah maňa şeýle wahyý etdi: biri-biriňize öwünmezligiňiz üçin pespäl boluň!"

(Muslim)

(tohuma degmek) ýagny, ynsanyň aslyna degmek. Munuň içine ejä, baja, dogana sögmek girýär, şeýle hem ynsany ejesi-kakasynda şeklendirmek we çykan arkasyny aýyplamak. Bularyň hemmesi dinimizde haramdyr.

(ýyldyzlardan ýagmyr talap etmek) ynha bu mowzugymyza degişli ýeri, ýagny, ýyldyzlardan ýagmyr talap etmek tewhyda ters gelip, uly şirkdir. Çünki, ýagmyr ýagdyrmak ýeke Allahyň başarýan zadydyr.

(öli üçin gygyryp aglamak) ýagny, adam ölensoň, nägilelik görkezip, ses edip başynda aglamak. Aslynda ynsanyň kalby ejizdir, golaýlaryndan biri ýogalsa, saklanyp bilmän aglar. Ýüregine düşen ynjydan ýaňa özüni göş ýaş etmeden saklap bilmez. Bular ýaly aglamagy dinimiz gadagan edýän däldir. Kalby näçe eza çekse-de, içine salyp aglasa-da, şonda-da Allaha razylyk bildirip, Onuň ajy kysmatyna sabyr edýän kişini Allah günäkärlemez. Emma bögürip, ýeri ýumruklamak, gaty ses bilen nägilelik bildirip aglamak, takatsyzlygy aňladýan hereketler etmek, mysal üçin: saç ýolmak, ýüzüňi dyrnakçylamak, eşikleri ýyrtmak, ynha bular dinimizde gadagandyr. Käbirleri şeýle bir derejä bardylar, hatda ses edip aglamak üçin ýörüte aýallary hakyna tutýarlar. Soňam gep ýaýraýar: planyny yzyndakylar gowy görýän ekenler, gynançdan ýaňa plança günläp onuň ölümine agladylar, diýip nadanlyk döwrüniň häsiýeti bilen öwünýärler. Serediň hadysyň soňunda näme diýilýär:

"Şeýle gygyryp aglaýçy aýal ölüminden öň toba etmese, kyýamat gününde garaýagdan eşikli we gotur, gijewilik sowutly halynda gopar."

Garaýag, mälim bolşy ýaly, gyzgynlygy güýçli zat bolup, ýangyna örän duýgur maddadyr. Eger nägilelik ses bilen aglaýan ynsan toba etmese, şol maddany eşik edinip kyýamatda gopjak ekeni, Allah hemmämizi gorasyn. Şeýle hem, derisi gijewilikden ýaňa gotur boljakdyr. Allah bizi dogry ýola salsyn.

22 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M