top of page
Поиск

Ýusup Pygamberiň (Aleýhisseläm) nesihaty.

Allah Tagala Kuranda Ýusubyň (Aleýhisseläm) zyndanda wagty ýoldaşlaryna tewhydy düşündirip, şirkden ägälendirenini aýdýar:

“(Ýusup aýtdy): Men Allaha ynanmaýan, ahyreti inkär edýän kowumyň dinini terk etdim. Men atalarym Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň dinine eýerdim. Biziň Allaha (ybadat etmekde) Oňa hiç bir şärik goşmaga hakymyz ýokdur. Bu, (Allahy ybadatda birlemek) bize hem-de ynsanlara Allahyň pazly-keremindendir. Ýöne adamlaryň köpüsi (diňe Allaha ybadat etmek nygmatyna) şükür etmeýärler. Eý, meniň zyndandaky iki dostum! Dürli görnüşli ilähler (çokunylýanlar) ýagşymy ýa-da Ýeke-täk (ýeňmekligini hiç bir zat çäklendirmeýän) Ýeňiji (Üstün çykyjy) Allah (ýagşymy)? Siz Ondan (Allahdan) gaýry siziň we ata-babalaryňyzyň (toslap) dakan atlaryna ybadat edýärsiňiz. Allah olara (ybadat etmek) barada hiç bir delil indermedi ahyry. Höküm bolsa diňe Allahyňkydyr. Ol diňe Özüne ybadat etmegiňizi emir edýär. Ine, dogry din

şudur. Ýöne ynsanlaryň köpüsi bilmezler.” (Ýusup 37-40)

“(Ýusup aýtdy): Men Allaha ynanmaýan, ahyreti inkär edýän kowumyň dinini terk etdim.” Ýagny meniň halkym Allahdan başga ybadat edýärdiler, Allahdan başgadan doga-dileg edýärdiler, men olaryň dinini taşladym, olaryň dinini kabul etmedim. Ile görä dälde, Allahyň buýuryşyna görä boldum.

“Men atalarym Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň dinine eýerdim.” Ýagny Allahyň ol pygamberlere inderen dininde boldum, uly il kabul etmesede.

“Biziň Allaha (ybadat etmekde) Oňa hiç bir şärik goşmaga hakymyz ýokdur.” Ýagny Allahyň inderen dininde Allahdan başga ybadat etmeli däl, Allahdan başga islendik zada, gabyr bolsun, perişde bolsun, pygamber bolsun, işan bolsun, baba bolsun, pir bolsun tapawudy ýok, hiçisine ybadat etmeli däl, ýykylmaly däl, çagyrmaly däl, diňe Allaha ybadat etmeli, Allahdan başga ybadat etmäge hakymyz ýok. Sebäbi Allahdan başga ybadat etsek, şo ybadat edenimizi Allaha şärik, taý, deň tutdugymyz bolýar.

“Bu, (Allahy ybadatda birlemek) bize hem-de ynsanlara Allahyň

pazly-keremindendir. Ýöne adamlaryň köpüsi (diňe Allaha ybadat etmek nygmatyna) şükür etmeýärler.” Allah diňe Öz söýen gullaryny, diňe Özüne ybadat etmege ugrukdyrýär, bu bolsa Onuň bize eçilen iň uly nygmatydyr. Ýöne köp kişi buňa asla ünsem bermeýär, diňe Allaha ybadat etmegiň, dogry iman etmegiň gadyr-gymmatyny bilmeýär we şükür etmeýär.

“Dürli görnüşli ilähler (çokunylýanlar) ýagşymy ýa-da Ýeke-täk (ýeňmekligini hiç bir zat çäklendirmeýän) Ýeňiji (Üstün çykyjy) Allah (ýagşymy)?” Ýagny ýaradylan, ejiz, özlerini-de gorap bilmeýän iläh tutunanyňyz has gowumy, ýa-da garşydaşy bolmadyk, islän zadyny ýerine ýetirýän Allah gowumy? Dürli görnüşdäki iläh tutanýanyňyz, ýagny süňk, daş, alaja, agaç we beýleki ybadat edýäniňiz, üstüne iň ejiz jandar hajatyny etse özüni şondan gorap bilmeýär, bulary, garşydaşy bolmadyk, Ýeke-tek Allahdanam ýagşy bolup bilermi?! Bolup bilmejek bolsa, onda näme üçin diňe Allaha ybadat edeňok, Ondan gaýra ybadat edilýänleri inkär edeňok?!

“Siz Ondan (Allahdan) gaýry siziň we ata-babalaryňyzyň (toslap) dakan atlaryna ybadat edýärsiňiz. Allah olara (ybadat etmek) barada hiç bir delil indermedi ahyry.” Ýagny, Allahdan başga ybadat etmekligine her hili wasp berip, gabyrlara, daşa, süňke, ýüpe, pire, işana, bulara ybadat etmegi ata-babalaryňyzyň özlerinden toslap tapan zady, Allah beýle ediň diýip aýtmady, beýle zada buýurýan pygamberem ibermedi, tersine pygamberler diňe Allaha ybadat etmegi buýuryp geldiler.

“Höküm bolsa diňe Allahyňkydyr. Ol diňe Özüne ybadat etmegiňizi emir edýär. Ine, dogry din şudur. Ýöne ynsanlaryň köpüsi bilmezler.” Ata-babalaryň Allahdan başga ybadat etmeli diýip oýlap tapan zatlary kabul edilmeýär, höküm diňe Allahyňkydyr. Allah bize diňe Özüne ybadat etmegi buýurdy, kim diňe Allaha ybadat etse we Ondan başga ybadat edilýän zatlary inkär etse, ine bu dogry ýoldadyr, ýagny Jennete eltýän ýoldadyr, kimde bu bolmasa Jennete eltýän ýolda däldir, ýöne gynansagam, ynsanlar bu zatlardan köpüsi döwrümizde bolşy ýaly habarsyzdyr, bilýän däldirler.

115 просмотров0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page