Ýehudylaryň we hristiýanlaryň pygambermiz Muhammediň hak pygamberdigine şaýatlyklary.
Allah Tagala Kuranda aýdýar:
"Biziň özlerine kitap berenlerimiz (ýahudylar we nasranylar) ony (Muhammedi) öz ogullaryny tanaýyşlary ýaly tanaýarlar"
Bakara 146, Enam 20
Allah Tagala şul aýatda ýahudylaryň we nasranylaryň (hristiýanlaryň) Muhammedi (Sallallahu aleýhi we sellem) Allahyň iberen pygamberidigini anyk bilýändiklerini habar berdi. Muhammediň (Sallallahu aleyhi we sellem) wasplary we sypatlary olara inen kitaplarda agzalyp, olara iberlen ähli pygamberler we resullar Muhammet (Sallallahu aleyhi we sellem) barada aýdyp, oňa eýermeklerini, iman etmeklerini buýrandyr.
Geliň käbir ýehudy we nasara dinindäki bolanlaryň sözlerinde durup geçeliň.
1) SELMAN FÄRYSY (Allah ondan razy bolsun).
Bu beýik sahaba Yslam kabul etmezinden ozal, Fars patşasynyň mejusy (oda çokunýan) ogly bolup, öz tutan dininden kanagat tapmaýar, hristiýan dini barada gyzyklanyp başlaýar we bu zady kakasyna aýdanynda, kakasy muny zynjyrly daňyda saklaýar. Selman (Allah ondan razy bolsun) daňyda wagty Şamdan söwda kerweniň gelenini eşidip, şolar bilen Şama gaçyp gidýär. Şamda hristiýan alymyna hyzmat edip, ondan hristiýan dinini öwrenýär, haçanda ýaňky hristiýan ölüm ýassygynda ýatanda, ondan öleninden soňra kimden dinini öwrenip biljegini soraýar. Ol hem bir obadaky hristiyan alymyny salgy berýär. Öleninden soňra Selman (Allah ondan razy bolsun) ýaňkynyň ýanyna gidip dinini öwrenmegini dowam etdirýär. Bu hem ölüm ýassygynda ýatanda bundan hem ýaňky soragy sorap, başga hristiýan alymynyň salgysyny alyp, şonuň ýanyna gidýär. Bul üçünji hristiýan alymynyň ölümi ýakynlaşanda ýaňky soragy soraýar, şonda ol: "Men başga şul dini öwredip biljek bilmeýärin, ýöne: “Arap ýarym adasynda garaşylýan pygamber çykmaly wagty ýetdi” diýlip agzalýar" diýýär.
Selman (Allah ondan razy bolsun) şol ýerden kerwen gelýänçä garaşyp, gelen kerwene goşulyp Arap ýarym adasyna ugraýar. Bul kerwendäkiler buny hyýanat bilen gul edip satýarlar. Şeýlelik bilen Selman (Allah ondan razy bolsun) gul bolup ýaşaýar. Haçanda hojaýyny Medine şäherindäki ýehudy dostunyň öýüne zyýarat edeninde, Selmany (Allah ondan razy bolsun) oňa sowgat edip berýär. Şeýlelik bilen Selman (Allah ondan razy bolsun) Medinede galýar. Haçanda Muhammet (Sallallahu aleyhi we sellem) Medinä göçeninde ol barada eşidip, ýanyna barýar. Ilkinji baran güni hurma sadaka berip, pygamberiň (Sallallahu aleyhi we sellem) sadakany kabul etmän gapdalyndakylara geçirenini görýär. Ikinji güni pygambere (Sallallahu aleyhi we sellem) hurma sowgat berende, kabul edenini görýär. Üçünji güni dik arkasynda pygamberlik (Sallallahu aleyhi we sellem) möhrüni görmäge synanşanda, pygamberimiz (Sallallahu aleyhi we sellem) buny aňyp, özi arkasyny açyp görkezýär, şonda Selman (Allah ondan razy bolsun) şaýatlyk getirmek bilen Yslamy kabul edýär.
Selman (Allah ondan razy bolsun) Muhammediň (Sallallahu aleyhi we sellem) waspy we sypaty hristiyan üýtgedilmedik kitaplarynda doly berilen habarlara gabat gelenine göz ýetirýär.
2) ABDULLAH BIN SELÄM (Allah ondan razy bolsun)
Bu sahaba ýahudylaryň alymlaryndan bolup, Muhammet (Sallallahu aleyhi we sellem) Medinä göçeninde öz kitaplarynda soňky çykjak pygamberiň (Sallallahu aleyhi we sellem) wasp-sypatlaryna gabat gelýänini bilip Yslamy kabul edýär.
Haçanda ýokarky aýat barada Omar (Allah ondan razy bolsun) Adullah bin Selmänden (Allah ondan razy bolsun):"Siz ýehudylar, pygamberiň (Sallallahu aleyhi we sellem) hakdygyny bilýärdiňizmi" diyip soranda, Abdullah (Allah ondan razy bolsun): " Hawa, Omar! Biz pygamberiň (Sallallahu aleyhi we sellem) hakdygyny, öz çagalarymyzy tanaýşymyzdanam gowy bilýäris, belli däl heleýlerimiz bizden gizlin näme edeni, (bize hyýanat edip, çagamyz özümiziňki däl bolup biler), şonuň üçin Muhammediň (Sallallahu aleyhi we sellem) hakyky pygamberdigini, çagalarymyz biziňkiligini bilişimizden has gowy bilýäris (çagalar bizdenmi dälmi diýip şeklensegem, Muhammediň pygamberdigine hiç şeklenmezdik)" diýen.
Ýahudy we hristiýanlara diňe Muhammediň (Sallallahu aleyhi we sellem) wasp-sypatlary bilen çäklenilmän, onuň daşyna üýşjek käbir sahabalaryň wasp-sypatlary aýdylan.
Omar (Allah ondan razy bolsun) halyfa wagty ýahudy (yslam kabul edenmi-etmedikmi bilmedim) gelip: "Omar kitaplarymyzda seniň şehid edilip öldüriljegiň barada aýdylýar" diýen. Olara sahabalaryň ölümine deňeç habar berilen.
Sorag: Onda näme üçin Olar Yslama girmediler?
Jogap:
1) Tekepbirlikleri üçin. Biz pygamberleriň nesilleri, bu bolsa Araplardan çykdy diýip.
2) Wezipelerini gidirmekden gorkup.
3) Öz isleglerne görä dinlerni üýtgedenleriniň üsti açylyp, masgara bolmaklaryndan çekinip
4) Haram ýol bilen gazanç etmeklerini soňuna çykyljagyndan gorkup.
5) Başgada şular ýaly zatlar üçin, alymlary aşagyndakylary aldap gezenler.
