top of page
Поиск

Çäklendirilmedik bähbitler (Masolih mursele).

Çäklendirilmedik bähbitler (Masolih mursele).



Çäklendirilmedik bähbitler – dini, jany, emlägi, ar-namasy, akly goramak üçin dinden gönümel delil bolmadyk ýollar, usullar.


Çäklendirilmedik bähbitler bilen bidgatyň tapawudy:

1) Çäklendirilmedik bähbitleriň mowzugy - manysy giňişleýin düşünilýän zatlar, meselem, Kurany jemlemek, muňa doly derejede akyl ýetirip bileris, sebäbi ony jemlemekden maksat - ýalňyşlardan goramak, ýitip gitmekliginiň öňüni almak, ynha şular ýaly zatlarda bähbitler bar. Çäklendirilmedik bähbitler durşuna ybadat bolan zatlarda ýokdur, meselem, namazda, mysal üçin, bähbitli diýip ragaib namazy okamak dogry däldir, sebäbi namazyň manysyna biz giňişleýin düşünmeýäris, akyl ýetirmeýäris, sebäbi ol Allah tarapyn ybadatdyr.

Doly giňişleýin düşünmek näme? Mysal arkaly beýan edýäris:

Namaz – ybadat, biz ol barada käbir zatlary bilýäris: Allah bize ony günäleriň ýuwulmagy üçin, sogap gazanyp, erbetlikden saklanmagymyz üçin buýrandyr. Emma doly we giňişleýin bilmeýäris, mysal üçin: näme üçin bäş wagtyna okamaly, alty wagtyna däl? Näme üçin her rekagatda iki sežde bar, üç däl? We ş.m. zatlary biz bilmeýäris, şonuň üçin, ybadatlary doly we giňişleýin biz bilmeýäris.

Ýene mysal: adamyň peşewi nejasat, ýöne peşew çykany sebäpli gusul almak hökman däl, täret alaýmaly, emma meni (döl) nejasat däl, ýöne ol çykany sebäpli täret ýeterlik bolmaz, hökman gusul almaly, nädip nejasat üçin täret ýeterlik bolup, nejasat däl zat üçin bolsa gusul almaly? Aklymyz bilen ölçesek tersine bolmaly, emma munuň manysyna biz doly we giňişleýin düşünmeýäris, bu ybadatdyr. Emma çäklendirilmedik bähbitler doly we giňişleýin manysyna düşünilýän zatlar, meselem Kuranyň üstüne hereketleriň goýulmasyna doly akyl ýetirýäris, ondan maksat adamlara Kuran öwrenmäge ýeňillik döretmek. Emma bidgat ybadatda edilýär, ybadat bolsa doly we giňişleýin manysyna düşünilýän zat däldir.

2) Çäklendirilmedik bähbitler haçanda delile ters gelmese kabul edilýär, emma bidgatyň hemmesi delile ters gelýändir.

3) Çäklendirilmedik bähbitler serişde hasaplanýar, özbaşyna maksat däldir, emma bidgat özbaşyna maksat edinilýän zat.

4) Çäklendirilmedik bähbitler Pygamberimiziň zamanynda edilmediginiň sebäbi - iterýän zat ýokdy, ýa päsgel böwet bolýan zat bardy. Emma bidgat beýle däl, çünki her bir bidgata seretsek, oňa iterýän zatlar Pygamberimiziň (Sallallahu aleýhi we sellem) zamanynda hem bolan, ýöne şonda-da edilmedik.

Şu ikisiniň iň uly tapawudy, çäklendirilmedik bähbitler ybadatlara girmeýär, emma bidgat ybadatlara girýär.

Çäklendirilmedik bähbidi ygtybara getirýän şertler:

1- Köpçülige peýda bolmagy.

2- Ybadat bolmazlygy.

3- Dine ters gelmezligi.

4- Din şoňa göniden göni buýran bolmazlygy.


Açyklama:


1- Egerde köpçüligiň peýdasyna bolman zyýanyna bolsa, ýa diňe belli adamlara peýdaly bolsa, onda çäklendirilmedik bähbitlerden bolmaz. Meselem: Ýol reňkli yşaratlary.

2- Egerde bu ybadata girse, bidgat bolar, çäklendirilmedik bähbitlerden bolmaz, sebäbi dinimiz doly, artykmaçlyga mätäç däl.

3- Köpçülige peýdasy bar diýip, göterime rugsat bermek, ýa peýdasy bar diýip arak ulanmak, dinimiz bularyň ikisinem haram edendir.

4- Egerde din bir peýdany buýran bolsa, bu çäklendirilmedik bähbitler bolmaz, tersine din tarapyndan agzalan bähbitler, peýdalar bolar.


2 просмотра0 комментариев

Недавние посты

Смотреть все

Allame Albani -Rahymehullah- aýtdy: "(Namazda) Iki gadamyny örtmedik zenanyň namazy dogry bolmaz, egerde ol zenanlar bilmeseler olara öwrediler, egerde bilseler we ýeňil-selpaý garasalar, onda namazla

Ibn Mäjişun (Rahymehullah) aýtdy: Ymam Mäligiň şeýle diýýänini eşitdim: "Kim Yslamda ýagşy bidgat bardygyny nygtaýan bolsa, Muhammed (Sallallahu aleýhi we sellem) (Allahy bize iberen) habaryna hyýanat

Enes bin Mälik (Razyýallahu anhu) aýtdy: Nebiýniň (Sallallahu aleýhi we sellem) iň köp dogasy: "Allahumme, robbenä! Ätinä fid-dunýä haseneten we fil-ähyroti haseneten we kynä azäben-när" Buhary 6389 M

bottom of page