top of page
Поиск

Ýyldyz ylmy barada. (Täleýnama)

Ýyldyzlar hakynda adamlar üç topardyr:

1) “Ýyldyzlar özbaşdak güýje, täsire eýedirler” diýip ynanç edýänler. Ýagny, olaryň pikiri: Ýerdäki ähli wakalar we adamlaryň ykballary ýyldyzlaryň eradasyna görä bolup geçýär. Olar näme islese, ýerde şol hasyl bolýar. Hakykatda, bu ýyldyzlary ilähleşdirmekdir, olary "Hudaý" tutunmakdyr. Bu ynanjy öň "Saibe" diýilýän kowum göterýärdi, olar her ýyldyza öz keşbini we heýkelini ýasap, şoňa şeýtanyň ruhy siňýär diýip ynam eder ekenler. Bu bolsa, Ybraýym aleýhisselämiň kowmunyň şirkidir.

2) Muneçjimlik (astrologiýa) - gaýyp zatlary ýyldyzlaryň üsti bilen bilýän diýmeklik. Ýagny, ýyldyzlaryň hereketlerine, duşuşuklaryna, aýrylyşyklaryna, batmasyna, çykmasyna esaslanyp, gaýypdaky wakalardan habar berýärler. Bular ýyldyzlaryň hereketlerini gaýypdaky zatlara delil hasaplaýarlar. Bu jadygöýligiň bir görnüşidir. Bu zatlar bilen meşgul bolýanlar barada Ibn Abbas şeýle diýdi:

"Allahyň ýanynda bular ýaly edene nesibe göremok".

Ýagny, gowulykdan nesibe göremok.

Ibn Abbas aýtdy: “Allahyň Resuly (Sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy:

"Kim ýyldyz ylmyny öwrense jadygöýlik ylmyny öwrendigidir, näme artdyrsa artdyrdygydyr."

Ebu Dawud sahyh sened bilen habar berdi.

"من اقتبس شعبة من النجوم فقد اقتبس شعبة من السحر، زاد ما زاد"

Biziň zamanamyzda ýyldyzlar babatynda has meşhur bolan zat täleýnamadyr (goroskopdyr). Bu täleýnama adamlary doglan aýyna görä 12 topara bölýär. Içýan, leňňeç, ýolbars, ekizler, gyz we başgalar, bularyň barysy şeýtanyň dakdyran atlarydyr. Täleýnama üçin gazetlerde, žurnallarda ýörite bir sahypany ýa bölejik ýeri aýryp goýýarlar. Has soňky wagtlarda, internediň ýaýramagy netijesinde täleýnama ýörite elektron sahypalarynda çykyp ugrady. Muňa-da adamlar öwrenişip gitdiler, günde irden turanlarynda işlerine başlamaňkalar ýaňky täleýnamany okaýarlar. Işlerini şonuň habarlaryna görä tertipleýärler. Hakykatdanam, täleýnama adama jady kimin täsir edýär. Käbir adamlar täleýnamanyň habaryna görä öňünde goýan maksatlaryny üýtgeder, täleýnamanyň şum habaryny hakyky saýyp, planlaryny goýbolsun eder. Hakykatda bolsa, bu bir pal atmakdyr. Täleýnama okamak edil palça baryp, pal atdyran ýalydyr. Kim palça baryp pal atdyrsa 40 günläp namazy kabul bolmaz, şu hadysdaky ýaly:

"Kim palça baryp, ondan bir zat sorasa onuň 40 günläp namazy kabul bolmaz."

(Muslim)

"من أتى عرافا فسأله عن شيء فصدقه لم تقبل له صلاة أربعين يوما"

Emma ol palçynyň sözüne ynansa, onda Muhammede (Sallallahu aleýhi we sellem) inderilene (Kurana) kapyr bolar, bärde aýdyşy ýaly:

"Kim palça baryp, aýdanlaryna ynansa Muhammede inderilene kapyr boldugydyr."

(Ebu Dawud)

"من أتى كاهنا فصدقه بما يقول فقد كفر بما أنزل على محمد صلى الله عليه وسلم"

Aslynda täleýnamany düzýänler jadygöý we palçylardyr. Habar berýän zatlaryny şeýtan-jynlara sygynmak arkaly edinýärler. Şonuň üçin täleýnama jadynyň bir görnüşidir, kim jada ynansa, Jennete düşmez, şu hadysda habar berilşi ýaly:

"Üç (kişi) Jennete girmez: şerap içiji, garyndaşlar bilen arany kesen, jadygöýlige ynanýan"

(Ibn Hybban Sahyh, Elbäni hasan diýdi.)

ثلاثة لا يدخلون الجنة: مدمن خمر، وقاطع رحم، ومصدق بالسحر

Bu zatlar Yslamyň, tewhydyň ýat zada öwrülenini aňladýar. Bu zatlardan musulman adam daşda bolmalydyr, täleýnamany öýüne salmaly däldir, ony öýe salmak - jadygöýligi öýe salmakdyr. Bu zatlar juma günleri münberlerde, namazdan soň metjitlerde inkär edilmelidir, adamlaryň häzir bolmagy üçin duýdurylmalydyr.

3) Ýyldyzlara degişli üçünji ylym - "tesiir" ylmydyr. Bu ylym şu zatlary öwredýär: Kyblanyň tarapy, Kusuf (gün tutulmasy) wagty, Husuf (aý tutulmasy) wagty, deňiziň daşgyn we gaýtgyn wagty, dört esasy taraplary: Gündogar-Günbatar, Demirgazyk-Günorta. Bu ylym esasynda ýerdäki kerwenler we deňizdäki gämiler ýol tapýan ekenler, şu aýatda aýdylşy ýaly:

"Kim gury ýerleriň we deňizleriň tümlüginde sizi dogry ýola gönükdiren"

(Neml 63)

أَمَّن يَهۡدِيكُمۡ فِي ظُلُمَٰتِ ٱلۡبَرِّ وَٱلۡبَحۡرِ

Şeýle hem, ýyldyzlaryň 3 sany ýaradylyş maksady bardyr, şolaryň birinjisi ýol tapmak, ugur görkezmek, bu barada Kuran şeýle habar berýär:

"(Allah) sizi sarsdyrmasyn diýip ýerde mäkäm daglary ornaşdyrdy. Ýoluňyzy tapmagyňyz üçin derýalary we ýollary (döretdi). (Azaşmazlyk üçin başga-da ençeme) alamatlar bardyr. Olar (gijelerine) ýyldyz bilen hem ýol taparlar. "

(Nahl 15-16)

Bu maksat bilen ýyldyzlary öwrenmek günä däldir, gaýtym, ynsan niýetini dürs tutsa, bu amaly üçin sogap alar. Sebäbi, bu ylym ýyldyzlaryň hereketleri arkaly tarap kesgitlemegini öwredýär, gelejegi däl.

Ýyldyzlaryň 2-nji ýaradylyş maksady - asmanlara zynat, bezeg bolmagydyr, bu aýatlarda aýdylşy ýaly:

"Biz golaýdaky asmany ýagtyldyjy çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik."

(Fussilet 12)

وَزَيَّنَّا ٱلسَّمَآءَ ٱلدُّنۡيَا بِمَصَٰبِيحَ وَحِفۡظٗاۚ

Hakykatdanam, asman sap wagty gije ýyldyzlara seretseň gursagyň giňäp gidýär, kalbyň rahatlanyp, ýüregiňe arkaýynlyk girýär.

"Kasam bolsun! Biz dünýä (iň ýakyn bolan) asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik. Olary şeýtanlara daşlanylýan (ot) edip (goýduk) we olara (şeýtanlara mundan başga-da) alawly ot azabyny taýýarladyk. "

(Mülk (Tebärek) 5)

وَلَقَدۡ زَيَّنَّا ٱلسَّمَآءَ ٱلدُّنۡيَا بِمَصَٰبِيحَ وَجَعَلۡنَٰهَا رُجُومٗا لِّلشَّيَٰطِينِۖ وَأَعۡتَدۡنَا لَهُمۡ عَذَابَ ٱلسَّعِيرِ ٥

Bu aýatyň soňky böleginde ýyldyzlaryň 3-nji ýaradylyş maksady agzalýar, ol hem şeýtanlara ok hökmünde ulanylmagydyr.

Allah "Jyn" süresinde käbir iman eden jynlaryň gürrüňini habar berýär:

"Biz asmana çykmak isledik, emma, ol ýeriň hüşgär sakçylar we otly uçgunlar bilen doludygyny gördük. (Öňler) biz (asmanyň käýerlerine çykyp, habar) diňlemek üçin oturara ýer (tapyp) oturýardyk. Emma, indi kim diňlemäge (synanyşsa), derrew bukuda duran bir ot bilen ýüzbe-ýüz bolýar."

(Jyn 8-9)

وَأَنَّا لَمَسۡنَا ٱلسَّمَآءَ فَوَجَدۡنَٰهَا مُلِئَتۡ حَرَسٗا شَدِيدٗا وَشُهُبٗا ٨ وَأَنَّا كُنَّا نَقۡعُدُ مِنۡهَا مَقَٰعِدَ لِلسَّمۡعِۖ فَمَن يَسۡتَمِعِ ٱلۡأٓنَ يَجِدۡ لَهُۥ شِهَابٗا رَّصَدٗا ٩

Ýagny, öň belläp geçişimiz ýaly, şeýtan-jynlar asmanda gep diňlär ekenler. Her gezek diňlejek bolanlarynda olara ýyldyzlar ok hökmünde atylýan ekeni.

Şeýlelik bilen, ýyldyzlar 3 zat üçin ýaradylandyrlar:

1) Ýol görkezmek üçin.

2) Zynat, bezeg üçin.

3) Şeýtanlara ok hökmünde atylmagy üçin.

Bular Allahyň beýik barlyklarydyr, şonuň üçin olaryň syrlaryny - Allahyň habar bereninden artyk - bilip başarmarys. Bu barada Buhary öz "Sahyhynda" Katadanyň şeýle diýenini getirýär:

“Allah bu ýyldyzlary üç zat üçin ýaradandyr: asmanyň bezegi üçin, şeýtanlara ok üçin, ýol tapmaga alamat bolmagy üçin. Kim bulardan başga zat üçin teswirlese ýalňyşar, nesibesini ýitirer we ylmy bolmadyk zatda horluk çeker."

113 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page