Çagalar Allahyň nygmaty we peşgeşidir:

Peşgeş - muzdsuz (gaýtargysyz) berlen sowgat diýmek.
Allah şeýle diýdi:
“Asmanlaryň we ýeriň mülki Allahyňkydyr. Ol islän zadyny bar eder,
islänine gyz perzent, islänine bolsa ogul perzent miýesser eder. Ýa-da
olary gyz we erkek perzent edip ýaratmak bilen jübüt-jübüt eder (hem
gyz hem oglan çaga berer). Islänini bolsa nesilsiz (önelgesiz) goýar.
Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir.” (Şura 49-50)
Ibn Atyýýe "El-Muharrar El-Wejiz" tefsirinde şeýle diýýär:
“(Allah) Subhanehu gyz (perzentlere) hormat-sylag hökmünde olary
ilki agzaýar, olara ýagşy garaşyk etmekligi, olary goramaklygy
ündeýär.”
Wäsile ibn Eskog şeýle diýýär:
“Aýalyň bagtynyň alamaty ogul çagadan öň gyz çaga dogmagydyr,
sebäbi Allah (aýatda) gyz çagany ilki agzady”
Aýalyň bagtynyň alamaty diýmegi, berekediniň alamaty diýmegidir. Şeýle
hem ahyretden öň dünýädäki bagtynyň alamatydyr. Adamlar dört synpdyr.
Ishak Ibn Bişr aýtdy:
“Bu aýat pygamberler barada bolup soňra hemmelere degişli boldy''
1-nji Lut (pygamber) ogul çagasy bolmadyk, gyz çagalaryň kakasy.
2-nji Ybraýym (pygamber) gyz çagasy bolmadyk, ogul çagalaryň
kakasy.
3-nji Muhammet (Sallallahu aleýhi we sellem) hem ogul hem gyz
perzendiň kakasy.
4-nji Ýahýa ibn Zekeriýýa hiç çagasy bolmadyk, nesilsiz.”
Aýatda ikisiniň bilelikde berilmegi hem agzalýar:
"Ýa-da olary gyz we erkek perzent edip ýaratmak bilen jübüt-jübüt
eder (hem gyz hem oglan çaga berer)." ýagny, ogul-gyzy jemläp bermek.